16:42
Arman, göwün bolýaň...
ARMAN, GÖWÜN BOLÝAÑ...

Eý, göwnüm, ýaýrawyň juda giň seniň.
Serhediň gözýetmez sähradan uly.
Bolup bilseň, şol sähra deý gözel bol,
Ýatlatmasaň bolýar sen ymgyr çöli.

Eý, göwnüm, sen, belentlerde seleňläp,
Görünýän daglardan tutumyň uly.
Dostlaryň "ol dagy aşmak kyn "- diýip,
Daşyňdan aýlanyp geçmesin ýoly.

Eý, göwnüm, seň joşup akasyň gelýär,
Kenara baş egmez derýa mysaly.
Ýöne, nätjek, göwnüm, sen göwün bolýaň,
Ýollar çarkanlykdan, böwetden doly.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Pegas   [Mowzuga geç]
"Köşkleň tylladan gupbasy gaçar,
Könelmejek ymaratdyr göwünler..."

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: