16:09
Perzent
PERZENT

(Oglum Ýagmyra bagyşlaýaryn)

Owadan-la bu jaý!
Gözel-le bu jaý!
Bu jaý hormat bilen
Söýgüden doly.
Munda ogul bolýar,
Gyz dünýä inýär.
Bu jaý geljek nesliň
Simwoly ýaly,
Akuşerka daýza,
Meniň çagamy
Getirsene bäri,
Göremok häli.
Getirdiňmi? Sag bol,
Mähriban daýza.
Hany, meniň gujagyma bersene!
Tolgunýar ýüregim,
Joşýar ýüregim,
Oň gürsüldäp urşuny bir görsene!
Salam!
Dünýä inen ýaşajyk çaga!
Enelik orjuny bagyş etdiň maňa.
Ýagyşy küýseýşi dek
Ene topragyň...
Küýsäpdim,
Şonuň üçinem
Ýagmyr diýen ady dakýaryn saňa.
Enelik borjuny ederin berjaý—
Ýelden, ykdan gorap saklaryn seni,
Göwsümde ulalyp kemala gelseň.
Jahyl çykyp, begendirseň sen meni,
Şonda-da ýatlaryn bu gözel jaýy.
Seni söýüşim dek söýerin muny.
Açyk bolsun baky,
Ýaşasyn baky,
Çagalaryň dünýä inýän mesgeni!

Annasoltan KEKILOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Taryhçy | Теги: Annasoltan Kekilowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Sona   [Mowzuga geç]
Meni ýagşylykda ýatlasa biri
Ömrümden razy men,
Diri men, diri...

Annasoltan Kekilowa

0
2 Sona   [Mowzuga geç]
flowers Ýatan ýerine güller bitsin, gowy şahyr

0
1 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Ajaýyp goşgy. Başga diýere sözüm ýok.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: