11:13
Pyragy -22/ romanyñ dowamy
6.

Kandagaryň ýoly şeýle uzakdyr öýdüp Magtymguly hiç oýuna getirmändi. Abywerdden1 başlanýan ýol, niçeme daglaryň, niçeme derýalaryň, ençe çölleriň içinden ötüp, ilsiz-günsüz, obasyz-şähersiz, adamsyz-garasyz çölüň içinden ötüp gidip otyrdy, gidip otyrdy.
Eýýäm bir aýa golaý wagt doýa garna iýmedik, düşek mazasyny unudan ýaş ýigitler atyň üstünde göwünsiz oturyp, dymyşyp barýardylar. Ýol kiçiräk çaýyň üstünden düşeni üçin, kerwenbaşy kerweni saklapdy. Magtymguly kerweniň yzyragyndan barýany üçin, önde nämäniň bolýandygyny bilmedi. Ol atyny sürüp öňe gelende, Etrek ýomutlaryndan bolan kerwenbaşynyň iň öňdäki arwanany çökerip duranyny gördi. Kerwenbaşy diýseň saýhally, agras görünýärdi. Ol ullakan, burum-burum bolup duran mäşbürünç sakgalyny eli bilen gapdala sowup, ullakan eli,
gazyk ýaly barmaklary bilen ýüpleri açyşdyrýardy. Magtymguly ýaşulynyň ünsüni edip oturan işinden sowdurmajak bolup, ýuwaşja habar gatdy.
– Maşat aga, näme, ýük ýazdyrsam diýdiňizmi? – diýdi. Maşat aga bolsa durşuna tüý bolup hasam daralan kiçijik ýüzüni endikli ýylgyrdyp, sowal berýäne garaman gürledi.
– Düşläliň, oglum, düşläliň. Ine, şu çaýa bak, owgan ýurdy başlanýar. Şonuň aňyrýüzünde.
Magtymguly Maşat agaňyň sözüni eşidip, endamynda garynja ýörän ýaly boldy. Ol üýtgeşik höwes, täsin gyzyklanma bilen owgan topragyna göz aýlady. Emma üýtgeşik görnüşe, geň alamata gözi düşmedi. Diňe ownukly-irili ýowşanly, bozaganly baýyrlar eginlerini biri-biriniň dyzyna ýaplap gözýetime çenli uzalyp gidýärdi. Şonuň üçin-de Magtymguly Horasanyň tebigaty bilen owgan şalygynyň tebigatynyň arasynda üýtgeşik bir tapawut görmedi. Baýyr baýryň, dere deräniň, ýol ýodanyň dowamy bolup gidýärdi. Emma şonda-da adamlar şanyň hökümdarlyk edýän ýurdunyň ýerini üýtgeşik bir toprak hökmünde garaýandyklaryny ýoldaş bolup, Hajygowşandan bäri gaýdan günleriniň içinde düşünipdi.
Kerwen ýük ýazdyrdy. Magtymgulynyň bir özi atyň üstünde otyrdy. Daňdandan bäri agyzdyrygy gowşadylmadyk at bolsa, boýnuny uzadyp reňki goýalyp, agza ilerçe bolan gyrtyjy, gök ot bilen misli alaçaly ýag ýaly garyşyp giden samany ysgap, burnuny parryldadyp gorjaýardy.
__________

1 Abywerd – häzirki Kakanyň töwerekleri.
Maşat aga ýük ýazdyran düýeleri garakly, bozaganly meýdana duşaklap, kowup gelşine düýäniň örküjine ýeteýin diýýän garaklaryň, çeti-çerkezleriň gurap çöpleme bolan şahalaryny keýp edip ýygnaýardy.
– Hany, ogul, özüňem, atyňam horlap durma, dem-dynç alaly. Ertiriň bir ýerinde Kandagar welaýatyna ýeterik. Bu ýer bir Horasanyň kerwenleriniň ýük ýazdyryp ötýen ýeridir. Odunam, otam, suwam, awlagam kem däldir görseň. Hany, düş atdan...
Kerwen bilen gelýän ýigitlerem eýýäm ulaglaryny ýerleşdirip, goş tutular çen edilen ýerde üýşüp, Maşat aganyň yşaratyna garaşyp durdular. Her kim uzak günüň argynlygyndan soň, düşegiň, azyk-owkadyň berjek lezzeti bilen dem alýardy.
Maşat aga tullukdaky suwy üç sany daşdan edilen ojagyň üstündäki gazana guýup durşuna, elini gözlerine kölegeledip gündogara bakan garady.
– Haýt, ogul, mäňler, haý-la bir süri gelýär, häzir suwa iner. Gelmänkä tulluklaryň baryny suwdan doldur. Dowar bary girensoň suw aňsat durlanmaz...
Bu yns-jynssyz çölde, dowar sürüsiniň duşmagy kerwendäkileriň hemmesini diýen ýaly begendirdi. «Dünýäniň habaryny dulda oturan gelinden, çölde gezip ýören çopandan sora» diýenleri ýaly, hem-ä gürrüňdeşdi, hemem Ahmet şanyň ýurdunda näme gep-gürrüň bardygyňy eşidip boljakdy. Onsoňam öňki wagtlardan bäri, süriniň ýanyndaky adam hudaýyň emini hasaplanýardy. Şonuň üçin-de, süri şu töwereklerde ýerleşse, kerwen bu gijänem aman-sag ötürip, ertiriň bir ýerinde Gandagara baryp biljekdi.
Häzir ojakda ot ýakyp, içi gowurdakly depbäni goltugyna gysyp, sürä syn edip duran Maşat aga bilen atyny ýerläp gelýän Magtymgulynyň edýän oýy deňräk gelýärdi. Ýöne Magtymguly eger bir gepe-söze düşünýän, musurman adam bolsa agalaryny, Çowdury soraglaýyn diýip hem oýlandy.
Kerwendäkileriň diýeni bolmady. Dowar sürüsi suwa inmän, çaýyň gyrasy bilen aşak eňip gitdi. Süriniň töweregindeki çopanlaryň haýbatly sesleri nämedendir bir zatdan gorkulýandygynyň habaryny berýärdi.
– Alla janlarym, çopanlar ýaman gyssanmaç-la, eýgilik bolawersin-dä, hernä – diýip, Maşat aga ýarty tutaşan oduň üstünde düýbi ýanara gelen gazana bir penje gowurdak agyp durşuna, gözlerini elek-çelek edip hüňürdedi. Kerwenbaşynyň kömekçileriniň biri bolsa asmanyň günbatar ýüzüňiň gyzarýanyny görkezip: «Ýagyn ýagjak bolýar, şonuň üçiňdir» diýdi. Şondan soň sürä-de, onuň daşynda elewleşip barýan çopanlara-da üns beren bolmady. Diňe belent baýryň aňyrsyndaky ýukajyk tot-tozan diýäýmeseň, bu ýerden süriniň geçeni-de bildirip duranokdy.
Maşat aganyň diýşi ýaly, düşegi tegeläp ýazdylar. Düşekleriň ortasy boşdy. Ýaşuly uzak gitmän, goşuň töwereginden jagrama çöpläp, şol takyrjak ýere üýşürdi. Soň bolsa ähli işini boldum edip, gytyk guzy derisinden tikilen, telim çarşenbäni başyndan ötüren, ýaşulynyň eginleri jaý edip giden içmegini ýazyp, üstüne geçdi.
– Hak, Alla, edeniňe şükür. – Ýaşuly kiçijik ýüzüni tä sakgaly garyşýança owkalady. Munuň özi indi dynç almaga oturylandygyny kellesine, tutuş bedenine ynandyryp, özüni köşeşdirjege çalym edýärdi.
Bozaganyň, ýowşanyň hem-de hälki süriniň tozanynyň ysynyň deregini gowurdakly meşewäniň jana ýakymly ysy tutup başlady. Bu ys burunlara däl-de, içegelere girýän ýaly, garynlar uzyn-uzyn jugurdaşýardylar.
Ýaşuly oýa batyp oturan Magtymgulyny mährem nazary bilen gaýta-gaýta synlady-da:
– Hany, oglum, çokaýyňy çykar, dolagyňy aýyr, galan işi oglanlaryň özi bir zat eder. Geç düşege, dynjyňy al. Sen olara goşuk okyp berseň bolany, olar saňa derek dag omurmaga gitmelem bolsa giderler – diýdi.
Magtymguly elini ýuwup, guşagyny açyp, howlukman süpürindi. Soňra çokaýyny çykardy, dolagyny çözdi, ýaşulynyň golaýyna geçip oturdy. Häzir onuň ýadyna ýadawlyk düşmeýärdi. Onuň çaltrak Kandagara ýetesi, özi üçin iň eziz bolan adamlardan habar tutasy gelýärdi. Indi bu arzyly şähere ýetmäge gaty az wagt galypdy. Hol, biline çenli garaňka çümüp oturan garamtyl-gök daglardan geçdigiň Kandagar bolmalydy. Ine, şu kiçijik çaýdan geçdigiňem, şo-ol dilden dile, agyzdan agza düşüp ýören Ahmet şanyň ýurdy bolmalydy.
Ahmet şa! Magtymguly ady äleme dolan, sahylykda, hormatlylykda ismi dile düşen bu adamy ýakyndan görjegine diýseň begenýärdi. Şol bir wagtyň özünde-de agalarynyň, obadaşlarynyň täleýine onuň berjek jogabyny, onuň aýtjak sözleriniň agramyny öz ýanyňdan telim gezek ölçerýärdi. Hut häzirem onuň essinde däldigini, göwnüniň ganat baglap uçup ýörenini töweregindäkiler bilenokdylar.
Etrek derýasynyň boýunda biten goja tallardan ýasalan agyr tabagyň daşyna tegelenip, garagaçdan ýasalan çemçeler bilen çuňňur lezzete batyp tagam iýip oturan adamlaryňam hersiniň özüne ýetesi gaýgysy, aladasy bardy. Maşat aga bu kerweni aman-sag Kandagara eltip, söwda-satykdan soň ýene-de Etrege dolanmagyň aladasyny edýärdi. Beýleki ýigitleriň köpüsem özleriniň atsyz-sorsuz giden atalarynyň, agalarynyň, garyndaş-doganlarynyň ykbalyndan derek tapmagy umyt edýärdiler. Häzir olaryň baryny ýekeje zat birleşdirýärdi. Olam tagamly tal tabakdy.
Gapdallaky güpürdi, nätanyş adamyň sesi Magtymgulyny özüne getirdi. Ol gapdalda daljygyp duran ýetginjek ýigidi görüp, çemçesini tabaga söýedi.
– Agalar, oduňyzy öçüreweriňler teýip aýtdy. Ahmet şaýyň ohly, Hyrat welaýetiniň şaýy Timur şaýyň serbazlary şikardan geliýorlar diýdi. Olar bir başka duşken towkudyr teýip aýtdy. Olar kerweni körse, aman sypdyrmaý teýip, korkaş teýip aýtdy, agalar...
Oglan daljygýardy. Ol öwredilen sözi tükenensoň, ýüzüne bakjaklap duran howsalaly göreçleriň öňünde aljyrap öňki aýdanlaryny ýene-de gaýtalady. Bary düşnüklidi. Emma eýýäm ojakdaky közüň üstüne tullukdaky suwy sepelemäge ýetişen Maşat aga assajadan gürläp sorady.
– Oglum, kim seni bu habary bize at diýip iberen?
Oglan az-kem özüni dürsäp:
– Atam aýtdy. Men gideýin, agalar, atam garaşyp oturandyr, agalar...
Oglan yzyna gitmek üçin güýjüni jemleýärdi. Ol egnine düşüp duran agyr telpeginiň maňlaý tarapyny galdyryp, gitjek ugruny saýgarmak üçin ýene, garaňky boşluga seretdi. Ony Magtymguly saklady.
– Köşek, adyň näme, ataň ady näme? – Oglan özüni gyssap gürledi:
– Atamyň ady Muhammetguly, öz adym Alleýar!
Oglan ýene-de bir zat aýtjak boldy. Birdenem:
– Hana, gelýeller! – diýen sözler onuň agzyndan gorkan serçejikler ýaly pasyrdap uçdy.
Hakykatdanam öňdäki şiremiň aňyrsyndan agyr goşun süýşüp gelýärdi. Gollarynda nämedir bir zady ýakyp, töweregi ýagtylandyryp gelýän atlylar, misli ýeriň ýüzündäki ähli diriligi depeläp, özleri bilen ölüm we garaňkylyk alyp gelýärdiler. Bir bölek atly bolsa kerweniň düşelgesine bakan gykuwlaşyp gaýtdy.
Häzir goşda duranlar agyr oýy başdan geçirýärdiler. «Näme etmeli?» Hemmeleriň başynda şu elhenç sowal pelesaň urýardy. «Hakykatdanam, näme etmeli?» Maşat aga öz ömrüniň howsalaly sahypalaryny göz açyp-ýumasy salymda agtaryp çykdy, emma bu günkä meňzeş waka tapmady. «Düşünişmeli!» Ahmet şanyň, ýanyna, şalaryň şasynyň huzuryna barýaryk» diýmeli. Belki, rehimi iner, olaryň. Garşylyk görkezseň, mojugy çykmagy mümkin!»
Magtymguly hem özüni ele aldy. Ol eli bilen bilindäki gylyjynyň sapyndan berk tutup durşuna «Gyrlyşyk etmeli däl, başaryp bolsa düşünişmeli, Ahmet şanyň ýörite ýazan haty, çakylygy boýunça gelýändigimizi aýdarys. Juda bolmasa, onda namysymyzy goramaly bolar».
Ol goşdan ep-esli öňe saýlandy. Aňyrdan ýagy ýaly ýetip gelýän atlylar şapyrdaşyp, atlaryny suwdan urduryşyp geçdiler.
Magtymguly azym bilen gygyrdy.
– Gardaşlar, doganlar, saklanyň! Atlylar türkmen dilinde gygyrýan adamy görüp kürtdürip durdular.

7.
Adynageldi han köşeşmeýärdi. Büjnürt hanynyň Döwletmämmet mollany talamaga derek, öz öýüne talaň salmagy, dulunda oturan ulugyzyna el urmagy, Garry mollanyň oňa agzyny deňäp, akyl-maslahat bermegi onuň içinden gan geçirdipdi. Ol özüniň Hajygowşanyň hakyky häkimi bolup, onuň halkyny gysymyna gysmanlygyna-da, gyzynyň süýrelmegine-de gynansa gynanýardy, emma Garry mollanyň öýüne gelmegine, oňa käýemesine namys edip aňyrsyna çykyp bilmeýärdi. Ylaýta-da, olaryň Çowdury götergiläp şony özlerine eýe, hossar edinip ýörmelerine baryndan beter namys edýärdi.
Hakykatdan hem Hajygowşanyň ilaty indi Çowduryň yzyna düşüpdi. Adynageldi hanyň tutuş topary bolsa, bu obanyň agasy däl-de, bir ýerlerden orun tapman gelen gelmişege dönüpdi. Hanyň öz-ä indi toýa-ýasa-da känbir çagyrylanokdy. Onuňam özüne ýetdik sebäbi bardy. Ol ile çykmaga utanypmy, ýa-da namysynyň depelenmegine çydam etmänmi, ýa-da çagyrylýan ýerinemi, çakylykçysyna göwni ýetmänmi, çagyrylan ýere barmaýardy. Han gitmänsoň onuň atlylaram, toparyndaky adamlaram çakylyga, beýlekä baryp ýörenokdylar. Şeýdibem, hanyň, onuň hataryndaky adamlaryň oba bilen aralygyna göze görünmeýän gadymy hytaý diwary çekildi. Hanyň öýkesi, barha beterleýän gahar-gazaby ol diwary barha galňadýardy. Şol arada gyzylbaşlaryň üç gezek oba çozmagynda-da hanyň eli bardy. Çünki, ol hiç köşeşip bilmeýärdi. Dag arkasyndan gelýän gyzylbaşlaryň garaw görüp gaýtmagy bolsa, onuň myrryhyny atlandyrýardy.
Ol ahyrsoňunda Çowdurdan dynmagyň kül-külüne düşüp başlady. Göýä, ähli zada şol ýigit günäkär ýaly bolup durdy. Öwez aganyň ogly Atagulynyň kelesaňlygyndan peýdalanyp, oňa: «Sen arkaýyn bol, öz elim bilenjik halan gyzyny alyp berip, üstüňe ak öý dikerin. Ýogsa, by ýeňiýoluk ataňdan seni öýerenem ýok, ogul hasabyna uranam ýok, oňa Döwletmämmet mollanyň agzyndan galan-gaçan gaty-gutyny iýip, şolaryň külüne agna diýseň, şony oňarar» diýip, özüne öwrüpdi.
Ataguly Çowduryň atlysynda gulluk etse-de, barlan ýerleriň, aýdylan gepleriň damjasyny damdyrman hana habar berýärdi.
Hanyň Çowdurdan dynmak baradaky hyýaly wagty bilen başa barmandy. Çünki, hanyň özi ony ýüzbe-ýüz durup, o dünýä iberip biljek däldi. Bu işi kimiňdir biriniň eli bilen edesi gelýärdi. Ony Atagula tabşyryp bolmajagyna han oňat düşünýärdi. Sebäbi atasyny sylamadyk ýigit hana wepa berjek däldi. Onsoňam han onuň namysly-arly, gaýratly ýigit däldigini gowy bilýärdi. Birden ol bu işi edäýende-de, üsti açylaýsa, hökman hanyň syryny paş etjekdi. Beýle adama şeýle möhüm işi tabşyryp boljak däldi. Gyzylbaş hanlaryňa beýle ýumşy buýurmak üçinem azyndan bäş ýüz goýun peşgeş bermelidi. Özünem öňünden bermelidi, onam höreläp-köşeläp, eneň gowy, atan gowy etmelidi. Şeýdeniňde-de işiň bitse razy bolaýmalydy. Işiň bitmese welin, malyňam, puluňam köýdügidi...
Adynageldi han şu zatlara ýanyp-bişip, çykalga tapman ýörkä, Atagulynyň getiren habary ony serpmeden gaýdan ýaly edipdi.
– Şol tentekmi, Ahmet şanyň ýanyna gidip, pata alyp, ýurt eýesi boljak? – Ol öňem müzzerilip, bir gysym bolup oturan Atagulyny demi bilen ýere gazyk edäýjege meňzeýärdi. – Hany, kimden eşitdiň, bu gürrüňi, çaltrak aýt, köpeý ogly?..
Ataguly aljyrady.
– Ýygynçakdaky oglanlar şeý diýýe, han aga, öwlüýä kessin, özümden tapan zadym däl, Öwlüýä k...
Han onuň öňüni gabsalady.
– Sen şeýle habary getirmänkäň änigine-şänigine ýetseň bolmadymy, hä? Çala bir kep eşitseň tammansyzyň suwa ylgaýşy ýaly ylgap, adamlaryň üregini çişirýeň...
Seýit owşar işan oturyp bilmedi. Ol titräp duran dyzyny aýasy bilen pugta tutup hoşamaýsyrady.
– «It ata...» diýmänmidirler, han. Munuň atasy bidöwlet ahym. Onnoň ogly tüzüg boljakmy? Gowuja edip, gürrüňi, gepi çugdamlap aýdarlar, ýerini-ýatagyny mazaly tükelläp aýdarlar. Bu habaryň nähýli agyr habardygyny, sen han agaň öňem agyryly ýüregini awudanyňy bileňokmy, häk, peläket...
Han bu geplerde söýenere zat tapmady. Şonuň üçin-de, hem işana azm üçin, bu oglana-da haýbat bolsun üçin gazap bilen gürledi,
– Başga hynny-mynnyňy bilmerin, bu gep nireden çykypdyr, kimden çykypdyr, eger ol doňňuz ogly gitse haçan gitjek, näçe atly bolup gitjek baryny bilip, erte şu wagta çenli maňa habar ýetir. Işan agaňam medresedäki oglan-uşagyň agzyny ysgasyn.
Şondan iki gün geçenden soň, Ataguly Çowduryň ýene-de iki günden Gandagara ugraýandygy baradaky habary getiripdi. Öňem kimidir birini çakmaga meýil edip ýören ýaraly ýylana dönen Adynageldi han, alaçsyzlykdan ýöne guýrugyny tarpyldadaýmasa, başga çäre tapmady.
Ol şol günüň agşamsy, uzak gije Seýit owşar işan bilen oturdy. Işan hanyň akylsyz, aljyraňňy başyny öňküdenem beter bulaşdyrýardy. Oňa öz eli bilen gaýta-gaýta buza guýup berýärdi. Han ýetdi. Ol däli öküziňki ýaly ganguýma gyzaran gözlerini çerreldip gürledi.
– Ýok, ähli mal-mülkümi bererin, heleýlerimi, gyzlarymy bererin, namysyň welin assynda galmaryn, işan. Hiç kim bilmese-de, sen meni tanaýansyň, aýt, heý, namys astynda galdymmy? Ýoo-ok, işan, aýdyp bilmersiň, amma bu gün ol orramsylar aýaga ýapyşan palçykça-da görenoklar. Ýoo-ok men muny beýle goýmaryn, goýmaryn, aýt, maňa, näme etmelidigini..
Işan ukuly gözlerini ýumruklary bilen dözümli owkalady. Emma ýadawlyk, uky onuň ýumrugynyň awuly sürtgüsine boýun egmedi. Ol häzir diňe gyşaryp, ertir namazyna gijä galmazlygyň aladasyny öwrüp oturyşyna, hanyň öz adyny tutanyny, oňa tisginip gideninem duýman galdy.
– Aý, hawwa-da, han, hudaýyň özi gowsuny etsin-dä, heýle dämi? – Han işandan beýle jogaba garaşmaýardy. Ol şu wagt işanyň ýüzündäki parhsyzlygy, haram ukyny görüp ýerinden turdy. Özüniň ýüreginiň başynda, jemlenen gahar-gazaby, ähli nagarasyny işanyň üstüne dökdi.
– Howwa, seniň garnyň dok, meniň öňümde ýallak-ýullak eýläp aşymy içip, tabagyma sy... Senmi, meniň ýagym sensiň. Sen geleliň bäri, seniň töwiriň galaly bäri meniň yrsgalym gaçdy, bagtym şora çökdi, umydym köýdi, seni maňa ak pata bermek üçin däl-de, hudaý meni gargyşa salmak üçin iberipdir. Hawwa, tur, güm bol şu öýden, tur, ýogsa öldürin, doňuz ogly!..
Seýit owşar işanyň huşy başyndan uçdy. Ol ukudan açylyp, hanyň aýagynyň astyna togalandy.
– Gurbanyň gideýin, ýagşyzadalaryň nazar salany, ataňa-babaňa döneýin, kowma meni. Öň il içinde biabraý bolanym azmydyr, kowma...
Aýagynyň aşagynda togalanyp, eňräp ýalbarýan adamyň itiň çyňsamasy ýaly sesi hany özüne getirdi. Ol nämäniň-nämedigine göz ýetiribem, ylgap daş çykdy.
Olam, işanam şondan soň on-on bäş gün geçýänçä oba gara bermediler.

* * *

Çowduryň diýseň keýpi kökdi. Ilini-ulusyny razy edip, özüniň mekdep mollasynyň, il-günüň, ýakyn-yragyň hormat goýýan adamsynyň ak patasyny alyp ýola düşensoň, onuň keýpi neneň kök bolmasyn, ýanynda Magtymgulynyň ýoklugyna ol diýseň gynanardy. Emma Magtymguly bolmasa, şoňa taý gelip biljek obadaş ýigitler bardy. Ýomut garyndaşlar hem aç arslan ýaly bolşup, Kandagara garşy at goýup barýardy.
Bu atlylar Ahmet şanyň çakylygyna barýan ýigitlere däl-de, Owgan döwletiniň üstüne tug dartyp barýan ýygyna çalym edýärdi. Şonuň üçin Çowdur owgan topragyna golaýlaşylanda bu ýagdaýy aňdy. Ol tagamdan keýplerini kökläp, aýdym aýdyp, dutar çalyp, garyşyp-gatyşyp, meýlis gurap oturan ýigitlere ýüzlendi.
– Doganlar, meniň kelläme bir täsin pikir geldi. Eger makul bilseňiz aýdaýyn, unasaňyz edeliň, bolmasa-da...
Ýomut garyndaşlaryň toparynyň serdary Garaja aga dikeldi.
– Äýdibe, Çawdyr jan, gefiň ýagşy bolsa diňläris, göwnimizden turmasa şamala bereris. Göwniňdäkini gizzeme. – Ýaşulynyň haýbatly sesi, onuň şol haýbatyň astyndaky ata salykatlylygy Çowdura diýseň ýaraýardy. Ol gypynç etmän göwnüne geleni aýtdy.
– Doganlar, dostlar, Garaja aga, biz, tüweleme, Ahmet şanyň çakylygyna däl-de, Kandagary almaga barýan ýygynçaga meňzeýek. Meniň diýjek bolaýyn zadym, biz beýdişip ýygyn bolman, ýygynçak, ýygynçak, topbak-topbak bolup gitsek nähili bolar? Kim bilýe, Ahmet şa bu wagt çille mesidir, bir bidöwlediň biri hon-ha, çozdy, eşek ogrusy türkmen diýse, olam alakgaddyn, bir lek goşuny iberse üstümize, ne dirseň, hä?..
Çowduryň bu gürrüňi Garaja aga makul görünse-de, ol birsalym sesini çykarmady. Ona derek ýerli-ýerden, «haý, bile gidibereliň-le-hä, gidibereliň-le» bolşup başladylar. Garaja aga gökleňlere aýratyn hormat bilen garaýardy. Onda-da Garry mollany hudaý sylan ýaly sylaýardy. Başarsa onuň sarpasyny has belent saklaýardy. Çowduryň Garry mollanyň obasyndandygyny bileli bäri, Garry mollanyň oňa ak pata berip, uzak ýola ugradanyny gözi bilen göreli bäri bolsa, onuň hormaty, sylagy hasam artypdy. Hut häzirem ol ýigitleriň agzyna kese girmäge, Çowduryň sözüni tassyklamak üçin özüniň abraýyny-adyny orta goýmaga taýýardy. Ýöne ol ertir boljak bölünişigiň kölegeli ýüzüni görüp bilmeýänine, ertiriň näme bilen tamam boljagyny görmeýänine gaty gynanýardy. Ol özündenem beter Çowdura gynanýardy. Şony aýasy, goldasy, onuň bilen arkalaşasy gelýärdi. Hut şonuň üçinem ýaýdanýardy.
Sesler barha batlanyp ugrady. Özlerine hiç kimden garaw bolmaňdan soň, hälki bile gideliň diýýän ýigitler: «Haý, agyz alartjak bolýany ýeke galan ýeke tesek etmeli» diýşip, hasam beterine tutýardylar. Olaryň bu bolşy häzir iki göwünli bolup oturan Garaja aga ýaramady. Çowduryň öňki kinelerinem göwnünden syryp aýrypdy. Ýola düşülenden soň, Ataguly Çowduryň ynamyna girmegi başarypdy. Ylaýta-da, ol mylaýymdan mylaýym gürrüňler tapmagy başarýardy.
– Çowdur däde diýýän-ä, Ahmet şa seni bütin Etrege han belläýse meni wezir edip alarmyň? – diýip, degişme äheňinde ony hoşamaýlaýardy. Çowdur bolsa beýle-beýle zatlaryň asyl mümkin däldigini bilensoň, ýöne ýylgyraýýardy.
– Çowdur däde, men bir horjun altyn-kümüş bilen Hajygowşana baraýsam, Adyna hanyň gyzyna gudaçylyga gidip berermiň? – diýşini halamasa-da, «aý, ýigitlik höwesidir-dä» diýip, «hökman giderin» diýip, bu gürruňleriň astynda nähili çöpüň ýatandygyna ünsem bermeýärdi.
Ataguly welin has mylaýymdan mylaýym sözleri tapyp, Çowdura has ýakynlaşýardy. Şol bir wagtyň özünde-de, Adynageldi hanyň:
«Eger Kandagara ýetirmän Çowduryň, onuň ýanyndaky ýeksurunlaryň janyňy jähenneme iberip bilsem, seni onuň ýerine oba hany bellärin. Haýsy gyzymy isleseň şony öz elim bilen nika gyýyp, üstüňe ak öý dikerin, onsoň tä ölýänçäm gadryňy bilerin» diýen sözleri gulagyndan gitmeýärdi. Ol hanyň öwredişi ýaly hereket edýärdi. Başardygyndan ýalynjanlyk edýärdi. Çowduryň tüýküligini ýere gaçyrman gapýardy, bir zat diýse müň mertebe razy bolar ýaly edýärdi. Atymy suwa ýak diýse eýerine, ýalyna, guýrugyna çenli tämizläp, tüýüni lowurdadyp getirýärdi. Nahar atar diýse ýanynyň ýer çöregi bilen taýýar edýärdi. Huruşlyk janly alyp gel diýse, ugruny tapyp ikisini alyp gelýärdi. Atagulynyň beýle hormat goýşy beýleki ýigitlere-de täsir edipdi.
Olaram indi Çowdura «aga, däde» diýip ýüzlenýärdiler. Ony üýtgeşik hormat goýup sylaýardylar. Çowdur oturandan soň oturyp, turandan soň turýardylar. Olaryň bu hormaty Çowdura ýaraýardy. Ol muny obadan alysa düşen ýigitleriň agzybirligi, obadaşlaryna, serdarlaryna türkmen wepasy diýip düşünýärdi. Ýigitleri şeýle jebisleşdirmekde, Çowdura beýle hormatyň goýulmagynda Atagulynyň aýratyn, hyzmatynyň bardygyny ol öz ýanyndan aýratyn gadyr bilen belleýärdi. Otursa Atagula ýanyndan ýer berýärdi, ýörüşde atyny onuň atyna ýanaşdyryp sürýärdi. Emma bu ýigidiň obadan çykylandan soň beýle üýtgemeginiň syryny, onuň ýüregini, matlabyny biljegem bolmaýardy.
Mundan iki gün öň Ataguly ýomutlardan aýry topbak bolup gitmegi ündäninde-de göwnüne zat getirmän, gaýta Atagulynyň delilleri onuňam göwnüne ras bolup göründi. Şu gün irden bäri bolsa, onuň oda-köze düşüp: «Aýry-aýry gitmesek biziň başymyza bir iş düşer, Çowdur däde, öten gije erbet düýş gördüm, ahyrynda bolsa bir ak sakgal baba: «Aý, şol ýomutlar başyňyza bela getirmänkä ýoluňyzy- aýrylaň» diýip gözümden gaýyp boldy. Ýüregim bir erbet zadyň boljagyny syzyp dur. Çowdur däde, aýrylyşaly» diýip, Çowduryň gulak etini gurudýardy.
Hakykatdanam, Atagulynyň ýüregi bir erbet zadyň boljagyny syzýardy. Öňde Kandagaryň daşyna gala ýaly bolup duran gaty uly dag bardy. Şol ýerde Adynageldi han bilen dilleşen gyzylbaşlar garaşyp ýatan bolmalydylar. Eger olar Çowduryň başyny almasalar, onda onuň özüniň başyny hanyň öňüne atmalydylar.
«Ur hoşamaýy, başaryp bilseň diňe Çowduryň özüni dagyň düýbündäki ýoda bilen äkit, heýç bolmanda, Hajygowşandan barýan bidöwletler bilen äkit, galany bilen işiň bolmasyn» diýip, Adynageldi hanyň aýdan sözleri onuň kellesinde ýaňlanyp durdy. Şol uly dag bolsa indi mesaňa görnüp durdy.
Bu günki maslahat, şol görünýän gara daglaryň garaňky dereleri Atagulynyň arzuwynyň hasyl boljak pellesidi. Ol özüniň namartlygynyň, dönükliginiň, satlyklygynyň öwezine hanyň aý ýaly gyzyny gujagyna gysmalydy. Baýlyga, bagta eýe bolmalydy. Onuň deregine gül ýüzli ýigitleriň gany topraga seçelenmelidi.
Ataguly häzir bu ýigitleriň başynyň kesiljegini däl-de, özüniň bagtyna gowuşjagynyň aladasy bilen bir gysym bolup otyrdy,
Häzir Garaja aga sözün jemläp otyrka, onuň ýigitleriniň hyşy-wyşysy artýarka, Atagulynyň gulagy hiç zat eşitmeýärdi. Gözleri bolsa gara dagyň göz ýetmez gaýalaryny agtarýardy. Göwnüne bolmasa, dagyň gaýalarynyň arasynda gyzylbaşlar gyrmyldaşyp, garaşyp oturan ýalydy. Kimdir biri bolsa goluny bulap, özüne tarap çagyrýan ýalydy.
Atagulynyň islegi ýene-de ýol aldy. Çowdur Kandagar welaýetiniň golaýyndaky dagyň eňňidinde duşuşmagy wada edişip, Garaja aganyň atlylaryndan aýrylyşdy. Onuň atlylary göwünsizlik bilen dagy etekläp gidýän ýodajyk bilen tirkeşip barýardylar.

* * *

Dag Çowduryň gezüni açyp gören ýeridi. Ol dag görse, dagyň derelerine dyrmaşsa özüni ýerdäkidenem erkin, güýçli duýýardy. Häzirem ol owgan topragynyň Etregiňkä meňzeş dagyna uly höwes bilen syn edip barýardy. Dagyň uzyn-uzyn kölegeli derelerinde, gaýalarynda, kertlerinde aýratyn keýp bilen jakjaklaşýan käkilikleriň sesine, özi görünmese-de mäläp sesi gelýän keýik owlaklarynyň sesine gulak goýup, kerkawly zawlaryň şemala edýän sazyny diňläp, Soňudagyň derelerini, ony etekläp oturan Hajygowşany ýatlaýardy.
Bu wagt Annahal näme bilen meşgulka? Aý, ol tikin-çatyn diýip, içeri diýip başyna gaýdyr. Gözleri ýoldadyr, görgüliniň! Goý, mähriban gelin. Gyýylma, ynjama, sabyr eýle. Heleýiniň gujagyndan çykman ýatan ýigitden ýigit bolmaz. «Il oňlasa atyňy soý» diýipdirler. Gör, meniň deňim-duşum bireýýäm gitdi, bu garaňky ýollardan. Iň bärkisi Abdylla, Mämmetsapa dagy...»
Çowdur mundan aňry pikirlenmek islemedi. Abdylla, onuň ýary, ölümi baradaky ýatlamalar onuň ýüregine dagyň bölegi ýaly agyrlyk bolup direlýärdi. Şonuň üçin-de, bu ýatlamany öz ykbalyna çenlemekden-ä geçen, ýatlamaga-da ýaýdanýardy. Şonuň üçin-de, dagyň durşuna durmuş, durşuna gözellik bolup duran kemerlerine tä gözleri ýadaýança garady, Gözüniň öňüne Soňudagynyň kemerleri geldi. Kellesinde bolsa bir üýtgeşik owaz ýaňlandy.

«Eý, söwdügim, Soňudagy,
Dagdanlydyr biliň seniň
Duşman görse döwüşerler
Ýomut, gökleň iliň seniň».

Üstüňden iliň göçendir,
Neneň geçer halyň seniň...

Çowdur gamly gözlerini yza aýlady. Emma giden çaranly sähradan başga zada gözi düşmedi. Soň gamgyn hiňlendi:

«Üstüňden Çowdur geçendir,
Neneň geçer halyň seniň, halyň seniň, halyň seniň-ow»

Onuň aty erbet ürkdi. Çowdur ýykylman zordan saklandy. Dagyň darajyk jülgesinde ýokardan togarlanýan äpet daşlar ýigitleriň öňüni bekläpdi. Ol yzyna garady. Emma şol pursatda yzlaryna-da äpet daşlar doly ýaly ýagyp başlady. Atlar kişňeşip, erbet ürküp sakladanokdylar. Ýigitler duýdansyz inen beladan howsala alyp özlerini ýitiripdi. Çowdur yzrakdan gelýäni üçin birneme ýaýdanyp durdy. Soň bolsa atdan düşüp, öňdäki garma-gürmelige bakan yglady. Emma geçip bilmedi... Iki ýylçyr gaýanyň arasynda gidere ýol ýokdy. Ýokardan ala-zenzele edip, güpürdäp gaýdýan daşlar geçidiň iki tarapyny-da bent edipdi. Onuň üstesine şol daşlar ajal belasy ýaly bolup, henizem ýagyp durdy.
Çowdur, misli, özi öň hatara ýetäýse, ähli belalar dep bolaýjak ýaly bolup ylgady. Emma onuň öň hatara ýetmegi bilen üýtgän zat bolmady. Gaýta, ýokardan gaýdýan äpet gara daşyň biri tasdan onuň janyny alypdy. Onuň dag gurdulygy wagtynda kömege ýetişdi. Ol bir gapdala çalasyn seredip, ýokary gazap bilen gygyrdy.
– Heý, enesi ýalamadyklar, edýäniňiz näme, hany, gaýratyňyz bolsa, düşüň aşak!..
Diňe şondan soň gaýanyň depesinde birnäçe adamyň bardygyny Çowdur görüp galdy. Ol yza garşy janagyryly gygyrdy.
– Ýigitler, her zat ediň welin, sypjak boluň. – Soňra onuň özi awuna çemlenýän bars ýaly bolup, gaýanyň typançak, syrçaly diwaryna dyrmaşyp başlady. Emma ony ýokardan eşidilen gödek ses saklady.
– Häýt, eşşek ogrulary, attyňyzy, ýarahyňyzy taşlap, uhraň yzaýa.
Bu ses gaýadan gaýa düşüp erbet ýaňlandy. Soňam ýürekleri gorky bilen dolup duran ýigitleriň gulagyna aldaýjynyň iňňildisi bolup eşidildi.
– Hani, neýe durar siz. Hazir janyňyz jahanneme gidäh...
Çowdur ýene-de gaýa dyrmaşyp başlada. Ol sähel ýokary ýönelenden daşlar aşak ýene-de ala-zenzele bolup gaýtdy. Özem, bu sapar atlylaryň üstüne gaýtdy. Äpet daşlar atlaryň birküçisini maýyp edip ýere ýazdy. Olaryň üstündäki ýigitler bolsa gara gana boýaldy.
Çowdur dişini gyjap ýene-de ýokary dyrmaşyp başlady. Häzir diňe ýeke ýol galypdy. Olam, gaýa dyrmaşmalydy.
Bu pikir duranlaryň ählisiniň depesine urdy. Şonuň üçin-de, her kim özüni atdan aşak oklady. Soň bolsa, ýylçyr gaýa ýarmaşyp başlady.
Çowdur gaýanyň gap biline ýetdi. Gahar-gazap onuň ysgynyny alýardy. Bilindäki gylyç bolsa oňa diýseň päsgel berýärdi. Ýöne ony zyňyp boljak däldi. Öňde şeýle uly tutluşygyň boljakdygyna ol gowy düşünýärdi.
Ýigitleriň ählisiniň atdan düşüp, daga dyrmaşyp başlamagy ýokarda duranlary aljyratdy. Läheň-läheň daşlary togalamak üçin bir ýere üýşürip oturan garynlak gyzylbaş sesini sandyradyp gygyrdy.
– Han aga, ular gäledi, ýete gäledi. Neýe olah...
Onuň sesi aňyrda garader bolup daş üýşürýän pezzik murtlynyň zähresini ýardy. Ol gazap bilen azgyryldy
– Neýe durajasen. Eňter...
Äpet daşlar ýigitleriň üstünden eňterildi. Çowduryň, gözi garaňkyrady. Emma özüni elden bermeli däldi. Haklaşyk pursady üçin güýjüňi aýamalydy. Öňde bolsa ýekeje kert bardy. Ol şoňa elini ýetirip, aýagyny kertmege basdy. Birdenem, ho-ol aşakda ýigitleriň gyzyl gana boýalyp ýaýyrt bolup ýatanyny gördi. Atlaryň köpüsi äpet daşlaryň arasynda basgy bolup ýatyrdy. Ol iňläp ýokary çykdy.
Gyzylbaşlar beýle bir känem däldi. Olar on bäş, on alty sany bolup, aldygyna daş togarlaýardylar.
Çowdur özleriniň biridir öýdüp ünsem bermän daş togarlap duran garynlak gyzylbaşyň depesinden gylyç saldy. Onuň erbet arryldysy beýleki gylbaşlary hem özüne getirdi. Olar bu ýylçyr gaýadan çykan adama örän haýran galmak bilen onuň, üstüne ýerli-ýerden topuldylar.
Gyzylbaşlaryň biriniň ýeňseden salan gylyjy Çowdury äpet daşlaryň arasyna togalady. Ol batyp barýan günüň hem-de üstüne elesläp gelýän gylyçlaryň ýalpyldysyndan başga zady duýmady. Onuň bar hyýaly ýigitleri halas etmekdi. Onuň üçin bolsa dagdan daş togarlaýan namartlary gylyçdan geçirmelidi.
Ol ýene-de gözüni açdy. Soňra usullyk bilen ýerinden. turdy. Bar güýjüni toplabam kimdir biri bilen gylyçlaşýan gyzylbaşyň depesinden gylyjyny eňterdi. Soň ýene-de bir gyzylbaşa ýaraly arslan kimin topuldy. Şol pursadam boýnunyň çykan ýerinden salnan tyg awusynyň görlüp-eşidilmedik elhenç agram bilen ýüregini mynçgylanyny duýup galdy. Ol agyry göýä Çowduryň süňküni däl-de, bütin dagy-daşy, çarhy-pelegiň on iki süňňüni elendiren ýaly boldy. Şol çarhy-pelegiň nagrasyna-da özi ýykylyp barýan ýaly boldy. Ol ýigit sypjyklygy bilen yzyna gaňryldy. Öz obadaşy Atagulynyň ezraýylyň sypatyna giren ýüzi, onuň gan ýokundyly gylyjynyň ýaşyp barýan güne gyzgylt öwüsýän şöhlesi gözlerinde ömürlik doňup galdy. Emma ýüregine ýetmedi...
Ýüreginiň, heniz ýylysy sowamadyk ganynda, gözleriniň heniz öçmedik şöhlesinde bolsa mähriban enesiniň özüni üwreýän görnüşi, Garry mollanyň mekdephanada okadyp oturan nurana keşbi, Abdyllanyň ulugyzlaryň hüwdüsine, meňzeş aýdymlary, Magtymgulynyň «Eý, söwdügim, Soňudagy» diýip juda-juda mylaýym äheň bilen goşgy okaýşy, iliň-günüň uly umyt bilen ugradyşy, Annahal ýarynyň köşek gözlerini balkyldadyp seredişi, inisi Atanazaryň boýurganyp durşy ýaşaýardy.

8.
Garaja aga ýaşly gözlerini garaňka sowdy. Ol birhili, ýoňlanyňky ýaly gyryk ses bilen gürledi.
– Heý, ogul, ogul. Bu dünýe bir ykbal işiken. Haýyp, bir ölseň gaýdyp gelmesi ýok. Ýalňyşsaňam, azaşsaňam, kösenip kör bolsaňam gutardygy. Gaýdyp ony yzyna aljak, aý, indiki sapar düzederin-dä diýjek gümanyň ýok. Heý, indi Çawdyr ýaly ýigidi bir gurrumsagyň alyna aňkardyp iberjekmi men.
Maşat aga ýene-de bir petde çöpleme getirip, lowlan ýanýan oduň üstüne atdy. Soň bolsa Garaja aganyň ýanyna çökdi.
– Haý, edeniň bar bol-a, seniň. Heý, oglan, häli Magtymguly jan «Gardaşlar, doganlar, saklanyň!» diýmese bizem şol Çowdur neresse dagynyň gününe düşmeli ekenik-dä? Heý, beýdamak bolarmy, oglan...
Garaja aga agzy mumlanan ýaly bolup oturdy. Soň gaýgyly gürledi.
– Wah, Ahmet şanyň öýi üstüne omrulsyn, indi bir ýyldyr, öýden-ilden bizar bolup, edenimiz şonuň ýaly iş bolsa näbilýärsiň.
Magtymguly Çowduryň şum täleýini eşidip, gözüniň ýaşyny saklap bilmän otyrdy. Ol häzir Çowduryň:
«Gardaşym, pelek işidir, eger birden men gelmesem «Eý, söwdügim, Soňudagy...» ýaly bir gowy şygyr ýaz, içine-de meniň adymy sal, onsoň Balaja bagşa aýdyp ber, olam Soňudagynyň üstüne çykyp, günüň batyp barýan çagy bir zarlap-zarlap aýtsyn. Onsoň, men ýedi gat ýeriň teýinde bolsamam, Göroglynyň gyraty ýaly bolup, kişňäp-kişňäp gelerin...» diýen sesini eşidip otyrdy.
«Agam, sen neçün, öz başyňa gelen belany görüp durkaň, beýdip gaýtdyňkaň, ýa-da ajalyň seni bu ýollara alyp geldimi? Indi saňa umytly bakan iliňe näme diýerin? Söwer ýaryň Annalala, boýnuny burup, ýoluňa intizar garaýan iniň Atanazara, ulus-ile näme jogap bermeli bolar, agam?..»
Magtymguly ýene-de bir umyt ojagynyň sönenine ynanasy gelmeýärdi. Öňki sönen ojaklaram az däldi ahyryn. «Men däl, bütin ilim seniň külli türkmeniň derdine ýarajak ogul boljagyňa ynanýardy, ýok, ynanman, oňa sabyrsyzlyk bileň garaşýardy ahyryn, agam. Agam, uly iliň ýoluňa intizar wagty, el ýaly gylyç seni nädip bu ýollardan saklap bildi, agam?» Ol agyr-agyr ýuwdundy.
– Heý, onuň yzynda bir perzend-ä galan däldir?
Garaja aganyň sowalyna hiç kim jogap bermedi. Diňe Magtymguly ýerleri, daglary çaýkandyryp elendi.
– Wah, şeýledir-le, gaýanyň üstüne çyksam parça-parça bolup, gözüni açyp ýatyr. Şunça ýalbardym, gözüni ýumup bilmedim. Gözüni açyp gitdi, neressäm dünýäden, wah...
Ertesi Garaja aganyň ýygynçagy Ahmet şanyň Kaşmir ilinden ýörüşden gelýän leşgerlerinden bölünip, bir ýyl mundan öň Çowduryň atlylaryňyň ýoly bilen daga bakan ugrady.
Magtymguly üstüne eýýäm ot-çöp bitip giden tümmege başyny berip otyrdy. Ol häzir bir wagt Çowduryň ganynda iň soňky gezek lowlap ýanan, dosty bilen hemişelik topraga dulanan duýgulary syzýardy. Ol duýgular ynsan üçin jandanam şirin duýgular bolup, ol diňe iň soňky, indi gaýtalanmajak, hiç haçan duýup bolmajak pursatda gaýtalanýanam bolsa, Magtymguly ony häzir, diri wagty duýýardy. Şol duýgular ony ýerinden turuzdy. Şol duýgular onuň dilinden täsin owaz bolup ýaňlanyp başlady.

Ahmet patyşadan habar almaga,
Umyt etdi iller Çowdurhan üçin.
Sag baryp salamat gaýdyp gelmäge,
Oňmady ykballar Çowdurhan üçin.

Yzyňda galandyr il intizaryň,
Umyt bile gezdi Annahal ýaryň.
Atanazar boldy çekerge zaryň,
Gözleý-gözleý ýollar Çowdurhan üçin.

Gurallar güň boldy, pallar şum boldy,
Ýaranlar kem boldy, ýollar bim boldy.
Çeşmeýer höşk boldy, daşlar gum boldy,
Güwä boldy tiller Çowdurhan üçin.

Söýle Magtymguly elem bilsinler,
Şaýy jennetdedir, güwe bolsunlar.
«Hak rehmet etsin!» diýip, doga kylsynlar,
Tamam ulus-iller Çowdurhan üçin.

Bu şygyr Magtymgulynyň ýüreginiň derdini egismedi. Gaýta, derdiniň üstüne dert goşdy. Çowduryň mazarynyň gapdalyndaky tümmekleriň hersiniň astynda Hajygowşanyň ilatynyň ýüregi üzülip ýatyrdy. Olaryň hiç birem obadaky atalarynyň, eneleriniň, dogan-garyndaşlarynyň ýola nähili intizar bolup garap, henizlerem umytda ýaşap ýörendiklerini bilmeýärdi. «Horasanly ölen» ady bilen owgan topragynda at alan bu kiçijik mazarçylykdaky tümmekleriň her biriniň oba nähili aýylganç duýgy, aýylganç hesret getirjekdigini ol häzir ölçäbem bilmedi. Bu adam ogly ölçärden has agyrdy...
«Ah, gardaşlar, doganlar, näme üçin men siziň araňyzda ýatamok?! Näme üçin siz baky ukuda bolup, men henizem diri gezip ýörün?! Gör, bu dünýäde bolýan adalatsyzlyklary. Iliň-günüň derdine ýarap, alkyşy, umydy köp alan ýaşamaly bolsa, siz ýaşamaly ahyryn. Nälete galan, ýüzüne garalar çekilen, ýowa gidip, dolanmadyk agasynyň düşegine girip, ynsyň-jynsyň öňünde masgara, ýüzügara bolan ölmeli bolsa, men ölmeli ahyryn, agalar...»
Garaja aga Magtymgulyny usullyk bilen ýerden galdyrdy.
– Aglama, oglum, aglama. Mert ýigitler mazarynyň başynda aglasaň hapa bolarmyşyn. Indi bu dünýäde oňa etjek ýagşylygyň iýip-içip «allawäkber» diýip, töbir galdyryp, «alnyna barsyn» diýmekdir.
Ýygynçakdaky adamlaryň ählisi bu ýerde öýläne çenli oturyp, şerigatyň şerti boýunça-da, özleriniň ýürekleriniň ygtyýary, islegi boýunça-da öliniň ruhuny hormatladylar. Emma bu zatlar Magtymgula täsir etmedi. Onuň göz öňünden henizem Çowduryň keşbi, onuň Gandagara gaýtmanka aýdan sözleri, ugrap barýan görnüşi gidenokdy. Ýüregi bolsa tüýdüm-tüýdüm bolup, eräre gelýärdi. Häzir oňa: «Bu dünýä bilen hoşlaş, seniň mazaryň şu ýerde galmaly» diýseler ol demini alman razy boljakdy. Emma agyr kerwen, uly ýygynçak oňa garaşyp durdy Garaja aga bolsa hesretden gyzaran gözlerini balkyldadyp, Magtymgulydanam beter gussa çekýärdi. Ony mundan artyk saklamak agyr jeza sezewar etmekdi.

* * *
Kandagar barha ýakynlaşýardy. Ýoldaky hesretlerden oňly açylmadyk Magtymguly Garaja aganyň ýigitleriniň uly şowhun bolup gol uzadyp görkezýän tarapyna höwessiz garasa-da, hiç zat görmeýärdi. Diňe ýüpek sapajygyň tary ýaly bolup uzap gidýän ýolda garynja ýaly bolup ýörmeleşip barýan sap-sap atlylary görýärdi.
– Ertir juma güni Ahmet şa-da Kandagara geler – diýip, Garaja aga ýigitleri höweslendirmek üçin aýtdy. – Pah, bul owgan halky şasyny sylaýar-ow. Edil bir, Muhammet pygamber Käbeden gelendir öýdersiňiz. Şol gün köçelerde bir tamdyr külçe bilen bir garyn gowurmany ýarym tümene arkaýyn alyp bolýar. Bu owgan ertir kädisinde kişmişi bolsa orta döker...
Magtymguly:
– Onuň juma güni dolanyp gelmesi hem bir yrymmy? – diýip, şu günüň dowamynda ilkinji sowalyny berdi.
– Hawwa-laýt, ol kofeý ogly juma güni bolmasa giňerilmäge-de çykmaz eken. Ol ýegşenbe, güni şäheriň gyrasyna gelse-de girmän şol goş basyp juma çenli ýatarmyş. Gelende welin, kofeý ogly, şa gelene meňzeýedeýt...
Onuň bu gürrüňi Ahmet şanyň adyny, owazasyny eşidip, gulagy ganan Magtymgulynyň göwnüne-ýarady. Ol:
– Ertir biz Ahmet şany görüp bilerismi? – diýip, gyzyklanyp sorady. Bu gyzyklanma indi gaty köp wagt bäri jaýly gürrüňdeş tapyp bilmän, içini döküp bilmän ýören Garaja aga-da ýarady. Ol eýeriň ýeňsesine ýaplanyp, telpegini gamçysynyň ujy bilen depesine süýşürip, uly neşe biden gürledi.
– Weý, ballym, ertir gowy görüp bilersiň. Soň welim, göwnüň müň istese-de, görmersiň ony.
Magtymguly Ahmet şa baradaky pikir bilen hasam gyzyklandy. Şonuň üçin, ol ýene-de sowal bilen ýüzlenenini duýman galdy.
– Garaja aga, siz şany hut golaýdanam synlap gördüňizmi?
Ýaşuly atynyň başyny çekdi. Soň epeýlenip gürledi.
– Elbetde, aý, ol, gyjjagazyňy aldygym, şaha meňzeşem däldäýt. Kelteräk gara küýzäni atyň üstüne ataryp, başyna selle, aşagyna aýak dakan ýalydaýt. Ine, bir gara golça ýaly ýüzli, göherdiňki ýaly ligirdäp duran ullakan gözli owgan-daýt. Ondan-a meni kere-mara lybas bilen bezeseň şaha ondan ýahşy meňzärin.
Garaja aga gürrüňe ýagşy gyzdy. Bu ýerde süýji gürrüňiň baryny aňyp, kerwenden ozup gaýdan Maşat aga hemmeleriň garaşýan, ýöne çemini tapman duran sowalyny berdi.
– Garaja diýýärin-ä, Ähmet şanyň özi ýeri-ýatagy, anasy, atasy kim? Ýeri-ýurdy nire? Hiý, aňabildiňmi?!
Garaja aganyň diýeni geldi. Megerem, Ahmet şanyň ýygnyna goşulan horasanly, horezmli halklaryň içinde bu şanyň taryhyny türkmen dilinde Garaja agadan gowy gürrüň berip biljek ýok bolsa gerek. Çünki, bu ýaşulyda çagalykdan galan bir edähet bardy. Obada köplenç myhmanyň-mediwanyň asly yzarlanýardy. Eger pähimli-paýhasly adam bolsa puşdunyň ýedi arkasyna çenli aýdyp bilýärdi. Şeýdibem myhman myhman ýeri bilen tanşyp, köplenç garyndaş çykýardy.
Ýaşulularyň bu häsiýeti Garaja aga üçin özboluşly gylyk bolup galypdy. Ol täze tanşynyň aslyny sorardy. Özüniň ýedi arkasyna çenli aýtmak bilenem çäklenmän, haýsy arkasynyň nirede, kimler bilen, kimiň şa, han bolan döwründe ýaşap geçendiginem lezzet bilen gürrüň bererdi. Ol Ahmet şanyň aslyny gelen badyna bildi. Geçen bir ýyl bolsa onuň bu şa barada has aýdyňrak habarlary-da bilmegi üçin aňryýany bilen ýeterlik bolupdy. Oňa özüniň göwnünde küde-küde bolup giden gertleri açmaga ýoluň açylanyna ol diýseň begenip, dodaklaryny şapbyldadyp gürledi.
– Wah, Maşadyň bar bol-a. Men bäş barmagymyň altydygyny bilemok. Amma, şumy, Ahmet şanyň ýedi pyşdyna çenli çöp döwen ýalyjak edif berärin, häzir...
Ol eýeriň üstünde ykjamlanyp oturdy. Ýol gözeýtime çenli tekizdi. Şonuň üçin-de, ýaşuly bu mümkinçilikden ýeterlik peýdalanmagy göwnüne düwdi. Ol töwereginde gulaga öwrülip barýanlara has düşnükli bolsun diýip düýpden tutdy.
– Haý, garadag-eý, bi owgan milletiniň asly dört sany taýfa bölüner. Şolaryň birine-de sadozaý taýfasy diýerler. Abdal tiresem şol taýfanyň bir şahasy Ahmet şanyň dädesi Muhammet Zaman hanam şol abdallardan. Ol Hyrat şäheriniň öňki hany. Ine, günleriň birinde Nedir şa Aýranyň şahy bolýar. Onsam owganam basyp alýar. Şonda ol barly adamlar başbozarlyk edamasyn diýip, olaryň maşgalalaryny öz köşgünde saklapdyr. Hälki Muhammet Zaman han bar dämi, ine, hut şonuň ogullarynam köşkde göz tussaglygynda saklafdyr. Gyzyny aldygym, Nedir şa olara bilim, terbiýe, uruş tärlerinem öwreden. Häkimlik etmegem öwreden. Aý, garaz, Ahmat şanyň kemi galmandyr. Ol gaty dogumly ýigit bolan. Aý, hälki göwnese «doňuz nogtalan» diýenleri bolupdyr.
Aýdan aý geçýär. Aý geçse, ýylam geçer-dä, şa öldürilýär. Ýerine-de şa ýok. Ine, şunda hälki Nedir şanyň heleýi: «Aý, boýuňa döneýin, gözüňe döneýin, Ahmet beg, sen Aýranyň şasy bol, ine, şu dür ýaprakly, ýakut gaşly altyn şaýlaram kabul et» diýäkgäden bir gara guly onuň huzuryna iberýer-ow. Äý, näme, şanyň heleýi-dä, «öli arslandan diri syçan» diýäkgetdin, göwnüne başga hyýallar salyp iberen bolsa bildiňmi? Bilmedim-ow, aý, garaz, Ahmat onuň teklibini almandyr-ow. «Haý, işigaýdan heleý, meniň parsylara öňki eden hyzmatym azmy? Häzir 25 ýaşym bar, haýrym-şepagatym degse öz ilime eder men» diýif, ol heleýe-hä hat iberýär, özem Nedir şanyň nökerleriniň ýaragyny, topuny olja alyp, gaýdyberýär niredesiň, Gandagar diýif...
Töwerekdäkiler göýä bir pygamberleriň birini diri göreniň gürrüňini diňleýän ýaly bolşup, agyzlaryny açyp gulak asýardylar. Magtymguly-da ýaşulynyň söhbetine gyzykdy. Ol goňşy ýurtda dörän şany hut öz iline çenläp-çenläp görmek isleýärdi. Türkmenlerden şanyň döräp biljegini, bilmejegini anyklasy gelýärdi. Şol sebäplem Garaja aganyň diňe bir gürrüňi däl, onuň daşyna çykaryp bilmän, içinde saklaýan pikir-duýgularynam bilesi, aňasy gelýärdi.
– Onnoň, häkije içi gowurmaly golça ýalyjak bolup, gelýär Hyrada. Hyradyňam öňki hanyna Nurmuhammet han Alýazi diýerler. Nedir şa ölenden soň olam ýitirýär elini-aýagyny. Adamlar dargaşyp barýar, goşun goldan gidip barýar, ýarag, ok-däri ýok. Ine, şol mütdedem Ahmat han aňyrdan çykaýýar. Toply-tüpeňli, gyzylbaşy gyran, Nedir şanyň tälimini alan, özem öňki owgan hanyňyň ogly...
Onsom, Nurmuhammet han Alýazi han bir uly maslahat çagyryp, «Haý, owgan hanlary! Men-ä indiden soň han bolup bilmerin, kimem bolsa bir döwtalabrak, ýaşyrak ýigitlerden birini belläliň» diýýär. Bu maslahat şu annada başlap, geljek anna çekýär. Şol arada bir derwüş gapydan girýär. Ony kowýarlar, ol ýene-de gelýär, ony ýene-de kowýarlar, ol ýene-de gelýär. Özem: «Habarymy alyň, hudaýyň bendeleri, meni ýagşyzadalar iberdi» diýýär. Oňa «hany, aýt, habaryň bolsa» diýdiler. Olam: «Hudanyň halanyny etjek bolsaňyz, Ahmet hany şa belläň, başyňyza döwlet guşy gonar» diýipdir. Onnoň Ahmet han oturanlaryň ýadyna düşüpdir. Eýle bolan, beýle bolan, «Ahmady şa edeliň» diýip bir çukura tüýkürifdirler.
Ahmet hem şa saýlanan soň özüniň abdal tiresini dürrany diýip jar çekdirdi. Ine, onuň-a şa bolşy. Häzirem onuň alty ogul perzendi bar. Iň uly ogluna Teýmir diýerler. Olam Hyradyň häkimi, Ahmat şa ölmänkä ogluna şa diýip jar çekdirdi...
Garaja aga owgan şasy barada ýene-de köp-köp zatlary aýtmak isleýärdi. Ylaýta-da Ahmet şanyň baş weziri Weli hanyň ýeserligini gürrüň berjekdi. Çünki, ol Ahmet şadan hut Weli hanyň ýeserligi sebäpli göwni geçipdi. Çünki, geçen ýyl owgan ýurduna gaýdýan ýomutlara atabaý ýomutlarynyň hanlary üýşüp gowy atlaryň birnäçesini iberipdiler. Garaja aga Ahmet şa üçin niýetlenip getirilen şol atlary soň Weli hanyň ýylky sürüsiniň içinde görüpdirler.
Umuman aýdanyňda, Garaja aganyň Ahmet şa barada aýdanlarynyň hemmesi hem hakykata ýakyndy. Nedir şa ölenden soň Ahmet şanyň Nedir şanyň topçularyny eline alyp, özlerine garşylyk görkezen gyzylbaşlary gyryp, owgan topragyna geleni çyndy. Hyratda bir nätanyş derwüşiň Ahmet hany şa saýlasaňyz «başyňyza döwlet guşy gonar» diýenem çyndy. Ýöne ol derwüşiň Ahmet hanyň adamlarynyň biridigini şol wagt maslahatda oturanlaryň ýekejesem aňmandy. Ahmet şa saýlanyp, başyna sähranyň suwuny çeken güllerinden emelsizje täç geýdirenlerinde-de her kim bu işi hiläniň güýji bilen däl-de, Allatagalanyň buýrugy bilen edýäris diýip düşünenini Garaja aga bilmeýärdi. Sabyr atly şol derwüşiň soňra şanyň iň ýakyn geňeşdarlarynyň biri bolup, Hindistany boýun egdirmekde, Kürdüstany dyza çökermekde aýratyn uly orun tutandygyny hem, ýaşuly bilmeýärdi.
Ahmet şa owgan ýurduna şa bolsa-da, esasy şalyk talanty beýleki ýurtlaryň üstüne çozuşlarynda açylypdy. Onuň döwründe Owganystan näçe gurply bolsa-da, ol bu şanyň ýurdy edara edip, onuň suwuny, topragyny, gününi, oduny, adamlaryňy peýdalanyp, ekin ekip, kanallar çekip, kärhanalary gurup alan girdejisinden däl-de, beýleki ýurtlara eden ýörüşlerinden, söweşlerinden talap alan baýlygyndan giren girdejilerindendi.
Ol şu wagta çenlem agyr ýörüşleriň dokuzysyny edipdi. Hut, häzirem Hindistana we Penjaba ýörüş edip, agyr durmuşa baş göteren sinhleri jezalandyryp, bu welaýetleriň ilatyny «köşeşdirip» gelýärdi.
Magtymguly bu şanyň türkmenlere arka durup, olara hemaýat edere eliniň degmeýändigini bilmeýärdi. Ýöne ol we onuň ýoldaşlary uly umyt, uly yhlas bilen Gandagara gadam goýýardylar. Gandagaryň uzaklarky seleňläp görünýän metjitleriniň, minaralarynyň owadan gupbalaryna ýagşyzadalaryň ýolunda bütin ömrüni ötüren diwananyň Käbäniň köne minaralaryna seredişi ýaly seredýärdiler.

* * *

Juma güni Magtymgulynyň düşlän kerwensaraýynyň adamlary şeýle ir oýandylar. Ýerli dellallar, söwdagärler, hyzmatkärler başlaryndaky köne sellelerini gyzyl, sary, gök, ak, Hindistandan, Penjapdan getirilen ýaldyrawuk matalardan edilen selleleri bilen çalşyryp, aladaňdandan şowhun turuzýardylar. Olarda ejesi bazara gidip, indem süýjüje bir zadyň getirilerine garaşýan sabyrsyz oglanjygyň begenji, birahatlygy bardy.
Kandagar Nedir şanyň döwründe, haraba dönüp ugran şäherjikdi. 1755-nji ýylda Ahmet şa ony Owgan döwletiniň paýtagty diýip yglan edipdi. Soň şäheriň içinden äpet şa galasyny saldyrypdy. Bu galanyň töwereginden kerwensaraýlar, beýleki dürli ymaratlar saldyrypdy. Şu gurluşyklar bu şanyň abraýyny arşa göteren zatlaryň biri boldy. Çünki, Ahmet şa dilinde özüni hemişe parahatçylygyň tarapdary edip görkezmekçi bolýardy. Ol hemişe ýollarda kerwensaraýlar gurmagy, ýolagçylar dynç alar ýaly jaýlar salmagy ündeýärdi. Bu iş 1755-1756-njy ýyllarda uly, güýç bilen ýaýbaňlanyp başlanam bolsa, Ahmet şanyň Hindistany boýun egdirip gelmegi bilen ýatdan çykyp galypdy. Sebäbi Hindistana ýörüş edilmegi hanyň hazynalaryny tümenden dolduryp, onuň girdejisi dürli welaýetleriň söwdagärleriniň getirýän harytlarynyň söwdasyndan gelýän kem-käs peýda baglanyp galmakdan dynypdy. Owgan halkam öňki garyplykdan, gedaýlykdan, tozgunlykdan çykan ýaly bolupdy. Aslynda, bu beýle däldi. Owgan topragynyň suwsuzlyk belasy, sowatsyzlyk öňküsi ýaly çözülmän galypdy. Diňe Kandagar şäheri Argendab derýasyndan iki saňy kanal çekdirip, bu kanallar şäheri suw bilen üpjün edýärdi. Ähli köçä akar suwly ýap barýardy. Aslynda, köçe diýer ýaly, köçe-de ýokdy. Iki sany baş köçe bolup, olaryň ikisem şa galasyna barýardy. Şol köçelere şäherdäki ýapyk bazardan çykyp, islän ýeriňe, islän ugruňa sürübermelidi.
Magtymguly häzir uly şowhun bilen baş köçäni tämizläp, ýuwup, suwlap ýören adamlaryň arasyna bardy. Owganlar jagyl-da-jugul bolşup, Magtymgula barmysyň hem diýenokdylar.
Magtymgula geň bolup görnen zatlaryň biri, ýollara çeleklenip dökülýän reňk uny boldy. Gyzyl, sary, gök reňkleriň, asyl owganlaryň äpet sellelerine çalymdaş reňkleriň näme üçin ýollara dökülýänine düşünmedi. Ol kimdir birinden sorajak bolup durka, ertir şamyna çagyrdylar.
Maşat aganyň kerweniniň ýüküni bazarda düşürip, düýelerini, atlaryny mal ýatakda jaýlap gelipdi. Onuň wagty hoşdy. Türkmen sadalygy bilen degşip, özüniň içki begenjini daşyndakylara duýdurýardy.
– Göwnümize görä boldy. Alla dilegimizi kabul etdi. Hem-ä şany göreris, hemem sowdamyz oňar. Haý, bazarda bir adam bar. Onça adam Nedir şanyň ýurdunda-da ýa-bardyr, ýa ýokdur. Aý, biý, Ähmet şanyň hurmatyny sen goýagaý. Ballym, senem şu şa bilen kepleşip türkmen raýatynam Owgana birikdirägasaň, biziňem kejebämiz düzeljek.
Magtymguly özüniň matlabyna ýaşulynyň ters düşünýändigine gynandy. Ýöne gep alyp galmady.
– Maşat aga, näme öz ýurduňa Ahmat şany şa etmände, türkmende şa boljak adam tapylmazmy? Türkmen taýpalary agzyny birikdirip, bir suprada aş taýýarlasa dünýäde onuň öňünde, onuň deňinde durjak ýurt galarmyka? Şu bolşuna-da Nedir şaga guýruk tutdurmadyk türkmen şaly, paýtagtly, şäherli ýurt bolsa, onda owgan, eýran ilaty türkmene raýat bolar...
Maşat aga häzir Magtymgulynyň göwnündäki badyhowalyga, şaly döwleti döretmäge bolan hyjuwyna düşünerden ejizdi. Ol ähli zady öz tiresiniň, obasynyň terezisi bilen ölçeýärdi.
– Heý, ogul, ogul, türkmeniň iki adamy aşyny bir suprada taýýar kylypmy, indi külli türkmen aşyny bir suprada taýýar kylar ýaly?..
Magtymguly jogap gaýtarmasa-da, özüniň pikirinde galýandygyny nazary bilen düşündirdi.
Gün guşluga galanda, köçede turan şowhun öňküleriňem çaky bolmady. Münüp oturan atlarynyň guýrugyny pugta örüp, oýuň boýnuny at şaýlary bilen bezän nökerler iki baka çarp urýardylar. Magymgulynyň we onuň ýoldaşlarynyň duran ýerine owgan topragynyň dürli welaýetinden gelip, bu günki şagalaňa gatnaşyp bilenine özüni bagtyýar hasaplaýan adamlar dünýäni unudyp gürleýärdiler.
Magtymguly olaryň pars, puştu dilinde geplýänleriň: «Atamyz Ahmat şahly şah Dürrany gelýär» diýip begençlerinden uçaýjak bolup gürleşýändiklerine arkaýyn düşündi. Ýöne üýtgeşik bir dilde gürleşýän beýleki toparlardaky adamlaryň näme diýýändigini welin aňmady. Çünki, olar Ahmet şanyň ýoluna garandan Magtymgula, onuň ýoldaşlaryna has ünsli garaýardylar.
Ahmet şanyň atlylary geçip başlady. Atlaryň üstüne rejelenip basylan haly horjunlar, düşelgeler üçin çadyrlar, parçalar, sandyklar, azyk önümleri, çuwallaryň içindäki zatlar bazardan köşge çenli ýetse-de, heniz gutararly däldi. Näçe sapar ýörüşe gidip, şondan bärem adata öwrülen beýle duşuşyk üçin öňünden mazaly taýýarlanylandygy bildirip durdy.
Atlylar seýrekleşdi. Elleri aýpaltaly, eginleri apbasy sowutly serbazlar ýoluň gyrasynda duran adamlaryň öňüni gabsaladylar. Şondan soň şanyň regulýar gorag otrýady sap-sap bolup geçip başlady. Şonda otrýadyň ortasynda aýaklary uzyn döşlek ak atyň üstünde oturan şa göründi.
Ahmet şa gözi düşenden Garaja aganyň meňzetmesi Magtymgulynyň güpbe ýadyna düşdi. Hakykatdan hem şa ak atyň üstünde oturdylan äpet gara küýzä çalym edýärdi. Onuň keltejik boýy, dykyz eginleri, repidäniň ýüzüne oturdylan ýaly gözleri, gönüden kertik gür gaşlary, öli garaýşy, mähirsiz nazary Magtymgulyda hiç hili täsir döretmedi. Şa ak atyň üstünde doňan ýaly bolup barýardy. Adamlaryň mübärekläp gygyryşmasy, uçganaklap barýan ak atyň göterilmesi ony jinnek ýalyjagam gyzyklandyrmaýana meňzeýärdi.
Şa duşundan geçende Magtymgulynyň üstüne nämedir bir zat dolynyň damjalary ýaly bolup agyr şapyrdap ýagdy. Magtymguly nämäniň-nämedigine düşünmänkä köçäniň gyrasyndaky märeke ýere ýazyldy. Her kim omadaklap ýer sermeýärdi. Dik duran diňe Magtymgulydy. Ol egnine garanda, çäkmeniniň gatynda gyzyl gyranlygyň duranyny gördi. Ol diňe şonda şanyň atlylarynyň gyran pul seçeleýändigine düşündi. Öňde bir ýerde bolsa adamlar doga sanap, reňkden edilen küli atlylaryň üstüne pytradýardylar. Dürli reňkleriň derdinden dörän duman şany we onuň atlylaryny gözlerden gizleýärdi.
Adamlar atlylaryň yzyna düşüp, mübärek sözlerini aýdyp, köşge bakan ugradylar.
Öz şasy, öz şäheri, öz köşgi, onda-da ýeke-täk şasy bolan halkyň beýle begenji Magtymgulynyň ýüregine kemsinmäniň ýukajyk dumanyny çökerdi. Ol türkmen ülkesini hut şu ýagdaýda göz öňüne getirjek boldy. Emma beýle haýyr işiň birbada bolaýmajakdygy baradaky duýgy onuň lapyny keç etdi. Ol hälki pul sepişlikde eline Düşen gyrany maňlaýyna syldy. «Şeýle döwrany, döwletli döwlet bize-de nesip etsin».
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 17 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: