11:04
Ýeňil goşgy
ÝEÑIL GOŞGY

Päk söýgümden ýüz öwürip,
Gideňde gözümden ýitip.
Saňa ýüregmi soguryp,
Berjekdim, yzyňdan ýetip
Başarmadym, essim aýyp,
Ýykylamda buza taýyp,
Ýüregim buza gaçypdyr,
Özem biraz çat açypdyr.
Ýürek ýatyr ejir çekip,
Üşäp ýatyr doňan ýolda,
Seň geljek ýoluňa bakyp,
Ol şindem umyt -hyýalda.
Ine bir gün peýda bolduň,
Ýöne, arman, ýeke däldiň.
Sen kürteli täze gelin,
Bagty çüwen ýigit bilen,
Ol ýatan ýüregi görmän,
Ýa görseňde üns bermän,
Assa basyp, seýkin ýöräp,
Basyp gitdiň, ga'ra bulap.
Ol bolsa yzyňdan garap,
Galdy, saňa bagt diläp.
Ýürekdäki bu tirpildi,
Onuň soňky urşy boldy,
Buzlaň içinde irkildi.
Ýürek şeýdip doňup galdy.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Gorkut   [Mowzuga geç]
Yenil kemi yok.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
kupletleriň arasy birleşikmi?
ýa bolmalysy şeýlemi?
adaty dälmi su zatlar? söýdüm, ýüz öwürdiň, ýüregimi berdim, almadyň, gelin bolup geldiň, görmediň, bagt diledim, öldüm..."
---
Buzlaň içinde irkildi.
şu setirem çigmi?
irkilmek.
gören zatlaryndan soň gözüňe uky gelip, irkilmek....
üstünlikler!

0
2 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Şonuň üçin ýeňil goşgy diýdimda. Kupletleriň arasy açyk däl, bolmalysy şeýle.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: