10:54
Durmuş otlusy
DURMUŞ OTLUSY

Otly barýar bir sydyrgyn gyrmyldap,
Iki sany demir ýola sygynyp.
Gidip barýar öň bellenen ýol bilen,
Käte-käte menzillerde säginip.

Dürli-dürli wagony bar otlynyň,
Umumy wagon bar, aramlygy bar.
Birisi ýük üçin tirkelen bolsa,
Birisi rahat, giňiş, ygtybar.

Öýjüklerden doly, wagonlaň içi.
Her kimiň öz ýeri orunlary bar,
Ýöne, nätjek, köpçülikde bolýan zat,
Ornun tapman gözläp ýörenleri bar.

Wagonlaryň içi adamdan doly,
Aýal, oglan-uşak, garrydyr ýaşdan.
Elleri boş gidip barýan bar, ýüksüz,
Birniň egnine çen dolupdyr goşdan.

Menzilleňem atlary bar üýtgeşik,
Birisi "çagalyk”, birisi ”ýaşlyk”.
Birisi “juwanlyk”, biri “ýigitlik”,
Birisi “gam-gussa” ýa “göwnühoşluk”.

Her menzilde säginende,otlymyz,
Onda baky düşüp galýanlary bar.
Oň tersine, otla tarap at salyp,
Münjek bolup, ylgap gelýänleri bar.

Ol otlynyň ady “durmuş otlysy”,
Otly diýseň, otly eken bu durmuş.
Ýolbeletleň aýdýan gürrüňne görä,
Her kimiň düşmeli menzili barmyş.

Otly indi haýsy menzilde durjak?
Köp durjakmy,az durjakmy belli däl.
Menziller, süýnüşip, yzda galsada.
Entek,öňümizde ýatyr uzak ýol.

Otly gidip barýar, durmuş otlusy,
Iki sany polat ýoluň üstünde.
Ýollaň biri bagt adyny göterse,
Beýlekisi betbagtlyk isminde.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
umuman, şu temany has gysgarakdan has modern aýdyp bolsady....
bir hili simwollar bilen aýdýaň, onam özüň çözüp berýäň "Ol otlynyň ady “durmuş otlysy” diýip.
haladymam diýip bilemok, halamadymam.... garaşanym çykmady diýäýmesem.

Otly barýar bir sydyrgyn gyrmyldap,
Iki sany demir ýola sygynyp.

Azat kaka. haýallygy halaýaňyz öýdýän. eýýän sizde öçünji "haýallyga" gabat geldim. (pellehana howlukmaýan at, "...gojalyga howlukman" barýan biri, ine-de "bir sydyrgyn gyrmyldap barýan otly).
hemem, edil menä şu ýerdäki "sygynmagy" ýerinde däl hasaplaýan.
ol demir ýol sygynyljak zat dällaý, simwolizmem bolsa şu "sygynmak, togap etmek, arşy-agla... ýaly dini terminleri gaty seresap ulanmasaň tesiräk gelýär).
----
Dürli-dürli wagony bar otlynyň,
Umumy wagon bar,aramlygy bar.
Birisi ýük üçin tirkelen bolsa,
Birisi rahat,giňiş,ygtybar.

---
wagonlaryň görnüşlerini suratlandyryp durmagam biraz artygrak ýaly.
ýöne, soňky iki setiriň meniň pikirimi başga zada ugrukdyrdy.
hawa, taryhda şeýle-de boldy: ol "ýük üçin niýetlenen wagona" adamlary hyryn-dykyn dolduryp, ýurdundan göçürdiler, ölüme iberdiler...
hemem "rahat, giň, ygtybarly" ruhuň rahat tapmaly mekanlaryny (ybadathana, metjitleri) kartoşka saklanýan skladlara öwürdiler.
bolmaly zatlar tersine boldy...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: