10:15
Kelle
KELLE

Kelläm,
Men seni depämde göterdim kelläm,
Owgan aýalynyň merhemet edip
Depesinde göterşi deý saçagyn.
Garnyma däl,
saňa atdym tapanym.
Kyrk ýyldyr astyňda ýegşerip gelýän.
Durmuş gaty,
Ýuka seniň paçagyň.
Soltanyny göterşi deý raýatyň,
Depäme göterdim.
Taýýar emriňe.
Depämde göterdim mirasdar oglun
Ýeke ýigdiň göterşi deý egnine.
Durmuş agyr —
seniň agyr halatyň.
Sen taňrynyň atan lagnat daşymyň?
Nije ýyl apalap göterip geldim.
Üstümde gulagyň sallap oturma
Meni bu dünýäde göterjek sensiň!

Nobatguly REJEBOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Sona | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 19
0
18 Sona   [Mowzuga geç]
Goç sen, süsýän sen. biz-ä ýuwaşja çagalar

0
17 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Nobatgulyň goşgusyny kellä geýäýdikmi biggrin biggrin

0
19 Sona   [Mowzuga geç]
Nobatgulyň kellesini süsdük

0
14 Sona   [Mowzuga geç]
ONda EDEBIÝATÇYL dp goý adyňa

0
15 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Senem adyňy üýtgedip, Ýürege düşgünç diýip goýaýsana biggrin

0
16 Sona   [Mowzuga geç]
Waý, ol meiň hakyky çyn adyma, sen meni tanapsyň, Goç! tongue

0
11 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
How Sona! cool

0
12 Sona   [Mowzuga geç]
Indem diýjek zadym ýadymdan çykdy wacko

0
5 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Goşga bah diýdim welin, indi teswirlere hem diýmeli boljak: Bahhh
Gulak nireden çykdy bu ýere?
Sona hanym, menden garaşmadyňyzmy ýa Nobatguludan? wacko

0
6 Sona   [Mowzuga geç]
Aý-how jan jigi Gygyryp öldüm-ä GOÇMYRA-A-AT dp.

0
8 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Howww diýip geçjegä menem biggrin

0
7 Sona   [Mowzuga geç]
gabat gelen bir goşgyny okaýaň-da kompliment aýdan bolup gidiberýäň. hany, Edebiýatçyl bolsaň, çynlakaý syn bersene surprised sad smile

0
13 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Men synçy däl, diňe edebiýatyň muşdagy cool

0
9 Sona   [Mowzuga geç]
eýranly doganlarymyza senden syn alyp berjek bolduk. gözleý-gözleý tapmadyk

0
10 Sona   [Mowzuga geç]
Eý, Goç-Goç, ýaz gelerligi ýok

0
4 Sona   [Mowzuga geç]
Ol diňe öz goşgusyny goýjak bolanda saýta girýä sad

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
eh, Goçmyrat, Goçmyrat, senden garaşamokdym.

0
2 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Bah

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Üstümde gulagyň sallap oturma" ))

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: