09:20
Şahyr dostuma

ŞAHYR DOSTUMA

Kim bizi öwrener, kim bizi okar,
Kim ýigrener, kim ýatlar, kim unudar.
Gömlüp galan bugdaý ýaly şygrymyz
Ahyr bir gün dünýä çykar urudan.

Ol kime gowurga, kime çörek bor,
Kime ruhy iýmit, kime semene.
Hat ýazanda aşyk ýigde gerek bor,
Derman bolar çäresiz bir kesele.

Manynyň maňzyndan many agtaryp,
Çukur dünýäň çuňlugyna çümdük biz
Hem durmuşy okap, kitap agdaryp,
Bu düşnüksiz dünýä ir düşündik biz.

Bizi durmuş aýamady, dünýäde
Artykmaç eý görlüp, aýalmadyk biz.
Biz mydama garymyza daýandyk,
Çüýrük çynarlara daýanmadyk biz.

Ýagşy söze mätäç bolan çagymyz
Dost sözüni gaýgyrmadyk, ulandyk.
Ýok bolsa-da goly tüýlek agamyz,
Bil oňurga agram salyp, ulaldyk.

Bagta garaşmadyk, gazandyk bagty,
Bagty gözlemedik, bagt bizi tapdy.
Dostlara daýandyk kyn bolan wagty,
Kyrk ýaşda dost-ýary bar adam bagtly.

Bagty barlar mazamlamaz bagtyny,
Dosty barlar dostun aýar, dert çeker.
Bir ýerde derege geçmeli bolsa,
Namart geçmez, ejiz geçmez, mert geçer.

Galam bilen göwün alan ýagşydyr,
Göwne ýeten sözüň tagamy gaçmaz.
Şahyryň egninden kellesi gaçar,
Şahyryň elinden galamy gaçmaz.

Ýüregmizden bölüp aýran şygrymyz
Ýene baryp ýüreklere biriger.
Söze janymyzdan jan bersek, ony
Meger, ýene diri saklar diriler.

Atamyrat ATABAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Nurdan | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 3.8/5
Всего комментариев: 16
0
13 Sona   [Mowzuga geç]
Şahyryň egninden kellesi gaçar,
Şahyryň elinden galamy gaçmaz.

Bet aýdypdyr--aý!

0
12 Pegas   [Mowzuga geç]
Ruhy şat bolsun.

0
10 mango   [Mowzuga geç]
Kim bizi öwrener, kim bizi okar,
Kim ýigrener, kim ýatlar, kim unudar.
---
dogry aýdýarsyň Atamyrat kaka.
edil häzirä sizi şu ýerde okaýan ýok.
"goşgyny kim ýazsa şol ýazsyn, bize toý bolsa bolýar".

1
9 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Şu Sonojygam bu saýta atasy öýüdir öýtýärmi, nämemi, ýaşmak-paşmagyna çenli zyňyşdyryp, arkaýyn gürläp ýör weli... smile

0
11 Sona   [Mowzuga geç]
neden beýle netijä geldiňiz, Taryhyçy jora!

0
6 Sona   [Mowzuga geç]
Wiý, ýogsa-da Nurdan erkek adam bolaýmasyn cry

0
7 Nurdan   [Mowzuga geç]
Alyñ ýoldaş boýdaş,Bikesona, bu size
clover flower

0
8 Sona   [Mowzuga geç]
sps tongue

0
4 Sona   [Mowzuga geç]
Çopantelpek üçin Atamyrat agany ýatlan Nurdan ýaly nurana maşgala bolmaly

1
2 Sona   [Mowzuga geç]
Ine, günüň goşgusy! first

1
1 Sona   [Mowzuga geç]
flowers Sagja bol-a, Nurdanbike! Hany men seni oşgaýyn!

1
3 Nurdan   [Mowzuga geç]
Ýoldaş Bikesona, howupsyz araçägi saklamagy maslahat berýärin size, çopantelpekler üçin minnetdardyryn, olary dermanlyk melhem, antibakterial serişde hökmünde-de ulanyp bilerin.

0
5 Sona   [Mowzuga geç]
Bikesona maňa ýarady!

0
14 Sona   [Mowzuga geç]
Näme, doktor hanym, saýta-da maskaly girelimi indi? wink

0
15 Nurdan   [Mowzuga geç]
Ýok-la @Sona , arkayyn boluñ, özüñiz "oşyayyn" diýeñizsoñ, degişmek üçin ýazaýdym menem. Eger saytda siziñ aydyanyñyzy edip bolýan bolsa, maskasyzam girip bolmazmyka diýýýan-da. Onsoñam polislerem bar-a bärde-de, şonuñ üçin howpsyz araçägi saklamaly, bolmasa ştraf eder diýdim-a. Göwnüñizie almañ, arkaýyn işläñ, Sona.

0
16 Sona   [Mowzuga geç]
tongue menem degişjek boldum gy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: