08:43
Bahar toý tutýar

BAHAR TOÝ TUTÝAR

Erik geýinipdir toý lybasyny,
Ak öýmäni atynypdyr başyna.
Töwerege ýaýyp hoşboý ysyny.
Joralary üýşüpdirler daşyna,
Geýinip täzeje ýaşyl keteni.
Eräp gitdi sowuk gyşyň gary-da,
Bildirip dur,täze daňyň atany,
Has ýalkymly ,ýagty günüň nury-da,
Nurlandyrdy,gurşap Ata watany.
Dereklerem dakynypdyr şelpesin,
Lowurdaýar çala öwsen şemala,
Mymyk şemal goý ýüzümi ýelpesin,
Ähli derdiň dermany deý hamala,
Meň janyma berýär şypaly melhem.
(Meniň boşan kalbym doldurdy ylham.)
Bilbiller saýraýar,seslerni goşup,
Şowhun berýär başlanan toý-dabara.
Aýdym aýtsam diýýär,köňülim joşup,
Ýüregimde ýer galmady sabyra.
Gök asmanda ak ýelken deý bulutlar,
Gelýär süýşüp,süýjülik suw sepeläp.
Göýä ýaş geline döndi ene ýer,
Perzentlerniň başlaryny sypalap,
Ak pata berýän deý täze durmuşa.
Ýazdy naz-hygmatdan doly saçagny,
Garşylaýar,giňden açyp gujagny,
Gelsin diýip bu meýlise barçalar,
Toý saçagna dürli nygmatlar seçýär.
Jürküldeşip garagolja serçeler,
Kä gonup,käte-de asmana uçýar.
Seçilen nygmatdan paýyn çokalap,
Bökjekleşip oýnaýarlar çaga deý.
Gursagymda şahyr ýürek bökeläp,
Neneňsi joşmasyn meniň köňlüm,heý.
Menem bu dabara syn edip durun,
Uz owadan leýli saçyň astynda.
Ýene şeýle toýlaň şaýady borun,
Ýaşap ýörkam goja zemin üstünde.

Azat NURGELDIÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ýene şeýle toýlaň şaýady borun,
Ýaşap ýörkam goja zemin üstünde.
---
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseň ýeriň ýüzünde.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Göýä ýaş geline döndi ene ýer,
Perzentlerniň başlaryny sypalap,
Ak pata berýän deý täze durmuşa.
---
ýaş gelin, ýetişen perzenlerine (perzendine däl, perzentlerine) durmuşa pata beýär. ýaş gelin perzentleri ýetişýänçä ýaşlygyny saklap bildimikä?
ýaş gelin we pata bermek....
maňa "bäh" diýäýmek galýa...

0
3 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Menem bahar gelende özümi ýaş ýigit ýaly duýýan, ýöne bu meniň göwnüme şeýle, men şol hakynda ýazdym. Ene ýer diýen jümlä üns bermänsiň, şol ene özüni ýaş gelin deý duýup, çagalarynyň başyny sypaýar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: