08:18
Galamdaşyma
GALAMDAŞ DOSTUMA

Ömri şygyr bilen bezemek isläp,
Ýaşadyk özümiz şygyr, heň bolup.
Şöhraty däl, şahyrlygy höwesläp,
Gezdik özgeler deý joşup, hiňlenip.

Goşgy ýazdyk, aň etmedik soňuny,
Şeýdip, derdimizem ýeňäýen ýaly.
Şygyrýet köýnek däl, geýip, soň ony
Egniňden çykaryp zyňaýar ýaly.

Ýeri, başyň alyp gidersiň nirä?
Ýol, duralga, iş, öý... durşuna şygyr.
Sowuk gijelere maňlaýy diräp,
Gözledik, agtardyk täzeçe pikir.

Pikrimizden uzyn geldi bu durmuş,
Başgaça ýaşadyk arzuwlarmyzdan.
Günler - çözmesi kyn tapmaça, gurluş,
Olar jogabyny hantama bizden.

Günleriň gözünde galgan sa:lgym men,
Ýüregim düşnüksiz ahmyrdan doly.
Eşigmiň ýyrtygna utanmandym men,
Gowşak goşgularma utanşym ýaly.

Ömürden däl, wagtdan has öňe gitdik,
Dost diýip, köpleriň elini gysdym.
Şatlygy däl, derdem deň bölüşjekdik,
Biz muny başaryp bildikmi Dostum?!
Aýtsana Dostum!

Goçmyrat Orazberdiýew
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 7
0
7 syhy   [Mowzuga geç]
jwnZsofkcdds

1
6 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Eşigmiñ ýyrtygna utanmandym men
Gowşak goşgulamdan utanşym ýaly
Şu sözi galamdaşda okanymdan soñ "Serde sergezdan setirler"muzeýime goşuldy.
Näme diýýär türkler:
"Ba-yıl-dım"
Galamyñyz ýiti bolsun!

0
5 Jumjume   [Mowzuga geç]
tärini taryny bolmal-aaa wacko

0
4 Jumjume   [Mowzuga geç]
Bellik etmek eliñ boşlugyna da bagly. Käte howlukmajyrak bolýas da cry düşüneñyzokmy

0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
haýt haýt,päliñden gaýt Mango! Dünýäde sylagyñ hatyrasyna aralyk tärini üzmäli hergiz biggrin

0
1 Jumjume   [Mowzuga geç]
Haladym Edebiýatçy!

0
2 mango   [Mowzuga geç]
– haladyňmy Jümjüme?
– haladym Edebiýatçy.
– maladis Enebaý.
– maladis Atabaý.
-----
ondan-a bir-birege bellik etmek peýdaly dälmi? :-)

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: