08:18
Säher goşgusy
SÄHER GOŞGUSY

Gözlem bilen çümmükleýän asmany,
Kirpigime degýär guşlaň ganaty.
Öwrendim dünýäni bagra basmany,
Joşgundan gursagym gijän halaty.

Guş deýin güsürdäp galýar ylhamym,
Ýüregim pyntyklap başlaýar ýazsam.
Razy men, elewrän her gijäm, daňym,
Setir bolup, dünýäň ýadynda galsa...

Günler küşt deý,
ýeňşi göçümde eken,
Ýeňýär paýhaslylar, barybir, onda.
Durmuş daşymda däl, içimde eken,
Maňa gerek zatlaň bary bar onda.

Bagtdyr, ýagşylykda gözlere ilseň,
Şygyr ýazsaň ýüregiňe deň gelen.
Bagt monjugatdy oýny däl, bilseň,
Bijesine düşmeýär ol hemmeleň.

Öwrendim dünýäni bagra basmany,
Bagtly bolýan köňül joşan halaty.
Gözlem bilen çümmükleýän asmany,
Kirpigime degýär guşlaň ganaty...

Goçmyrat Orazberdiýew
Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Onda-da bellikler üçin köp sag boluň smile

0
1 Jumjume   [Mowzuga geç]
Pikir gowy.
Şygyr ýazsaň ýüregiňe deň gelen bu hasam gowy...
Ýöne "Gözlem bilen çümmükleýän asmany," däki asmany çümmeklemek pikirini ýakymsyzrak gördüm.
Günleri-ömri küşde meñzetmegem gaty gowy! Üstünlikler!

0
2 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Goşga düşündiriş bermegi kän halamok welin... onda-da pikirimi aýtmaly boljak.
Gözleriň çümmüklemegi - bu ýerde gabaklaryň gyrpmagy. Gabaklar gyrpanda gözüň bakyp duran ýerini çümmükleýär, şol manyda. Ony täzeçe aýtmak isledim

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: