05:31
Pyragy -20/ romanyñ dowamy
IKINJI BÖLÜM

1.

Magtymguly öýleneli bäri geçen bir ýyl, Hajygowşana hiç bir üýtgeşiklik getirmedi diýen ýalydy. Diňe Bujnürt hanynyň çozuşlarynyň bäşisi yzyna gaýtaryldy. Çowdur geçen bir ýylda ýaşam bolsa, şu töwerekleriň ýigitleriniň serdary, gaýduwsyz, mert ýigit hökmünde at alypdy. Ol oba ýigitlerinden özüniň ýygynçagyny düzüpdi. Ol şeýle bir uly ýygynçagam däldi, ýöne atly-ýaragly ýigitleriň toparydy. Şol toparyň ýigitleri üýşüp aw awlaýardylar, ýollara gözegçilik edýärdiler.
Geçen ýazda ol ýigitler oba adamlaryňa diýseň hezil beripdiler. Üýşüp ýer depmekde, galla ekmek-de, tomus ýetişen gallany ýygnamakda şeýle üýşmeleňiň peýdasynyň uludygy belli bolupdy. Bu ýigitler oňat kömek bereni üçin, Garry molla ýygnan gallasynyň deň ýaryny olara paýlapdy.
Garry molla Çowdury indi hasam gowy görüp başlapdy. Çowduryň ýaşam bolsa ýigitleri daşyna üýşürip, gyzylbaş ordalaryna gurt bolup daraýşy, iliň-günüň derdine ýaraýşy onuň göwnüne diýseň ýaraýardy. Ol hut häzirem öýde Çowdur ikisi göýä sakgaldaş bilen oturan ýaly şähdaçyk, erkin gürleşýärdi.
Magtymguly hem atasynyň şeýle şähdaçyklygyna örän begenýärdi.
– Molla, ýazam-a çykdy. Indi ýazlyk bugdaýy ekibersegem bolarmyka ýa-da birneme garaşalymy? – diýip, bu ýyl has hem köp galla almaga gylawlanýan. Çowdur aýtdy.
Garry mollanyň hasaby boýunça ýaz çykypdy. Indi ýazlyk bugdaý ekiberseňem boljakdy. Ýöne onuň çekinýän zady bardy. Geçen ýazda ýigitler bir sapar ýaz ekişine ýagşy girişende, gyzylbaşlar duýdansyzlykda çozup, obany has aljyradypdy. Bu belanyň şu ýyl beterinden has beterini edäýmegi mümkindi. Şonuň üçin ol Çowduryň aladasyna düşünmek bilen, ony hatyrjem etmegiň hem zerurdygyny aňýardy. Şonuň üçinem mylaýymdan süýndürip gürledi.
– Oglum, Çowdur jan, seniň ýigitleriň iliň-günüň alnyndan direýe, oglum. Geçen ýazda galla oragynda, döwekde beren kömegiňiz henizem ýadymdan çykanok. Bu ýylky irgözinden aladaňam ýagşy. Ýöne dagyň arkasyndaky duşmandanam hatyrjem boluň. Gallamyz bäş gün gijä galyp ekilende-de o diýen zyýany bolup durmaz, ýöne duşman iliň-günüň namysyna gol gatsa ine, şonuň namysy agyr deger, oglum...
Çowdur, Magtymgulyny ýüzüne garady. Ýöne dostunyň ýüzünde röwşen ýoklugy ony birneme gussalandyrdy. Arada, dostunyň göwnüne degenine puşman etdi. Şonuň üçinem ýüregindäkini diline aldy.
– Mollam, arada bir göwnegelmesiz işe baş goşmakçy bolduk. Aý, ýigitlerdir-dä, «bir ýerde bolmak-dan halys irdik, hany bir alamana, eýran obalaryna döküleliňde, döküleliň» boluşdylar. Menem, ýigitler hemişe ýüregimden turup ýörensoň, aýdanlaryna «bolýa» diýäýmenmi. Asyl Aktokaýyň gädigine-de ýetdik. Ine, birden gijäniň içinde Magtymguly yzymyzdan ýetdi-de: «Gaýdyň yzyňyza, bir obany bagtly etjek bolup, beýleki obany betbagt etjek bolýaňyzmy? Bir maşgalanyň güzerany üçin on maşgalanyň gününe gan çaýkajak bolýarsyňyzmy?» diýip öňümize gelip, ýola böwet bolup duruberdi. Turdy bir gykylyk, turdy bir gowga, näme ederimi bilmedim. Şol wagt göwnüme Magtymguly ýalňyşýan ýalydy. Aý, gynanyp-gynanyp ýolumyzdan gaýtdyk. Ýöne ondan bäri on gün geçdi. Indi oýlanyp-ölçerip oturýaryn welin, Magtymguly hak eken. Ol bizi betbagtçylygyň ýolundan gaýtaran eken. Indem, şondan bäri öýke-kine edip ýör. Heýç, açyp bilemzok muny. Ýigitlerem, «hem ýazlyk bugdaý haçan ekiljek şony bil, ýogsa, elimiz işsizlikden gijäp dur, hemem Magtymguly biziň günämizi ötsün» diýip meni iberdiler. Magtymgulam, biziň ýagdaýymyza düşünäýmeli welin, edenok-da, gaýta öýkeleýe.
Garry molla oglunyň pähim-paýhasyny, aşa sowatlylygyny aýratyn aýawly hormatlaýardy. Munuň ýaly ýagdaýda oglunyň başga hili hereket edip bilmejekdigini hem gowy bilýärdi. Şonuň üçin-de, ol. häzir oglunyň gepini-sözüni mahabatlandyryp oturmady. Çowdury welin mahabatsyz goýmady.
– Berekella, ogul, iliň öňüne düşjek bolsaň, gaýratlylygam, ýalňyşanyňda ony boýun almagam başarmak gerek. Ýalňyşyňy boýun almak kiçelmek däldir. Onsuzam adamyň ömründäki ýalňyşlyklar az däl. Şol ýalňyşlyklary özümiz başymyzdan geçirip, soň ony düzetsek, olar has azalar, onsoňam beýlekileriň ýalňyşmazlygyna peýdasy deger, gözümiz giňräk açylyp, şeýtanyň alyny has gowrak görerdik.
– Biriniň ýalňyşy birewi bagtly edip bilmez.
Magtymgulynyň sözüne kakasy düşündi. Ol atasynyň sözüni tassyklaýardy. Emma Çowdur welin ony başgaça kabul etdi.
– Bäý, Magtymguly, senem bir ýalňyşdyk welin, ony gylyç edip böwrümden sokup dursuň. Özüň aýtdyň-a: «Bir ýazykdan är ölmez» diýip. Indi men bir iş boldy diýip özümi öldüreýinmi?
Magtymguly başyny galdyrmady. Ýöne ol Çowdury köşeşdirmäge söz gözledi.
– Heý, Çowdur, Çowdur. Sen iliň öňüne düşjek bolsaň, han adyny çirksiz saklajak bolsaň ýalňyşmalam bolarsyň, ýalňyşyňa düşünmelem. Ýöne meniň aýtjak bolýanym, ýaňy dädemiň aýdany, sen öz ýalňyşyň bilen beýlekileri ýalňyşdyrmajak bolmaly. Saňa peýda getirmedik ýalňyş ili bagtly edip bilmez diýjek bolýaryn. Meniň aňlaýşyma göre, seniň ýigitleriň alamançylyga gidip, eýran obalaryndan «gyrp-çyrp» edip gaýdanlary ýok däl. Men obamyzy çapyp, iliň-günüň ar-nymysyna el uran gyzylbaşlary nähili ýigrenýen bolsam, alamançylyk edip ýat obalary çapawullaýan obadaşlary şolardan hem beter ýigrenýen. Alaman serdarsyz bolýan däldir, şolaryň «gyrp-çyrpynda» seniňem elin bar ýaly görýärin.
Çowdur bu sapar hyjuwyna, gazabyna bäs gelip bilmän böwedine urdy.
– Sen nähilläý, Magtymguly? Hemmäňiz meniň başyma akyldar bolduňyz. Han-a ýygynçak, şolara ýeke gün baş bolup bilmejegiňiz-ä görnüp dur, ýene-de nagaraňy meniň üstümde döwýärsiň. Men-ä ile-güne bähbitlisini etjek bolýan, eger beýdilip duruljak bolunsa...
– Biz uly il bolup seniňem, ýigitleriňem işine guwanyp ýörendiris, Çowdur, ýöne alamanly gürrüňiň bilen welin hiç kim ylalaşmaz...
– Alaman, alaman, alaman... Şu gürrüňiňi indi bir bes et, meniň ganymy depäme çykarmajak bolsaň!
Garry molla oturyp bilmedi. Ol oglunyň gepini ýumşatmagy makul bildi.
– Çowdur, oglum, sen ganyňy gyzdyrma. Magtymguly indi bir gan dökülmesin, indi bir adamlar ýagy-ýesir bolmasyn, obalar otlanyp, iller sürülmesin diýýär. Bu gowy söz. Gowy, akylly sözem gerekli daş ýalyrakdyr. Ony her näçe göterip ýörseňem agramy bolmaz. Ahyr bir gün derdiňe ýarar, şonda seniň çeken ähli azabyň öwezini tutar.
Çowdur köşeşmedi. Ol göwünsiz hoşlaşyp turup gitdi. Garry molla oglunyň tereňligini ýatyrmak isledi. Çünki, iki ýaş ýigidiň esrän nerler ýaly gemirşip, biri-birini bütin ömrüne maýyp etmegi mümkindi. Garry molla ýönekeý zadyň üstünde dawalaşyp, bütin ömürlerine iki halky duşman eden dostlar barada hekaýatlary köp okapdy. Ol ynsan diliniň zäheriniň tygyň çeken ýarasyndan köp-köp esse artykdygyny, tyg ýarasynyň bitip, dil ýarasynyň hiç haçan bitmeýändigini oňat bilýärdi.
– Oglum, bir kişi yhlas bilen ýüregindäkini orta goýanda, hiç haçan oňa garaw görkezmegin. Ýüreginde ýagşylyk bar adama hemişe hemaýat gerekdir. Ýagşylyk ilkinji garnyna gullaýan tüwäniň gölesi ýalydyr. Ol çykmajak bolup durandyr. Ol sähel garaw görse, ýagşylygyň gerek ýerine däl-de, şeriň içine dogmagy ahmaldyr. Köp-köp ýagşylyklar şeýdip ölýendir. Adalatly şalaryň, begzadalaryň asyllylygynyň halkyň ýüreginde galýanlygy hut şunuň üçindir. Sen bir işi göwün mizanyňa goýmak isleseň hemişe ýagşyzadalaryň, şa-ýy-şazadalaryň nazarýetinden goýgunyň. Şonda ýalňyşmarsyň...
Magtymgulynyň ýanyp duran ýüreginiň ody ölçerilen ýaly boldy. Ol gam bilen gazap gatyşykly şöhle çaýylan göreçlerini derejä dikdi. Soňam ömründe etmedik işini edip, atasynyň ýüzüne geldi.
– Atam, adalatly şa boldumy, bolmadymy, onçasyny biljek däl. Ýöne ýok şalaryň, ýok adalatlylygyň gürrüňini edenden, özümize ýakyn, dul-degşir oturan garyp-gasaryň gürrüňini etmek, tymsaly daşdan agtarman şolaryň gara gününden alsak oňat bolmazmydy. Hywanyň garyby bilen Hajygowşanyň garybynyň gününiň-güzeranynyň meňzeş bolşy ýaly, eýran şasy bilen owgan şasy-da meňzeşdir ahyryn. Heý, eýran şalarynyň adalatlylygyny, eýran garyplarynyň güzeranyndan razy bolanyny gördüňizmi?
Garry molla oglunyň ýüreginde emele gelen gazaply joşguny peseltmek isledi.
– Ogul, bu zatlar başda ezel hakyň emri bilendir. Hak kimi şa, kimsini geda ýaradyp, olary bire-birinden aýrylmaz edendir. Olaryň hersi bir derejäniň tymsalydyr, biri akylyň, pähimiň, biri gallanyň, güzeranyň synagyňy başyndan geçirmek üçin dünýä inderilendir. Olar bir zatda, şerigat ýoluny berjaý edip, hudaýa gulluk etmekdäki parzyny ýerine ýetirmekde bir ýoldan ýöreýändirler. Onuň üçinem, şa bilen gedanyň ykbalyna bir nazar bilen garamak, allatagala garşy gitmekdir.
Magtymguly ýene-de zarply gürledi.
– Onda garyp-gasary hudaý garyp ýaratdy diýip, şalaryň hem, hanlaryň hem, eşek ogrusy, goluna ýarag-alanlaryň hem gazabyna duçar bolubermelid-ä. Onda Çowdur ýaly garyplaryň arasyndan çykyp, daşyna garyp ýigitlerden toplanlaram garyplary talap, olary ölmezden öň göre dykybermeli-dä. Hany, şalaryň, hanlaryň, nämesi artyk Öwez agadan ýa-da beýleki garyp bendelerden?
Garry mollanyň jebegesi daryksa-da, sesi ýumşak çykdy.
– Beý diýme, ogul. Bu zatlaryň ählisi hudanyň buýrugy bilendir. «Alladan idinsiz çöp başy gymyldaýan däldir». Elbetde, Çowdur çapawulçylyga giden bolsa, onuň ýüregine hudanyň özi guýandyr. Onuň başga çäresi ýokdur.
Magtymguly atasynyň bu sözlerini göni özüne çekdi. «Senem hudanyň buýrugy bilen ýeňňeňe öýlendiň...» Bu elhenç ýaň ony dim-dik etdi. Ol atasynyň pikirini jemlärine-de garaşman daş çykdy.
Baharyň göwün ersdiriji şemaly dünýäni gaplap alypdy. Emma Magtymguly muny duýmady. «Eger hudaýyň özi bizi ýoldan çykarýan bolsa, eger hudaýyň özi biziň derdimize dert goşýan bolsa, eger hudaýyň özi azgynçylygyň, agzalaçylygyň, talaňçylygyň tohumyny sepýän bolsa, onda biz kime ýüz tutmaly? Kimden haraý islemeli?..»
Ol haly teň, başy dumanly ýagdaýda öz öýüne geldi. Içeri arassady, tämizdi. Gap böwürde Akgyz gaýma gaýap otyrdy. Magtymguly oňa ünsem bermedi. Öz ýerine, ýüküň öňüne geçip iki dyzyny gujaklap agyr oýa batyp oturdy.
«Ýok, bu bibatçylygyň, baş-başdaklygyň, agzalaçylygyň, eden-etdiligiň ahyr soňy bolmalydyr ahyryn. Çowdur şoňa düşünenok, atam welin oňa düşünäýmeli ýaly. Çowdura ýeke agyz käýese, ol gör, näçe ýigide täsir edip biljek. Hanha, onuň dört-bäş ýigidi düýn alamandan geldi. Emma Çowdur welin «ýigitlerim gitmez» diýip sypjyklyk edýär. Heý, şunuň ýaly iki gepli, göwnündäkini ýaşyryp, kiçi dilinden bärdäkini sözleýenden han bolarmy? Onuň Adynageldi handan tapawudy bolmaz...
Heý, Magtymguly, Magtymguly, sen Hywadan gelip bu zatlary düzedäýjek ýalydyň-la? Şerigat, kowahat ýoluny tämiz ýöredäýjek ýalydyň-la? Hany seniň gaýratyň, hany seniň önki hyjuwyň?..»
Magtymguly pikiriň täze-täze ummanlaryna düşýärdi. Ýüzýärdi, çümýärdi. Emma düşläre, hemaýat tapara belli kenar, belli ada tapmaýardy. Pikir etdigisaýyn umytlarynyň salyny hem aldyrýardy.
– Hany, birki agyz tagam iý, beýdip, gama gark bolup oturma, günüň ýaşyp barýan çagy.
Magtymguly Akgyzyň ýazan saçagyna, saçagyň üstündäki tagama parhsyz garady. Häzir onuň işdäsi ýokdy. Başyndaky pikirleriň sürüsi onuň ähli duýgusyny bendi edipdi. Şonuň üçin-de, Akgyzyň agralan göwresi, çytyk gaşlary onuň gözüne hem ilmedi.
Döwletmämmet mollanyň aýdyşy ýaly bolupdy. Magtymgulynyň ýeňňesine öýlenmegini hajygowşanlylar adaty bir ýagdaý hökmünde kabul edipdirler. Diňe Garry molla oglunyň sözüni tutmagyny uly hormat diýip kabul etdi. Akgyzam öňki sowuklygyny, ýekemenligini taşlady. Ol gazak gelniň göwnüni tapmagy, oňa kömekleşmegi, göwnüni götermegi başarýardy. Zübeýda gaýdandan soň, ol asyl öýüň bikesine öwrülipdi. Nahara-şama, çagalara, mal-gara, içerä-daşara özi göz-gulak bolýardy. Özem el-aýak ýaly bolup, ählisine ýetişýärdi.
Indi öňki çepiksije, çemsizje Akgyzy tanar ýaly däldi. Ol ulugyz bolup, döwletli işikden sag aýagyny ädip, täzeden giren ýalydy. Ol Magtymgulynam üýtgeşik isleg, üýtgeşik höwes bilen kabul edipdi. Onuň yhlasyna görä-de boldy. Heniz uzak ýaşaşmankalar göwresinde çaga galdy.
Akgyz gününi sanap çaga garaşýardy. Ol bäbejigini gundap gujagyna alsa, Magtymguly täzeden dünýä inen ýaly bolup, agras, garasöýmez häsiýetini unudaýjak ýalydy. Ol Magtymgulyny özünden daşlaşdyrmakdan, ýitirmekden öler ýaly gorkýardy. Onuň şatlananyny, ýüzüniň, ýüreginiň açylanyny göresi gelýärdi. Onuň bilen gülüşesi, oýnaşasy, ýedi ýyllap zar bolan duýgularyny, begenjini gaýtaryp üzlüşesi gelýärdi.
Emma Magtymguly welin açylyberenokdy. Gazak gelniň «äri hyzmatyň bilen, diňe yhlasyň bilen erkiňe boýun edip bolar» diýmesem özüniň netijesini beriberenokdy. Ýogsa, Akgyz aş saýlamagyň agyr jepalarynda-da, göwreliligiň kyn günlerinde-de ärine hyzmat etjek bolup, onuň göwnüni tapjak bolup çyr-çytyr bolýardy.
Ýaňam, Magtymguly gelip oýa batanda onuň başyny gaýgy büräpdi. Gün batyberende-de, oňa dözmän getirip saçak ýazypdy.
Magtymguly Akgyzyň sesine ukudan oýanan ýaly bolsa-da, saçagyň başyna barmady. Asyl aýalynyň aýdan zatlaryna ünsem bermedi. Çünki, onuň ýüregindäki dert-azar Akgyzyň höwesi, yhlasy bilen aýrylardan düýplüdi. Onuň Çowdur bilen çaknyşmagynyňam, atasynyň ýüzüne gelmeginiňem öz sebäbi bardy. Ol öýleneli bäri öz janyňa jaý tapanokdy. Her gije öýüne girende agasyna biwepalyk edip, onuň aýalynyň ýorganyna girýän ýaly bolýardy. Onuň üstesine-de Meňlisiniň didary onuň gözüniň önünden gidenokdy.
Gijelerine ol Akgyzyň ýanynda ýatsa-da, göwni Gyzylbaýyrdady. Meňliniň balkyldap duran göreçleri her gezek bakanda, Magtymguly ondan ýazgaryjy, näletleýji garaýşy okaýardy. Şol garaýşy gördügem oňa ýatuw-turuw ýokdy.
Öz ýanyndan özüni aklamaga synanyşýardy. Emma ol deliller öz ýüregine-de jaý bolanokdy. Asyl, oňa özi-de ynananokdy.
Ol daş çykdy. Hazar taýdan öwüsýän bahar, şemaly içiňe-daşyňa girjek bolup köwsarlaýardy. Emma Magtymguly ony duýanokdy. Ol täze dogan aýy ýüzüne syldy. Ýöne ony öz isleýşi ýaly, Meňlisi baradaky umytlar bilen baglanyşdyryp bilmedi.
Asmanyň ýüzünde ýeke ýygyrdam ýokdy. Ähli apy-tupan häzir Magtymgulynyň dünýesine giren ýalydy. Ol özüne erk edip bilmän ýumşajyk çaýryň üstüne çekdi. Ýanyp duran ýüregi, lerzana gelip duran gany ony häziriň özünde para-para edäýjek ýalydy. Ol özüniň derdine çydaman ah çekdi.
«Meňlim, indi, gaýdyp seniň didaryňy görme barmyka? Saňa özümiň ýüregimiň derdi barada aýtma barmyka, eziz?»
Meňliniň gara gözleri göýä dirilik ylhamyny paýlaýan ýaly bolup ýalkym saçdy. Magtymgulynyň gözleri umydygärlik bilen balkyldady.
«Sen ýene geldiňmi, Meňlim?! Niçe aýlap zar bolan köňlümiň şasy bolmaga, ýene-de geldiňmi, sen?»
Magtymgulynyň ýüzi Meňlisiniň didaryna düşenden soň az-kem köşeşdi. Emma onuň ýüreginiň teýinden joşup çykýan ylham çeşmesi welin köşeşmeýärdi. Ol barha joşýardy. Onuň göwnüne tutuş jahan, aýly gije, ýyldyzly asman Meňliniň didary bolup, yşk nazary bilen mähribanlyk şöhlesini saçyp garap durdy.
Magtymguly çeşmäniň suwuna ýüzüni-gözüni ýuwdy. Ýaz şemaly ösenden şeýle tämiz ys alyp, akyp gaýdýardy. Ol göýä Magtymgulynyň ýüregini, ganyny tämizlejek bolýan ýaly, onuň töwereginde täze möwç bilen köwsarlaýardy.
Magtymguly soňky döwürlerde, megerem, ilkinji gezek şemalyň lezzetine gark boldy.
«Wah, Hywada ýörenimde Hazaryň üstünden öwsen däli şemaly gör, näçeler arzuw edipdim. Bu Watana, mähriban ile-güne gowuşmagyň arzuwyny dury ylhamym bilen, çyn höwesim bilen gör, nähililer arzuw edipdim. Emma meniň duýgularym batyl galdy, yhlasym göwnüň gam laýyna batyp galdy. Indi dine ajal meni ýeňer diýip ýörkäm, gör, ýene-de watan şemalyny duýdum, Indi maňa belki, ölme ýokdur, belki, ykbal meni täze baharlaryň gujagyna gondurar».
Bu oýlar ýigidiň gursagynda garrady. Çünki, ol özüni duýandan soň, ykbalyň oýnunyň diňe utulyş bilen tamam boljagyna düşündi.
Ol obasyna gör, nähili umytlar bilen gelipdi. Onuň hyýaly medresede molla bolup, çagalara sowat öwretmekdi. Medresede pir-sopulardan alan tälimini, ylhamyny, agyr-agyr diwanlary agdaryp öwrenen ylmyny, sowadyny, edebini, pähimini ile-güne wagz etjekdi. Ýagşy dost tutunjakdy. Ajapdan-ajap şygyrlar düzjekdi. Emma hiçisem bolmady.
Medreseli mesele hakda oýlanybam oturmaly däldi. Ol Seýit owşar işanyň aýtmagyna görä; «Sekiz geçä dokuz teke» diýlenidi. Adamlar çagalaryny okuwa iberip mekdep hakyny berenlerinden, olara iki sany tokly bakdyranlaryny ýa-da bir goltuk odun-çöp getirdenlerini ýagşy görýärdiler.
Ile öwüt bermegiň hem zerurlygynyň ýokdugyna Magtymguly düşünýärdi. Ile öwüt-nesihat däl-de, dynçlyk, çörek zerur gerekdi. Diňe çörekden gaýry doýan, yrsgally, dynç ile öwüt-nesihatyň ýokjakdygyna onuň gözi ýetdi. Ýogsa, onuň öwüt-nesihatynyň bir gury sese öwrüljekdigi gümansyzdy.
Magtymguly biygtyýar Çowdur barada oýlandy. Ol Çowduryň batyrlygyna, galdawlygyna, dogumlylygyna söz aýdyp biljek däldi. Ýöne nämüçindIr, soňky wagtlarda Çowdury birhili öwünjeňräk, ýeňilräk görýärdi. Onuň agras, salykatly bolmagyny isleýärdi. Onuň pikiriçe, iliň öňüne düşýän adamyň ýeňles bolmaga haky ýokdy. Ylaýta-da, Çowduryň ile-güne geňeşmezligini, bir sözlüligini göwnüne sygdyryp bilenokdy. Bu häsiýetleri bilen ol ony dost saýsa-da, köňül, ýürek dosty diýip biljek däldi. Oňa göwnüni, ýüregini açyp, derdini dertleşip biljek däldi.
«Onda kime derdimi aýdaýyn? Kim bilen dertleşeýin? Bu zatlar ýüregime sygmasa, men kime dökeýin ony? Atamamy, Akgyzamy? Men Meňlim, Meňlim diýip zarlap otursam, olar maňa düşünermikä? Olar meniň derdimiň üstüne täze daglary goýmazmy?
Wah, Abdylla gardaşym bolsa bolmaýarmy? Ol bolan bolsa, men bu dertlere duçar bolarmydym? Meňlimden aýra düşermidim? Ýeňňäniň ýassygyna başymy degrermidim? Ol bolan bolsa, aşyk Ýusup ýaly özümiň ähli yhlasym bilen ilimiň-günümiň üstüne nurumy dökmezmidim? Indi welin mende ne nur galdy, ne ylham. Meniň gözümiň nury öçdi, dişlerim ýeke-ýekeden düşüp başlady. Çekgelerimde eýýämden ak göründi. Süňňümde bir mysgal hyjuw, hyruç ýok».
Magtymguly ýerinden turdy. Ol kimiňdir biriniň özüniň adyny tutup gygyrýandygyny eşitdi. Ol öýe tarap yra-dara bolup urgady.
Özleriniň işiginde bir topar adamyň duranlygyny görüp, gaty-gaty ýöredi.
Atyň üstünde Zübeýdanyň adamsy Seýdi otyrdy. Ol Magtymgulyny görüp özüni atdan oklady. Uly şatlyk bilen Magtymgulynyň boýnuna bökdi.
– Gardaş jan, sen-ä asyl öýeramalyken, garaň-çyraň ýitdi. Seni görmäge men-ä öýüňe gelýen, senem gaçyp gidýeň.
Magtymguly Seýdini görüp birneme şatlandy.
– Seýdim, hany atdan düş, öýden oturaly. Bajymyň hal-ahwaly neneň, soraşaly, dynç alaly.
Seýdiniň ýüregi ýarylyp barýan ýalydy. Ol şatlygyny gizlejegem bolman, gaýynlarynyň arasynda bälçiräp gürledi.
– Wah, gaýyn jan, bajyňdan meşje adam ýok, Gyzylbaýyrda. Toýa çagyrdy baryňyzy. Hem baraýyn diýip, hem göreýin diýip, hem toýa çagyraýyn diýip gaýdyberdim, gaýyn jan.
Garry molla hem daş çykdy. Ol giýewsiniň henizem gitmändigini görüp, duranlara bakan gaýtdy, Atasyny görenden soň, ol nämäniň toýudygynam sorap durmady. Ýöne onuň toýa, onda-da Gyzylbaýra gidesi gelýärdi. Meňlisiniň didaryny görmek, oňa ýekeje pursadam bolsa guwanmak, sesini eşitmek, hiç bolmanynda uzakdan bir görüp galmak onuň ýetip bilmez arzuwy dälmidi?! Şonuň üçin ol has açylypdy. Kakasy bilen şu gün bolan wakany eýýäm unudypdy.
Garry molla ýuwaşja gürledi.
– Seýdi, sen hanym, gijä-de galypsyň, ýatdajyk, irdenjik gidiber. Gijäniň içinde ýekelik hudaýa ýagşydyr...
Seýdi gaýta merdemsiredi.
– Wah, gije gitseň hezil, gaýyn. Inelikge, Magtymguly hoýla çelli ugradar. Onnam, aňyrsy näme, Gyzylbaýra çenli iki ädimdämeýt. Heýlemi, Magtymguly aga?!
Magtymguly Seýdini biçak halaýardy. Şonuň üçin-de, onuň sözüni ýykyp bilmedi. Ony ep-esli ýere çenli ugratdy. Seýdi bolsa Magtymguly bilen duşuşanyna şeýle begenýänini düşündirjek bolup, öz duýgularyny her ugur bilen açýardy.
– Wah, irräk gelamaleken. Oturdym-oturdym, senem dossaň ýanyndan irräk gelamadyň, jaýly gürleşibem bilmedik. Ine, toýa bar, onsom, menden sypmarsyň. Tä gözüm doýýança hiç ýerik goýbermerin, jan dosjan.
Magtymguly göwnaçyklyk bilen Seýdini ugruna kowýardy.
– Seýdim, taýynlaber näme söwşüň bolsa. Ine, basym bararyn. Asyl garyndaşlary, bajymy göresim gelip ýüregim üzülip barýar onsuzam. – Magtymgulynyň sesi mylaýym çykdy. – Ýogsa-da, Seýdim, toý kimiň goýy?
Seýdi öňem gör, näçe adama aýdyp çykan bora çemli. Ol göwünsiz hem-de endigi boýunça gürledi.
– Häk, ýaňy sen ýokduň-ow. Hol, Şyhym baý, ba däm-äý, Şyhym harpyk, Şol-laý, ol-a walla, şu toýa ähli malymy, baýlygymy goýaryn diýý-ow. Onnaň, çen tutuber, Şyhym baýyň baýlygyny toýa saljak bolsaň Eýranda-Turanda birinji toý bolmaly.
Magtymguly Şyhym baýy iki gezek görüpdi. Ol adamyň birem däl, iki aýally ýaşy gaýdyşan kişidiginem aňýardy. Ýöne onuň öýlenmegi oňa geň bolup göründi:
– Onuň öňem-ä maşgalasy bardy.
Seýdi biparh jogap berdi.
– Öňem iki aýaly ba. Amma, zurýady ýok. Hemme baýlygy şol iki heleýe galyp, yzy dagajak. Onnaň dänim, üçünji gezegem bagtymy synaýyn, belki, hudaý perzent berer diýdi. Onnaň oňa guda boljaklaram ikelläp yrza. Onnaň toý etseň toý bolar.
Magtymguly Gyzylbaýyrdaky tanyş adamlaryň ählisini diýen ýaly göz öňüne getirdi. Olaryň arasynda gyzyny üçünji aýal edip, garry adama berjegi welin göz öňüne getirip bilmedi. Şonda-da ol göwni durumsyzlyk bilen Seýdä sowal berdi.
– Ol döwletli baýa täze gelin boljak kimiň gyzyka?
Seýdi şeýle bir geleňsiz, şeýle bir parhsyz jogap berdi.
– Aý, ol-a, seniň daýzaň gyzy-laý!
– Haýsy daýzamyň gyzy, ol?!
Seýdi ýabysyny saklady. Soň Magtymgulynyň gyzyklanýanyny görüp, gepini süýjedip gürledi.
– Haý, ýegen bolaýşyňy? Gyzylbaýyrda on sany daýzaň barmy seniň? Seýitmämmet agaňyň gyzy Hallagül-dä.
Magtymgulynyň ýüregi bokurdagyna gelip, demligini gysdy. Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup atyň uýanyna ýapyşdy.
– Seýdim, sen, sen, s... – Ol başga söz diýip bilmedi. Seýdi bir zatlar diýýärdi. Emma Magtymguly onuň sözlerini eşitmedi. Seýdi gidenden soň özüni ýalazy ýere goýberdi.
Ol Meňlisiniň beýle-beýle ýagdaýlara düşmegine hut özüni günäli saýýardy.
«Wah, Meňlim, sen häzir bu zatlary gara maňlaýyňdan, takdyrdan görýänsiň. Sen meniň seni bagtly etmelidigime, onam oňarmandygyma, ykbalyň öňünde ejizlänime düşünýänem dälsiň. Men, men seni betbagt eden. Men seni myradyňa ýetirmedik namart».
Magtymguly özüne geldi. Onuň bagry dilim-dilim edilip, oňa duz sepilen ýalydy. Şol agyra çydamadyk ýüregi agzyndan çykyp barýan ýalydy. Ol agyra çydaman iňledi. Gözleriniň öňünde bolsa Meňlisiniň balkyldap duran gözleri, indi eletmezlige öwrülen didary oňa nälet bilen, gaýgy-gam bilen garap durdy. Ol ýuwaşja pyşyrdap, Magtymgulynyň ýüreginiň dili bilen sözleýärdi.
Magtymguly-da jany bilen sözledi:
– Dur, Meňlim, meniň iň soňky ahymy hudaý eşitmezmi? Men seni şondan diläýin, sen saklan. – Magtymguly Meňlisiniň çeşme kimin çogup duran röwşenli gözlerine garady:

...Yhlas bilen söýmişem me bu ýary,
Jowrandy jigerim, gitdi kararym.
Ol onda ah çeker, men munda zary...
Bagyşlasaň neýler ýarym, ýa jepbar...

Bardy pynhan-pynhan şirin sözümiz,
Bolan işe haýran bolduk özümiz.
Seresap bakmakdan doýmaz gözümiz,
Bagyşlasaň neýlär ýarym, ýa jepbar.

Magtymguly Meňlisiniň didaryna, balkyldap duran gözlerine siňip barýanyny duýdy. Göwni rahatlyk tapan ýaly boldy. Häzir aýsyz garaňky gije-de, günbatardan öwüsýän sowuk şemalam, Hajygowşanyň depesine degäýjek-degäýjek bolup geçýän lemmer-lemmer bulutlaram ony ýaryň gujagyndan alyp çykardan, ýigidi öz essine getirerden ejizdi.
Ol Meňlisi bilen sözleşýärdi. Oda ýüreginiň töründe apalan goýan pynhan duýgularyny aýdýardy. Meňlem häzir kem galanokdy. Olam ähli uýaljaň, çekinjeň häsiýetini goýupdy.
– Men seniň ahyr geljegiňi, hakyň bizi biri-birimize gowşurjagyny bilýärdim. Ahyry Alla dilegimizi kabul etdi. Ýogsa, biri-birimiziň didarymyza ömür-baky zar bolup, aýralyk dagyny çekip ýörmeli bolardyk.
– Meňlim, sen meniň aýtjak, meniň diýip bilmän ýören sözlerimi diýýärsiň. Sen meniň iki dünýäm, sen meniň şatlygym, sen meniň maksadym, myradym, Meňlim. Eger men saňa gowuşmadyk bolsam, günüm-aýym neneň geçerdi. Indi saňa gowuşdym, ölsemem armanym ýok...
– Magtymguly, gör, nähili gowy ýagyş ýagýar. Ýaz ýagşy biziň ähli derdimizi, gaýgy gamymyzy ýuwup dur...»
Magtymguly birden özüne geldi. Bu sözleşigiň, bu begenjiň, bu didaryň hyýalyndadygyny bilenden soň welin, onuň ýüregi tyg deşen ýaly ýiti-ýiti sanjady. Ol daňyň düýbüniň ýagtylyp ugran wagty, medresäniň diňinden ertir namazynyň sesiniň gelip duran wagty beýdip oturmagy gelşiksiz görüp, yra-dara bolup öýüne ugrady.
Ol öýe baryp düşege gyşarsa-da, gözüne uky gelmeýärdi. Meňliniň elden gidip barýan didary, ýüreginiň larkyldap agzyndan çykyp barmasy ony akyldan-huşdan aýryp barýardy. Ýüregi bolsa misli balasyny aldyran ýaş ene ýaly bolup esräp durdy.

Bilbilem ahy-zar çekip,
Täze gülzardan aýryldym.
Gözden ganly ýaşym döküp,
Ol söwer-ýardan aýryldym...

Şirin-janda ýokdur takat,
Jebri anyň janga rahat,
Gaşlary pitneýi-apat,
Çeşmi-hunhordan aýryldym.

Däli köňlüm arzymany,
Külli gözelleriň hany,
Sekiz jennetiň bossany,
Bakjaly bagdan aýryldym,

Illeri bar diňli-diňli,
Sowuk suwly ter öleňli,
Ili-gökleň, ady – Meňli,
Näzli dildardan aýryldym,

Magtymguly häzir öz ýüreginiň owazyny eşitmeýärdi. Ol gan öýen gözlerini öçügsi ýanýan çyranyň ýagtysyna dikip, ýaryk-ýaryk dodaklarynyň arasyndan «Meňlim, Meňlim!» diýip çykýan zaryn owaza gulak asýardy. Häzir bütin bedeni ýanyp, şol sözler bolsa şol ýangyndan çykýan ýagtylyk ýaly duýulýardy.

2.

Magtymgulynyň ogul perzendiniň dogulmagy onuň ýüregine söýget bolsa-da, ýüregindäki yşk heserini, Meňliniň didaryny, oňa bolan ägirt güýçli teşneligini aýryp bilmeýärdi. Tersiňe, ol agşam-ertir gam laýyna gark bolup, ençeme wagtlap oturýardy.
«Wah, döwlet başym perzendim dünýä indi. Emma sen onuň begenjine, begenmeli duýgularymyň gözbaşyny bent eýlediň-dä, Meňlim! Heý, beýle ýakyp-ýandyrar ýaly, ganyma, süňňüme girip, meniň akyl-huşumy elimden alara seniň söýgiň nämedi? Ýa-da meniň yşkym adam ogly çekerden belentmidir?»
Ol häzirem içini gepledip otyrdy. Onuň gapdalynda bolsa Seýit owşar işandan uly baha bilen satyn alan «Kasasyl enbiýa»1 atly diwan ýatyrdy. Soňky döwürlerde Magtymgula uly hemaýat berýän, onuň derdiňi awlaýan ýeke-täk güýmenjesi şu diwandy. Ol bu diwanyň 16-njy kyssasyny indi ençeme gezek okapdy. Onda Ýakubyň ogly Ýusup barada, onuň täsin başdan geçirmeleri barada hekaýat gürrüň berilýärdi. Magtymguly Ýusup baradaky kyssany «Gurhanyň» 12-nji süresindenem ençeme gezek okapdy. Ýöne oňa dini tymsal hökmünde garap, känbir üns bermändi.
Emma «Kasasyl enbiýadaky» Ýusup oňa ertekiniň gahrymany däl-de, başga hili täsir edýärdi. Dogry, ol ýüregindäki tükeniksiz ody Leýli gyza aşyk bolup daglara-daşlara çykyp, ýürek ody, söýgi zary bilen ynsyň-jynsyň ýüregini lerzana getiren Mejnuny özüne meňzeş diýip. tutunypdy. Emma ol özüni söýginiň oduna, yşkyň ugruna tutuşlygyna bagş edip bilmejegine düşünýärdi. Soň-soňlar watanyň süýjüsiniň, duşmana ýigrenjiň, iliň-günüň görýän derdi-dagynyň ýüreginde söýgüçe orun alanyna düşünýärdi. Emma söýginiň ýarasy täzedi. Meňliniň didary onuň köne ýarasynyň ýüzüni dörjeläp, onuň gözüniň öňüne agşam-ertir gelip durdy.
Emma Ýusup baradaky hyýallar oňa rahatlyk berýärdi. Özüniň ýalňyzlygy, göwnüniň derdini paýlaşara dostunyň ýoklugy oňa agyr degýärdi. Çowdur bilen dostlaşmak, tirkeşmek oňa hoş ýaksa-da, onuň göçgünliligi, ähli düýrmegi bilen ata, gylyja höwesi ony Magtymgulydan daşlaşdyrýardy, Magtymgulynyň derdine düşünmezligi bu ikisini biri-birinden daş görkezýärdi. Şonuň üçin Çowduryň äheňi Magtymgula, Magtymgulynyň agraslygy Çowdura geň bolup görünýärdi.
Magtymguly Ýusup baradaky kyssany okap-okap, özüniň Ýusup ýaly dost, syrdaş isleýändigine düşündi. Ýusubyň ýüzüniň ýalkymy, akly, pähimi ýurduň tutuş halkyny açlykdan, gedaýçylykdan çykarýardy.
Ýusubyň Zylyha bolan söýgüsem agrasdan düýplüdi. Ol söýgi her zenanyň ýylgyryşyna bagyşlanyp bilinjek däldi. Ol söýgi ýyllar boýy apalanyp-apalanyp kemala gelen söýgüdi.
«Wah, men Meňlim üçin göreşmedim. Eger meniň ýerime Ýusup bolan bolsady, ol ömrüniň ahyryna çenli mertlik bilen çydardy, göreşerdi, ahyrsoňy özüniň arzyly didaryna gowşardy. Emma men, namartlyk etdim. Indem zeýlenip gözüme ýaş aýlanymdan peýda ýok. Mert bolmaly...»
Ýusup baradaky kyssa onuň ýüregine sowuklyk, rahatlyk tohumyny sepýärdi. Soňam onuň üçin täze-täze pikirleriň çuňlugyny açyp berýärdi. Ol bu kyssany okaly bäri doganlaryny, ylaýta-da agasy Abdyllany şeýle bir küýseýärdi. Asyl käte, ýüregi üzülere gelýärdi. Agasynyň gelnine öýlenendigi, ondan özüniň ilkinji perzendiniň dünýä inendigini ýatlan- da bolsa, ýüregi täze möwç bilen ýanýardy. Öz ýerine Ýusuby hemem Abdyllany goýup görýärdi. Olar beýle peslik etmezler diýip oýlanýardy.
«Men ketde ahunyň «Hanlara, şalara ýakyn bol, il-günüňe nepiň deger» diýen pähimini bitirmekden-ä geçen, ýeňňäniň yssy sözüne baglanyp galdym. Ýakubyň ogly Ýusupça bolmasamam, agam Abdylla kimin il-gün bilen gidip, il bilen janymy berenim ýagşy dälmidir?»
Bu sowal onuň ýüregini çişirýärdi. Öýe-ile sygmaz ýaly edýärdi. Ol häzirem agşamky ýazan kagyzlaryny dörüşdirdi. Içinden ýekeje-de çyzyk çekilmedik, arap haty bilen sünnälenip ýazylan sahypany tapdy. Ol kagyza ýene-de birlaý göz gezdirdi. Gözlerinden paýrap, kagyzyň ýüzüne şabyrdap damýan damjalara parh etmän okap başlady.

Men Ýakubam, ahy-zaryň,
Çekem Ýusup diýe-diýe.
Gözlerimniň ganly ýaşyn,
Dökem Ýusup diýe-diýe.

Pelek aglar göz ýaşymna,
Ne söwda saldyň başymna,
Mejnun bolup, dag başyna,
Çykam Ýusup diýe-diýe.

Öter eýýam döne-döne,
Gezer bu jan ýana-ýana,
Ertir-agşam aýa, güne
Bakam Ýusup diýe-diýe.

Magtymguly, dost ýüzünden,
Durmaz, ýaş akar gözünden,
Bilbil bolup, ýar sözünden,
Okam Ýusup diýe-diýe...

Magtymguly «Men Ýakubam» diýmän, «Men ataňam, ahy-zaryň, çekem oglum diýe-diýe. Gözlerimniň ganly ýaşyn dökem, agam diýe-diýe» diýip okaýardy. Gözleriniň öňünde bolsa agasy Abdyllanyň mähriban, ýumşak keşbi dikelip durdy.
«Mähriban agam, sen nirede? Ýa-da senem Ýusup ýaly çaý teýine düşdüňmi? Indi ikimize duşuşma barmyka, agam?»
Ol özüni saklap bilmedi. Duýgular, sözler, setirler ýüregiňden ak kagyzyň ýüzüne ýene-de akyp başlady. Gara syýa ony kagyza geçirmäge zordan ýetişýärdi. Gör-bök, bu dünýäniň gurluşyna, ynsanyň ýüregine sygman, däli siller bolup çykýan pikirler duýgular bir tagta ak kagyzyň ýüzüne ýerleşip durdy. Emma Magtymgulynyň bu zatlar ýadyna-da düşenokdy. Ol ýazýardy. Onda-da ähli erkini, ygtyýaryny elinden aldyryp ýazýardy.

Sen gideliň dokuz ýyldyr öteni,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla!
Dolanmazmy ynsanýetiň gideni,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla!

Daga arzym aýdyp, tutdum habaryň,
Lal bolupdyr tili, diýmez azaryň,
Ata-enesiz nedir seniň kararyň,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla!

Gorky peýdasy ýok gidejek jana,
Ömür ahyr boldy, doldy peýmana,
Ýa da sen düşdüňmi düýpsiz ummana,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla!

Üstümize hijran ody sepildi,
Kuwwatym gidipdir, dyzym epildi,
Gan ýyglap, atamyň bili büküldi,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla!

Ilde-günde ýokdur meniň kararym,
Dert üstüne artdy gaýta azarym,
Ýat boldy watanyň, öýüň-öwzaryň,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla!
Güwş tutar men her aýdylan sözlere,
Jepa berdiň hijran bilen bizlere,
Özüm, urar boldum oda-közlere,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla!

Gülüp onamadyk bile şat bolup,
Başdan gitdiň bütin bizden ýat bolup,
Magtymguly zar aglapdyr, mat bolup,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla!

Magtymguly birbada diýen ýaly ýazylan şygra ikilenç göz aýlamady. Ol ýerinden turup daş çykdy. Humarlap duran başyny, nähilidir bir pynhan gussa gaplanan göwnüni açmagy ýüregine düwdi. Daşary diýseň hoştapdy. Günüň batyp barýan çagy Etregiň jülgeleriniň üstünden öwüsýän şemaldan jennet ysy gelýärdi. Dürli gülleriň, ýagşyň, topragyň birleşip melheme dönen ysy ýüregiň iň gussaly beýniniň ynjyly çüňküne ýetýärdi. Gussanyň ynjynyň ornuny mylaýymlyk, mähir bilen çalyşýardy.
Ol ýazyn gelenini şu gün ilkinji gezek duýan ýaly boldy. Gözlerini göm-gök haly ýazylan ýaly bolup, ýazylyp ýatan sähra dikdi. Ýöne özüni nämüçindir ýalňyz saýdy. Emma, indi onuň bu gamgyn, gaýgyly pikire, ýüregiňi tüýtmeläp, ýyrtyp barýan duýgulara dolanyp barasy gelmeýärdi. Şonuň üçin-de, güýmenje, söhbetdeş agtaryp töweregiňe göz aýlady.
Atýatakda duran aty tanady. Çowduryň aty göýä günüň ýaşyşyny aýratyn yhlas bilen synlaýan ýaly bolup, ýüzüni günbatara tutup, sarsman durdy. Beýleki bir wagt bolan bolsady. onda Magtymgulynyň Çowdury küýsemezligem mümkindi. Häzir welin, onuň göwni Çowdur bilen söhbetleşmegi isleýärdi. Şonuň üçinem ol ýüzüniň ugruna atasynyň öýüne bakan ugrady. Şol ýerden Çowduryň gala-gala gepleýän sesi eşidilýärdi.
– Esealowmaleýkim! – Magtymguly atasy hem-de Çowdur bilen elleşip görüşdi. Soň gapböwürde, aýagujyrakda ýygnanyp otyrdy. Oturanlar gürrüňlerini goýdular.
– Dädem, ahwalyň birneme ganymatlaşýamy? – diýip, Döwletmämmet molla oglunyň halyny sorady. Ol oglunyň soňky döwürlerde birneme horlanýanyny bilýärdi. Onam howanyň çalyşmagyndan, ýa-da bir ýeňil-ýelpaý sökellemekdendir diýip oý edýärdi. Ol oglunyň gelenine begenen bora çemeli. Golaýyndan orun görkezdi.
– Geç, ýokary, ine, Çowdur janam gelipdir. Bir salym dünýäniň gürrüňini edeýli.
Çowdur Magtymgulynyň ýüzüne garap ýylgyrdy.
– Magtymguly aganyň bizden göwni galypdyr öýdýän, biziň ýigitlerimiziň gözüni ýolda goýdy. – Soň ol Garry mollanyň ýüzüne garap birhili günäli gürledi. – Men nädeýin, käbir zada içim ýanyberýer. Onsoň duşmana diýmeli sözi dosta aýdan çaglarymam bolýar. Eger şeýle bolsa, günämi öt, gardaşym.
Magtymguly Çowduryň sadalygyna, gönüligine içinden begense-de, sesini çykarmady.
– Ýok, Çowdur, men senden kine etsem, onda öz gardaşymdan kine etdigim bolardy. Gardaşdan kine saklamak peslikdir.
Garry molla-da, Çowduram Magtymgulynyň bu sözlerini ýürekden makulladylar. Onsoň Çowdur hälki edip oturan gürrüňiniň yzyňy dowam etdirmäge çen bolandyr diýen oý bilen gorsandy.
– Mollam, onsoň ýene-de biz günäli bolup galaryk, öňki ýaly. Eger öňünden çykylmasa, bu zalym han çenden aşdy.
Garry mollanyň gözlerinde Çowduryň ýüzündäki gazap doňup galdy. Ol mesisiniň epinlerini gazap bilen owkalaşdyrdy.
– Adynageldi han ýene-de Büjnürde gidipdir diýsene. Ondan ýagşylyk tamasyny etmek bolmaz, oglum. Onuň ýüreginde nämäniň tolkunynyň bardygyny-ha bilmedim, ýöne il-günüň maňlaýyndan ýezit bolup çykdy. «Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy» diýip, ata-babalaryň aýdan sözi çyn boldy.
– Wah, meniň ýüregimiň-bagrymyň otsuz gowrulyp durany şonuň üçin-dä, mollam, Ol düzüg han bolanda, obada iki ýygynçak etmän, bizem şoňa gulluk edibermeli ahyryn. Şonda gyzylbaş Hajygowşana däl, Gürgen çaýyndanam bäri geçip bilmezdi.
Garry molla Çowduryň sözüni makullady.
– Hawwa-la. Sen, oglum, ýüregimde ýangyn bar diýýersiň. Sen muňa gyýylma, gaýta begen. Eger bu dünýäniň adalatsyzlyklaryna meniň ýüregimde, seniň ýüregiňde ýangyn bolmasa, onda kimiňkide bolsun? Ar-namys diýlen zat ýürekdäki ýangynyň netijesidir. Ýangynsyz ýigit, namyssyz, bihar bolguçdyr. Ýangynsyz hanyň ili dagynyk bolar, ýangynsyz ahunyň sözi dogasyz bolar...
Bu sözleri Çowduryň diňleýäni-dinlemeýäni belli däldi. Ýöne bu sözler Magtymgulynyň könül mizanyna jaýba-jaý bolup ýerleşýärdi. Ol atasynyň sözleri «ýangynsyz ýazylan şygyr, ýürege ýetýän däldir, gury kagyz zaýalamakdyr» diýlip eşidilen ýaly boldy. Birdenem oňa birhili hyýallar «seniň şygyrlaryň ýangyn bilen döredimi, seniň şygyrlaryň eýýämden ölüp barýan-a däldir-dä?» diýen geň sowaly berýärdi. Ol häzir özüniň şygyr barada, göwnüne bolmasa, ýeňil, ýüzleý, suwjuk duýgularyny apalap oturyşyna utandy.
– Mollam, meniň ýene-de bir meslatym bar, siziň bilen...
Megerem, Garry molla-da özüniň pikirini jemlemändi. Olam aýtjak bolup gysymyna gysyp oturan pikirini elinden gidermäge gorkýan ýaly bolup, ýygrylyp otyrdy. Soňam şol aljyraňňylygyny sesine geçirip sözledi.
– Aýdyber, aýdyber. «Dile geldi-bile geldi». Köňlüňde baryňy ýygşyrmagyn...
Çowdur özüniň edip oturan pikirine düşünilermi, düşünilmezmi diýen duýgyny başyndan geçirip oturyşyna, Garry mollanyň aljyraňňylygyny aňman, asyl oňa ünsem bermän söze başlady.
– Mollam, dogrusyny diýsem, men-ä şu sürhä-sürlükden, çapha-çaplykdan halys irdim. Bu Adynageldi hanyň-a pyrryldagy tükenenok. Görýeňmi, ol ýene-de Büjnürde gidipdir. Yzynyň näme tupanynyň baryny Alla bilmese, bendesi bilmez. Bir obada bolup, ol-a ýagy çagyrýa, bizem onuň obadaşlary bolup, çagyrylan ýagynyň öňünden gylyçly-galkanly çykmaly bolýak. Heý, beýle-de bir iş bolarmy? Beýle-de bir ýagdaý bolarmy?
Çowdur dymdy. Ol ýanyp duran gözlerini öýdäkilere çenemäge ejap edip, daşary aýlady. Onuň gözlerinden gazap uçgunlary pytrap duran ýalydy. Ol uludan dem aldy.
– Meniň aýtjak zadym, ýomut garyndaşlaryňam güni biziňkiden ybaly däl. Öten gije Çatly ýomutlaryň hany geldi. Olaram biziň ýaly, näme ederini bilenoklar. Näme etsek bile edeýliň diýýeler. Onsoňam, olaram bir maslahata gelipdirler.
Garry molla-da, Magtymgulam Çowduryň nämedir bir pikiri aýtjak bolup, onam aýdyp bilmän gyssanýandygyny häliden bäri aňyp otyrdylar. Garry molla oňa päsgel bermejek bolýardy. Magtymgulam atasyndan öňe geçmäge ejap edýärdi.
– Oglum, gyssanma, gysylma, köňlüňdäkini aýdyber. Bizden diňe ýagşy meslat alyp bilersiň – diýip, Garry molla ony sypaýyçylyk bilen, gyssady.
– Ýomutlar-a «Ahmet Dürrany owgana şa bolaly bäri gyzylbaşdan gulagymyz dynypdy. Indi olar baş galdyryp ugran bolsa, ýene-de Ahmet şanyň saýasyna pena isläp barmasak bolmaz» diýýeler. Olar-a geljek aýdan ugrajaklar, Kandagara. Meniň meslatym, bizem gidip, ýaşululyk parzyny dilägaýsakmykak? Bolmasa, menem amanat ýaby münüp, alamana barýan ýaly, özümi gaty çemesiz duýýan.
Garry molla dyzlaryny kükregine gysdy. Ol Çowdurdan beýle sowala-da, maslahata-da garaşmandy. Ol näme diýjegini bilmän, oglunyň ýüzüne garady.
Magtymgulynyň hem ýüregine bir çümmük köz atylan ýaly boldy.
«Henizem bu gyzylbaşa Çowdur basalyk bolup dur. Olam gitse, gyzylbaşyň güni gelmezmi? Il-günüň gününe it aglamazmy? Ýok, Çowdury goýberip bolmaz!»
Magtymguly pikirini daşyna çykaryp bilmedi. Daşardan kimiňdir biriniň «Haý, gyzylbaş ýetip gelýär-ow» diýen aýylganç sesi öýdäkileri aýak üstüne galdyrdy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 45 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Revo   [Mowzuga geç]
Magtymguly Pyragy, Muhammet pygamberi, ýüz ýigrimi dört müň enbiýany, dört çaryýary, pirleri, eshaplary, ymamlar, welileri, diwana - danalary, perişdeleri, Allatagalanyň Arşyny, Jebrut älemini, dünýäniň gurluşyny, syrlaryny gözi bilen görüp, aň ýetiren ynsan, ýöne Öwezdurdy aganyň aýdyşy ýaly Kurany Kerimiň süreleri dini tymsal hökmünde garanmyş. Diňe el çarpaýmak galýar. Şowhunly el çarpmalar

0
2 Revo   [Mowzuga geç]
Magtymguly Ýusup baradaky kyssany «Gurhanyň» 12-nji süresindenem ençeme gezek okapdy. Ýöne oňa dini tymsal hökmünde garap, känbir üns bermändi.

Öwezdurdy Nepesow "Pyragy" roman.

0
1 Revo   [Mowzuga geç]
"Turgul" diýdiler

Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,
Bir tört atly gelip: "Turgul" diýdiler.
"Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda,
Şol ýerde ärler bar, görgül" diýdiler.

Nazarym ýetişgeç şol tört merdana,
Köňlüm joşa geldi, başym gerdana,
Şol wagtda bar idi iki diwana:
"Durma, oglan, anda bargyl!" diýdiler.

Şol iki diwana tutdy golumdan.
Alyban gitdiler durgan ýerimden.
Bir yşarat boldy anyň birinden:
"Seýranda baryban durgul!" diýdiler.

Olturypdyk, geldi iki pirzada,
Gözünden ýaş akar, dili dogada,
"Hüw, hak!" diýip çykdy alty pyýada,
"Adam indi geler, görgül!" diýdiler.

Bir tört atly geldi, bary sebsebaz,
Asalary ýaşyl, aty teblebaz.
"Mejlis halkasyny gurmaň beýle az,
Adam köpdür, ulug gurgul!" diýdiler.

Daşdan çykdy, altmyş atly gördüler,
"Muhammet!" diýip, tamam garşy ýördüler,
Saglyk - salamatlyk bir - bir sordular,
"Durmaň, ulug jaýa ýörgül!" diýdiler.

Bir atyň ardyna meni berdiler,
Seýranda şol jaýa baryp durdular,
Tamam olturdylar, mejlis gurdular,
"Oglan - maňa - ara girgil!" diýdiler.

"Alydyr" diýdiler, tutdy destimden,
Borýa düşegimi aldy astymdan.
Men bilmedim, bir zat guýdy üstümden,
"Ýolugan döwrandyr, sürgül!" diýdiler.

Haýdardan soradym barça atba - at:
"Hezreti pygamber oldur, bolma ýat,
Ol Selim hojadyr, ol Baba zürýat,
Ol Weýsel Karadyr, bilgil!" diýdiler.

"Ol Bahaweddindir, ol hem bir ärdir, -
Biri Zeňňi Baba ol-da namdandyr,
Ol söýenşip duran tört çaryýardyr,
Maksadyň ne bolsa aýgyl!" diýdiler.

Şol wagtda duran iki şeýhi - şap,
"Bu oglana pata beriň - diýdi - sap -
Ýüz ýigrimi tört müň enbiýa, eshap,
Barysy şolardyr, bilgil!" diýdiler.

Resulalla aýtdy: "Ýa, Şahymerdan,
Eýa, Selim hoja, ýa, Baba Selman,
Abu Bekr - Sytdyk, ýa, Omar, Osman,
Bu gulnuň maksadyn bergil!" diýdiler.

Selim, Baba Selman buýurdy merde,
Pyýalany tutup, saldylar derde,
Gitdi akyl - huşum, ýatdym şol ýerde,
"Arşda, ferşde ne bar, görgül!" diýdiler.

Ýel boldum, ýügürdim ýeriň damarna,
Nazarym tokundy Arşyň kemerne,
"Jebrut äleminde Jelil syryna -
Gelip, özüň garap görgül!" diýdiler.

Näge hyýal etsem, ele getirdim,
Kaýda baksam, oňa nazar ýetirdim,
Bu hal ile men parahat ýatyrdym,
Ýüzüme tüýkürip: "Tur, gul!" diýdiler.

Resulalla aýtdy: "Eshaplar, ýörüň,
Oglany uzadyň, bir pata beriň, -
Buýurdy tört atla, - eltip tabşyryň,
Getirgen jaýyňda goýgul!" diýdiler.

Turup, Magtymguly gözün açypdyr,
Serine ne köýler gelip geçipdir,
Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr,
"Oglan, Alla ýaryň, bargyl!" diýdiler.

Magtymguly Pyragy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: