23:40
Gizlin
GIZLIN

Düýrügip ömür keçesi
Büdräp gitdi pikirlerim.
Yeri, ýürek, señki näme
Öñem azmy ýekirlenim?!

Tüýde-tüýde keýpden çykdyñ
Ýüñ däldirin ýüpe dönýän.
Ulanyp soñ zyñar ýaly
Idäp-idäp öldir ýaly
Gurçugam däl ýüpek berýän.

Duýgularyñ demi gysýar
Çalyşmasam howasyny.
Gybatlardan gaça durup
Tapaýmasam dowasyny
Öljek bogulyp.

Ýüregime ümür çökdi
Sen weli ony görmersiñ.
Zor bn señ göwnüñ üçin
Şadyýan serwer görnemsoñ.

Señ kalbyñ aýnasy mende
Özümkinem mende goýdum.
Şatlygmy ýazdyryp çipe
Gaýtaladyp sende goýdum.

Görersiñ sen görkezenmi
Asyl nusga özümdedir.
Şonuń üçin derdimi täk
çekişýärin özüm bilen.

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 8
0
8 Jumjume   [Mowzuga geç]
Ulanyp dogry

0
6 Jumjume   [Mowzuga geç]
Idäp bn ylalaşýan ýöne ullakan bolmak-ulalmak bolýa ulanmak däl. Özüñem ä aýdypsyñ. Ýekeje harp sözüñ manysyny bütinleý üýtgedýä

0
7 mango   [Mowzuga geç]
1) Ulanyp soñ zyñar ýaly
2) Ullanyp soñ zyñar ýaly

haýsysy dogry?

0
5 Jumjume   [Mowzuga geç]
Belki...

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Şatlygmy ýazdyryp çipe
Gaýtaladyp sende goýdum.
---
"çip" deňeşdirmesini halamadym.
wagt geçdigiçe bu gülkünç görüner.
(tehnologiýa gaty ösýär.)

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Tüýde-tüýde keýpden çykdyñ
Ýüñ däldirin ýüpe dönýän.
(gowy, haladym)
Ulanyp soñ zyñar ýaly
(ulanyyp, ullakan bolup ýalam bolaýýarmy? "ullanyp" diýmelimikä)
Idäp-idäp öldir ýaly
("idemek" siziň diýmek islän "idetmegiňiz" bolmandyr. idemegiň gözlemek manysy bar, "seni idäp-gözläp tapdym". "idedip" bolmaly ýaly).
Gurçugam däl ýüpek berýän.

0
2 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Duýgularyň demi gysýar
Çalyşmasam howasyny
Jümşüldetdi smile

0
1 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Duýgul

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: