Ömrüň tirkeşipjik giden göçlerin, Gaýtarmak isleýän hyýalda käşkä. Bu seýreklän hem çalaran saçlaryň, Öňler agyn sanan bolardyk ýaşkak. Indi garasyny sanaýmalyja. Gussa naýzasyny sünjip çalaja, Ýüregiň törüne gözleýär ýoly. Ýaşlykdan dartylyp gaýdan alaja Ýüpüň,ýyl geçdikçe inçelip bili, Ynha-ynha üzülerli görünýär. Bir ujunda ýaşlyk balyk mysaly, Sypjak bolup eýläk-beýläk urunýar. Men bolsa emelsiz balykçy ýaly, Kenara çykarmaň tapman ugruny, Töweregme garap haraý gözleýän. Dözmän ol balygyň düşen jebrine, Dartylan ýüplügi biraz çözleýän. Degme ýüzübersin ýüplükden sypman, Hakyda ummannyň giňişliginde. Men gideýin gojalyga howlukman, Ol hem galybersin şol ýaşlygynda. Käte ol ummanyň kenarna baryp, Hyýalymda seniň keşbiň görerin, Şonda men kalbymyň perdesin syryp, Sen hakda şygyrlar aýdyp bererin. Sen gidersiň ýene ummana çümüp, Şol elýetmez tylla balyk mysaly. Men bolsa kenarda galaryn dymyp, Çeňňegi üzülen balykçy ýaly.
Ömrüň tirkeşipjik giden göçlerin, Gaýtarmak isleýän hyýalda käşkä. Bu seýreklän hem çalaran saçlaryň, Öňler agyn sanan bolardyk ýaşkak. Indi garasyny sanaýmalyja. --- "käşkä" nadogry otyr. "käşkä-käşgä" boljak bolsa "gaýtaryp bolsady hyýalda käşgä" bolmaly ýaly. --- "tirkeşipjik" bilen "sanaýmalyja" – has eýjejik, naýynjar görünýär. göwnüme bolmasa birhili женственный.
"Men gideýin gojalyga howlukman", -- şu ýerde beýleki goşgyňyzdaky "pellehana howlukman barýan" atyňyz ýada düşdi. ýüregiňizde hopukma barmy? rahatlyk islegiňiz gaty güýçli ýaly. :-)
Bu panydan baka göçüp, Şonda bir arkaýyn ýatsam. --- Azat däde. baky ýatylýan mekan däl. :-) gabyr - ýatylýan ýer (o taýdada временный прописка-ly bolanyň üçin köp ýatylmaz.
Azat kaka. erbedem däl, diňlemezçe (okamazça) däl. ýaşlygy barha inçelip üzülere gelen ýüpüň ujundaky balyga meňzetmäň, özüňem eli çeňňekli balykçy ýaly bolmaň... gyzyksyz däl. ýöne, şol "Ýaşlykdan dartylyp gaýdan alaja Ýüpüň,ýyl geçdikçe inçelip bili, Ynha-ynha üzülerli görünmeginden" soň menä jemlemede şol ýüpü üzerdim. "Men bolsa kenarda galaryn dymyp, Çeňňegi üzülen balykçy ýaly" däl-de "Men – çeňňegi üzülen balykçy. otyryn kenarda ýüzümi sallap" diýen ýalyrak jemlärdim. üzülmejek zat ýok. biraz realist bolmaly. üzülsün ýüp, ýitsin gitsin balyk. (ol "gojalyga howlukman barýan" balykça альцгеймер keselem ýolugym biler. :-) )