21:05
Guşlaryñ tansy
GUŞLARYÑ TANSY

Aslyşyp asmanyň nur tellerinden
Ganat köýneklerni açyp bir geňsi.
Asuda durmuşyň jarçysy kimin
Arşyň sahnasynda guşlaryň tansy.

Jürküldeşip,läle kakyan gyzlar deý
Topar-topar bolup çalyp mukamy.
Arzuw guşum kapas göwnümden alyp
Wysal bilen gyýýarsyňyz nikamy.

Bir pessaýlap,bir-de göterlip göge
Kä ýykylyp,kä göterlen göwnüm deý.
Bu görnüşi synlap ýene ot düşdi
Köräp barýan alawyňa sabrym,heý!

Ylham bilen gaplanan päk asmanda
Göýä işigini açýar bakylyk.
Arşyň sahnasyndan joşgunly guşlar
Ynsanlara göýberýän deý çakylyk.

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
9 Jumjume   [Mowzuga geç]

0
8 mango   [Mowzuga geç]
"goşgyňy haladym, Jümjüme" diýmesemem goşgyňy halamadygym däldir.

0
7 mango   [Mowzuga geç]
Aslyşyp asmanyň nur tellerinden
Ganat köýneklerni açyp bir geňsi.
(köýnegiň, ganatam bolsa açylmasy geň eşdilýär. "ýaýsa" näderdi, ýa başga zat.... köýnegini açmasynla).
Asuda durmuşyň jarçysy kimin
(Pikassoň kepderisi, "parahatlyk kepderisi" ýada düşdi. osoňam standart pikirlenme diýip bolarmy şu meňzetmä, ýagny asmanda guşlar tans etse, diýmek asudalyk....)
Arşyň sahnasynda guşlaryň tansy.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
Ylham bilen gaplanan päk asmanda
Göýä işigini açýar bakylyk.
Arşyň sahnasyndan joşgunly guşlar
Ynsanlara göýberýän deý çakylyk.
---
"asmanda" "işik" açylman "perde açylsa, syrylsa" näderdi...
"perde açylsa" "sahnadaky çakylylyk paýlaýan guşlaram" has joşgunly görünjek.

0
5 Jumjume   [Mowzuga geç]
wiiiiiii smaylik yalñyş gitdi smile

0
4 Jumjume   [Mowzuga geç]
sad belki siziñki düýbünden başgaça bor....Garaşýan!

0
3 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Goşgyny haladym jümjüme!
Guşlaryň tansy... şu barada menem öňden bir zatlar ýazmak pikirindedim. Siz öňürtdiňiz! Goşgy halanlarymyň içine goşulýar smile

0
2 Jumjume   [Mowzuga geç]

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
muhteşem! meeting başga söz ýok

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: