17:57
Dileg tüýtätinleri
DILEG TÜÝTÄTINLERI

Her bir milletiň hut özüne degişli tükeniksiz maddy hem ruhy hazynasy, gymmatly baýlygy bar. Elbetde, ol baýlyk käbir halka has köp, käbirine bolsa ujypsyz mukdarda bagyş edilipdir. Maddy we ruhy baýlyklar babatda türkmen halky bagty getiren halk. Ata-babalarymyzyň we ene-mamalarymyzyň uzak taryhy asyrlarda yhlas siňdirip, sünnäläp döreden maddy baýlyklary bu günki günde dünýä halklaryny haýrana goýýan gymmatlyklardyr. Gamyşgulak ahal-teke bedewleri diýjekmi, asyrlary aşyp, nepisligini, ajaýyplygyny saklap, eneden gyza geçip, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna bagyş eden Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten halyçylyk, zergärçilik sungaty diýjekmi, bular kän, “sanasaň sogaby bar" diýleni.
Ruhy gymmatlyklar hakda söhbet açylanda, munuň kalplara nur çaýýan ümmülmez baýlykdygyna göz ýetirmek bolýar. Tarypyna söz ýetmejek bu gymmatly ruhy hazynanyň bir bölegi hem halkymyzyň gündelik ýaşaýyş-durmuşyny, ahlak ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, uýan yrym-ynançlaryny, meşgullanan kesp-kärlerini hakyky ýagdaýynda beýan edýän ýatdan aýdylýan halkyň döreden folklor eserleridir. Täsin pikirleri beýan edýän bu ajaýyp eserler gündelik durmuşda geçirilýän toý-tomgularda ýerine ýetirilýän däp-dessurlaryň, durmuşa ornaşan ahlak ýörelgeleriniň, halkyň uýan yrym-ynançlarynyň, dürli ugurlarda gabat gelýän aladalaryň çeper söz arkaly suratlandyrylmasydyr. Adamzat öz ýaşaýşynyň dowamynda gabat gelýän şowlulyklary, begençli pursatlary, şeýle hem, kynçylyklary söz arkaly beýan etmek niýeti bilen bu eserleri döredipdir. Söz arkaly Beýik Alladan dileg edilipdir, şadyýan, dynç alyş ähmiýetli bentler hem döräpdir. Halk köpçüligi çekilen zähmetden soň dynç almak, degişmek-gülüşmek maksady bilen dürli baýramçylyklar, dabaralar, toý-tomaşalar belläpdir. Ol baýramlary söz sungaty bilen bezäpdir. Nowruz baýramçylygy hem şeýle baýramlardan biridir.
Nowruz baýramçylygy bellenilýän günleri halkymyzyň ekerançylyk işleri bilen meşgullanyp, ýerleri ekişe taýýarlaýan günlerine gabat gelipdir. Şol döwürde ýylyň gurak gelmezligi, ýagyş-ýagmyryň köp bolmagy dileg edilip, dürli-dürli bentler döredilipdir. Tüýtätin bentleri hem şeýle bentlerdendir. Tüýtätin bentleri bilen gyzyklanyp, alymlaryň käbirleri makalalar ýazypdylar. “Tüýtätin” sözüniň “tüýshatyn” sözünden gelip çykanlygy hakda käbir pikirlerem bolupdy. Halk arasynda aýdylyp gelýän rowaýatlara görä, elbetde, rowaýatlar dürli nusgalarda gabat gelýär, bir wagtlar ýurdy zenan patyşa dolandyrýan eken. Ol ýurdy örän adalatly dolandyrypdyr. Halk köpçüligi “Tüýshatyn-da, ýurdy adalatly dolandyrýar” diýip, öz patyşalaryna guwanar ekenler.
Bir ýyl örän agyr gurakçylyk bolupdyr. Ýaz ekinleri başlamanka, ýere ygal gerekligi üçin adamlar Tüýshatynyň ýanyna gelipdirler. Oňa, yryma görä, ýylyň ygally bolmagy üçin asmandan buludyň özeni bolan suwly mele bulutdan süýtkädä salyp, bir bölek alyp gaýtsaň, ähli bulutlaryň onuň yzy bilen gaýdyp, ygalyň ýagjakdygy bilen baglanyşykly ynanjy ýatladypdyrla. Halkyň hyzmatyna taýyn Tüýshatyn ýel atyna münüp asmana çykypdyr. Emma garry mama sanajyny bulap, ýylgyrym çakdyryp, bulutlardan bermejek bolupdyr. Şonda Tüýshatyn ýel atynda gulajyny gerip, bulutlary kowalap ýörşüne, şu sözleri aýdypdyr.
Gökde Nowruz hormaty,
Ýerde genji-gymmaty,
Ygal ýagar şytyr-şytyr,
Burkuda çebşi getir,
Hamyr ujundan petir,
Bulutdan nesibin ýetir,
Torba-tagara getirdim,
Doldurmany gitmerin.
Gara buldy göterip,
Ýagdyrmany gitmerin.
Süýtkädini getirdim,
Doldurmany gitmerin.
Rowaýatda aýdylyşyna görä, Tüýshatyn ýere ygal getirjek bolup, gaplary mele buludyň böleklerinden dolduryp, ýere ugradypdyr, emma özi gaýtmaga ýetişmän, şol ýerde galmaly bolupdyr. Tüýtätinler şonuň hormatyna döredilen bentlermiş. Wagtyň geçmegi bilen Tüýshatyn sözi tüýtätin görnüşinde aýdylyp başlapdyr. Onuň hormatyna döredilen bentlere tüýtätinler diýlipdir. Tüshatynyň şanyna aýdylýan tüýtätin bentleriniň sany halkyň dilewar, märekesöýer wekilleri tarapyndan köpeldilmegini dowam etdiripdir.
Gökde Burkut jalasy,
Garry mamaň sanajy,
Bir dänäni müň getir
Tüýtätiniň gulajy.
Irki döwürde Nowruzda ýazlaga çykan gelin-gyzlar, ýaş ýigitler döwre gurap tans edip, tüýtätin aýdypdyrlar. Ýaşajyk oglan-gyzlar bolsa elleri torbaly öýme-öý aýlanyp, tüýtätin sanawajyny aýdypdyrlar. Her baran öýi çagalara öňünden taýýarlanyp goýlan künjüli gowurga, patrak, gurt, igde, kak, sök, guradylan önümler beripdirler. Şonda çagalar özlerine düşen zatlary deň paýlaşyp iýipdirler. Bu edil ýaremezan bentleriniň aýdylyşyny ýatladýar. Şonuň üçin hem, tüýtätin bentleri TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda ( 2016, 840 b. we ş.m.) gabat gelýän hem bolsa, häzirki döwre çenli ýaremezan bentleriniň arasynda öwrenilmegini dowam etdirip gelýär. Emma bularyň arasynda uly tapawut bardygy unudylmaly däldir. Bu bentler ýaz aýlarynda, halk köpçüliginiň ekişe taýýarlanýan döwürlerinde edil ýaremezanlaryň aýdylyşy ýaly, ýöne Alladan ýagmyr dilemek maksady bilen aýdylan dileg aýdymlarydyr. Bu bentler ylmy taýdan derňelip görlende, halkymyzyň söze çeperliginden, öz ýaşaýyş-durmuşynda gabat gelen ähli zatlar barada söhbet açyp, jadyly söz arkaly geljekki nesillerine ýetirmek islänliginden habar berýär.
Tüýtätin aýtmak dessury, käbir ýerlerde (Tejen etraby, muňa ýokarky agzalan institutyň hazynasynda saklanylýan bukjalarda gabat gelindi. G.Y.) “çemçe gelin” dessury diýlip hem atlandyrylypdyr. “Gurakçylyk dowam edende ýagyş ýagmagyny islän çarwa aýallar we gyzlar Nowruzda bir ýere üýşüpdirler. Aýallaryň biri yrym edip, sanaçdan bir susak suw alyp, gyzlaryň üstüne sepeläpdir. Soňra uly susaga gelniň eşiklerini geýdirip, gyzlaryň eline berip, “Baryň, tüýtätin aýdyp geliň! Alla garaşyk edip, belki, ýagmyr ýagaýady-da, Burkut babaň ýoluna-da bir çebiş!” diýip, olary ýola salypdyrlar. Ýolda olara tüýtätin aýtmak islänler hem goşulypdyr. Çemçe gelni ellerinde göterip barýan gyzlar topary oba aýlanyp, her gapyda tüýtätin bentlerini aýdyp, Alladan ýagmyr diläpdirler.
Tagta gelen mellegi,
Ekip gitsin, tüýtatyn.
Bakja, pagta çilini,
Çekip gitsin, tüýtatyn.

Semeni bar, şerbet bar,
Içip gitsin, tüýtatyn.
Gökden ap-ak nogullar,
Seçip gitsin, tüýtatyn.

Eý, hana-ha, e‎‎ý, hana,
Nurun saçsyn, neýsana,
Tüýtatynyň ýagmyry,
Ýere ýetir toýhana...

Topbak bulut getiriň, agdarmanam gaýtmanam,
Iner-maýa getiriň, ýükletmänem gaýtmanam,
Çuwal-torba getiriň, doldurmanam gaýtmanam,
Gaty meşik getiriň, ýumşatmanam gaýtmanam.
Şu hili setirleri aýdyp bolup, “gürr” diýip bilelikde gygyrypdyrlar, öý eýeleri hem aýlanyp ýörenleriň üstlerine suw sepeläp, soňra bary bileleşip, “Allow!” diýip, ellerini ýüzlerine sylyp gygyrypdyrlar.
Bu setirleri okap, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň “Seniň dek Kadyrdan dileg dilärin, rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!” diýen setirler bilen başlanýan ajaýyp şygryny ýatlamazlyk mümkin däl. Aryf şahyryň bu şygrynyň esasynda halkyň asyrlary aşyp gelen şu dessurynyň duranlygyna göz ýetirmek bolýar. Halkyň gurakçylyk ýyllarynda suwsuzlykdan horlanyşyna dözmedik şahyr ynsana Allatagala tarapyndan bagyş edilen çeper sözüň üsti bilen Perwerdigärden ýagmyr dileýär. Elbetde, öýme-öý aýlanyp ýören ýagmyr dileýänleri görüp, şahyryň aňynda hem Allatagaladan “ýagmyr dilemek” pikiri dörän bolmagy ahmalTürkmen halkynyň uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşen etiki, estetiki garaýyşlaryny, gözellige düşünişlerini, ahlak ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, uýan yrym-ynançlaryny, ýaşaýyş durmuşynda dowam edýän ýagdaýlaryny özüne siňdiren folklor eserleri geçmişde halkyň ýaşaýyş-durmuşynda uly orun eýelän bolsa, şu günki günde taryhymyzy öwrenmekde-de terbiýeçilik babatda-da iňňän uly ähmiýete eýedir. Çünki ol ajaýyp eserlerde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň baý tejribeleri öz beýanyny tapypdyr. Olar pederleriň “paýhas eleginde” elenip, “akyl käsesinde”goýazylanyp, sünnälenen setirlerdir, halkyň medeniýetiniň gözbaşlaryny özünde jemleýän ruhy gymmatlyklardyr. Medeni mirasyň uly terbiýeçilik ähmiýeti hakda hormatly Prezidentimiziň aýdan sözleri, öňi bilen, folklor eserlerine degişlidir: “Medeni miras biziň şu günki kämil ruhy dünýämiziň hamyrmaýasydyr. Ol ruhubelent ýaşaýyş ýörelgeleriniň, şatlygyň-şagalaňyň, gözelligiň, kämilligiň ýaranydyr. Munuň aňyrsynda mähriban halkymyň gözellige, maksada okgunlylyga, ýaşaýşa bolan synmaz söýgüsi durandyr. Medeni mirasymyzyň kalbymyza, ýüreklerimize täsir ediji kuwwatly güýji bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizde egsilmez kuwwat berýär, jebisligiň we agzybirligiň belent duýgusyny terbiýeleýär.” [4. 248 s.].

Gurbanjemal YLÝASOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 45 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gurbanjemal Ylýasowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Ylýadowa däl YLÝASSSSSowa, Hakylly!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: