17:06
Obadaşlarym / poema
OBADAŞLARYM

Niçeme aýylar, niçe çaryklar,
Niçe arbap, niçe zertli, niçe kem,
Niçe bahar, kazy, jagyl-jugullar,
Hywalylar...
Baryňyz köpden,
Baryňyzyň aňyrsy bir kökden.
Bir ene, bir atadan.
Taryhyňyz Nuhdandyr,
Şahyryňyz ruhdandyr.

Niçe-niçe Çarylar,
Niçe-niçe Balylar,
Niçe-niçe Towular,
Ýamanlar hem gowylar...
Ählijäňiz meniň obadaşlarym,
Meniň gardaşlarym,
Garyndaşlarym.

Daglylar biz,
Ýaşaýarys beýikde.
Mekan tutan jülgelerde
Gaplaň, ýolbars, keýik-de...

Obada men,
Geçenleri ýatlaýan.
Onlap, ýüzläp, müňläp-müňläp,
Geçilen üoly ýatlaýan.
Böwrümi diňläp,
Eý-ho,
Otyryn geňläp...

Elli, altmyş üyl mundan öň
Gözmizden birçak gaýyp bolanlar
Ýadymda.
Olary men ýatlaýan her demimde
Diýsem borun ýalançy.
Ýöne olar mahal-mahal
Göz öňümden gitmeýär.
Hakydamdan ýitmeýär.
Mähriban obadaşlarym,
Siz meniň garyndaşlarym,
Gardaşlarym.
Biriňiz agam, biriňiz daýym,
Biriňiz derde ulaşsam,
Janyňyz bermäge taýyn.
Biriňiz atam, biriňiz babam,
Biriňiz käbäm,
Biriňiz dostum,
Biriňiz dogandan golaý,
Ynanyň rastym.

Biliňizde oragyňyz,
Pil iň uly ýaragyňyz.
Çopan taýagyňyz—hümmet hasasy.
Siziň üçün bu zatlar
Suw, howa deý esasy.
Soňky ýoly müň ädimdir,
Müň adamyň egni deger tabyda.
Muny synlap duran bir eziz dostum
--Gördüm-diýdi --şeýle ahwal Käbede.

Toýuňuz toý şekillidir,
Dutaryňyz çeküwlidir.

Köpiňiziň dili zyban şerbetdir,
Erbediňiz erbetdir.
Dilleri şerebeli.
Biriňizi diňläp-diňläp,
Buzam bolsaň eremeli.
Daglaryňyz keremli,
Baglaryňyz erenli.
Eý, eziz obadaşlarym,
Gardaşlarym,
Garyndaşlarym.

Az däldir azabyňyz,
Az däldir azaryňyz.
Şonda-da „Sabyr—ömürden!''
Diýip ýaşaýarsyňyz.

Açykdyr gapyňyz gelen myhmana,
Myhman sorar ogluňyzy.
Diýersiňiz: --Mekan tutdy şäherde.
Myhman weli düşünmez
Munyňyza sähel-de.
Başyn ýaýkap diýer myhman:
--Jennet mekany taşlap,
Tapdykan nä şäherde!?

Daglylar, eziz daglylar,
Siz meniň obadaşlarym.
Ýaşym geçdi pygamberiň ýaşyndan,
Razy men dünýäniň göwün hoşundan.
Ýöne geçen ýola nazar aýlamda,
Bir agyr zat basýan ýaly başymdan.

Göz öňüme gelýär geçen ýaşlygym,
Assyrynlyk bilen göçen ýaşlygym.

Gün düşmeýän baga bürenen obam,
Öňküden ýaýrawly, gürelen obam.
Misli erem bagy dereleň obam.
Türkmeniň dört künjünde-de
Eziz görülem obam.
Ömrüňde bir gezek gadamyn uran
Görsem diýip arzuw eder ýene-de.

Goýnuňda ýatyr niçeme ärler,
Niçeme pirler,
Niçeme şirler.
Ýatyr goýnuň ýassanyp,
Beýik dana Şyhattar.
Taryhyň gatbar-gatbar.
Gündogar Jemşidi—Alyşir Nowaýy
Gelip saňa kyldy tagzym!
Hem Seýit Nejepi—ol dana tagsyr!
Sözüm däldir howaýy.

Eziz obam, eziz Könekesirim,
Sen meniň entek-entek
Ýazylmadyk eserim.
Şygra göwün berişim deý,
Soňky deme çenli
Sen bolarsyň heserim.
Hem-de gutulmajak şanly keselim
Eziz Könekesirim.
Her dem eme zar bolşy deý hassanyň.
Senden başga meniň ýokdur hossarym,
Eziz obadaşlarym,
Siz meniň garyndaşlarym,
Gardaşlarym...

30.06.2013.
Категория: Poemalar | Просмотров: 46 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Goşgy terjime edilen ýaly...
Täsir döretmedi wacko

0
1 Jumjume   [Mowzuga geç]
Açykdyr gapyňyz gelen myhmana,
Myhman sorar ogluňyzy.
Diýersiňiz: --Mekan tutdy şäherde.
Myhman weli düşünmez
Munyňyza sähel-de.
Başyn ýaýkap diýer myhman:
--Jennet mekany taşlap,
Tapdykan nä şäherde!?
Şo sowala menem jogap gözleýän...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: