17:00
Sowet döwrüniñ ýomaklary
SOWET DÖWRÜNIŇ ÝOMAKLARY

Sekretar näme üçin soňky gezekki partiýa ýygnagynda bolmanlygyny soraýar.
– Wah, onuň soňky gezekdigini näbileýin!

* * *

Garyndaşlaryna ýazan hatyndan:
– 100 manat iberjekdim weli, arman bukjany ýelmäýsem nätjek...

* * *

– A gyz, Abraşa gepläp bilýämi?
– Gepleýä-le, indi oňa dymmany öwredýäs.

* * *

– Rabinowiçi jaýlamaga gideňokmy?
– Näme üçin gideýin? Ol meni jaýlamaga geler öýdýäňmi?

* * *

Anketdäki partiýanyň liniýasyny ýöretmekde yrgalyga ýol berdiňizmi diýen sowala:
– «Liniýa bilen bilelikde yrgyldadym» diýip jogap berdi.

* * *

– Siz partiýa hataryna giripmidiňiz!
Ol gorkuly gözlerini köwşünden aýyrman:
– Nirede? – diýip sorady.

* * *

– XXII gurultaý göwnüňize ýaradymy?
– Iň soňundan jeset alnyp çykylan gurultaýmy?

* * *

– Sowet Soýuzynyň gimnini niçik görýäňiz?
– Gimn gowy, söz ýok!

* * *

Är-aýal plaskart wagonda. Äri uly ses bilen içini çekýär:
Aýaly:
– Men saňa ozal adam bar ýerinde syýasat hakda gürrüň etme diýip näçe gezek haýyş edipdim – diýip, ärine igenýär.

* * *

Ol aýnada özüni synlap durşuna şeýle diýipdir:
– Ikimizden birimiziň şugulçydygyny anyk bilýän.

* * *

– Gazly suw satyp, nädip daça gurup bildiňiz?
– Eger döwlet ýönekeý bir suwuň üstünde äpet GES gurup bilýän bolsa, men näme üçin gazly suwuň üstünde daça gurmaly dälmişim.

* * *

– Meniň bolşewikler bilen agrar meselede pikirlerim çapraz gelýär. Olar-a meniň ýeriň astynda ýatmagymy isleýärler, men hem olaryň ýeriň teýinde ýatmagyny isleýärin.

* * *

Rabinowiçi saýlaw döwründe agitator edip belläpdirler. Ol bir gapydan beýleki bir gapa baryp, şeýle wagyz edipdir:
– Sowet hökümetiniň dünýäde iň gowy hökümetdigini aýtmagy maňa haýyş etdiler. Biynjalyk edenim üçin bagyşlaň, bolýar, hoş onda.

* * *

NKWD-nyň jaýynyň ýanyndan geçip barýanyň biri gapynyň ýüzündäki «Keseki adamlar üçin girmek gadagan» diýen ýazga gözi düşüp:
– Wah, «Hoş geldiňiz» diýlip ýazlanda-da oňa aýagyny sekjekmi? – diýipdir.

* * *

– Ýoldaş Rabinowiç, şu mesele bilen baglanyşykly pikiriňiz barmy? – diýip, sekretar partbýuronyň mejlisinde soraýar:
– Pikirim bar, ýöne men şol pikirim bilen ylalaşamok! – diýip jogap beripdir.

* * *

Şundanam bir durmuş bolarmy? – diýeni hem şoldy welin ony ýygnadylar.
– Men Amerikadaky durmuş hakynda aýtdym – diýip, ol adam özüni aklajak bolýar.
– Ýör, at oýnatma, o durmuşyň nirededigini biz senden gowy bilýäris!

Toplan: Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 124 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]

0
4 Revo   [Mowzuga geç]
Jemleýji oňat bolupdyr.

Şundanam bir durmuş bolarmy? – diýeni hem şoldy welin ony ýygnadylar.
– Men Amerikadaky durmuş hakynda aýtdym – diýip, ol adam özüni aklajak bolýar.
– Ýör, at oýnatma, o durmuşyň nirededigini biz senden gowy bilýäris!

Ýomak okap kem - kemden çytylyp barýan ýüzümiň, duýdansyz ýylgyrmasyna sebäp boldy.

0
3 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
biggrin biggrin

0
2 Arzyman   [Mowzuga geç]
Hehe, gülkimem tutmady-laý soccer

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Näme üçin Rabinowiçi jaýlamaga gideýin? Ol meni jaýlamaga geler öýdýäňmi?
toý edýän garyndaşyna näme halat äkitmeli? hany depderi göreli, olar näme getiren bolsa bizem şony elteris.
eger siziň jynazaňyzda durmajak bolsa, sizem oň jynazasynda körüňiz ýok. :-)
öwrenäýmeli filosofiýa...
---
"Pikirim bar, ýöne men şol pikirim bilen ylalaşamok! "
bu-da bet. :-)

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: