13:26
Söýgi söhbeti

SÖÝGI SÖHBEDI

Söýgi ýaş-ýeleňiň oýny dälmidir –
Diýdim: – Hany, on ýedi ýaş galdymy?!
Diýdiň: “Gaýta ýaşlyk söýgiň elinde,
Diňe söýgi çyna öwrer salgymy”.

Garşy çykdym: “Söýgi ünsüm dagydar,
Ýetik işim, öz hysyrdym, öz derdim”.
Gaş çytdyň: “Söýgüsiz başyna barlan
Şol işiň ýüzüne hernä köz degsin!”.

Janykdym: “Söýere sebäp gereg-ä,
Gerek göwnüň ömürboýy gözläni...”.
“Bar zadyňy söýmän, barlygňy söýmän –
Diýdiň – niçik söýjekmişiň özgäni”.

“Ýetikdir ahyry söýgiň azaby,
Bir ömürlik jebre eder ol höküm”.
Diýdiň: “Söýmedikleň ezýetin sora,
Bu ýolda diňe yşk göterer ýüküň”.

Diýdim: “Söýüp, ýene utulsam näme,
Bu köne dert köňle ýara salgyçdyr”.
Diýdiň: “Söýen käte ýalňyşyp biler,
Söýmedikleň bütin ömri ýalňyşdyr”.

Kakamyrat REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: nurgeldiyewam232 | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 27
0
27 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Jemlemäň hatyrasyna tutuş goşgyny okanyňa degýär

0
25 Sona   [Mowzuga geç]
Если женщина глупа, не спешите говорить ей это, будьте джентльменом, поцелуйте ручку, преподнесите букет цветов, продекламируйте стихи, она сама и скажет: "Вот дура! А я-то о вас плохо думала".
Борис Трушкин

0
24 Sona   [Mowzuga geç]
Siz gyzjagazlary jentlmen bolup utandyryň, jentlmen bolup ýeňiň!
Грубость — это духовная слабость. diýipdir
Мария фон Эбнер-Эшенбах diýen gelneje

0
17 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Sbeater diñlemeýän çagañ geljekde nädip kösenjekdigi gyzyklandyrdy.hamari adhuri kahani.Şu aýdymy söýýän.menä Bollywoodyñ ölemen muşdagy.

0
18 Arzyman   [Mowzuga geç]
Şumat Bollywoodyň geçirýän «Dance chempionyny» görsene sen) «World Dance»-den birjik-de kem däl. Häzirki hindi tansýorlaryna ol arada, hut, Mithunyň özi baş egip gitdi.

0
7 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Kakamyrat halypa bu goşgysynda söýgiden gaçýan adam bilen söýgini goldaýan adamyñ arasyndaky jedeli suratlandyrypdyr.Awtora bu goşgyda pikri çuñ beýan edip bilmek üçin goşgynyñ liriki menini söýgiden gorkýan adam görnüşinde beýan edipdir.

0
6 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ýalñyş düşünme bar!Goşgy meñ goşgym däldir.
GOŞGYÑ AWTORY KAKAMYRAT REJEBOWDYR.
üns beriñ,aşakda ýazylgydyr.Tegde ýazypdym aslynda ýöne goýlanda şeýle goýulypdyr.Şonuñ üçin ady hakyndaky şeýle teswiri ýazypdym.Doly ady şumyka diýýän

0
8 mango   [Mowzuga geç]
düzedeli ýalňyşymyzy.
"Mahym hanym." ýerini "Kakamyrat kaka" diýip okamaly...
dowamynda düzediljek zat ýok.
---
Mahym hanymdanam извиняюсь.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Mahym hanym...
söýgü temasy iň halamaýan temam.
söýgüni däl – söýgä ýüzleý düşünilişini halamok.
siziňem ýaşyňyzy bilemok, ýöne söýgüni "ýaş-ýeleňiň oýny" derejesine gabamak nä dogry...

Garşy çykdym: “Söýgi ünsüm dagydar,
Ýetik işim, öz hysyrdym, öz derdim” -
-diýeňde" işiňi taşlada ... söýüş" diýýän däldirä, öz käriňe söýgi, edebiýatyňa söýgi, edýän işiňe höwes-söýgi nädip seniň ünsüňi dagydar diýesim geldi welin öz setirleriň bilen özüňe dogry jogaby berpsiň.

Gaş çytdyň: “Söýgüsiz başyna barlan
Şol işiň ýüzüne hernä köz degsin!”.

onda, diýmek söýgüniň "ýaş-ýeleňiň oýny" däldigini bilýänem ýaly...
söýgüni daraltmalyňla.
(osoňam, söýgi biziň tebigatymyzyň bir bölegi. her kim bir zada baglanýar, bir zada aşyk, bolýar, söýýär: wezipäni, manady, gyzy, oglany, kärini, dinini...)

0
4 hekaya   [Mowzuga geç]
Söýgini hindi kinolardan öwrenen nesil üçin, oňa ýüzleý düşünmekleri adaty zat.

0
5 mango   [Mowzuga geç]
geň zat.... men hindi kino görmedim diýen ýaly. çalarak "zita-gita" bilen "tansor disko" ýadyma düşýä (dogrusy aýdymy gulagymda galypdyr). diýmek bu meniň haýryma bolupdyrda onna.
(diňe hindi kino däl, mähelläniň eňip moda edýän zatlaryny, massowyý görýän zatlaryny men görüp bilemok, öz döwründe geýilen "shanel" futbolkalarynam geýen däldirin, wetnamkanam aýagyma sokan däldirin.... ehh, hany ol günler...)

0
9 hekaya   [Mowzuga geç]
Her döwür şeýle zatlar bn araňa çäk goýup bilseň, jemgyýetde üýtgeşik görlüp başlaýaň. sebäbi köpçüligiň birmeňzeşleşdirme häsiýeti bar. Üýtgeşiklere ýer ýok. Olar däp-dessury bozýarlar. Täzelige ýol açýalar. Bulam ýatan ýerinden gazanýanlaň günlük režimini bozýar. Ýogsa kiçijik zatlar. Umuman Sbeater diňlemeýäň çaga, geljekde kösenip biler. Ýöne özboluşlyja çaga bolýar.

0
13 mango   [Mowzuga geç]
"Sbeater diňlemeýäň çaga, geljekde kösenip biler. Ýöne özboluşlyja çaga bolýar".
telpegiň aşagyndan geýer ýaly tahýada gazandyň.
100% ylalaşýan.
tahýaňam gutly bolsun.

0
20 hekaya   [Mowzuga geç]
ýogeý. öňem 5 ýyl şony geýip gezdim. telpek gowy. sagbol! öwýäň welin menem özüme birzatdyryn öýdüp başladym. seret, ana, jümjüme, dogan, zyýanly şu öwgi. Biderek topuldyranyň boldy femaşistleri.

0
23 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Hindiçä dagam düşündim diýýäňmi aşaky teswirlerdäki biggrin

0
26 hekaya   [Mowzuga geç]
bärinem ertir.koma döndürdim. izviniti. hany, onda, sagboluň!

0
11 hekaya   [Mowzuga geç]
Ogluma Söhbet Jumaýewem diňledemok. Hindi kinodan parhy ýok.

0
16 Sona   [Mowzuga geç]
tongue Mango daýy Sanni boljag-a bolansyňyz-la tongue

0
10 Arzyman   [Mowzuga geç]
Hamari adhuri kahaniiii

0
14 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Mera jutda he japani, mera jutda he japani.
Ýe patlu engliştani sar pe lal topi rosi pir bi dil he hindustani.
Abarabuu.....

0
15 Arzyman   [Mowzuga geç]
my namai is lakhan
my namai is lakhan
sajanon ka sajan, mera naam hai lakhan
ai jee, o jee, lo jee, suno jee, main hoon man maujee
karata hoon main jo vo tum bhee karo jee
onai, two ka four, four, two ka onai
my namai is lakhan
my namai is lakhan
sajanon ka sajan, mera naam hai lakhan
tongue

0
19 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Bulam-a beý diýýä:
main shaayar to nahin
Я, вообще-то, не поэт
magar ae haseen
Однако, о, красавица,
jabse dekha main ne tujhko mujhko shaayari aa gai
С тех пор, как увидел тебя, я начал сочинять стихи...

0
21 hekaya   [Mowzuga geç]
söýgi temada köp kösenjege (kösenene) meňzeýäň, uýam! Gaýrat et! Süýji-süýji kino görmäň, ajy-ajy netijesi bar.

0
22 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Bor, agam. smile

0
12 Arzyman   [Mowzuga geç]

0
2 Revo   [Mowzuga geç]
Janykdym: “Söýere sebäp gereg-ä,
Gerek göwnüň ömürboýy gözläni...”.
Bar zadyňy söýmän, barlygňy söýmän –
Diýdiň – niçik söýjekmişiň özgäni”.

Bar zadyňy söýmek, özüňde bolan ähli zady söýmek. Ähli zady söýmek, hiçzady söýmezlik diýen ýaly eşidilýär. Gowy goşgy, şahyram oňat ýazýar...

0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Goşgyñ ady mendäki"documentde"söýgi hakda söhbet"diýip dur.Ýöne edebiýat sungatda söýgi söhbeti diýip çykypdyr öýdýän.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: