09:47
Iň gowy dostuma maslahat
IÑ GOWY DOSTUMA MASLAHAT

"Gyzy synlamasaň, göwni galar."
Nakyl.


Bir gyz toýa gelipdir, bak,
Mahmal dodak, mahmal gabak,

Saçlaryny bezedipdir,
Kirpiklerin gezedipdir.

Gaşlary-da gerilip dur,
Gyz gözlere, gör, ilip dur.

Elleri ak, bilýär ony,
Billere bak, bilýär ony.

Gözlerini süzýär gözel,
Näz kölünde ýüzýär gözel.

Geçjek billeri ýüzükden,
Gelýär ol ýüzüp-ýüzüpler.

Ýöremeýär, göýä balyk,
Haýran oňa bar halaýyk.

Galdyryp bilmeýär ýerden,
Gyz owadan gözlerini.
Saýlap bolmaz bir-birinden,
Ýylgyrşyny-sözlerini.

Ýylgyrjyraýar, utanýar,
Aslynda ol utanmaýar.

Buýsanýar ol öz görküne,
Buýsanjy däl öz erkine.

Gör, görünjek bolýar gözel,
Her görünjek bolýan gözel
aýna bakyp taýýarlanýar,
gije-gündiz toýdan ozal.

Seret, ol surata düşýär,
Tawus ýaly saýlanjyrap,
Garlawaç ýaly keýerýär,
Aýlanjyrap-aýlanjyrap.
Sona ýaly sallanjyrap,
Serçe ýaly pysyrdaýar.
Ýanyndaky joralarna,
Gör, nämeler pyşyrdaýar,
Ony özi-de bilmeýär,
Bilmeýär ony Hudaýam,
Ýöne...
Gyz aşygna bakman bilýär,
Ol nirede, näm iş edýär....
...Ýagdaýy nä, haly nedir?
Neneň etdi atylan ok?

Göz-göz saçynyň her tary,
Göz-göz gaşynyň her tary.

Oglan, indi sypmarsyň sen,
Gözleriňem gyrpmarsyň sen.

Bak, sen oňa aňk bolup, bak,
Gözleriň bilen habar gat.

Hiç kim senden görmez geň-taň,
Hijem sizi bolmaz aňtan.

Gaňrylyp-gaňrylyp gara,
Garaýyşyň oňa ýarar.

Goý, ynansyn jadylanna,
Duýsun özün adaty däl.

Bar, sen onuň ýanyna bar,
Gözlerne bak, sözsüz ýalbar.

Haýran bol, geýen köýnegne,
Gowudyr ol, müň öwgüden.

Ynan, şuňa ilki özüň,
Geregi ýok onsoň sözüň.

Oňarsaň, hiç zat gürleme,
Diňe seret hemem neme...

Gyzlar oňat görýär, belle,
Öz daşyndan pyrlanylsa,
Ha-as ynjyk bolýandyr, entek,
Yrlanynsoň, yrlanynsoň...

Oňa gerek däl sowgadyň,
Gerek däl oňa gutlagam,
Oňa seň bakanyň gerek,
Hem oň jadylap utmagy.

Pyrlan, daşynda elek bol,
Özün melikedir öýtsün.
Golliwudda aktrisa...
Lybas görkezýändirin öýtsün.

Gyzlaryň uçýandyr guşy,
Ýanyna baryp bilmeseň,
Arkaýyn gürläp bilmeseň.

Gyzlaryň uçýandyr guşy,
Gürlemeseň ýanna baryp,
Diňe haýran bolup dursaň.

Gyzlaryň uçýandyr guşy,
Bakyp bilmän, gürläp bilmän,
Tapman dursaň, ebeteýin.

Ýöne olar uzak bolman,
Tamamlansa, öz wagtynda,
Hemişeki ýaly gyzlar,
Batyrja hem dogumlyja,
Öz awuny sypdyrmaýan,
Ýigitleri halaýandyr.

Bar, sen onuň ýanyna bar,
Gözlerine bakyp, ýylgyr,
Çagyr sen ony ak tansa,
Çagyrmak ýönekeý, aňsat.
Bar, sen onuň ýanyna bar,
Gözlerne bak, sözsüz ýalbar.

Laçyn PÜRJÄÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Sona | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 1.5/2
Всего комментариев: 7
0
6 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Gyzy synlamasaň göwni galar
Täze nakylmyka bi? Birinji gezek eşidýän.
Bizem synlasak bolarmyka onsoň biggrin

0
7 Sona   [Mowzuga geç]
KÖREKENSIŇ, artykmaç gürlemeseň özüňe gowy bolar angry

0
5 Kuzya   [Mowzuga geç]
Hatda tanamasagam maslahatynyzy aldyk, sag bolun

1
4 mango   [Mowzuga geç]
iň gowy dostyna maslahat uzynrak bolupdyr.
käbir ýerlerinde (maňa görä) "bolmyýanlyklar" bar.
mysal:
Geçjek billeri ýüzükden, (Billeri geçjek ýüzükden.)
Gelýär ol ýüzüp-ýüzüpler.(....ýüzüp-ýüzüpler gelmesedi...)

---
Ony özi-de bilmeýär,
Bilmeýär ony Hudaýam,

bilmeýän zadyňa "Hudaý bilsin" diýilýärä, aslynda şol gep hemme zady Hudaýyň bilýändigini aňladýar. diýmek "Bilmeýär ony Hudaýam" ýaňlyş (ýalňyş) gep.
---
Golliwudda aktrisa...
Lybas görkezýändirin öýtsün.

golliwudyň ýerine "Parižiň podiumlarynda, Lybas görkezýändirin öýtsün" diýse "pariž-podium-moda-lybas" oňuşyberjekler. häzir "kino-lybas" tersiräk gelýän ýaly. aslynda goşguda golliwudly ýerinde nokat goýup, täze tema geçenem bolsa...

umuman, şeýle.
begenenler begensin, gynananlar gynansyn...

-1
3 Sona   [Mowzuga geç]
boýun däl bogun bolmaly. uufff

0
2 Sona   [Mowzuga geç]
Белый танец dp gyz oglany çagyrsa aýdylýar.
ýöne türkmende wals ak tans diýlip terjime edilensoň hemem 1 boýun artdyrmak üçin ak sözi goşupdyr öýdýän.

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Size ertirlik! flowers

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: