08:49
“Iň bolmanda, sen-ä wepaly maňa...”
"IÑ BOLMANDA, SEN-Ä WEPALY MAÑA..."

Her säher oýansam, alyp başujum,
Ýylgyryp oturýaň gözlerme garap.
Şonda sähel salym göwnüm göterlip,
Dartgyn damarlarym ýag kimin eräp,
Süňňüme birgeňsi kuwwat inýär-de,
Ýeňil-ýeňil hereketlem köpelýär.
Gama bolup ýüregimi dilimlän
Gussalarym edil şol wagt kütelýär.

Ýanymdan gideňok, taşlaňok meni,
Şat günüme goşulyşýaň deň bile.
Kynçylyklar basmarlanda, siltände
Olary hem deň çekişýäň meň bile.

Men seni göterýän ýüregme ýakyn,
Bolýaň süýji ýatlamalaň gyr aty.
Iň bolmanda, sen-ä wepaly maňa,
Melegimiň suraty!..

2012 ý.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Soñky döwür göwnûñe laýyk poeziýany tapmak kyn.Ýöne muña garamazdan şu awtoryñ goşgylary maña ýaraýar.Munam haladym.Awtor yzyna dolandy diýjek boldum ýöne goşgyñ aşagyndaky ýyl ýazgysyny görüp elbetde goýbolsun etdim.
Häzirki goşgularyñyzdanam şu pelsepe çuñlugyna garaşýarys.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
goşgyny okap bolup, täzeden okaýaň welin "Ýylgyryp oturýaň gözlerme garap"-ly ýerinde "Ýylgyryp otursyň gözlerme garap" diýäýmeli öýdýän (nämede bolsa o garaýan surat bolany üçin).
---
Ýanymdan gideňok, taşlaňok meni,
Şat günüme goşulyşýaň deň bile.

şu taýdaky "bile" artyk ýa-da başga zat. diňe aşakda geljek "kynçylygmy deň çekişýäň meň bile" sazlamak üçin "garawul goýlan ýaly".
---
Iň bolmanda, sen-ä wepaly maňa,
Melegimiň suraty!..

Sapa kaka jemlemäni aýylganç jemläpsiňaý.
melegiň suraty wepaly. a özi?
ýene-de wepa bermedik ol melegiň (diwaryňda ýa başujyňdaky) wepaly suraty, her göreňde seniň derdiňi gozgaýjak ýaly welin, tersine "..göwnüňi göterlip, dartgyn damarlaryňy ýag kimin eredýär".
---
üstünlikler!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: