22:58
Redaktor bilen düýşdäki söhbet
REDAKTORBILEN DÜÝŞDÄKI SÖHBET

Öten agşam gördüm bir üýtgeşik düýş.
Ol düýş köp diňletdi meniň böwrümi.
Meň ýanyma redaktor gelýärmiş,
Diňlemäge düýnki ýazan şygrymy.

Tankyt bolar men tankytdan gorkamok.
Köp zady öwretdi durmuş öwrümi.
Ýöne bilýän goldaw berjek arkam ýok,
Özüm goramaly ýazan şygrymy.

- Şygyrlaň bişmedik, duzy hem kemter.
Ýeri, şahyr, meň aýdýanlam dogrymy?
- Gyzgynjagy bilen halkyma ýetir,
Gowuryp bereýin ýürek-bagrymy.

- Setirleň tagamsyz, sözleriň gurak.
Juda ýeňil gelýär olaň agramy.
- Tagam duýmak üçin çeýnemek gerek,
Tagapyl et biraz sakla sabryňy.

- Göwniçökgün goşgulaň bar, eý, şahyr,
Wasp edeňok öz ýaşaýan döwrüňi.
- Menden başga wasp edýänler köp ahyr,
Men ýazaýyn bu durmuşyň jebrini.

- Kä setirleň hiç maňzyma batanok,
Gorkaňokmy, diňläňokmy böwrüňi.
- Hakykaty ýazdym mende günä ýok,
Gorkar ýaly, men ganhormy, ogrymy?

- Maýasyz goşgylar, hamyry gowşak,
Bildirip dur, ýetirilmändir ýugrumy.
- Halka dadyraly, özleri çözsün,
Seniňki dogrumy, meňki dogrumy.

Ynjalygym gaçdy bu düýşi görüp.
Çilim otlap men daş çykdym ir säher.
Howa ýerne ajy tüssäni sorup,
Ýeri şahyr, kime edýärsiň gahar.

Düýşüňdäki adam aýdypdyr dogry,
Garna maza bermez bişmedik nahar.
Adamlaň kalbynyň galkynýan döwri,
Guşlar saýraşýarlar, gelipdir bahar.

Giň köçeler, seýilgähler, gezmeli,
Göwnüňi göterýär ak mermer şäher.
Ine,şular hakda goşgy ýazmaly,
Oýan sen, oýan sen, oýan sen, şahyr.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Azat aga,öñe süren pikriñizi haladym.Beýan edişiñizem.Ýöne düýşde şahyr redaktor bilen ylalaşanok.Emma huşda,ýagny goşgyñ jemlesinde şäher hakda,seýilgäh hakda ýazmaly diýip redaktoryñ ugruna ýykylýar.Bulam bolup biler .Ýöne Kerim agañ "Zehiniñ hötjetligi"goşgusyndaky ýaly şahyr öz hötjetligine tutup çap etmeseñ çap etme diýip bilenini okabam biler.
Halk babatda hekaýa bilen ylalaşýan:Häzir döredijilik diñe intellektuallañ gyzyklanmasy.(Bulam meni çendenaşa gynandyrýar)

0
4 Sona   [Mowzuga geç]
beer Azat aga, keýpine okap oturmaly goşgy eken

0
3 hekaya   [Mowzuga geç]
Gödek kommentler belki-de realist kommentlerdir. Çagalykdaky şarpyklar ýaly. Ulalansoň peýdasy degýär.

0
2 hekaya   [Mowzuga geç]
Oýan sen, oýan sen, oýan sen, şahyr.

şu setirdäki gaýtalamaçlar jemlemäň güýjüni gaçyrýar.

Birem, bu goşgyny okap ýalňyşjaklar köp. Redaktorlar käte mamla bolup bilýär. Ýazman gezmek ynsanyň öz durmuşy üçinem, halk üçinem (häzirki wagtda halkyň goşgy bilen işem ýok) peýdaly bolup bilýär. Häzirki wagtda köplenç şeýle bolýar. Goşgyň soňlarynda Azat aga-da razylaşýan ýaly.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Azat kakada özüne, prinsiplerine garşy gidipdir.
Düýşünde diýýänlerine, huşunda tersine gidýär.

Düýşde:
-Göwniçökgün goşgulaň bar,eý,şahyr,
Wasp edeňok öz ýaşaýan döwrüňi.
-Menden başga wasp edýänler köp ahyr,
Men ýazaýyn bu durmuşyň jebrini.

Huşda:
Giň köçeler,seýilgähler,gezmeli,
Göwnüňi göterýär ak mermer şäher.
Ine,şular hakda goşgy ýazmaly,
Oýan sen,oýan sen,oýan sen,şahyr.

... diýip oýanýar.
—-
Iki gezegem “böwür diňlemeşek” bar.
Biri özünden: “... Ol düýş köp diňletdi meniň böwrümi”.
Biri redaktordan: “... Gorkaňokmy,diňläňokmy böwrüňi”.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: