22:53
Şygyrlardan parçalar
ŞYGYRLARDAN PARÇALAR

...Ýazylmadyk goşgylarmyň ençesin,
Göterip gezdim men ejiz gursakda.
Olar bolsa öz ahmyrly penjesin,
Ýüregime urup dyrnagyn sokdy.
Diýýän deýin goýber bizi erkine,
Boşat gursagyňy giç dälkä şindi.
Kemçilikler hakda ýazmak herkime,
Başardyp duranok, kyn boldy ýazmak,
Ýöne ýazman gezmek, ondanam kyndy.

***

Bu neneňsi durmuş, bu niçik ahwal,
Ömür maňa berlen, ýöne meňki däl.
Özge birniň ýazan kada-kanunna,
Uýup ýaşamaklyk adatmy munda?
Eginlerňi gysyp, başyňy egip,
Gezmeli darajyk çarçuwa sygyp.
Özgäň göwni diýip, öz göwnüň döwüp,
Wysalňy çözülmez bir bukja düwüp,
Kalbyň aram tapman çekýärkä jebir.
Ýaşamagam agyr, ölmegem agyr.

***

Belkide bu zatlar meň göwnümedir.
Bulutlaram ýagyp bilmän heläkdir.
Ýöne meň kalbymyň gussasy nedir?
Belki gamlanmaga sebäp hem ýokdur.
Onda näme üçin meniň kalbym hem,
Aglap bilmän dymýar bulutlar ýaly.
Nämüçin gussaly geldikä ylham?
Entek bir goşgy hem ýazmadym doly.
Wagt ber bir şygyr döreder ýaly...

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
"Başardyp duranok,kyn boldy ýazmak
Ýöne ýazman gezmek ondanam kyndy".
Şu jemlemäni haladym.Umuman siz hemişede çuñ pikir ýöredýärsiñiz.Tûýs meniñ diýýän poeziýam.Goşgyñ soñunda "wagt ber bir şygyr döreder ýaly"diýip kime ýüzlendiñiz?Ylhamamy?Tañramy?
Döredijilik üstünlikleri arzuw edýän!

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Eginlerňi gysyp,başyňy egip,
Gezmeli darajyk çarçuwa sygyp.

Çarçuwaly gürrüňi haladym.
—-
Özgäň göwni diýip,öz göwnüň döwüp,
Wysalňy çözülmez bir bukja düwüp,
—-
Wysal sözü - gowuşmak, söýeniňe arzuwyňa gowuşmagy aňladýandyr.
Köplen wysala arzuw diýip düşünýäler.
—-
Üstünlikoer.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]