19:47
Towakga
TOWAKGA

Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriñ!
Sütüni söýgiden,
Kerpiji bagtdan,
Daş suwagy hyýal bilen suwalsyn.
Asudalyk ornaşsyn üçeginde,
Dolsun süýji sözden alynan batdan.
Reñkläñ ony datly düýşleñ reñkine,
Poluna düşäýiñ pikir keçesin.
Şatlyk sesi ýañ berip diwaryndan,
Gozgalaña salsyn ylham köçesin.
Penjiresi sap duýgydan gurulsyn,
Syrylmasyn perde, men göge bakjak.
Ýagty günüñ yssysyna çoýunsa,
Pejem derkar däldir, bolmañ siz ýakjak.
Gapysyny açyp goýuñ her daýym,
Tanyş-nätanyşdan gizlemäñ ony.
Goý, bezegi ýöntem bolsun,zelel däl,
Hoş niýetler bilen siz bezäñ ony.

Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriñ!
Gaýry zada tamakin däl, dokmäde.
Azat ediñ ýaramaz gylyklardan
Men içinde zat tapmaýyn dökmäge.
Aýdymlardan gül ekerin,güllär ol
Penjirede küýzejigin goýaryn.
Gaýtalaryn diñlense-diñlenmese,
Biygtyýar synlap durman solaryn.
Sallançak deý törde sallansyn umyt,
Elmydam mähirden dolsun pürepür.
Oýun-baza gyzan körpe mysaly
Töweregin şowhun-şoha büresin.
Orny mäkäm bolsun goja dünýä deý,
Gozganmasyn, ýyllar geçsin,ýel geçsin,
Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriñ!
Ol jaý siziñ ýüregñizde ýerleşsin.

Mahym NURGELDIÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: nurgeldiyewam232 | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 17
0
17 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ýok,"sagbolsunymy"hemme kişä aýdypdym.Diñe ikinji sözlemim şahyr aga degişlidi.

0
15 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Teswirleriñiz we bellikleriñiz üçin köp sag boluñ!Şahyr aga,birinji teswiriñiz bilen güldürdiñiz. biggrin

0
16 mango   [Mowzuga geç]
şahyr agaň teswiriniň aşak ýanynda "jogap ýaz" diýen apelsin sarysyna bassaň, ýazan zatlaryň onyň teswiriniň aşajygyndan çykýandyr.
innikile.

0
14 Jumjume   [Mowzuga geç]
Aýdyljak zatlar aýdylypdyr...Goşgyny haladym. Galamyñ ujy ýiti
bolsun!

0
12 Revo   [Mowzuga geç]
Adamzat durmuşynyň özeni bolup duran duýgularymyzyň bir öýüň, bir ojagyň daşynda jemlenmegi, adamda nähili ajaýyp duýgulary oýarýar. Jaýyň "Sütüni söýgiden" bolmagy, binýadynyň berkliginiň nyşany. Onsoň bagtdan kerpiçler, asuda üçek, otaglara ýaň salýan şatlyk sesleri, tebigy günüň gyzgynyna çoýunmak, näzik penjire şekilli duýgular, elgaraz ähli meňzetmeler ýerbe - ýer. Biraz Irina Samarinanyň "Poydu, shozhu za shastem na bazar" diýen goşgusynam ýada salman duranok. Ol goşgam, gowy görýän goşgularymyň biri.
Galamyňyz ýiti bolsun, işiňizde üstünlik. Ýene-de şu temadaky goşgularyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Has göwnüme ýaran setirlerem belläýin.

Penjiresi sap duýgydan gurulsyn,
Syrylmasyn perde, men göge bakjak.
Ýagty günüñ yssysyna çoýunsa,
Pejem derkar däldir, bolmañ siz ýakjak.

0
10 hekaya   [Mowzuga geç]
Öýkelek, gaharjaň diýmeseň, erbet ýazanok eken.

0
11 Sona   [Mowzuga geç]
şeýdip gowşaweriň gy, ýogsa gyra-jyran etdiňiz-ä saýtyň içini

0
9 mango   [Mowzuga geç]
“Syrylmasyn perde, men göge bakjak”.
Şu setiri haladym.
—-
“Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriñ!
Gaýry zada tamakin däl, dokmäde”.
Jaýyň simwolik manysy bolsa-da “jaý diläp hemem özüňe dokmäde” diýişiňde “”dokmädeligiň” ynandyryjy bolmadyk ýaly.
—-
Oýun-baza gyzan körpe mysaly
Töweregin şowhun-şoha büresin”.
“Oýunbazyň” oýunçyl, oýna güýmenýän manylary bar bolsa “oýun-baza (oýunbaza) gyzan körpäň” ýerine “oýna gyzan körpe” bolaýjak ýaly.
—-
Hany, ýeneki goşgularyňam okap göreli.

0
8 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Mahym, kim näme diýsede, meniň üçinä goşgy ajaýyp. Men öz kalbymyň sedasy deý kabul etdim. Ýürege ýakyn ýaňlanýan owazly setirler.

0
7 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Ajap gośy, śahyrana setirler, päk hem degerli arzuwlar. Sözleri ÿerbe-ÿer we formasy bitin. Men-ä haladym, hasam sadalygyny!

0
5 Selbii   [Mowzuga geç]
#betiñ - beriñ -
#baďyp - basyp

0
4 Selbii   [Mowzuga geç]
Ýüreklere öziñ yerleşmegi girmegi başarmaly. Maña jay betiñ ýüregnizden diyp badyp bogup girjek bolmok yalñyş pikir. Ýürege yoly öziñ tapyp girmegem başarmaly yer efinmegem başarmaly smile

0
3 Selbii   [Mowzuga geç]
Pikirini halamadym goşgyñ. Ýeke men boloyyn diyen yalak bolyp dur surprised

0
6 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Selbi, goşga düşünmedik bolsaň, öz aýbyňy özüň açyp oturmaly däl ekeniň. Sesiňi çykarman otyrsaň abraýly borduň, düşünjäň derejesem ýokarydyr öýderdik. Men şu şahyry tanamok, ýöne şu ýazan goşgysyndan çen tutsam, bihal adam däl. Ajaýyp goşgy. Poeziya diýilýän zada her kim düşünip bilmeýär. Şonuň üçin dymanyň aýby açylmaz etseň gowy bolaýmasa.

0
13 Selbii   [Mowzuga geç]
Nixini sahyr goyupsyn emmaki sahyrlykdan yzdalygyn billirya sozlenñen
Şahyr giñ bolmoly dunyan derdine yanmaly. Mahym ylak sen yalak şer gözlap ysyrganyp ýormellal. Intagem aydaymaly zaara bar welinim bolyar edayynda . Drñsiz bn deñ bolmogy uslyp goremmok özime

0
2 Selbii   [Mowzuga geç]
Bi zatlaty Kimden talap ed6añ ?? Her kim bagtn özi gurmaly dalmeyt?? Maña biri Nesibide özüñ nesip etdirmeseñ nesip bolmoz diyerdi. Onom meñ kejurligim nesibimem nesip etdirmedi. Şoñ üçrip öziñe gerek zady birinnen dal oziñden soramaly talap etmeli dalmeyt wacko smile

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
flower flower flowers Al, Mahymjan sen bukete mynasyp!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: