16:08
Pyragy -18/ romanyñ dowamy
8.

Güýz ýagşy düşdi. Döwletmämmet molla alan hasylyndan razydy. Ol munça hasyl alaryn diýip ýatsa-tursa oýuna getirmeýärdi. Gallanyň çäjini görensoň, gözi doýdy. Öwez aga on çuwal bugdaý, Nyýazsalyh molla on çuwal bugdaý eltip berdi. Ondan başga-da ýanynda garyplykdan, güzerandan derdinişenleriň ählisine galla paýlady. Iliň göwni razy bolýardy.
Garry mollanyň öňünde duran esasy mesele aýalynyň ýylyny sowmakdy. Şonuň üçin ýomut garyndaşlaryna gidip galla goýun çalyşmakçydy. Nämüçindir bu iş üçin onuň özüniň gidesi gelmeýärdi. Onuň özi gitse, ondan galla almazdan, näçe diýse goýun berip goýberjekdiler. Iliň gözüniň doýup duran baýlygyny onuň abraýynyň hatyrasyna alyp gaýdyberesi gelmeýärdi. Ol bu iş üçin Gulaly bilen Magtymgulyny iberesi gelýärdi. Ikibaşdanam Magtymguly öýüň gaýdalynda körük ýasanyp, kepbe gurup, külüň, kirşeniň arasynda, gijesi-gündizi bir zatlar tyrkyldadyp ýördi.
Döwletmämmet molla ogly bilen diňe ertir-agşam duşuşýardy. Onda-da gürrüň satlyk-amanlykdan aňry geçenokdy. Ýöne ol Hywadan geleninden soň on-on bäş gün geçip, orak, beýleki gutaransoň dädesiniň ýanyna gelip, atasynyň ussaçylyk gurallaryny ulanmaga rugsat diläpdi.
Garry molla öz dädesiniň gurallaryny adam ogluna dözjek däldi. Ýöne ol zatlaryň mirasdüşeri, onuň at dakylanydy. Şonuň üçin-de oňa bada-bat razyçylyk beripdi. Ýöne indi welin, razyçylyk berenine ökünmän duranokdy. Oglunyň gije-gündiz şol tüsseli körügi hünär edinip ýörşüne içinden käýinmän duranokdy. Onuň ogluny külüň-kömrüň arasynda däl-de, metjidiň töründe, mollalaryň arasynda göresi gelýärdi. Ol özüniň ýetip bilmedik abraýyna, şöhratyna oglunyň ýetmegini isleýärdi. Ýitiren yhlasyny, umyt eden abraýyny oglunyň tapmagyny isleýärdi.
Garry mollanyň göwnünde başga-da etsem-petsemi ýok däldi. Ýöne bularyň baryny aýalynyň aşyndan soňa goýýardy, häzir onuň egninde iki aladany çekere hal ýokdy. Ol medreseden öýe gelýärkä-de şol pikirleri unudyp bilmedi. Şonuň üçin aýagy işikden içeri ädilmedi. Gapdaldaky kepbeden bolsa sandala degýän çekijiň tarkyldysy eşidilip durdy.
Garry molla kepbä garşy aýlandy. Dogrusy, ol bu ýere heniz bir gezegem gelmändi. Gelmek meýlem ýokdy. «Dädeme-de, entek bir aý aýlansa, käýýemeli bolar-da» diýip ýördi. Emma bu gün ol özüniň şol pikirlerini ýadyna salanokdy. Pikiriň köplügi, aladalar, ýaşy gaýdyşanlyk onuň ýatkeşligine-de höküm ýöredip başlan bora çemeli. Oňa özüniň eden şol pikirlerini aýdaýsalar hem nähilidir bir bahana agtaryp, özüniň bu hereketini doly aklajakdy. Ýöne onuň bagtyndan sowal berýänem, nirä barýarsyň diýenem bolmady.
Kepbeniň derejeleri giňden açykdy. Şonuň üçin kepbäniň içi ýagtydy. Ýaşuly dodagyny çalaja gymyldadyp, içeri ätledi. Adamyň dyzyna golaý edilip ýasalan tekdire arkasyny berip oturdy. Ogly uzyn donuňy jaýyň burçunda dikilen ýabanyň şahasyna ildirip, gytyk guzy derisinden tikilen depesiz, pyrsýan biçüw telpegini hem paýanyň bir şahasyna ildirip, çermelen gollaryndaky çekiji başyndan aýlap, sandala urýardy. Ol ýagty derejä garap işleýän-de bolsa, Garry molla oglunyň golunyň gujuryny aňdy. Ogluny aýagyndaky çokaýyndan te başyndaky jüýjeli gaýma salnyp gaýalan tahýasyna çenli yhlas bilen synlady:
«Illeriň bu ýaşdaky çagalary öýli-işikli boldy. Dädem welin... Heý, heý, elbetde, hudaýyň öňünde eden bir ikiligimiz bardyr-da. Ýogsa, beýle günlere düşer ýaly-ha däldik...»
Garry molla ýene-de özüniň oýlarynyň ummanyna tarap ýüzüp başlady. Ol aýaly Orazgülüň mylaýym keşbini gördi. Emma ýene-de özüne gelen ýaly boldy. Onuň öňünde ogly Magtymguly geýnüwli durdy.
– Ata, siz gelen ekeniňiz. Meniň habarymam bolmandyr.
Garry molla aýalynyň gözünde doňup galan keşbini oglunyň özünde gören ýaly boldy. Ogluny ilkinji gezek görýän ýaly, onuň ýüzüne-gözüne ýiti-ýiti garady.
– Ýok, ogul, birhili ýagyrnym agyrýar. Ýaprak bişende ýagyrnymdan gan aldyrsam diýip ýörün. Ýapragam bişiberenok.
Magtymguly kakasynyň ýygyrt atan maňlaýyna, saralan meňzine, agyr gabaklaryna usullyk bilen garady. Ýöne bu mähriban adam barada hiç hili pikir etmedi. Ol atasynyň göwün açmak üçin bu ýere gelmändigini aňýardy. Ýöne onuň keşbindäki agraslygy synlap, atasynyň häzir hiç zat aýtmajagyny aňdy. Ol sekiniň üstünde ýatan düwünçegi açdy. Gepbaşy bolsun diýen manyda at şaýy üçin niýetlän kümüş ýapraklaryň birini eline aldy. Ol ýaprak heniz ýagşy timarlanmadygam bolsa, ussanyň çekiç urmany başarýadygyny habar berip durdy.
Garry molla ýapragy eline aldy. Ony uzak wagtlap synlady.
– At dakylanyň pakyr kümüş gyrmagy, tylla çaýmagy oňat başarardy. Ol pakyr bolan bolsady, siziň baryňyzy kümüşçi ederdi. – Ol ýene-de ýapraga nazaryny dikdi. – Oglanyň damary at dakylanyna çekermişin diýleni çyn boljagow. Şu ýapragyň-a timar berip, kümşe ýuwsaň bolmanam durjak däl.
Magtymguly kakasynyň bu bahasyndan minnetdar boldy. Onuň küle-kömre gert baglan gaşlary-gabaklary demirçi ussanyňky ýaly gelşikli oýnady. Ýöne ol hiç zat aýtmady.
Garry molla-da, donunyň uzyn synlaryny çekişdirip, öýe gaýtdy. Onuň bu sapary Magtymgula-da geň göründi. Muny onuň kakasynyň özi-de aňdy. Ol daş çykansoň özüniň ýüreginiň ýukalygyna gynandy, käýindi. Emma etjek alajyň ýokdy.
«Bolmasa, oglanlaryň birini ibermeli bolar-da».
Garry molla uly alada bilen agşam namazynyň ugruna çykdy.

* * *
Akgyz bu gün has ir oýandy. Göwnüne bolmasa, hemmeler oraga gidip, bir özi bärde galaýan ýaly boldy. Ol indi ençeme wagt bäri içde-daşda görnenokdy. Ol çeşmede obanyň kähudasyna duşaly bäri, göýä al kakan ýaly bolupdy. Başyny ýassykdan galdyrman, saralyp zagpyrana dönen ýüzüne kürtleriň dokan seçekli gyňajyny çümrüp daňyp ýatyrdy. Gazak gelin bir zat berse-hä, damagyndan geçirýärdi. Bolmasa-da, ýaşdan aýrylan ene ýaly bolup, ýanyny ýerden göterip bilenokdy.
Ýany ýaşdan aýrylan gazak gelin bilen Haýrynsa onuň daşynda perwana bolup aýlanýardylar. Ýöne Adynageldi hanyň adamlarynyň söz aýdyjy gelmegi, iň soňunda-da «gelniňiz özüniň ak tenini gijede-girimde güjeňläp ýörmesin» diýmegi, Haýrynsanyň ýakasyndan bir kürüm gor guýlana dönderdi. Ol: «Ah, wah, kişisiz hatynyň ýüzüne köz tegsin» diýip, ulili bilen dady-perýat edip gykylyk turzupdy. Şondan soň Akgyzyň otagyna bir gezegem dolanmandy. Bu uýalçlar Akgyz üçin ölüme barabar bir zat bolup göründi. Ol göýä ýaşamakdan dynaýjak ýaly bolup, üstüne çabydyny atyp ýatýardy. Diňe gijede-girimde bolmasa, onuň daş çykanyny gören ýokdy. Onuň zaryn iňňildisi, Allatagalanyň öňündäki zeýrençleri jaýyň dört diwarynyň arasynda ýaňlanyp-ýaňlanyp, ýene-de onuň öz üstüne siňip gidýärdi.
Ol şeýle agyr hesretler bilen uka gidýärdi. Ýöne onuň bu gijeki ukusy aýratyn üýtgeşik boldy.
Muny onuň özi ýerinden turandan soň bilip galdy. Özüniň süňňüniň şeýle ýeňilligi, keýpiniň beýle çaglygy ony haýrana goýdy. Birdenem agşamky gören düýşi gözüniň öňünden siliň bady ýaly bolup şaglap geçip gitdi. Gelin süňňüni elendirip, ähli yhlasy bilen düýşe berildi...
...Bir ägirt gyr at bat bilen çapyp barýar. Onuň aýagy ýere degenok, megerem, al howada uçup barýar. Gelibem, edil Akgyzyň ýanynda sakga durýar. «Gel, gelin. Men seni islän ýeriňe äkideýin». At adam dilinde, özem kimdir bir mähriban adamyň dilinde şeýle bir şirin sözleýärdi. Bu ahwalat gelni gaty aljyratdy.
Häzir nirä gitmek isleýändigini onuň özem bilenokdy ahyryn. Etrek derýasynyň kenarynda küren tutup oturan obasy oňa daş hem-de garaňky bolup göründi. Onuň ýadyna birden adamsy Abdylla düşdi. Ýöne Abdyllanyň sypatyny tapyp, ýadyna düşürip bilmedi. «Meni, Abdyllanyň ýanyna alyp gitsene!»
At «Mün arkama!» diýip ýene-de bir täsin owaz bilen sözledi. Gelin onuň arkasyna mündi. At dünýäniň ýüzündäki ähli obalary, şäherleri aýlanyp ýördi. Akgyz bolsa atyň agzyndan çykýan owazyň kimiň sesine meňzeýändigini biljek bolup, adamsy Abdyldanyň didaryny göz öňüne getirjek bolup azara galýardy.
Gara baglar, ýaşyl daglar, küren obalar, ähli tanyşlar, nätanyşlar duşýardy. Emma Abdylla görnenokdy. Akgyz indi atdan düşmäge gorkýardy. Ol atdan düşdügi ýat illerde gam-gussa gark bolup gözýaşa boglup galjakdygyny bilip durdy.
Atyň altyn ýaly edil bir günüň tylla tyglary ýaly bolup, äleme öwüşgin berýärdi. Şol ýallardan berk, ýapyşyp oturan gelniň gollary hem täsin şugla bilen öwşün atýan ýalydy.
At sakga durdy. Ol «Seniň gözleýän adamyň dünýäde ýok!» diýip zaryn seslendi. Akgyz atyň gözlerinden buldurap gaýdýan ýaşy gördi. Şol gözlere garanynda bolsa, Abdyllanyň gözleri ýadyna düşüp, ýüregi jigläp gitdi. Öl Abdyllany gördi. Uly höwes bilen atyň başyny, göwsüne basdy.
«Sen şol gözleýän adamym.. Sen meniň Abdyllam!»
Gelin öz sesine tisginip oýandy. Gurşup gideň gollaryny galdyryp bilmän ep-esli oturdy. Söýgüsiniň indi näçe ýyldyr gurap giden çeşmesiniň gözleri açylan ýaly boldy. Agyr sandygyň içinden Abdyllanyň donuňy çykaryp, ony ysgap-ysgap gördi. Emma güýe degmesin diýip goýlan narpyz ýapraklarynyň ysyndan başga ys duýup bilmedi.
Akgyz aglady. Ol häzir özüniň şum maňlaýlygyndan, şunça ýyllap, çeken ýalňyzlyk dagynyň çekip çydardan agyr duýgularyndan däl-de, şunça wagtlap adamsynyň didarynyň düýşüne-de girmändigine gynanyp aglady. Säher gözýaşlary onuň ýüreginiň ýelini aldy. Gelniň dünýäsi giňän ýaly boldy. Adamsynyň didaryna gözüniň düşmegi, ony dünýä seýrana alyp giden gyr at baradaky ýagty duýgular, indi ençeme wagt bäri gam öýünde galan göwnüni nurlandyran ýaly boldy. Ol özüňiň gören bu düýşüňi Haýrynsa ýordurmaga howlukdy. Emma daň atmaga heniz wagt bardy. Ol ýene-de ýerine geçdi.
Ýöne ol ýatyp bilmedi. Ýüreginiň teýinden, bir ýerlerden kiçijik şatlyk oňy göterip barýan ýalydy. Şonuň üçin-de, ýene-de daş çykdy. Ömründe etmedik işini etmegi ýüregine düwdi. Sygyrguýrugyň petdesinden edilen sübseligi eline alyp, töwerekleri, işikleri syryşdyrmaga girişdi.
Howa tämizdi. Nirelerdendir bir ýerden suwuň boýunda bitýän otlaryň, gülleriň ysy gelýärdi. Çowdurlaryň. syrgyny tarapdan käkilikleriň kah-kah edip saýraşýan sesi eşidilýärdi.
Çowduryň ady ýadyna düşende, Akgyz nähili dikelenini duýman galdy. Endamyna ýyly ýel çalan ýaly boldy. Ýöne özüniň yhlasyny, islegini näçe basjak bolsa-da, basyp bilmedi.
Şol wagt gapdaldaky ýol bilen kimdir biri geçip barýardy. Akgyz ony Çowdurdyr öýtdi. Oňa dikanlap-dikanlap garady. Atly ony görenokdy. Ýöne birden Akgyzyň ýüregi gorky bilen jigledi. Ol Adynageldi handy. Han gözleri bilen töwereklere garaklaýardy. Käte bolsa atynyň jylawuny haýbat bilen çekip goýberýärdi.
Akgyzyň bady gaçdy. Ol gaýynlary göwnüne bir zat getiräýmesin diýip, daş işigi çala-çula süpürişdirdi. Soň sübsäni ýerine atyp, zordan düşegine geçdi.
Göwnüne bolmasa, Adynageldi han atyny gapyda saklap, içeri giräýjek ýaly boldy. Ol düşege gysyldy. Hanyň ýylymsyraýan ýüzüni, büzlüp ýazylýan dodaklaryny, heleýiňki ýaly ak ellerini gördi. Emma özünde oňa bolan ýigrenji, garşylygy duýmady. Gaýta, han gelip ony şu ýalňyzlykdan alyp gitse has gowy bolaýjak ýaly duýuldy. Özem, hut şony isleýän ýaly duýuldy. Özüniň barha gowşap barýanyny duýdy.
Ol dalda gözläp düşegine ýapyşdy. Eline ilenem adamsynyň dony boldy. Gelniň ýaşly gözleri peträre geldi. Dony bagryna basyp yzlap-yzlap yrandy. Bir salym şeýdip oturansoňam, ýüregi köşeşen ýaly boldy.
Gelin bolup ýörşüne çyny bilen gynandy. Dulda duran namazlygy ýazyp, onuň üstüne geçdi.
– Gurbanyň gideýin, öwlüýäler. Ýüregime sowuklyk salyň. Sabyr-takat beriň, garyp gyrnagyňyza. Meni suwdan alyp oda taşlamaň, giňlik beriň, giňlik beriň.
Ol şol samrap ýatyşyna-da agyr uka gitdi.

* * *
Zübeýdanyň gelmegi bilen Garry mollanyň syrgyny janlanan ýaly boldy. Ol atasy öýüne, belet ojagyna yhlasyny görkezjek bolýan ýaly, bir tamdyra, birem ojaga ylgaşlaýardy. Her hili mylaýym, şahandaz gürrüňler tapyp, Akgyzam güldürýärdi. Ona-da güýmenjelik iş tapýardy.
Magtymgulynyň balkyldap bakýan owadan gözleri, mähir çogup duran gabaklary, ösgün kirpikleri oňa Abdyllany ýatladyp durdy.
Akgyz ertirki düýşüni ýüwürjisiniň gelmegine ýordy. Ýöne bu günki şatlykdan özüne ýakyn bolsa hiç zat tapmady. Ýene-de özüniň solgun ýatlamalarynyň, gamgyn dünýäsiniň gomlaryna gark boldy. Emma baldyzynyň aladaçyl nazary, degişgen gürrüňler ony öz erkine goýmady.
– Waý, arkadagym, gelinbibi jan, hiý, ýekelikden ýadamadyňmy? Men gelenimde bir beýdip oturmasana. Ýör, bileje çeşmä suwa gideli. Ýoldaş bolawoýsana.
Gelin baldyzynyň gepinden çykyp bilmedi. Agyr süňňüni dikeldip, boşan suw küýzeleri aldy. Içinde az-owlak suw barynam kündüklere boşatdy.
Çeşmä golaýladyksaýyn, Akgyzyň gözleri-de çeşmä döndi. Ol baldyzynyň höre-köşesine has-da ezildi.
– Wah, sen bu gün bir aglamasan-a. Uly iliň begenen güni ahyryn bu gün bir.
Akgyz çydap bilmedi. Ol ýüregindäkiniň baryny baldyzyna dökdi.
– Maňa doga-tumar berlendir, jan Zübeýda. Bolmasa, beýle masgaraçylyklar nireden kelläme gelsin? Ýedi ýyl bäri otyrdym-a, gara ýer ýaly bolup. Şu gün islemelimi äri, ýogsa men?..
Zübeýda tä öýe gelýänçä sesini çykarmady. Onuň ýüreginde welin dürli oýlar ýagara gelen bulutlar ýaly garjaşýardy. Emma syr bildirmedi.
Şol günüň ertesi Zübeýda ir turdy. Atasynyň ýanyna salama barmak adatyna eýerip, içerilerini-daşarylaryny syryşdyrdy. Düýnki şagalaňdan galan gap-çanaklary, gazan-tabaklary arassalaşdyrdy. Düşekleri daşary çykaryp, otuň-çöpüň üstünde serişdirdi.
Garry molla gyzyna aýratyn aýawly garaýardy. Onuň pikiriçe, zenan maşgalanyň ýüregi perişdeleriň ylhamyndan, zehininden ýasalan bolmalydy. Şonuň üçin olary hiç haçan ynjytmak bolmaýardy.
Ol gyzynyň gelen gününiň ertesi salama gelmek adatyna-da öwrenişipdi. Muny özüne goýulýan aýratyn hormat diýip bilýärdi. Bu günem ol gyzynyň içerä-daşara yhlasyny görüp, öýde garaşmagy makul bildi.
Magtymguly Çowdur bilen has ir turup, jülgä bakan gidipdi. Gazak gelnem, ýaňy ýaşdan aýrylansoň juda zerur bolmasa daş çykmaýardy Çagalaram mal-gara diýip, çykşyp gidipdiler.
Gün ýaňy guşluga galypdy. Garry molla düwünçege düwülgi diwanlaryň ýaňy birine gol uzadypdy. Edil şol wagtam içeri gyzy girdi.
Garry molla oturan ýerinden gozganmasa-da, gyzyna garşy goja göwresini owsundyrdy.
– Bajym, gurgunmysyň? – Ol ýaş wagty ýogalan aýal doganynyň at dakylany bolany üçinmi, ýa-da gyzyny has eziz görýändigini aňlatjak bolupmy, Zübeýda «bajym» diýýärdi. – Oba-gara, mal-baş gurgunçylykmydyr?
Zübeýda atasynyň hoşamaýlanynamy, obada köp wagt bolmany üçinmi, ýa başga bir sebäbe görämi, gözlerini balkyldadyp çargadyny çümreräk çekip, onuň bir ujuny agzyna tutdy. Soň atasyndan ses çykmansoň, oňa ýüzlendi.
– Atam, ogluňyz aman gelipdir, gözüňiz aýdyň. Hudaýym galan didelerimem gaýdyp gelsin...
Döwletmämmet molla gyzynyň agzyndan çykan mähriban sözleri edil bir doga ýaly edip kabul etdi. «Ähüm-ühüm» edip, özüni zordan dürsedi. Soňam assaja gürledi.
– Agzyňdan hudaý eşitsin, bajym. – Ol şondan başga zat aýdyp bilmedi. Bir agyr agyry damagyna dykylan ýaly boldy. Az-kem dyzyna galdy.
– Heý, bala, bala, aglama. Gardaşlaryň öz meýline giden däldir. Il-gün üçin gideniň jaýy jennetdir. Seniň gardaşlaryň haram çörek iýip, haram emjek emen däldir. Wah, ýöne bäş gün ýalançyda, ekläp-saklap, il deňine ýetirip, boýuna guwanmaga bolsa Allatagala goýmady. Nesibedir-dä, bala...
– Hudaýa-da gowusy gerekdir-dä, ata jan...
Garry mollanyň gürrüňe meýilsizräk görünmegi onuň bu meseläni bes etmek isleýändigindendi. Atasynyň bu häsiýetine ýetik Zübeýda, dalda gözläp töweregine garanjaklady. Ýöne howy basylyp, bu ýere gelmänkä «aýdaryn» diýip göwnüne düwen pikirlerini tapman ýaýdandy. Onuň atasyna aýtjak-diýjek gürrüňleri ýok däldi.
Ýöne ol kakasy idin bermese aýdybermegi uslyp bilmedi.
– Emmeň pakyryňam ýyly ýetip gelýe. Adamyňky öldüň gutardy. Ýaňy ýalydy görgüliniň amanadyny tabşyrany. Eýläňe-beýläňe garamankaň bir ýyl ötüpdir.
Atasynyň gamgyn äheňi öňem göwni gyýlyp duran Zübeýdanyň gözlerine ýaş getirdi.
– Wah, garyp öldi-de, emmem jan. Zarlap gitdi-de, emmem jan.
Garry molla barmaklary bilen mesisini owkalap oturyşyna, ýene-de gürrüňi başga ýana sowdy.
– Sen gyzym, oba gidermiň, ýa-da bäş-üç gün bolarmyň? Hudaýýoly sowulýança...
– Men galaryn, ýöne ol obanyň adamlarynam-a çagyrmaly bolar. Men gitsem diňe şonuň üçin gitjek...
Garry molla agyr gabaklaryny galdyrmady. Munuň özi onuň: «Ol zatlaryň bir alajy bolar-la» diýdigidi.
Zübeýda ikinji meselä geçmäge ýürek edip bilmeýärdi. Ýöne onuň ýüregindäkini aýtmasa-da, karary ýetjek däldi.
– Göwnüňde näme bolsa, aýt, gyzym. Meniň göwnüňde bar zady bilip durara indi tabym galmandyr. Janym ýaňy elime geldi.
Zübeýda özüni tijedi. Ýaglygynyň ujuny bek dişledi.
– Ata jan, meniň sana maslahat berere ýolagym ýokdur. Ýöne meniň ýüregime ynjalyk bermeýän bir zat bar. Soňy saňa aýtmasamam boljak del. Megerem, ony diňe men aýdyp bilerin. Eger aýtmaga rugsat etseňiz...
Garry molla bir gysym boldy. Ýöne Zübeýda ony görmedi. Çünki, onuň özem aýaňa alaýmalyja bolupdy.
– Köňlüňe bent bolan ýagşy niýeti pederiňden gizlemek günä bolar, gyzym.
– Atam, sen nowbahar ogluny öýerdiň. Onda-da il-de-günde ýok maşgalany gelin edindiňiz. Emma ykbal beýle boldy. Indi meniň aýtjak bolýanym, o garabagt şeýdip oturmaly bolarmyka, atam? Ony hudaýyň ýazgarany azmydy, bendesi horlar ýaly.
Bu sözler Garry mollanyň ýüzüne ýalyn bolup çabyrady. Hatda, ol ýüzünde nähilidir bir yz galan ýaly, ýeňi bilen ýüzüni gaýta-gaýta syldy. Ep-esli salymam sesini çykarmady.
– Häk, gyzym, gardaşlaryň patasyny almak garry ataňa ýeňildir öýtdüňmi?
Zübeýda aýtmaga söz tapmady.
– Wah, gyzym, gyzym. Eger ömür, baht diýilýän zat meniň yhlasyma, sabyr-takatyma berilýän bolsady, siziň baryňyzy gudraty güýçli bireýýäm ýalkardy. Nädeýin, gyzym? Indi her kim kellesine gelenini edibermese, bendesiniň bendesine nepi deger ýaly bolmady...
Atasynyň oýlaryna gümra bolanyny aňan Zübeýda ýene-de orta sowal atdy.
– Haçana çenli beýdip gezmek bolar? – Garry molla sowala sowal bilen jogap berdi.
– Gelnin özi näme diýýä?..
– O biçäre näme diýsin? Oňa-da düşünmeli, atam. Aýal aýal bolar. Ne çaga, ne çoluk, ne-de...
Garry molla esli salym üsgürinjiredi. Şonda-da onuň gabaklary galmady. Soň bolsa juda aljyraňňy ses bilen gyzyna ýüzlendi.
– Gyzym, sen meni ýazgarma. Ataňda-da üýşüp ýatan akyl bardyr öýtmegin. Men saňa bir zady aýdaýyn. Eger men bu gelniňi kiçi gardaşyňa dakaly diýsem, näme aýdarsyň?
Zübeýdanyň tegelek ýüzüne kölege düşen ýaly boldy. Onuň dodaklary duýdansyz gowruldy. Ýüregine ornan sanjynyň awusy gözlerine indi. Ýöne hiç zat aýtmady.
– Sen, gyzym, gyn görme-de, Şonuň göwnüni barlap ber.

9.

Magtymguly Hywadan geleli bäri oba arasyna känbir çykanokdy. Ýaşlyk uýaljaňlygyna meňzeş duýgular ony eýdip-beýdip saklaýardy. Onuň göwni bolsa adamlar bilen gatyşybermäni, garyşybermäni küýseýärdi. Çowdur bilenem daglara, derelere awa-şikara, gezelenje gidibersem diýýärdi. Emme kimdir biri: «Häýt, ulalyp oňalmadyk, şeýtde nirede keýpiçaglyk barka diýde entede ýör!» diýäýjek ýalydy.
Ol Hywada mahaly kakasy bilen her bir meselede pikir alyşmagy, oňa ýakyn bolmagy, şeýdibem öz güýjüni, pähimini görkezmegi, onuň minnetdarlygyna mynasyp bolmagy arzuw ederdi, emma onuň göwün ýüwürdeni bolmady.
Atasy gojalygyň girdabyndan çykyp bilmeýärdi. Magtymguly onuň egninden nämedir bir agyr ýüküň basyp duranyny duýýardy. Soramaga welin çekinýärdi. Watandan uzakda bolnan ýyllar oňa ata aýawly garamagy, ile-güne aýawly seretmegi öwredipdi. Onsuzam ol atasynyň çekip ýören dagyny kiçi-girim hasap etmeýärdi. Agalarynyň ýolunda onuň gözleriniň intizar bolup galanyny süňňi bilen syzýardy. Atasyny gaty mert, gaýratly görýärdi. Onuň bilen söýenişesi, derdini bölüşesi gelýärdi. Wah, ýöne ony nädip etjek?
Alaçsyzlyk Magtymgulynyň elini-aýagyny daňypdy. Ile-güne çykmazlygy, atasy bilen ýüzbe-ýüz bolup bilmezligi, pişesizlik onuň ýüregine-bagryna düşüpdi. Indi telim günden bäri ýenjilýän sandalyň sesem, onuň beýle-beýle zatlara öwrenişmedik gulagynda ýakymsyz duýgy bolup galypdyr.
Bu gün ol geçeni-geljegi ölçerip oturyşyna çaýyna-çöregine-de el urmady. «Geçen günleriň gaýdyp gelmejegi belli, eger geljegem edil şunuň ýaly boljak bolsa, onda ýaşap ýörmegiň manysy-da ýok» diýen ýakymsyz duýgular Magtymgulynyň gulagynyň agzynda bal siňegi1 ýaly bolup ynjyly wyzzyldaýardy.
Ol oýlandygysaýyn özüni iki daşyň arasynda galan ýaly duýýardy. Bu dünýä sygmajak ýaly duýýardy. Birsydyrgyn, ýürekgysgynç günlerden daşlaşasy gelýärdi. Şeýle ham-hyýallar onuň pikir ýumagyny çöşläp, şeýle bir bulaşdyrdy. Ol häzir sorasalar öz adynam tapmajak ýaly duýuldy.
Ol alaçsyzlykdan ah çekende, gözüne kimiňdir biriniň didary görnüp giden ýaly boldy. Magtymguly näme isleýändigini, kimi göresiniň gelýändigini ýadyna saldy.
«Meňlim, amanlykmydyr? Heý, indi gaýdyp seniň didaryňy görme barmydyr, maňa?!.»
Onuň Meňlisi gözlerinden nur ýagdyryp, älem-jahany öz mübärek şuglasyna gark edip ýylgyrdy.
Magtymguly ony aýdyň gördi. Ol Hallygül däldi. Ol onuň hakyky Meňlisidi. Hallygülüň nusgasynda ýasalan şeýle bir mähriban, şeýle bir mylaýym perizatdy. Özem Magtymgulynyň ýüregindäki ähli sözleri, onuň umman ýaly giň söýgüsini, uçsuz-gyraksyz yhlasyny ýekeje ýylgyranda gark edip goýberýärdi. Onuň ýekeje bakyşy Magtymgulynyň ýüregindäki jümle-jahana sygmaýan ýalny öçürip bilýärdi.
«Meňlim, maňa bu dertlerden dynma barmyka? Seniň mübärek jemalyňa gowuşma barmyka? Heý, ynsan balasynyň yhlasyny eşitjek barmyka?»
Magtymgulynyň ýuwaşja pyşyrdysy kepbäniň içine sygman ganat baglap uçaýjak ýalydy. Onuň bu syry äleme paş bolaýjak ýalydy. Çünki, ol etmesiz bir iş edýän ýalydy. Emma ol ýüregini egismän biljek däldi.
Meňliniň kalbyna ornan suraty Magtymgulyny otdan alyp, suwa salýardy. Oňa indi köşeşme gerekdi. Köşeşme bolsa ýokdy.
Ol ýene-de çekije ýapyşdy. Ýöne zat çykmady. Otsuz körük, eremedik galaýy, süýülmedik kümüş onuň ýüregi bilen gopmady. Ol ýörite edilen tekdiriň üstünde oturdy. Ýüreginde möwç urýan joşgunyň örän uly tolkun bilen daşary çykmak isleýändigini duýdy. Gözleri kagyz-galam gözledi. Şol mahal içeri giren Çowdur bolsa, onuň şol joşgunynyň köňülde bent bolup galmagyna sebäpkär boldy.
– Näme, gardaşym, gaty gamgyn görünýän-le? Ýa-da göwnüň Hywa-Buharanyň owadan metjitlerini küýseýärmi?
Magtymguly gamgynlyk bilen ýylgyrdy.
__________

1 Bal siňegi – gerkezler balarysyna bal siňegi diýýärler.
– Heý, Çowdur! Häzir sen meniň ýüregimiň içine girip gören bolsadyň. Şonda meniň ýagdaýyma düşünerdiň sen.
Çowdur ýene-de ýylgyrdy. Ol Magtymguly özünden kine edendir öýdüp, onuň göwnüni ýazmak isledi.
– Hawwa-laý, seniň ýaly ahunlara düşünmek üçin medresäni hatym etmeli, Biz bolsa sähraýy adam. Garamaýak nire, ahun nire? Şeýle dälmi, ahun aga?!
Onuň, bu degişmesiniň gödeksi tyglary öňem janyna jaý tapman oturan ýigidiň ýüregine sünjüldi. Emma sesini çykarmady.
– Çowdur, agam, sen näme üçin meni ynjydýarsyň? Bu ýerde gep seniň medrese gutaranyňda, gutarmanyňda gidenok ahyryn.
– Ýeri, onda näme hakda gidýämiş?
– Eger-de seniň ýüregiňe gam dumany çöken bolsa, menem senden gülküli, şatlykly zat gözleýän bolsam, heý, ikimiziň gülkimiz deň çykarmydy? Sen mende güler, şatlanar ýaly ýekeje zat gördüňmi?
Çowdur hem peslär ýaly däldi. Ol her zat edip dostunyň göwnüni awlamak isledi.
– Mert ýigit giňräk bolsa ýagşy, ahunym. Eger-de, men seniň şatlygyňa şatlanmasam, gynanjyňa gyýylmasam, ýeri gelende, senem meni özüňe dost bilmeseň, onda biziň halymyzdan kim habar alar, gardaşym? Öňem bir sadakada san ýetip, toýda orun alyp ýören halymyz ýok, şeýle dälmi?
Magtymguly açylmady. Ol ähli gussasyny ýüzüne ýaýypdy. Häzir soraman, onuň derdini aňybermelidi. Onuň ýüreginiň ody ýüz-gözüni gowrupdy.
– Wah, Çowdur, Çowdur! Meniň ýüregim talanyp barýan ýaly. Häzir «huw» diýip çykyberesim gelýýe... Emma men nirä gideýin? Kime derdim aýdaýyn?..,
Çowdur ýene-de keýp edip güldi. Soňam ýuwaşlyk bilen ýüregindäkini habar berdi.
– Meniň aňyşyma görä, sen, gardaş, aşyk bolupsyň! Diňe yşk oduna ýanan adam seniň ýagdaýyňa düşüp biler.
Magtymguly sesini çykarmady.
– Sen maňa onuň adyny aýt, Garry mollamyzdan rugsat alyp, özüm sawçylyga gideýin. Heý, seniň ýaly giýewiniň boljagyny bilen adamam, gudaçylyga garşy bolarmy? Hä, ýöri, nätdim?
Magtymguly ýylgyrdy.
– Heý, gardaş, seniň agzyňda bu işleriň müşgili ýok. Sen bir üýtgeşik adam, Çowdur...
Çowdur dostunyň az-kem gowşaşanyňy aňyp, teklibini aýtdy.
– Men Garry mollany gördüm, ýaňy. Ol aýtdy: Magtymguly bilen ýomut garyndaşlara baryp gaýdyň – diýdi. Emmeň pakyryň ýyl ýetenine bäşläp-üçläp janly gerek diýdi. Hem näme, seniň ýaly yşky başyna çykan ýaş-ýeleňlere seýil bolar, gardaşym.
Magtymguly Çowduryň çyny bilen garyşan oýnuny pähim eleginden geçirmäge ýetişmedi. Ýöne sähraýy türkmen obalaryna barmak, il-günüň arasyna barmak, nätanyşy özüňe tanyş etmek, täze dostlar tapynmak meýli onuň gussasyndan rüstem çykdy. Ýöne höwesini daşyna çykarmady.
Çowdur bolsa dostuny boýun edenine guş bolup uçjak bolýardy.

* * *

Garry mollanyň aladasy özüne ýetikdi. Aýalynyň belli gününe ýakyndan-daşdan adam bary gelýärdi. Atasynyň aladasy Magtymgula-da geçipdi. Olam gelenleri garşylamaga çykýardy. Ýaşulular bilen gadyrly salamlaşýardylar.
Magtymguly barada halkyň arasynda az-da, köp-de bolsa ýagşy gürrüňler bardy. «Garry mollanyň ogly Hywadaky medresäni üç ýylda hatym edipdir. Ol hakdan içen aýdyjymyşyn. Onuň okymyşlygyna Hywa hanyňyň özi telpek goýupmyşyn» diýen gürrüňler, Balaja bagşynyň Magtymgulynyň sözlerini aýdyma geçirip toýda, her meýlisde aýtmagy iliň her söhbetinde ýatlamagyna sebäp bolýardy.
Eýranyň, Hindistanyň, Hywanyň, Buharanyň şagalaňly, gepli-gürrüňli durmuşyndan has daşrakda bolany üçin bu ýerleriň çarwalarynyň birinden beýlekisine ýetýänçä, gürrüňleriň has çişirilýändigi, owadanlanýandygy, süýjedilýändigi-de hakdy.
Belli güne gelýän adamlaryň ençemesi şol owadan gepleriň, gürrüňleriň badyna, hem «Eý, gel, bir Magtymgulyny göreris, hemem il-gün bilen saglyk-amanlyk soraşar gaýdarys» diýip ýola düşenlerdi. Olar gele-gelmäne Magtymgulyny soraýardylar. Onuň bilen yhlas edip görüşýärdiler.
Ýaşuly adamlar bolsa: «Häk, ýigid-ä diýenleriçe bar eken. Ýüzi-gözi pygamber nazar salyp, ýagşyzadalar agzyna tüýkürene meňzeýär» diýşip, oňa ak pata berýärdiler.
Magtymguly hem bu güne az garaşmandy. Onuň gözleri ýolda galypdy. Onuň Meňlisi gelmelidi. Ol gözi sypyndygy ýola garaýardy. «Meňlim, Meňlim!» diýip sabyrsyzlyk bilen pyşyrdaýardy.
«Men daýzamyň aşyna bararyn!» Bu sözi gyzyň nähili aýdanyny ol bilenokdy. Ýöne onuň göwnüne Meňlisi hökman gelmelidi. Magtymgulynyň diýeni boldy. Agşamara Giňjaýyň ugry bilen gelýän adamlary ol tanady. Olaryň içinde pyýadalap gelýän gyz bolsa onuň Meňlisidi.
Magtymguly gelýänleri garşylamaga çykmagy utanç hasap etmedi. Onuň ýüregi özünden has öňe düşüp, ýöräp däl-de, uçup barýardy.
Birki sany gyz bilen gyzyl çog bolup gelýän Hallygül oba ýakynlaşansoň yza galdy. Muny görüp, Magtymgulam badyny gowşatdy. Eşekli, ýabyly adamlar, aýallar begenişýärdiler. Olar biri-birleri bilen gygyryşyp gepleşýärdiler.
Magtymguly baryp daýzasynyň eşeginiň boýnundaky ýüpden tutdy. Ol eşegi ýataga idip gaýtdy. Daýzasy işige gelende eşekden syrylyp düşdi. Soňam hiç kime garaman içeri girdi.
Magtymguly daýzasynyň bozulyp, ejesini ýatlap, zarlap aglan sesini eşidip doňup galdy. Onuň göwnüne enesi hut ýap-ýaňyja jan beren ýaly boldy. Özem ogul bolup şol ýagdaýy duýmaýan, aňmaýan ýaly duýgy onuň başyny aýlady. Ol özüni. duýman durşuna, eşegiň ýüpüni elinden alyp, ýataga äkidenlerinem duýmady.
«Wah, emme jaýa, emme jan! Senem il deňinde gezip ýören bolsaň bolmyýamydy? Ýa-da...» Ol öýüň gamşyna arkasyny berip oturyşyna içini gepledip başlapdy. Ýöne Gyzylbaýyrdan gelen adamlar ony salamlaşmak üçin çagyrdylar. Diňe şondan soň ol Meňlisiniň gelendigi baradaky duýgulara, gaýdyp geldi. Asyl tamyň gapdalynda üýşüp duran gelin-gyzlaryň arasynda onuň keşbini görüp galdy.
Agşamara adamlar öýüň, tamyň kölegesine ýazylan keçeleriň üstünde gürrüňleşip otyrdylar. Ylaýta-da, Buzlypolat serdaryň sesi belent çykýardy. Ol Parawa gidişi, ol ýerde ýomutlaryň, tekeleriň hany bilen duşuşyşy barada, uly galmagal edip gürrüň berýärdi.
Onuň gapdalynda oturan Şyhym baý bolsa, bu ýylyn gowy gelendigi barada Nyýazsalyh molla gysmyljyrap gürrüň berýärdi. Onuň Buzlypolat serdary äsgermeýändigi, ulumsylygy, öwünjeňligi utgaşyp, ony birhili epeý görkezýän ýalydy.
Ol Magtymgulyny ýanynda oturdyp, oňa Hywa barada gürrüň berdiresi gelýärdi. Ol epeýsiräp gürledi.
– Hany, hany Buzly jan, Magtymguly aganam bir diňlagalyň. Seniň würrüňleriň bal ýaljak bolsaýam, näme diýseňem delje würrüňdir. Ikibaşdan aýagymyz bilen gelipdirik. Howwamy, molla aga?..
Buzlypolat serdar gürrüňe ýaňy gyzygyp ugrapdy. Onuň gübürdeýän bokurdagy ýumşaşyp, sesi açylyşyp ugransoň badyny alaýmak aňsat däldi. Ylaýta-da Şyhym baý biden onuň mäşi bişişenokdy. Şeýle-de bolsa, Garry mollanyň öýüniň hormaty, Magtymgulynyň adynyň ara goşulmagy onuň badyny saklady. Ol ýogyn sesi bilen:
– Diňlesek diňlägarys. Magtymguly agamyzam Parawda ýagşy aýdyjydygyny görkezdi. Asyl, Durdy şahyr diýen bir garrynyň-a badyny aldy... – diýip wagyrdady.
Olar näme diýip, näme aýtsalaram, Magtymgulynyň gürrüň ýadyna düşenokdy. Ol il ýüzüne ýylgyran bolsa-da, ýüreginde lowlap duran ataşy öçürerden ejizdi. Munuň beýle-beýle bolşuna onuň özem haýran galýardy. Özüni dürsäp, pähimini ele aljak bolýardy. Arman, özüne öz güýji ýetenokdy.
Meňlisiniň didary onuň ähli dünýäsini täzeden jadylapdy. Ol gözüni açdygy Meňlisiniň keşbini, görýärdi. Onuň balkyldap duran gözleri şeýle bir owadan, şeýle bir näzik duýgular bilen sözleýärdi. Ol duýgulary ýüregiňe siňdirmän durmak asla mümkin däldi. Adamlar bolsa bu zatlary duýmaga, onuň lezzetini görmäge Magtymgula päsgel berýärdi.
Onuň bolsa diňe bir Meňlisini görmek däl, ony bürgüt bolup bu ýerden göterip, uzaklara, pynhan jülgeleriň birine alyp gidesi gelýärdi. Emma muny häzir başarmajagyny-da duýmaýardy.
Magtymguly şeýdip, alasarmyk ýagdaýda bu gijäni geçirdi. Ol megerem, bu ýaş ömründe şeýle gijäni bir ýa-da iki gezek şeýle geçiripdi.
Ertesi gün märeke has hem köp üýşdi. Magtymguly gijesi bilen ýatmany üçin owadan gabaklary ýellenip görünýärdi. Ýüzi has ýagtylan, agaran ýalydy. Şonuň üçin-de Garry molla oglunyň halyny aňmady. Ol ýöne ýaşulularyň arasynda oturan ýerinden, ogluna ýüzlendi:
– Atam, eneň sadakasyny özüň sow!
Ol başga hiç zat diýmedi. Munuň özi Magtymgula bu uly märekede belli günde okalýan tebärek dogany özüň oka diýildigidi. Bu uly synagdy. Juda uly ynamdy. Ýöne Magtymguly muňa begenmedem, gynanmadam. «Bolýaram, ýogam» diýmedi. Çünki, ol Meňlisiniň suratyny gözüniň öňünden aýryp bilenokdy. Ýöne özüne edilen ynamy welin ödemelidi. Şonuň üçin-de dogalary diline aldy. Olary ençeme sapar tekrarlady.
Gün guşluga galanda Magtymgulyny töre, Döwletmämmet mollanyň, Nyýazsalyh mollanyň, Seýit owşar işanyň, beýleki ençeme ýaşulynyň oturan düşegine çagyrdylar. Magtymguly öňünde goýlan saçagyň bir burçuny usuldyk bilen galdyryp, çörekden hurmanyň bölejigi ýalagyňy agzyna saldy. Soňam saçagy emaý bilen ýapyp, oturanlardan rugsat sorady. Ýaşulular rugsat berenden soň owadan, saýhally ses bilen tebärek dogasyny sanamaga durdy.
Doga uzyndy. Ony Garry molla-da, Seýit owşar işan-da, Nyýazsalyh molla-da, beýleki ýaşulular-da üns bilen yzarlaýardylar. Çünki, bu doga, olaryň oglanlykdan aňyna guýlup, heniz bekemedik beýnilerinde orun alyp, soňam ýyllaryň geçmegi bilen doňup galan dogady. Şonuň üçin-de Magtymgulynyň synçysy kändi. Özem olar ýöne-möne synçylar däldiler.
Magtymguly okaýardy. Onuň owadan sesi ýüregindäki pynhan-pynhan duýgular bilen garylyp çykýardy. Adamlar diliň gelişmejek arap sözlerini däl-de, Magtymgulynyň ýüreginden çykýan mylaýym duýgulara düşünýärdiler. Ol duýgularyň arap sözleri, doga bilen hiç bir umumylygy ýokdy. Şol äheňde heniz bu jülgelerde aýtmaga batyrlyk edilmedik gudratly pikir bardy. Onda adamlary durmuşy söýgi bilen gurmaga, öz söýguňi goramaga, aýamaga çagyryş bardy. Oturanlaryň köpüsiniň ýüregi ony duýýardy. Emma ony aýyl-saýyl ederden olar ejizdi.
Garry molla gabaklaryny goýberipdi. Eger-de häzir onuň gözlerini görsediler, onda atanyň ogla bolan minnetdarlygyny bada-bat duýup boljakdy. Hemişeler doga okalyşykda Seýit owşar işanyň doga okaýşyna Garry mollanyň gözi giderdi. Hemişe şonuň ýaly okamagy arzuw ederdi.
Ol bu gün maksat-myradyna ýetipdi. Onuň ýetmedik arzuwyny ogly amala aşyrypdy. Eger-de häzir pygamberleriň özem gelse, Magtymgulynyň okaýşyndan çirk tapjak däldi. Ol şonuň üçin-de Seýit owşar işanyň bolşuna ünsem bermeýärdi.
Işan bolsa keçäniň ýüňüni aldygyna ýolýardy. Käte, käte-de «häk» diýen bolup goýberýärdi. Soňam dodaklaryny müňküldedip, doga okap oturanyň yzyndan kowýardy. Ýetip bilmedik ýerinde bolsa «häk» diýip goýberýärdi.
Magtymguly bu zatlary görenokdy. Onuň ýüregi doga okamak bilen boşar, egsiler ýaly däldi. Ol näçe joşup okadyksaýyn söýgüli gyzyň didary oňa has dury, has aýdyň görünýärdi. Şol keşbi has ýakyndan görmek üçin bolsa, dogany has batly, has mylaýym okamalydy.
Doganyň ahyry golaýlaýardy. Emma ol bütin ömrüne şeýdip, ýaryň didaryny görüp, onuň bilen pynhan sözleşip doga okap oturmaga taýýardy.
Doga okalyşygy gutardy. Ýaşulularyň biri oturanlara sala saldy. Hiç kimden ses çykmady. Ýöne özüni bu töwerekleriň ýeke-täk töňňesi hasap edip ýören Seýit owşar işan hem kem galmady. Ol gyryljak-gyryljak arçynyp, doga okap başlady. Onuň okaýan dogasy, sanaýan arap sözleri indi hiç kimi gyzyklandyrmaýardy. Adamlar edep saklamak, öliniň aýatyny hormatlamak üçin otyrdylar.
Garry molla oglunyň sowadyna hasam pugta göz ýetirdi. Oňa göwni ýetdi. Emma bu begenji daşyňa çykarmak mümkin däldi.

* * *

Belli gün sowlansoň adamlar kem-kemden dargaşýardylar. Magtymguly daýzasynyň gaýtmak üçin ýola şaýlanýanyny aňdy. Ol Meňlisiniň ýene-de gözünden gaýyp boljagyna ynanyp bilmeýärdi. Onuň bu mähriban gyzyň didaryndan doýup bilmedik ýüregi, «ony hiç ýere goýberme, goýberme!» diýip, şol zarynlap durdy.
Häzir ýüregiň islegine emr etmek asla mümkin däldi. Ol daýzasynyň eňremesine düşünenokdy. Daýzasy gelip, onuň boýnundan gujaklady.
– Wah, çynar boýly ýegenim, seniň bir ömrüň uzak bolsun-da, garamanlaý eneň göründe arkaýyn ýatar ýaly...
Daýzasy köşeşmedi. Onuň zaryn-zaryn sesi ýürek-bagryňy daglap-daglap gidýärdi.
Magtymguly daýzasynyň goltugyna girip, ony öýe saldy. Öýde onuň Meňlisiniň ýeke özi otyrdy. Daýzasy oturmady. Ol ýene-de daş çykdy. Içerde juwanlaryň özleri galdy.
– Meňlim! – Magtymguly oňa bakan biygtyýar ýöneldi. Gyzyň öňňünki gül sypatyndan hiç nyşan galmandy. Onuň gözleri aglamakdan ýaňa gyzaryp, gabaklary badam ýaly pökgerip durdy. Emma Magtymguly bu haly häzir duýardan has ejizdi. Onuň göwnüne Meňliniň gözleri dirilik suwunyň çogup çykyp duran çeşmesidi. Ýüzi mahy-tabandy.
– Meňlim, sen gaýtsaň meniň halym neneň bolar? Maňa sensiz bu döwranlar gerekmes. Eşidýärmiň, Meňlim?!
Meňli-de özüni unutdy. Ol ýaşly gözleri bilen Magtymgulynyň gyza gaňrylyp garamadyk ýüzüne, ulugyzlaryňky ýaly owadan gözlerine delminip garady. Ýöne sesini çykarmady. Ol häzir gepläbem biljek däldi...
Magtymgulynyň bolsa onuň bilen sözleşesi, ýüregini, yhlasyny, söýgüsini bölüşesi gelýärdi.
– Aglama, Meňlim. Sen meniň ýüregimde, gözlerimde aglap durşuňa galmakçy bolýarmyň? Seniň gülüp duran, şatlanyp duran, bagtly bolup duran keşbiňi ýüregime ornaşdyrasym gelýär, Meňlim...
Gyz ellerini ýüzüne tutdy.
– Bize bagtly bolmak ýokdur...
Içeri Zübeýda girdi. Ol juwanlaryň özüni unudyp durşuny görüp, çykyp gitmek isledi. Ýöne gitmedi.
– Didäm, daýzaň gaýtjak bolýar. Birje hoşlaşawaýyn diýip otyr.
Magtymguly özüni dürsäp bilmän daş çykdy. Onuň hassanyňky ýaly elenip duran sünni häzir gymyldama diýýärdi. Emma, ol janyňa dözdi.
Daşary öýläne sanypdy. Kölegeler gündogara bakan has uzapdy. Daýzasy kölegede ýeke oturan atasynyň ýanynda çommalyp, bir zatlaryň gürrüňini edýärdi.
– Oň bolawaýsyn, molla aga jan. Hudaýym indi bäri alyý-walyý salmasyn. Näme, ilde-wünde bar zat, ata-baba edilýen zat, oň bolawaýsyn...
Garry molla Magtymgulyňy görüp «ägä bol!» diýen terzde üsgürinjiredi. Äriniň «ähim-ühümine» öwrenişen, düşüş aýal derrew ýerinden turdy. Ol Magtymgulynyň golundan ýapyşdy.
– Ýegen jan, biz gaýdýak. Aman-sag oturyň. Hudaýym ýagşy günüňize gelmegem miýesser etsin-dä. Toýuňa geleýli.
Magtymguly daýzasynyň gözlerine nämedir bir hiläniň düşenini aňdy. Ýöne ol hiläniň nämedigine düşünmedi. «Belki, Meňlili gürrüňdir. Belki, atam meniň göwnümi aňyp, daýzamyň taryna kakyp görendir. Heý, ene deregini, ata ornuny tutan ata-da perzendiniň göwnüni bilmezmi? Onda, Meňlim näme «Bize bagtly bolmak ýokdur!» diýdikä? Ýa-da ol begenjinden aglaýarmyka?»
Myhmanlar ugrady. Magtymguly daýzasynyň eşegini idip barýardy. Onuň Meňlisem eşegiň beýleki gapdalyndan barýardy. Ýöne ol hiç ýere seretmeýärdi. Göýä, çykanynyň şeýle teşnelik bilen garanyny duýmaýan ýalydy.
Ugraýanlar Ginjaýyň çetinde saklandylar. Magtymguly olaryn ählisi bilen hoşlaşdy. Gezek gyza ýetdi. Magtymguly ýylgyryp bilmedi. Ol uly hesret bilen Meňlisiniň gözlerine garady. Ol gözlerden aýralyk bulaklary möwç alyp akýardy. Şol bulaklarda tükeniksiz söýgi, düýpsüz yhlas möwç urýardy.
Magtymguly öýe gaýtdy. Ol hiç bir zat görmeýärdi. Ol ýüreginde balkyldap duran iki görejiň suratyny görýärdi. Olardan gaýdýan bulaklar bolsa ýüreginde ägirt uly ylham bolup, ony göterip barýardy.
Ol özüni zordan kepbä atdy. Sarymtyk ýüpek kagyzyň ýüzünde galam oýnap ýetişmeýärdi. Häzir näme ýazýanyny onuň özem bilenokdy. Diňe bir zady, şol bulaklaryň suratynyň kagyza geçýändigini bilýärdi.

Ýörseň ýarym guwana men,
Serwi kamat boýlaryňa,
Gülden püşeş ýaraşypdyr,
Ajap rahat boýlaryňa.

Görsem roýuň, ýok armanym,
Sensiz hazan ursun janym,
Ykbalym, dinim-imanym,
Kylsam hormat boýlaryňa...

Gören aşyk geda bolar,
Il gününden jyda bolar.
Magtymguly, pyda bolar.
Din-keramat boýlaryňa.

Magtymguly köşeşmeýärdi. Indi, gör, näçe wagt bäri bent baglan gözler açylypdy. Söwer ýaryň gözleri, onuň ýürekde doňup galan didary häzir uç-da, onuň bilen baky hemra bol diýýärdi. Eger şoňa güýjüň ýetmese, däli-diwana bolup dag-düzlere rowana bolubermelidi.
Magtymguly oýa batdy. Alaçsyzlyk, yşkyň bu ägirt uly heseri onuň güýjüni-gurbatyny alan ýaly boldy. Ýöne köşeşmedi.

10.

Zübeýda Akgyzyň göwnüni barlamak aňsat düşmedi. Ol hut öz agasynyň gelnine sawçylyga barmaly bolaryn, oňa bu agyr habary aýdaryn diýip, asla oýlanmandy. Ýöne atasynyň bir sözüni-de henize çenli ýere gaçyrmadyk maşgala bu işi hökman bitiräýmelidi.
Belli günüň öň ýanynda ol Akgyzyň bolýan otagyna girdi. Asyl ol bu otaga häli-şindem girýärdi. Ýöne häzirki ýaly unudylmajak, ýatdan çykmajak niýet bilen däl-de, gelnejesiniň ýanyna gelip, onuň ýumşuny höwes bilen edip ýören baldyz bolup girýärdi.
Akgyz oňa üns bermedi. Ol saçyny darap oturdy. Dagdan agajyndan edilen daragy uzyn saçynyň ugry bilen, başyndan tä saçynyň ujuna çenli şol ýöredip otyrdy. Onuň bu bolşuny synlan, gelniň oýlanmaga bahana üçin hem-de gözüniň gussasyny gizlemek üçin saç daraýanyna derrew düşünjekdi.
Zübeýda gelnejesiniň ýagdaýyna düşündi. Onuň ýanyna baryp oturdy.
– Getir, men darap bereýin, gelinbibi jan! – Ol Akgyzyň elinden daragy aldy. Gelniň ýüpek ýaly ýumşak, sargylt saçyny höwes bilen darady. Ýene-de darady. Soňam ony edil depesinden açyp goýberdi. Akgyzyň ak, owadan ýüzi, kirpikmen gözleri açylyp gitdi.
Gepe başlabermäge güýç gerekdi. Zübeýdanyň ýüregi welin gürsüldäp-gürsüldäp içine sygmajak bolýardy. Ol gelnejesiniň saçyny onuň arkasyna atyp soňam yhlas bilen darap-darap örmäge başlady. Diňe şonda şeýle agyr zady boýun adanyna göz ýetirdi. Ýüpek ýaly mylaýym saç, öňünde oturan zenanyň gözelligi onuň ýüregindäki ene mährini oýardy. Ol gelnejesini misli iň eziz adamsyny köp-köp aýralykdan soň görýän ýaly bolup gujaklady. Ony bagryna basyp, ýüzüni ýarysy örülmedik saçyň ýüpek dessesine basdy. Silkinip-silkinip aglady. Ol köşeşer ýerde köşeşmedi.
Emma aglamagy ony batyrlandyrdy.
– Gelinbibi jan, men senden bir kyn zat sorajak. Ýöne diňe ýüregiňdäkini aýt. Gaty görseň, göwnümdäkini aýtmadygym hasap ederin.
Akgyz üçin bu dünýäniň gyzygy gaçypdy. Ol öň ýüwürjisi geläýse, durmuş üýtgäýjek ýaly görerdi. Emma üýtgän zat bolmady. Onuň hasaby boýunça hiç haçanam üýtgemeli däldi. Ol birküç gün bäri özüniň ykbalyndan, garabagtlygyndan diňe ölümiň dyndaryp biljekdigi baradaky was-was pikirlere gark bolýardy. Özüni hemişe ajalyň penjesinde görýärdi. Ýaş, heniz hiç zat görmedik ömrüniň hary-zar bolanyna, indem şeýdip, dünýäden armanly ötjegine eňreýärdi. Gözüniň ýaşy onuň ýüreginiň ýangynyny öçürip bilmeýärdi.
Ol häzirem aglaýardy. Zübeýdanyň mähribanlygy onuň ýüregindäki gussalary has eredýärdi. Göwnüniň awusyny egsen ýaly edýärdi.
Akgyz baldyzynyň sözüne jogap bermese-de, ony diňlemäge özüni taýýarlady. Gözüni bir nokada dikip oturyşyna, garyşyk pikirler bilen Zübeýdanyň aýtmaly zadyny oýlandy. Onuň ýadyna çeşmäniň başynda Adynageldi han bilen baglanyşykly waka düşdi. Çünki, hanyň adam iberip, Garry mollanyň derdiniň üstüne dert goýanyndan gelin habarlydy. Çowdur bilen onuň arasynda bolan gürrüňiň bu ara gelmejegini bolsa ol açyk bilýärdi. Ol aýalam bolsa Çowduryň mertligine, onuň özüniň mertebesini saklajakdygyna çyny bilen ynanýardy. Ol Zübeýda şol gürrüňi dörüp, «çynmy-ýalanmy?» diýip sorar öýdýärdi. Onuň üçin indi bary bir ýalydy. Hiç zady gizläsi gelmeýärdi. «Ýene birden hana göwnüniň baryny-ýoguny sorasa näme diýmeli bolarka?» Ol çalaja pyşyrdady.
– Gelinbibi, näme diýdiň? – Ol sesini çykarmady. Özüniň sowalyna jogap tapmansoň:
– Diýiber. Näme sorasaň soraber, dogan – diýip, üzlem-saplam gürledi.
– Gelinbibi jan, belent çynarymyz ýykyldy. Bizem onuň astynda galdyk. Senem är işini bitirdiň, hudaý jan saňa abraý berdi, garaşyp bildiň.– Akgyz beýle-beýle söze garaşmaýardy. Ol ýaşy heniz kepemedik gözlerini balkyldadyp, baldyzynyň ýüzüne geň galmak bilen garady. Zübeýda erksiz dowam etdi. – «Atamam, senden ölim-dirim razydyr» diýip otyr. «Hem oglum boldy, hem gelnim boldy. Ýaşlygyny, ýatlygyny bilmedik» diýip otyr. Ýöne näme, «her zadyň öz çaky bar» diýýe. Bir bendäniň gül ömrüni kül edip, ömrüni köýdürip oturmak hudaýa-da, bendesine-de ýaraşykly däl» diýýe...
Zübeýda aljyrady. Ol atasynyň aýtmadyk, ýöne welin häzir anyňa gelip, diliniň ujunda keserip duran pikiri aýtjagyny-aýtmajagyny bilmedi. Onuň başga-başga manysynyň bar bolmagy-da mümkindi. Ýöne atasynyň ondan eden towakgasynda, pikir, söz çäklenilmändi. Şonuň üçinem sesini peseldip gürläp başlady,
– «Eger göwni bölünip, ýüregi çyndan isläp gidesi gelse, rugsat Alladandyr. «Düşen ýerim, hudanyň buýrugyna çäre ýok» diýip adamkärçilik etse, wepasyny saklasa-da, gözümiziň üstünde orny bar. Ölýänçäm oglum bolar. Ölemden soň eýäm» diýdi. Ýöne başga bir zadam sora diýip köp-köp towakga etdi. Onam aýt diýseň aýdaýyn, aýtma diýseň aýtmaýyn...
Akgyz üçin indi bary bir ýaly boldy. Häzir onuň pikiri bu sözleriň agramyny çekerden ejizdi. Şonuň üçin-de, ýuwaşja sözledi.
– Aýdyber!
Zübeýda ýuwdundy.
– Gelinbibi jan, atam seni öýden goýberesi gelenok. Eger razy bolsa, Magtymgula göwni bar bolsa, onam sora diýdi...
Akgyz tisgindi. Ol göýä bir zatdan erbet gorkan ýaly bolup ýerinden turdy. Onuň bilen boýdaş bolan Zübeýda-da sözüniň yzyny ýetirdi.
– Atam: «Bu bir ata-baba bar zat, şonuň göwnüni soranymyzy aýyp görmesin» diýdi.
Akgyz özüni ele alyp bilmedi. Şonuň üçin-de yranyp aşak oturdy. Ol häzir gepläbem, aglabam bilenokdy. Iň erbet ýerem bu zatlaryň haýsysynyň gowy boljakdygyny seljerip bilenokdy. Ol indi näçe wagt bäri ýagşy umytlary göz öňüne getirip bilmeýşi ýaly, beýle-beýle durmuşyň soňunyň nähili boljagynam bilmeýärdi. Ýöne ol Garry mollanyň özüne ýamanlygynyň ýokdugyny aňlaýardy. Şonuň üçin-de ep-esli oýlandy. Sesini çykarman, belki, jogaba garaşyp oturan Zübeýdanyň ýüzüne garady. Olam häzir aglamaýardy.
Akgyz ýere garap gürledi.
– Meniňem gaýynatamdan agyran-ynjan ýerim ýok, Zübeýda. Başyma hudaý salypdyr. Indem nädeýin, kime arzymy aýdaýyn? «Daş düşen ýerinde galarmyş». Meniň açjak gapym ýok. Geňeşiňe taňryýalkasyn. Indem näme etse men razy. Men şu öýüň gyrnagy...
Bu onuň razylyk berdigidi. Bu sözi eşidenden soň Zübeýdanyň derdi has hem agraldy. Ol misli eginlerine dagyň äpet daşlarynyň biri basyp duran ýaly, ýerinden galyp bilmän esli oturdy.
Ýöne indi beýdip oturmaly däldi. Ýagdaýy atasyna habar bermelidi.

* * *

Magtymguly işine birneme türgenleşýärdi. Ol häzir oňarsa eredilen gyzyla el urmajak bolýardy. Kümüş süýýärdi. Göbek goýmany, göz bermäni, keşde çyzmagy türgün edýärdi. Öwrenişmedik elde dörän gabarçaklaryň biri bitmänkä, ýene-de ikisi döreýärdi. Ýöne onuň guwanjy bu däldi.
Onuň garaşmaýan ugrundan şeýle täsin goşgular döreýärdi. Ol goşgular «indi, hiç haçanam goşgy, gazal düzüp bilmesem gerek» diýip oýlanýan ýigidiň yhlasyna yhlas goşýardy. Göwni ganatlanýardy. Häzirem ir ertirki düzen goşgusynyň bady bilen kümüş ýenjýärdi. Özem uly yhlas bilen goşgynyň bentlerini gaýtalaýardy.

Meňli hanym golun dişläp,
Bizden ki uýat eýleýir.
Seýkin basyp, uz ýörişläp,
Bizden ki uýat eýleýir.

Geýinipdir gyzyl-aly,
Bilmen nedir ýar hyýaly,
Göz edip ýomut, ahaly,
Bizden ki uýat eýleýir.

Ykbal çatmaz ýereý diýsem,
Ýokdur malym, bereý diýsem,
«Aç roýuňy – göreý» diýsem,
Öwrülip uýat eýleýir.

Görüşeli, Meňli hanym,
Istihanym, şirin şanym,
Pyragy diýr, din-imanym
Ýetdirmez, uýat eýleýir –
Magtymgulynyň guwanjy uludy. Ol bu gün öz adyny «Pyragy» diýip, ilkinji gezek tutupdy. Ol özüniň «Pyragy» ady bilen «Meňli» adynyň şeýle utgaşýandygyna begenýärdi. «Meňli-Pyragy» diýip gaýtalaýardy.
Hywadan gelýärkä goja kerwenbaşy Hojameňli aganyň bu dünýäniň pyrakdan doludygy barada aýdan sözleri häzir onuň ýadyna düşýärdi. Önem birki goşgusynda adyny «Pyragy» diýip goýşuny hem öz ýanyndan makullaýardy.
«Eger şu şygrymy Meňliniň özüne okap bersem näme diýerkä? Ykbal çatmaz ýöreý diýsem, ýokdur malym bereý diýsem, aç roýuňy, göreý diýsem, Meňlim uýat eýleýir... Ol hökman ýylgyrar. Ýöne ol bu goşgyny halasa gerek...»
Magtymguly tekdiriň üstünde oturan ýerinden bu bendiň setirlerini ýene-de gaýtalady. Ol näçe gaýtaladygysaýyn, Meňli gyz oňa roýuny açyp, jadyly ýylgyrýardy. Ondan razy bolýardy. Gözleri, ýürek mähri bilen nämedir bir zatlar diýýärdi.
Magtymguly onuň näme diýjek bolýanyny duýýardy. Duýmazça däldi. Şol gözlerdäki ummasyz uly telwas Magtymgulynyň ýüregine siňmäge meýil edýärdi. Şeýle päkize duýgyny, onda-da Meňli gyzyň nazaryny Magtymgulymy duýmajak.
«Ýok, Meňlim, sen heniz näme görýärsiň. Bu goşgular meniň göwnümdäki ýüküň, saňa bolan guwanjyň, yhlasyň ýüzden birinem göterenok. Wah, ony beýan etmäge söz, bent ejiz gelýär. Ine, az salym garaş. Saňa bolan yhlasymy kümüş gülýakalarda tylla suwy bilen beýan ederin. Şonda-da bir gör, meniň yhlasymy.
Sen barada şeýle bir ajaýyp şygyrlar ýazaryn. Edil Mekgäniň keramatly daşy ýaly gap-gara kagyzyň ýüzüne gündizlik ýaly ak reňk bilen sen baradaky goşgularymy ýazaryn...
Meňli diňleýärdi. Hawa, ol edil janly ýaly bolup Magtymgulynyň nazarynyň öňünde durdy. Özem şeýle bir owadan, şeýle bir ezizdi. Magtymguly gözüni gyrpmaga-da gorkýardy. Ol ýene-de ýuwaşja pyşyrdady.
– Meňlim! – Edil şol wagt Zübeýda girdi. Onuň gözleri gaýgylydy.
Magtymguly ham-hyýalyny unutdy.
– Zübeýdam! – Onuň hakyky ady Hurmady. Ýöne Garry molla kiçijikliginde oňa Zübeýda, Zübeýda diýensoň, indi onuň ady hemme ýerde diýen ýaly Zübeýda diýlip tutulýardy. Käte oňa Hurma diýäýenlerinde ol özüniň hakyky adyny unudardy. Soň birden ýadyna düşürip, «Maňa diýýäňmi, gyz?» diýip ikilenç sorardy. – Gel, geç, otur. Men saňa bir goşgy okap bereýin. Sen ýüz görmede baha ber.
Zübeýda oturmady. Ol gaty ýuwaşja gürledi.
– Didäm, seni atam çagyrýa...
Magtymguly elindäki kagyzy gapdala goýup, ornundan turdy.
– Näme ýumşy barka?! – Ol töweregine garady, agajyň haçjasyndan asylgy donuny alyp geýdi. Soň kündügi alyp elini ýuwdy. Süpürindi, telpegini düzetdi. ýüzüne gelşik berip duran sakgalyny, gytyk murtuny sypalaşdyryp, timar berdi.
Zübeýda gidipdi. Magtymguly aýal doganynyň ýüzündäki gussanyň, asyl sebäbiniň nämedigini bilmeýärdi. Ýöne onuň göwni birneme gysyldy.
«Zübeýda näme bolduka? Ýa-da Gyzylbaýyrdan, beýlekiden bir bolmasyz habar geläýdimikä? Meňli dagy sag-aman bardylarmyka? Ýa-da ýolda-yzda bir bolmasyz iş bolaýdymyka? Öýümiz, obamyza häli-häzir abatlyk. Gep-gürrüň ýok. Ýa-da atam ýaranokmyka? Ýa-da apam»... Ol ähli zady göz öňünden geçirdi, hemme zat gowulygady. Diňe gazak gelnin bäbejiginiň juda aglakdygy baradaky ýagdaý diýäýmeseň, gysylyp-gynanar ýaly hiç zat ýok ýalydy. «Onda näme bolduka?»
Magtymguly içeri salykatlylyk bilen aýagyny ätledi. Baryp edep bilen kakasyna salam berdi. Soňam amanlyk-saglyk soraşylýança garaşdy.
Garry molla hemişekisinden agras görünýärdi. Ol Magtymgulynyň ýüzüne garaman, saglyk-amanlyk soraşdy. Onuň ýanynda duran kitaply düwünçekler onuň ogluny ýöne iş bilen çagyrmandygyny aňladýardy. Ol juda möhüm iş etjek bolanda köne kitaplara birlaý göz aýlaýardy. Özüniň etjek bolýan işi şaýa-sünnä sygyp-syganokmy göz ýetirerdi.
Garry molla ep-esli wagt oýa batyp oturdy. Soňam dyzynyň üstüne galdy. Ýuwaşjadan, pikirine saldam berip gürledi.
– Oglum, meniň saňa aýtmagy ýüregime düwen niýetimi eşidip, atam aklyndan azaşdymyka diýmegiň mümkin. Ýöne men seniň maňa düşünjekdigiňe, derdimi, dagymy paýlaşyp biljek oguldygyňy bile-bile gelemsoň, şu ýüki saňa salýaryn. Eger gidenlerimiz aman gelen bolsady, Allatagala başymyza bu çäreleri salmadyk bolsady, owda heý, beýle-beýle zatlara razy bolarmydym.
Magtymguly atasynyň nämedir bir zady aýdyp bilmän oturanyny aňdy. Onuň ýene-de oýa batanyny görübem, oňa ýüzlendi.
– Atam, göwnüňize gelen sözi saklamaň. Ogluňyzyň sizden aýra ýüregi ýokdur. Eger janym zerur bolsa, şonam sizden gaýgyrmaryn...
Garry molla sakynyp gürledi.
– Wah, ogul, men saňa gep aýlawlap oturmaýyn. Bir zat soraýyn, şoňa jogap ber. Eger ýeňňedi saňa daksak sen neneň görersiň?
Magtymgulynyň gözleri garaňkyrady.
– Ýok, atam. Hanjar alyp meniň ýüregimi çykaryp, kerçem-kerçem et, wah diýsem namart boldugym. Emma bu sözi aýtmaň. Siz aýtmadyňyz, menem eşitmedim diýeýin, taňrynyň öňünde günäkär bolsamam, atam.
Ol atasyna garşy süýşdi. Oňa çaga naýynjarlygy bilen ýalbardy.
– Atam, men muňa razy bolup bilmerin. Hiç haçan razy bolup bilmerin. Heý, arzuw, umyt bilen ýoluna göz dikip oturan agamyň ýorganyna girip bilerinmi? Bu sözüňizi aýtmaň, eşitse ýeňsemem juda hapa bolar, atam...
Magtymguly iň soňky tutarygy hasaplan sözlerini orta atdy.
Garry molla bu sözler täsir etdimi, etmedimi ol belli däldi. Ýöne ol buça-buça garşylyga oglundan garaşýardy. Şonuň üçinem gysylmady. Oglunyň sözüni soňlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Soň assa gepläp, söze başlady.
– Ogul, seň gaýgy-hasratdan bagry köýen, indem köpi geçip, azy galan garry ataňy diňle. Meniň saňa heý, ýamanlygym boljakmy? Oglanlarym bolsady, uly toý tutup, saýlap-seçip öýermezmidim, men seni? Nädeýin, hudaý tutdy meni. Ol naçaram, indi ýedi ýylyň içidir, görgüli. Sen «ol razy bolmaz» diýdiň. Onuň göwnüni bajyň barlady. Ol: «gaýynym näme diýse razy» diýipdir. Sen ol bendäniň bagtyny aç. Belki, hudanyň buýrugy şeýledir. Belki, biziň çöken bagtymyzyň çilesi açylar...
– Ýok, atam, men beýle bagt bilen gül açanymdan, betbagt geçenim ýagşydyr... Heý, beýle zat adamçylyga sygjak zatmy? Heý, ynsan ýüregi beýle-beýle haram zady kabul edermi, atam?.. Men...
Garry molla gürrüňiň uzanyny halamady. Ol gapdalyndaky küti düwünçegi açdy. Ol Gurhandy.
– Ine, Allanyň buýrugy ýazylan diwan. Şu kitapda Allanyň adyndan bu işe razylyk berilýär, oglum. Sen ataň diýenini et, meni namys astynda goýma.
Magtymgulynyň sesi gyryljak çykdy.
– Ol nähili namys?!
Garry molla Adynageldi hanyň gelnini sorap, gudaçylyga iberenini gürrüň berdi.
– Nowbahar ogluň gelni, näçe ýyllap hem oglum, hem gelnim bolup oturan maşgalanyň kesekiniň ýorganyna girip, ýat işikden çykmagy ölümdenem ýamandyr, oglum. Özüni bilene uly namysdyr. Käşgä, oglum bolman, yzym takrap galan bolsa, onda beýle ýanmasamam ýanmazdym.
Garry molla oglunyň ýuwaşanyňy görüp, ýumşak sözledi.
– Mert bol, oglum. Ýüregiňe basalyk ber. Öwrenişersiň, ýüregiň düşüşer. Hemme zat gülala-günlük bolar. Seniň üçin ömrüm ötýänçä ýagşy dileg edip gezerin.
Magtymguly sesini çykarmady. Onuň namysdan, ejizlemekden, erksizlikden gözlerine ýaş doldy. Bogazynda bir agyry düwün bolup, demligini gysdy. Şol arada bolsa Meňliniň gam-gussaly gözlerini görüp-görüp galdy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 24 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: