13:57
Pyragy -14/ romanyñ dowamy
3.

Ýola düşüleni bäri eýýäm on gün geçipdi. Hojameňli aganyň hasaby boýunça basym Hanguýy diýen oýa ýetmelidi. Uzak ýol, tomsuň ilkinji günleriniň ýangyny, suwsuzlyk, azyksyzlyk adamlary halys edipdi. Iň beteri-de Nury Kazym halypanyň haly agralýardy. Ol yssa, suwsuzlyga çydap bilenokdy. Ýoluň ilkinji bölegini ol pyýada geçipdi. Sebäbi çagalykdan bäri yrym etmegi ony düýä münmekden saklaýardy. Ol özüniň atasynyň düýeden ýykylyp ölendigini, şonuň üçin düýä mündügi oňa-da bir bela ýolugaýjak ýaly bolup duýulýandygyny ýoldaşlaryna gürrüň beripdi.
Emma ýol çölüň jümmüşine ýetenden soň yrym tutara ýagdaý galmandy. Ol halys gurpdan gaçypdy. Asyl agşamlaryna az-kem dynç alnyşykda-da ol özüni alyp bilmeýärdi. Şonuň üçin agşam gyssagara bişirilýän ýarma ýa-da mäşewe hem Magtymgulynyň bokurdagyndan geçmeýärdi. Ol halypasynyň hyžžyldap duran demini, tyrsyldap ynjyly galýan hor kükregini, gara sellesini, hor ýylçyr ýüzüni, gytyk gaşlaryny, çokga sakgalyny, kepäp, ýaryk-ýaryk bolan dodaklaryny uzak wagtlap synlap, agyr oýlara gark bolup oturýardy. Onuň göwnüne bolmasa, halypasynyň bu halyna özi günäkär ýaly bolup duýulýardy. Oňa hemaýatynyň degmeýänine gaty gynanýardy.
Häzirem ol halypasyny gollaryna göterip diýen ýaly düýä mündürdi. Özüniň ýumşak ýüňden dokalan agyr çäkmenini onuň goltugynyň astyna söýget edip goýdy. Soňra arwananyň owsaryny ýuwaşlyk bilen silkdi.
Çölüň sary, gözüňi gamaşdyrýan keşbi, käýerde oýtum-oýtum bolup ýatan şorluklar, käýerde akbaş, ýandak, igde, toraňňy bilen garyşyp gözüne tokaý ýaly bolup görünýän käller ýolagçylaryň gözüne känbir ilip baranokdy. Her kimiň öz derdi özüne ýetik ýalydy. Säher bilen ýola düşülendigine garamazdan, adamlar eýýam ýadawdylar.
Magtymguly arwananyň owsaryndan tutup barşyna, özüni pikirleriň garaňky ummanyna atýardy. Ony göwnüçökgünlik, birhili ejizlik basmarlaýardy. Ol Hywanyň atly medresesini okap gutaryp gelýän bolsa-da, indi bäş-alty gün bäri oýlanyp, ölçerip, öňde özüne göwni galkynar ýaly yşyň görünmeýändigini aňýardy. Çünki, Gündogdy han bilen Guldurdy serdaryň myhman bolup düşen öýüniň atyny ogurlap gitmegini ol ýüregine sygdyryp bilmeýärdi. Agyr ile baş bolmaly adamlaryň bu işi onuň ýüregini gyryp-gyryp gidýärdi. «Eger şular beýle iş edýän bolsa, beýlekilerinden nämäni gaty görjek?!»
Ol Hywada okaýan wagty şerigatyň, kowahadyň ähli düzgünlerini bäş barmagy ýaly öwrenipdi. Eger «şol düzgünleri oba adamlaryňa pugta düşündirseň bu bolýan betlagamlyklar, adamyň adama jebir, sütem etmegi galar» diýip oýlanýardy. Eger düýbünden tükenmese-de, bu betbagtçylyklar birneme azalmalydy. Munuň özem az-küş iş däldi.
Emma ol çölde ýol ýörelen günlerde täze-täze ýaramaz tymsallar tapýardy, Onuň gözüniň öňüne Hywanyň darajyk köçeleri bilen süýrelip barýan günäsiz biçäre, Hywanyň buzahor hany baş weziriň jögi, hilegär keşbi, ahunlar başynyň köpbilmiş, gorkuly görnüşi geçýärdi. Onsoň kimdir biri onuň özüne sowal berýärdi. «Näme, şol adamlar şerigatyň, kowahadyň düzgünlerini bilýän däldir öýdýäňmi? Olar yslamyň çeşmesiniň başynda oturan miraplar ahyryn. Onda näme üçin olar garyp-biçäreleriň arkasyny alaýanok» gaýta galplygyň-adalatsyzlygyň, günäniň, haramyň möwjemegine hemaýat berýärler?..»
Magtymguly tolgunmakdan elindäki owsary silkdi. Ol göwnüniň şeýle ynjyly sesiňi ilkinji gezek eşidýärdi. Şonuň üçin-de bu ses oňa birhili geň we täsin bolup eşidildi. Bu ses göýä ýanyp başlan äpet çöli ýaňlandyran ýaly, töweregine garanjaklady. Emma onuň bilen goş tutuşyp barýan adamlaryň hiç zat bilen seri ýokdy. Her kim akyp duran çägeli baýyrdan gaýrat bilen çykyp barýardy.
Magtymguly maňlaý derini eli bilen syldy. Soňra kimdir biri jogaba garaşyp duran ýaly gyssandy. Soň pikirini jemledi. «Ýok, Etregiň, Hajygowşanyň adamlary beýle däldir. Türkmen hanlary, begleri, töreleri bilmezlikden, ýöne bir düşünmezlikden birek-birege kine-öýke edýändirler. Olara Gurhanda aýdylanlary düşündirmek gerek. Agzalalygyň, harsydünýäligiň, garyp-gasara zulum etmegiň zalymlyga barabardygyny düşündirmek gerek. Soňda olar pällerinden gaýdarlar. Onsoň türkmen topragynda begler-baýlar azyp, garyplar gamhanada galmazlar. Nesip bolsa, obamyza bararyn, onsoň halypam bilen mollalaryň, müftüleriň, han-begleriň ýanyna bararyn. Olara adamkärçilk barada köp-köp maslahatlar bererin. Ketde ahunyň aýdyşy ýaly: «Hanlaryň, kähudalaryň ile-güne ýagşylyk etmegi üçin elde baryny ederis...
Magtymguly özüni dürsedi. Ol ýene-de köp zatlary aýtmak isledi. Emma onuň ýüreginiň düýbünden şol pynhan owaz ýene-de eşidildi.
«Eý, ýigit, sen atyňy ýeke çapmagyn. Özüňi heläk edersiň. «Il aglak bolsa doňuz depe çykar» diýenleridir. Häzir doňuz iliň depesine çykdy. Sen gapyl galdyň, gapyl galdyň, gapyl galdyň...»
Bu owazyň soňy birhili ynjyly iňňildä öwrüldi. Bu tanyş iňňildi, tanyş üsgülewük Magtymgulyny özüne getirdi. Ol düýäniň owsarndan asylyp, ony çökermege synandy. Ýöne ýaňy aýagy gyzan arwana gyzyp başlan çägä çökmek islemedimi, ýa-da özüne çökmäge ýer peýledimi, ýöräp ep-esli gitdi.
Nury Kazym halypanyň haly harapdy. Onuň gözleri üýtgäpdi. Öň kükreginden gaýdýan hyžžyldy indi bokurdagyna gelipdi.
Ol gujagyny gerip, gözlerini açdy.
– Magsym jan, iki düniýam, mani halas ed, başyma şum ajal kelidi. Magsym jan. – Ol soňra gözlerini ýumup, kimiňdir biriniň adyny tutup samyrdady.
Garagum howur alýardy. Töwerekde guş kölgelär ýaly-da ot-çöp, agaç, beýleki ýokdy. Diňe arwananyň kölegesi bardy. Ol kölege-de demsaýyn düýäniň aşagyna gidýärdi.
Hojameňli aga halypanyň başyny gujagyna alyp, aljyrap oturan Magtymgula garady. Soň gyssanmaçlyk bilen düýäni turuzdy. Onuň astyndaky sähelçe kölegä hassany çekdiler.
Halypanyň «Suý, suý!» diýip zarynlaýan sesi ähli ynjysy, alaçsyzdygy, zarynlygy bilen ýüreklere ýetýärdi. Emma hiç kim alaç edip bilenokdy. Diňe Hojameňli aga käýinç çekýärdi.
– Häýk, adam aljyrasa kyn boljak eken-ow. Hanguýynyň oýuna ýeteris diýipdim. Emma başymy-gözümi şeýtan aýlapdyr...
Ol bu aljyraňňylygynyň gaty gymmat düşýändigine düşünýärdi. Ýöne damaryny parran kesip, ganyndan bir okarany dolduryp beräýmese başga alaç ýokdy.
Şeýle pikir häzir Magtymgulynyň hem başyna gelipdi. Olam suw bolmasa-da, özüniň ganyndan birneme bermäge taýýardy. Ýöne birden onuň gözleri arwanada saklandy. Häzir kimdir biri arwanany soýup, damak ganyny suw ornuna içeliň diýse, ol «ýok» diýjek däldi. Çünki, howanyň bu gidişinde, beýlekilerem gyryljakdy.
Halypa der gelipdi. Ol birhili ynjalan ýaly boldy. Jebir çekmeden ulalan gözlerini töweregindäkilere dikdi. Gözleri Magtymgulynyň gözlerine sataşandan soň bolsa, ýüzünde ownujak ýylgyrma peýda boldy.
Bu wagt ol Magtymguly bilen däldi. Okuň ajy gussalarynyň ýylgyrma sapmasy başga zatdandy.
Ol özüniň bu ýagty jahanda arzuw eden zatlaryna, gözünden gaýyp bolan, indem hiç haçan duçar bolmajak dört sany didara sataşypdy.
...Ine ejesi toý lybasynda durdy. Özem şeýle bir ýaşdy, şeýle bir owadandy. Nury Kazym özüni bileli bäri ejesini hiç haçan beýle enaýy, beýle näzik, owadan görmändi. Ol agyr kejebäni görkezip bilen gyzyna gygyrýardy.
Nury Kazym ap-ak ata atlanyp, kejebäniň öňünden barýardy. Hana, onuň söwer ýary hem ak ýoluň ortasynda durdy. Aňyrda goýa üýşen bir bölek gyz bolsa Siriýa türkmenleriniň ata-baba aýdylyp gelýän toý aýdymyny şeýle bir owadan owaz bilen aýdýardylar, diňläp gulagyň ganjak däldi.

Indim geldim Hamadan,
Oldum gan aglamadan,
Agaçda ýaprak goýmadym
Ýarama baglamadan.
Şu daglar uly daglar,
Etrapy sulu daglar
Men ýarymy ýitirdim
Gün döner, bulut aglar,

Şol gyzlar onuň ýaryny gujagyna getirip, mähriban owaz bilen: «Kutlu olsun, kutlu olsun!» diýip bagtyýarlyk bilen aýdýardylar.
Nury Kazym ak ata münüp gelinliginem gujagyna alyp, şeýle bir ajap bagta eýe bolup gelýärdi.
Hanha, mähriban obasy, hanha, bir süri goýun aga-ýana gezip ýör. Onuň çopanlary ýoluň gyrasynda gelnalja garaşyp durlar. Nury Kazym olaryň deňine ýetende, olar aty sakladylar.

Garşyda türk ewleri – eý, türkmen oglu,
Ýaýylar düýeleri – ýar delikanly.
Oturmuş goýun, satyr – äý, türkmen oglu,
Terlemiş memeleri – ýar delikanly.

Olar semiz bir öweji gelne sowgat berýärler. Gözel gyz bolsa olaryň hersine toý paý paýlaýar. Hemmeler: «Kutlu olsun, kutlu olsun!» diýip gygyryşýarlar.
Hanha, bal biten bossançylyk. Bagban gelnalja garaşyp dur. Elinde iki çelek üzüm.

Baga gitdim üzüme – gözel han,
Çyrpy degdi gözüme – ýar aman.
Men ne dedim ol ýara – gözel han,
Ýar daryldy sözüme – ýar aman.

Ol bagban hem sowgat berip toý paýyny alyp galýar. Öňde bir araba gawuny bilen daýhanlar durlar.

Garşyda gawun ýörler – badam, şeker, hurmalar,
Mende barsam ne diýerler – gyz telleri durnalar.
Otursam bile ýörsem – badam, şeker, hurmalar,
Şu şuny söwdi diýerler – gyz telleri durnalar.

Olaram toý paý alyp galýarlar. Hanha, oba, hanha, mähriban ene. Onuň gujagynda bolsa ýüzüne nur çaýylan iki sany bäbejik otyr. Nury Kazym ogluny, gyzyny, gelnini, ejesini mähriban şägirdine görkezmek üçin gözlerini berk açyp, silkinýär. Emma bir elhenç agyry bu ajaýyp görnüşi onuň elinden alyp gitdi. Ol naýynjar garaýyş bilen şägirdine garady. Şeýle bir çalt, göz açyp-ýumasy salymda başdan geçiren süýjüligini tapmak üçin iňledi, agzyny tamşandyrdy. Soň bolsa öz şägirdiniň keşbiniň çuňlugyna bakyp hälki gören durmuşyna erksiz uçup gitdi.
Magtymguly halypasynyň şalkyldap giden göwresini, ýanyp ýatan çägä erksiz çümen gollaryny görüp hopukdy. Ony öňki kaddyna getirjek bolup kösendi. Onuň gapdalynda oturan Hojameňli aga bolsa bu ýagdaýa bada-bat düşündi.
– Häk, neresse, jaýyň jennet bolsun-da. – Ol halypanyň peträp, sarymtyl asmana garap duran gözlerini aýasy bilen ýapyp, gabaklaryny sypalady. – Armandan doly bolara çemeli, sandygy. Wah, bu dünýäde armansyz barmy diýsene...
Ýaşuly howlukman onuň imanyny öwürdi. Soňra halypasynyň kükregini henizem sypalap oturan Magtymgula ýüzlendi.
– Oglum, gam çekme. Bu düne bir kerwensaraýdyr. Her kim gelip, bäş gün ýük ýazdyryp gidibermelidir. Bu pederiň bize miras goýan derdi-dä oglum. Gam çekme. Bu bendäni indi topraga dulamakdyr, biziň baş parzymyz. Şonuň çäresini görmeli. Şehit boldy da pahyr...
Magtymguly bu sözlere ynanmajak boldy. Özüniň iň bagtly, iň gözel ömrüne, keýik owlagynyňky ýaly erkin, sähraýy geçen ýaşlygyna, ata-babasyna belet adamy, onuň ýüregine, ganyna çenli gowulyk, mertlik, asyllylyk, sadadyk guýan, ähli ylymlardan sapak beren halypasyny bu dowzah ýaly çölüň içinde topraga duwlamak heý, boljak zatmydyr. Ony hiç bolmanda oba eltip, illäp-günläp, ile meňzeş edip jaýlamalydy. Wah, ýöne hany oba, hany il.
– Oglum, alajyny tapmasak, ony ýeke pursat goýup bolmaz. Gör, eýýäm, gök siňek waglap başlady...
Ýaşulynyň ýadyna düýäniň howudyna gysdyrylgy keltejik kepje pil düşdi. Düýe welin ýokdy. Adamlar merhum bilen başagaý bolup durkalar, ol üstüniň ýüki, beýlekisi bilen gidenini hiç kim aňmandy.
Ýaşuly suwsuzlykdan ýüzleri garaört bolup, dodaklary ýarylyp, edil garantgy ýaly bolup duran ýigitlere seretdi. Olaryň hiç birem öz essinde däldi. Ýaşuly özüne dözdi. Näzik ýüzi sargaryp-solan ogluna garady.
– Çerkezguly jan, bar, oglum, düýäni getir. Uzaga giden däldir. Bu bendäni ahyr ýoluna ugradaly, bala...
Çerkezguly edil düýşünde sil suwundan geçip barýan ýaly yranyp baýyrdan agdy. Köp gitmänem yzyna dolandy.
– Ata, ata, bir topbak atly gelýä. Biziň yzymyz bilen..
Toplanyşyp duranlaryň ählisine jan giren ýaly boldy. Öçen umytlar täzeden röwşenlenip, ýüreklere, bedenlere, göreçlere jan beren ýaly boldy. Her kim atlylaryň tizräk gelerini ýürek üzüp isledi. Ýöne olaryn hiç birem ony garşylamaga meýil etmedi. Häzir hiç kimde artykmaç ysgyn ýokdy. Ol-a gitmekdi, häzir geplemäge-de döwtalap tapyljak däldi.
Atlylar alaňdan daýyrdaşyp eňdiler. Olaryň öňündäki dor atyň üstünde Oraz ynak otyrdy. Onuň yzynda bolsa ýene on-on bäş atly bardy.
Ynak ýadawlykdan, gahar-gazapdan derçiräp, aýna ýaly ýaldyrap duran ýüzüni ýeňi bilen syryp, gamçysyny asmanda galgatdy. Soňam gaýgy-hasratdan, azapdan, kösençden iki bükülip duran Hojameňli aganyň eginlerini, ýüzüni gamçy bilen gazaply çawlady. Ondanam içi sowamansoň, gylyjynyň baljagyna ýapyşdy.
Bu elhenç wakany gören Magtymgulynyň ýüregi ýarylara geldi. Ol özüni unudyp, ýaşulynyň depesinden injek bolup duran gylyjyň astyna özüni urdy.
– Çek eliňi, ganojak. Ýersiz urlan taýagyň hasabyny bermeli bolarsyň.
Oraz ynak gazabyna bäs gelip bilmedi. Gamçysyny Magtymgulynyň depesinden inderdi. Ömründe beýle gazaby egni bilen çekip görmedik Magtymguly iki büküldi. Oňa çenli Hojameňli aga özüni dürsäp, arslan gaýraty bilen Oraz ynaga topuldy.
– Häý, seniň atana nälet bolsun, iblis. Sen perişde ýaly oglana gamçy çalarmyň, hä...
Ol depesinden inýän gamçynyň aşagynda hem samraýardy hem topulýardy.
Oraz ynak torsuk çagasy ýaly bolup özüne topulýan bu şylha eşikli gojany ýagşy awundyrmagy ýüregine düwdi. Ol dyzynyň aşagyna düşen gylyjyny gynyndan çykaryp, silkip goýberdi. Emma goja welin dälilik hetdine ýetip, onuň üstüne çöwjemesini goýanokdy. Ynagyň aýagynyň astyndaky at bolsa, örboýuna böküp-böküp, özüni öldüräýjek bolýardy.
Şol wagt göwne gelmesiz bir ýagdaý ýüze çykdy. Gyrada guran sanaç ýaly bolşup, suwsuzlykdan, ysgynsyzlykdan hallary harap bolup ýatan ýigitler birden ördüler.
Bütin ýolboýy özüniň barlygyny duýdurman gelýän Nazarly bolsa Oraz ynagyň üstüne arslan bolup atyldy. Ol häli, gyssagarada düýeden düşürilen boş küýzäni eline alyp, ony ynagyň depesinden aýlap saldy. Soňra onuň üzeňňisine ýapyşdy.
Atdan agyp barýan ynagyň ähli pikiri Hojameňli agadady. Şonuň üçinem ol Nazarlynyň topulanyndan, küýzäniň awusyndan aljyrap, özüni ýitirdi. Şol aljyraňňylykda bolsa gylyjyny Hojameňli aganyň depesinden inderdi.
Hojameňli aganyň şalkyldap gaýdan göwresi howur alyp duran çägä düşmänkä, ynagyň özüniňem göwresi Nazarlynyň aýagynyň aşagyna patylap gaýtdy. Soň bolsa ulili bilen uwlap-uwlap kömek sorady. Şol wagtam aňyrda bu bolşa tomaşa edip duran han atlylarynyň biri yzyndan ýagy ýetip gelýän ýaly bolup, ýürek ýaryjy ses bilen gygyrdy.
– Tekeler, ýetik gelurlar. Haý, atly-atinga atlanusyn-ow!
Bu söze halsyz ýigitler bilen at üstünde daraşyp duran nökerleriň ýüregini ýarara getirdi. Olar gurt gören ýaly bolşup bir öwşerilişip durdular-da soňam atlaryny gamçyladylar.
Oraz ynagam Nazarlynyň elinden zordan diýen ýaly sypyp, özüni atyň üstüne atdy. Onuň zerli donunyň ýakalarynyň, sakgalynyň ujunyň lagta-lagta gandygyny gören adam bolmady.
Adamlar misli gara gaý duýdansyz gelip duýdansyzam giden ýaly bolup, haýran-birýan bolup durdular. Diňe Magtymguly bilen Çerkezguly Hojameňli aganyň gan jorlap duran boýnuny köne esgi bilen dolaýardylar. Gan bolsa sakladanokdy.
Nazarly olaryň ýanyna bagry bilen diýen ýaly süýşüp geldi. Soň elindäki ullakan selläni oklap goýberdi. Onuň agzynyň ganlygyny gören Magtymguly oňa tarap topuldy. Emma Nazarlynyň göwni hoşdy.
– Wah, bokurdagyny çeýnedim welin, it ogly edenimi biderek edip, gaçdy gidiberdi. Bir sellesi galypdyr...
Oňa çenli Çerkezguly guma garylyp ýatan selleni garbap aldy. Soň ony iki ýyrtyp, ýaşulynyň boýnunda gara gan bolan daňyny çalşyrdylar. Diňe şondan soň Nury Kazym halypanyň jesedi ýada düşdi. Diňe şondan soň üsti ýükli arwananyň goşy-golamy bilen ümdüzine gidendigini bilip galdylar. Şol wagt günorta tarapdan eňip gelýän bir bölek atly bularyň gözüne ezraýyl bolup göründi. Çünki, ýaňky ganojaklaryň indi bu garawsyz adamlaryň başyny alman gitmejegine her kimiň gözi ýetikdi. Şonuň üçin indi her kim özüniň takdyryna razy bolan terzde, bagryny ýere beripdi.
Magtymguly kimiňdir biriniň arkasyndan gujaklaýandygyny aňdy. Ýöne onuň arkasyna öwrülmäge gurbaty, mydary ýokdy. Ol kimdir biriniň daýaw gollarynyň özüni galdyranyny hem aňdy. Emma aýaklaryny alyp bilmedi. Ýöne üstüne abanyp duranyň ýüzüne garady. Sap-sary dumanyň, endam-janyňy ýakyp barýan howruň içinden kimdir biriniň ýüzi görünýärdi.
– Magtymguly, Magtymguly, bu men, Çowdur, tanamadyňmy? Men Çowdur, yzyňyzdan geldik.
Magtymgulynyň jöwzadan, alaçsyzlykdan doňup barýan ýüregine birhili ýylylyk aralaşan ýaly boldy. Ol bu tanyş sesi bir ýerden ýüreginiň pynhan ýerindäki ýagşylyk ýatlamalaryň arasyndan gözledi. Emma häzir ony deňeşdirere, öwrüp-çöwrere ýagdaý ýokdy.
– Suw! Suw ýokmudyr?
Kimdir biri onuň agzyna suw tutdy. Ýok, kimdir biri onuň endam-janyndaky ysgynsyzlygy, jöwzany kowup, onuň ornuna jan salýan ýadydy.
Magtymguly ysgynsyz gollary bilen Çowdury gujaklady.
Häzir Hojameňli aganyň haly harapdy. Ol birhili ynjalanam bolsa, endam-jany buza dönüp barýardy.
Magtymguly Çowduryň nämedir bir zat diýjek bolýandygyny aňyp, gerek däl diýen yşarat etdi. Ýaşuly dodaklaryny gymyldatdy.
– Çerkezguly jan! – Ol töweregine delmuryp, edil ýüzüne ýüzüni degräýjek bolup duran ogluny gözledi.
– Kakam, men bärde. Seniň ýanyňdajyk otyryn..
Ol «şeýlemi» diýen terzde dodagyny gymyldatdy. Soňra:
– Tüýdügiň düýe bilen gitdimi, balam?
Çerkezguly haýran galmakdan ýaňa gözlerini tegeledi.
– Wah, birje heň çal diýäýjekdimd-ä, bala...
Çerkezguly biline gysdyrylgy gamşy alyp dodagyna degirdi. Ol gulkuldap duran gözýaşlaryny ýuwdup, heniz eşidilmedik owazy çalyp başlady.
Ýaşula bir ýylgyrjak ýaly etdi-de, düýrükdi. Ony kimdir biri çalaja silkelän ýaly boldy. Çerkezgulynyň «waý» diýen çirkin sesi gaňtarylgy duran atlary ürküzdi.

4.

Ýakynyrakdan üýşen myhmanlar hormat-sylag Şyhmyrat baýyň huşuny başyndan uçuryp, ony dälilik hetdine ýetirýärdi. Ol edil aýagyna köz ýapyşan ýaly bolup, bir ýerde durup bilmeýärdi. Ol öýden ol öýe, ol myhmanyň ýanyndan beýleki myhmanyň ýanyna barýardy. Gülmekden, gürlemekden halys ýadan äňlerini daňaýmaly bolupdy. Sesi gyrlyp, indi gürlände kädä siňek düşen ýaly, zordan jynňyldaýardy.
Ol häzirem gijäniň bir wagtyna çenli gürrüňleşip oturan, soňam guzy derisinden tikilen içmege pugta dolanyp uklap ýatan Çalyş hanyň töwereginde pyrlanýardy. Emma ony turuzmaga gaýraty çatmaýardy.
Onuň bolşuny synlap oturan Gündogdy han uly ýigrenç bilen oňa azgyryldy.
– Ýatyrmadyňl-a, baý, ýa-da ýomutlaryň toýuna gelen mymany depeläp durmak adaty barmydyr?..
Şyhmyrat baý birhili boldy Ol öz bolşuna utanyp gitdi. Ýöne bu sözi janyna siňdirip bilmedi.
– Wäk, wäh-heý, toýuma çagyran bolsam gözümiň üstünde ornuň bar. Ýöne beý diýmäweri. Herki bendäni hudaý depelemesin. – Ol bu sözleriň agzyndan çykýanyna özi ynanmady. – Häk, dilim gursun. Kesäýmeseň dost arasyna bulagaýlyk salar. Men ýöne gürlemäýin, gürlemäýin...
Baýyň gatyrganma äheňli jygyldamasy, Gündogdy hanyň gatyrganýan sesi Çalyş hany ukudan oýardy.
– Häk, Şyhy baý, säher bilen «gara gumalakdan» aşa düşüpsiň-ow. Sesiň edil ýag içip damana tutdurýan bagşylaryňky ýalak gös-göni çykýarla-ýow.
Şyhmyrat baýyň gaharyny ýumşatmaga güýji ýetmedi. Şonuň üçinem hana jogabam berjek bolman, öýden götinläp çykyp gitdi.
Şonuň yzysüre, Çalyş hany gyssagly çagyrdylar.
Han Çowdury görüp hem begendi, hem-de ýukajyk kinesini daşyna çykardy.
– Çowdur jan, sen toýa geldiňmi, ýa-da alamançylyga? Biziň ýomutlar geňeşsiz-zatsyz sährasyna aýak basyberseň halaýan däldirler.
Çowdur handan beýle jogaba garaşmandy. Ol Çalyş han bu ýigitleri görüp, olaryň halas edileni üçin begener, «berekella» aýdar diýip oýlanypdy, şonuň üçinem isleginiň tersine gürledi.
– Ynamyňyz üçin köp-köp sag boluň, Çalyş han. Obamyzdan Döwletmämmet ahunyň agly Magtymguly Hywadan geldi. Men öň toýa diýip gelsemem, onuň halyny görenimden soň toý beýleki ýada düşer ýala bolmady. Şonuň üçinem rugsat soraýyn diýip geldim. Rugsat bolsa ony oba aşyrjak....
Han egnindäki galyň içmegi gazap bilen egninden ýere taşlady. Onuň kellesine derek çiginlek eginleri, oýlanýan ýaly, endikli gymyldaşdy.
– Ýeri, näme bolupmyşdyk, işdi? Oýuňa toý düşer ýalak bolman? Näme beýle agyr hasrat düşüpdir başlaryna?..,
Çowdur gahar gatyşyly gynanç bilen gürledi.
– Gündogdy han olaryň ulagyny, beýlekisini alyp, gaçyp gaýdypdyr. Bylaram paý-pyýada gelýerkäler yzlaryndan Hywa hanynyň atlylary gelip birkisini kerçäpdir. Bizem tötänlikde üstlerine bardyk. Ýogsa...
Han Çowduryň gyryljak sesinden bijaý gaharynyň gelendigini aňypdy. Şonuň üçinem ol birneme köşeşsin diýip, gepi sowuk alyp barypdy. Ýöne edil öýüniň alkymynda Hywa hanynyň nökerleriniň beýdip ýörmesi oňa ýarap durmadyk bolarly. Şeýle-de bolsa, ol syr bildirmedi.
– Ýeri, ahunyň ogly esen dälmi, özi? – diýdi.
Çowdur gaty geň galyp hanyň gözlerine garady.
– Han, adam salaja münmedik bolsa bolanymydyr, eýse? Biziň ilde-hä beýle-beýle zatlar üçin baş goýulýandyr. Uly iliň kähudasy bolup, bu işi şeýle biderek hasap edýän bolsaň, ömrüň uzak bolsun. Toý paýyň üçinem, taňryýalkasyn...
Çalyş han birhili gelşiksiz ýylgyrdy. Soň bolsa ýere ýaýrap ýatan içmegi galdyryp, onuň ýüňüne ýelmeşen çöpi-çöri dyrnaklap duran Şyhmyrat baýa köpmanyly bakdy.
– Häý, Çowdur jan, gödek bolma. Toýy sag-aman sowaýly. «Döwletli bihar gerek» diýipdirler. Köpüň ýaşululygyna ýarajak bolsaň, giňräk bol. Bu toýam kesekiniňki däl. Sag-aman bir sowaly. Soň görübereris ýagysyny, alamançysyny...
Çowduryň ýüreginde namys odunyň goýan ýaralarynyň ýüzi dyrnaçaklanan ýaly boldy. Ol Çalyş hanyň beýle arkaýynlygyna, sowukganlylygyna haýran galdy. Ol gamçysyny silkip, onuň ujyny sapy bilen deňäp tutdy. Soňra aňyrda ýer peşeläp duran atyna garşy ýöredi.
Şol pursat Şyhmyrat baý atylyp Çowduryň öňüne geçdi. Ol misli ýazgarylan gul ýaly bolup çöküne düşdi. 
– Çowdur, ogul, sen meni sylamasaňam, bu ili-güni syla, ogul. Meni närazy edip gitseň ölüm-dirim närazydyr. Gitme-gitme...
Ýaşulynyň beýle ýalbarmasy Çowdury oýlandyrdy. Onsuzam, ol häzir gitmäge beýle bir döwtalap däldi. Çünki Magtymgula dynç bermän uzak ýola çekeläp äkitmek boljak zat däldi. Onsoňam nämüçindir, onuň Buzlypolat serdar bilen duşuşasy, tä Çata çenli bile gidesi gelýärdi. Şonuň üçinem atynyň deňinden bat bileň geçip gitdi.
Magtymguly sekiz ganat öýde Hywadan bäri ýoldaş bolan ýigitleri bilen otyrdy. Çerkezgulynyň gam-gussasyny paýlaşýany üçin, ol nahar-şam bilenem känbir ugry ýokdy. Iň asasy zat bolsa, onuň özüniň göwnündäki gynançdy. Ýüki, beýlekisi bilen ýiten arwananyň üstünde onuň ummasyz goşgusy ýazylan diwany bardy. Ol atasy üçin bir topar diwany iýmän-içmän ýygnan pulundan satyn alypdy. Şolaryň arasynda «Kasasyl enbiýa», Abu Sagytyň, Omar Haýýamyň, Hemedanynyň, Ferdöwsiniň, Nyzamynyň, Hafyzyň, Jelaleddin Rumyňyň, Jamynyň, Nowaýynyň, Saadynyň, Hakanynyň eserleri göçürilen ýörite diwan bardy.
Magtymguly göýäki ýüreginiň bir bölegi kesilip, ýolda bir ýerde taşlananam bolsa beýle gynanmajak ýalydy. Iň esasy zat bolsa Nury Kazym halypanyň Gündogaryň iň belli, gadymy eserleri boýunça mugteser edilen iki diwanydy. Şolaryň özem bir medresäniň ylmyna deňdi ahyryn.
Halypasyny ýatlamagy onuň derdini goşalandyrdy. Her sapar Çerkezgulynyň ýaşly gözlerine garanda welin, pähimdar gojanyň ölümi ähli zatdan agyr ýaly bolup görünýärdi. Magtymguly ýoldaky iki tümmegi ýüreginde göterip gaýdypdy.
Öýde bolsa adamlar başga hörp bilen gürrüň edýärdiler. Magtymgulynyň gelenini eşiden adamlar güýmenje üçin, agşamyň şahandazlygyna çenli güýmenmek üçin gelen ýalydylar. Ylaýta-da Buzlypolat serdaryň gyrykdan gazaply sesi öýi göçüräýjek bolýardy. Ol her gezek geplände iki sany adam biri-birine jany ýanyp, gazap atyna atlanyp, diýmesini diýip durana meňzeýärdi. Ol gülende welin, gaýalara ýaň düşen ýaly bolýardy. Şonuň üçin tomaşa gözläp ýörenler «bu öýde bir bolmasyz iş-ä bolýar-ow» diýen oý bilen bu ýere ýygnanypdylar.
– Gyzyny alaýyn, men bir şu ýere han bolaýyn, guş uçsa ganatyny gyrmaýanmy, hä? Ol yzyndanam özbaşyna wakyrdap gülýärdi. – Nadersiň, şuý, demimiň düşýen ýeri jadylanan ýaly bolagaýsa, hä, Çowdur jan...
Çowdur onuň gürrüňini göwünsiz tassyklaýardy. Çünki, ol Magtymgulynyň ynjyly ýüzüni görüp, şonuň gussasy bilen ýaşaýardy. Ol Magtymgulynyň syratly keşbine, nurdan doly göreçlerine, mähir gaýmagy çalnan ýaly bolup duran owadan gabaklaryna juda uly höwes bilen seredýärdi. Göwnüne bolmasa, şu geçen ýyllarda Magtymguly gidip, Abdyllanyň, Mämmetsapanyň keşbiniň iň owadan, iň ýatda galan ýerlerini özüne alyp gelen ýalydy. Çowdur oýuň gussasyny ejesiniň ölümi bilen baglaýardy.
Çowduryň oýa gark bolup oturmasy bolsa Buzlypolat serdara ýaramady. Ol müçenek bilen aşa timarlanan murtuny, sakgalyny sypalap-sypalap, soňam gözlerini endikli gypdy.
– Gyzyňy alaýyn, gärje ýomutlar göklenleri bir tama gabap, bizi gyrlyşdyrajakmyka, Çowdur jan, hä? – Ol gapydan geçip barýan ýeňilaýak ýigitleriň birini çagyrdy. – Nämeýt, gyzyň alaýyn, by, Şyhy baýyň gazanynyň tüýbi deşikmi? Näme «baý malyny bahyl gysganar» edýersiňiz. Hany, by, saçaklaryň üstünde gowurlan bagyr-öýken bilen, kellebaşaýak görünenakl-aýt. Bar, Şyhy baýa aýt: Buzlypolat serdar aç gyryldyk diýdi diý. Aňyrsyna goýmajak bolsa getirsin diýdi diý. Bar – diýdi.
Ýeňilaýak ýigit göwünjeň çykyp gidenden soň, onuň keýpi göterildi.
– Häýt by, gärje ýomutlary şeýdibermesen, aç gyrar bylar, şeýle dälmi, Çowdur jan?
Çowduryň gülki bilen seri ýokdy. Bu ýagdaýy Buzlypolat serdar giç aňdy.
– Näm-eýt, sagyljak gyrnak ady sülmüreýersiň, haw, Çowdur? Ýaýam, agaň sözlerini göwnüne alagaýýaňmy? – Ol Magtymgulynyň hem ugrunyň ýokdugyny aňyp birneme badyny peseltdi. Oňa çenli hälki ýeňilaýak ýigit her eline bir tabak alyp geldi.
Tabagyň üstündäki bir tegelek ýumşajyk çörek aýrylansoň öýüň içini gowurlan etiň beýniňi tütedip barýan ysy gaplap aldy.
Hälki ýigitler çykyp-çykmanka öýe ýene-de iki-üç sany myhman gelip girdi. Bir burçda gysmyljyrap oturan Magtymguly ak ýektaý eşikli, gara kamys selleli ýaşula tarap uly hormat bilen ýöneldi. Ýaşuly «Ýa, hak» diýip endikli gürledi-de, özüne iki goluny uzadyp gelýän ýigidiň salamyny aldy.
Soň elini gür, sallam-sajak bolup duran uzyn gaşlarynyň üstünden kölegeledip içerä göz aýlady.
– Hany, Dowlatmamadyň ogly bar bu ýerda diýdiler-la.
Buzlypolat serdar gowurmanyň başynda gülläp oturyşyna, öýi sarsdyryp güldi. Elindäki ýagly gapyrgany çörekli agzynyň ýanynda saklap hezil edip gepledi.
– Haý-ow, Durdy şaýyr, Döwletmämmet mollanyň ogly ýanyňda dur. Sen bolsa iki gözüňi maňa tikýeň-le. Ýa wözüňe ýamyn yssy görünagadymmy, hä?
Durdy şahyr onuň sözüne üns bermedi. Boýy bilen boýdaş bolup duran ýigidiň heniz aşak sallanmadyk golundan tutup, ony töre geçirdi. Soň özi onuň ýanyna baryp oturdy. Uzyn ak köýneginiň ýeňiniň içinde gizlengi ellerini daşyna çykarman, Magtymgulynyň arkasyna iki mertebe ýuwaşja kakdy. Soň sesini çykarman, batly owaz bilen tebärek okamaga oturdy.
Magtymguly Durdy şahyry gowy tanasa-da, onuň bilen ilkinji gezek ýanaşyp otyrdy. Durdy şahyr Hajygowşana birki gezek barypdy. Onuň aýlap-günläp öýlerinde bolup gaýdýanynam bilýärdi. Ýöne ol köplenç atasy bilen bile bolardy. Şonuň üçin olaryň näme gürrüň edenlerini ol häzir aýdyp biljek däldi. Ýöne bir zady bilýärdi. Atasy: «Durdy päli pes, lebzi arassa, meni urany hudaý ursun diýip ýören bir bende. Ýöne şu «Huw, hak» diýip dagyň, deräniň gowagynda, gaýanyň-gasmagyň içinde arwahly ýaly ýatyp-turup ýörmesi bolanok. Ahmet Ýasawynyň hikmetlerine taý boljak gazallary bar. Doga ýaly şygyrlary bar, amma halka heýç peýdasy ýok. Gaýada, gasmakda gezip ýörseň, kim seniň goşgyňa-gazalyna sarpa goýar. Aýdýanam welin, ýene-de öz ugruna gidiberýä-de...a» diýip, gürrüň berýäni ýadyndady. Durdy şahyryň soňky ýyllarda oba dolanyp, ile-güne goşulanyndan onuň habary ýokdy.
Durdy şahyr tebäregiň soňky dogalaryny içinden sanap, üç mertebe el galdyrdy.
– Heý, bala, bala. Men ol bendäniň duzuny iýipdim. Maňa beren duzy jennetde iman bolup alnyna gelsin. Gowy hemmä gerek. Hudaýa-da gowusy gerek. Gitjek diýip gidip bolmaz, galjak diýip galyp. Jaýy jennet bolsun. Onuň ömrüni galanlaryna bersin. Senem hapa bolma.
Ol ýere ýazylan ýomut keçesiniň gülüni dyrmalady. Soňra saçaga seredip, ujundan bir bölek alnan çöregi eline alyp, uzyn, gurpsyz barmaklary bilen gatylygyny, ýumşaklygyny barlap gördi. Soňra ýumşak hem galyň ýerinden bir döwüm alyp, galanyny saçakda goýdy.
– Me, gel, duz dat. Duzdan uly bolma. Bu dünýäniň çyn lezzetiniň biri tagamdyr. Yrsgalyndan binesip galsaň huda gargar. Gel...
Magtymguly ýaşulynyň görkezen ýerinde oturdy. Soň gapdalda oturan ýigitlerem onuň ýanyna süýşdüler.
– Durdy şaýyr, hak aýdýarsyn. Köneki adamlar çyn ýigitler nan iýşinde bellidir diýipdirler. Damagy kem ýigidiň gaýratyýam kem bolýomyşyn. Şol çynmydyr?
Buzlypolat serdaryň tagam arasyndaky sowaly ýa Durdy şahyra ýaramady, ýa-da eşitmedi. Ol ona jogap berjegem bolmady.
Buzlypolat serdar bolsa öňündäki tabagyň düýbüni ýalap oturyşyna «ind-ä bir çilim teýilik bolandyr» diýen terzde müçeneklenip tämizlenen sakgal-murtuna elini çalýardy.
Şol wagt gapydan giren kelteden dykyz adam pyrsýan biçüwindäki telpegi ýeňsesine süýşürip, içeri göz aýlady. Soň töre ýöneldi.
– Häk, Magtymguly jan ýaly-la. Eziz dogan ýaly-la. Gözden uçan dogan ýaly-la. 
Ol Balaja bagşydy. Balaja tamdyrasyny uzyn donunyň syny bilen gizledi. Soň gözüniň ýaşyny süpürjegem bolman samrady.
– Heý, dogan, başymyza ahyrzaman indi. Gözümize gan doldy. Herne sen bir diri ekeniň. Ömrüň uzak bolsun, ylahym. – Ol Magtymgulyny mekäm gujaklap, onuň gürsüldäp duran gursagyna başyny goýup esli durdy. Bu sözlere Magtymgulam bozuldy. Ol ýat ýerde ýakyn bolan obadaşlarynyň, ildeşleriniň mährine, gör, näçe ýyllap zar bolupdy ahyryn.
Olar töre geçende ýüzi ýylmanakdan gelşikli ýigidiň gözüni aýyrman özüne seredýänini Magtymguly aňdy. Ýöne onuň kimdigini welin hakydasyna getirmedi.
Tagam çekilip, el galdyryldy. Şondan soň Buzlypolat serdaryň hor-hory hasam artdy.
– Heý, Balaja, doglan günüň begenjime Hajygowşanyň bar öýüne myşdylyklap çykypdym. Hany, indi şu ýerde şol azabymy bir öde. Ol gazma susagyňy gaýnatmanyň gaýmagyny sökmäge äkelmedik bolsaň. Gulaklarymyza gumalak gyssyrylan ýaly boldy, Hajygowşandan gaýdanymyz bäri.
Hemmeler Balaja bagşa garadylar. Durdy şahyr gürrüňi hasam çynyrgatdy. Şol wagtam içeri Şyhy baý bilen Çalyş han girdi.
Şyhy baý tahýaly kellesini elendirip, nämäniň-nämedigini derrew aňdy. Gözlerine derek naskädi ýaly kellesini ligirdedip gürledi.
– Wah-heý, bagşy, serfaýyň mendendir, horjunyňda baryňy orta dök. Abraý sendendir. Gadyryňy bilerin, gadyryny bilerin...
Balaja bagşynyň jadyly sesi Çalyş hanyň gulagynda däl-de, ýüreginde owaz edip durdy. Ol şonuň üçin ýörite adam iberip, bagşyny Şyhmyrat baýyň toýuna çagyrypdy. Bu gün bolsa özüniň onuň aýdymlaryny diňlemegiň öň ýanynda oturanyna bir guş bolup uçup bilenokdy. Onuň esasy niýeti bolsa, bu bilbil owazly bagşynyň aýdymlaryny öz ýomutlaryna eşitdirmekdi.
– Heý, gyzyň alaýyn, aýdymy dagyny çuwalyň ýyrtygyndan dökülen ýaly edagaýsan-eýt, Balaja. Gyzyň alaýyn, ýomutlary heýran etsene.
Buzlypolat serdaryň bu sözleri Çalyş hanyň gulagynyň ýele ýanyndanam geçmedi. Ýöne ol Balaja bagşynyň aýtmaga göwnüni bölýänine iki bolup bilmedi.
– Haý, ýaşşa, bagşy. Şol Çowdur janyňkyda aýdan «Kefderiňi» aýdyp ber. Menden bir erkek serfaýyň ba. Onnoň Durdy şaýyra-da bir şyýyr okytdyrjak, özüm serfaý tutup...
Balaja bagşy ýere garap otyrdy. Ol Magtymgulynyň ýüzüne garady. Soňam oňa golaý süýşüp, eşitdiribräk gürledi.
– Magtymguly jan, sen maňa «bolýar» diýermiň, bulara «bor» diýsem?..
Magtymguly diňe baş atdy. Onuň bu yşaraty misli bir bölek bedewi agyr ýaryşa goşmaga rugsat beren ýaly boldy.
Balaja bagşy gazma dutaryň ýüpek tarlarynyň üstünde tutuş durky bilen ýüzüp ýören ýalydy. Onuň etli-ganly, togalak göwresinden zat galman, barysy ele öwrülip, dutaryň gapagynyň üstüne münen ýalydy.
Magtymguly bolsa sähralarda ýüzüp ýören däli ýellere goşulyp, uzaklarda galan obasyna baryp, eziz adamlaryň didaryna gowşan ýaly bolýardy. Onuň göwnüne heniz ynsan balasynda bolmadyk, diňe özüňden başga kişide bolubam bilmejek duýgular gelip goşulýardy. Misli dutaryň däl-de, özüniň ýüregindäki şol duýgular oýnalýan ýalydy. Onuň gözlerine ýaş gelipdi. Ol ýaş bilen göwnündäki joşgun derýalar yňdarlyp-yňdarlyp gaýdýardylar.
...Ine, ýaşyl sähra. Oglanlar, şol eziz oglanlar, onuň ýaşlykda söýenişen, guwanyşan oglanlary bolsa sährada biten güller ýaly bolup, gül açyp durlar. Ine-de, Abdyllanyň didary görnüp gidýär.

Wa-ah, Ene diýen saçy sary, boý-eý,
Saçlary tamdyraň tary, boý-e-äý.

Bu owaz Magtymgulynyň süňňüni elendirdi. Näçe wagtdyr beýle şirin owazy eşitmedik gulaklar, indi näçe wagt bäri beýle süýji duýgulary datmadyk ýürek birden ersdi.
Magtymguly misli Abdyllanyň dyzyna başyny goýup, onuň şirin aýdymyny diňläp oturan ýalydy. Bu aýdym şeýle bir şirindi, şeýle bir ezizdi, göýä ol geljek barada uzak oýa batyp, hyýalynda gaty ysaga giden ýalydy. Ol ejesiniň ýaş, owadan keşbini, doganlary Abdyllanyň, Mämmetsapanyň ter, näzik keşbini duýup durdy. Bu keşpler, duýgular hiç haçan unudylmajak ýalydy.
Aýdym gutardy. Magtymguly özüne geldi. Gözüni tegeläp töweregine garady. Häzir oňa üns berýän ýokdy. Öýdäki adamlaryň hemmesi aýdym bilen jadylanyp, henizem onuň erkinden çykyp bilmän otyrdylar.
Balaja bagşy derçirän ýüzüni dutara degräýjek-degräýjek bolup, tüýlekden ýogyn, edil çaklaňrak küýze ýaly gollaryny çermäp awuna topulan arslan ýaly bolup dutar çalýardy. Onuň çalýan heňi birhili tanyşdy. Hemem birhili nätanyşdy.
Çalyş han hem başyny aşak salyp oturyşyna, birden janlanan ýaly boldy. Ol «wah», «hä» diýip, misli erki elinden giden sähne ýaly elenýärdi. Birdenem ol başyndaky telpegini goluna alyp, ony saza goşup, ýere gürpüldedip çalyp goýberdi. Soňam «wa-a-ah, aldyň» diýip, dälilik hetdinde gygyrdy.
Aýdym gyzýardy. Çalyş hanyň däli-porhan bolşy beýlekilere-de geçdi. Olaram misli özleriniň aňyny aldyran ýaly bolşup, telpeklerini ýere urýardylar. Soňam heňe goşup «jan-a» diýip, bokurdaklaryny ýyrtara getirip gygyrýardylar.
Magtymguly misli tanyş bir bossançylygyň içine düşen ýaly boldy. Tanyş owaz, ýüregine ýakyn sözler, tanyş ýüzler, toý dabarasy, meýlishalar ýigitleriň dolup-daşmasy onuň-da göwnüni galkyndyrdy. Birdenem ol bir wagtlar özüniň ýüreginden önen setirleriň süýjüligini tanady. Erksiz halda gulaklaryna agram saldy.
Hakykatdanam, bagşy owadan heňe salyp «Kepderini» aýdýardy. Adamlar bolsa bu aýdymy teşnelikde buldurap ýatan çeşmäniň suwuny başlaryna çeken ýalydylar. Magtymguly begendi. Özüniň şygrynyň iliň agzyna düşenini ilkinji gezek eşitmek nähili ýakymlydy.
Balaja bagşy aýdym aýtma kemini goýmady. Ol Magtymgulynyň gapdalyna gysmyljyrap, çokgaja sakgalyny sypalap, alkyş baryny tolgunma bilen kabul edýärdi. Ol birden dikeldi.
– Adamlar, şul aýdymlar, ine, şul adamyň düzenidir. Şul adama-da birje «taňryýalkasyn» diýewoçyň. Şul adamyň dili senalydyr – diýdi. Magtymguly özüne şeýle uly ynam, höwes bilen garaýan göreçleriň önünde bir eremedi.
Orta hälki sakgal-murty müçeneklenip tämizlenen gelşikli ýigit çykdy. Ol tamdyrasynyň ýüpek tarlaryna owadan ak, uzyn barmaklary bilen kakyp-kakyp goýberip, gowruň ýataryna garaşdy.
Soň Çalyş han ardynjyrady.
– Hany, Arazmeňli jan, senem bir salym hezil ber. Göwnümden tursaň serfaýyňy ýetirerin – diýip, bu ýigidi hem oturanlara tanatdy, hem oňa gop berdi.
Orazmeňli Magtymgulynyň ýüzüne uýaljyrap garady.
– Märeke, meniň üregim takat bermeýe. Ýaňky aýdymlar üregimi joşdurdy. Menem bahtymy wöreýin diýip, orta çykýyn. Siller gaty wörmäň – diýip, üzlem-saplam gürledi. Ol dutaryň gapagyna degip duran ýeňlerini çermemegem unudyp, yhlas bilen saz çalýardy. Beýle şirin sazy oturanlar bu eýýamlarda diňlemedik bora çemeli. Içerä suw sepilen ýaly boldy.
Bagşy sazy tamamlap, ak ýüzünde düwme-düwme bolan ownujak deri ullakan ýaglygy bilen süpürdi. Soňam, bokurdagyny arçady.
– Rowylar rowaýat kylarlar ki, Bahry Hazaryň boýlarynda bir oba bardy. Ol obada Hanserwer diýgen agzy aý, gözi gün, tarypy hindä-hebeşe ýeten, Aýran, Turandan ötgen bir perizat bar erdi. Ol perizat türkmen balasy, il-günüň lälesi bolgan. Onuň iliň-günüň hormatyna laýyk atasy hem-de üç sany arslan ýaly dogany bolgan.
Asly jaýly, döwletli-döwranly, abraýly kişiniň ýalňyz gyzyna aşyk bolup, guda bolmak üçin suhangöý-suhangöý sawçylar iberen şalar, şazadalar köp eken.
Amma ýomut taýpasynyň gojuk ýanak tiresinden bolan Orazmeňli diýen bir garyp ýigit hem oňa jany-teni bilen aşyk erdi. Ol Hanserweriň gapysynda guly bolup geziberdi...
Orazmeňliniň mahmal ýaly mylaýym sesi içere sygman oturan märekäni hüwdüleýän ýalydy. Adamlar seslerini çykarman diňleýärdiler. Bu dessan şeýle gyzykly bolup, oňa Orazmeňliniň sözleri bilen şeýle bir süýjeýärdi, ylla bir bal dadan ýalydy.
Orazmeňli bolsa Hanserwere öz söýgüsini aýdyşyny, gyzyň atasynyň, doganlarynyň razylygyny alşyny süýjüdip, dessan edýärdi.
Dessan onuň aýdymy bilen berkeýärdi. Hasam süýjeýärdi. Emma ykbal aşyklaryň arasyna al salypdy. Orazmeňli söwer ýaryny alyp gaçmak üçin belleşilen ýere gelýär. Emma söwer ýary ýokdy. Ol garaşyp-garaşyp bizar bolýar. Birdenem gözleri at aýagynyň yzlaryna düşýär. Ol şol ýerde ýarynyň gelen yzyny görse-de, giden yzyny görmeýär. Atly ony alyp gidipdir.
Orazmeňli ýarynyň kejebesiniň öňünde duran ýolbarsy öldürişini, soň onuň yzyndan gidip, Hanserweriň adamsy bilen tanyş bolşuny, onuň öz aýalyny şahyra bagyşlaýşyny, şahyryň bolsa: «Serweri maňa bagyşlanyň gaty gowy zat, köp sag bol. Emma indi giç. Boljak iş boldy geçdi. Şonuň üçin men hem ony saňa bagyşlaýaryn» diýýär.

Ýene pasly-bahar bolsa,
Bilbil gonar dal üstüne.
Tirme-şal bile ýaraşar,
Hal goýarlar hal üstünde.

Gaýgydan gama ulaşdym,
Gara ganyma bulaşdym,
Peleň bilen garşylaşdym,
Ak lowurdy çöl üstünde.

Aýyl menem, saýyl menem,
Hak işine kaýyl menem,
Duşman görsem oýulmanam,
Duşuşyp men ýol üstünde.

Gezer erdim, ýary gördüm,
Bagda şirin nary gördüm,
Men şu gün serweri gördüm.
Ýaşyl geýip, al üstünde...

Orazmeňli, jan görüner.
Läşi meýdanda seriler,
Goçaklar türpä darylar
Muhannes hyýal üstünde...

Dessan tamamlandy. Emma Orazmeňliniň ýüreginiň joşy welin gowzamadyk bora çemeli. Ol ýene-de bir goşgy aýtdy.

Deň-duşlar içinde bikemal boldum,
Bir bikemal ýigit ili ýandyrar.
Bir nadana akyl bermek hebesdir,
Müň akyllyny bir däli ýandyrar...

Şikargähler çykyp, awlagyn alsa,
Otlagyn, suwlagyn ýaýlagyn alsa,
Bir mergen yzlasa, owlagyn alsa,
Jeren bir mälese, çöli ýandyrar.

Orazmeňli diýer ýar inçe bildir,
Leblerinden akan, gör, niçe baldyr,
Men bir bilbil bolsam, Serwer bil güldür,
Bilbil kän saýrasa, güli ýandyrar.

Orazmeňliniň arassa türkmen dilinde aýdýan täsirli dessany, soň okan goşgulary Magtymgula diýseň ýarady. Ol bu ýigidiň ýüzüne şeýle uly höwes bilen garap, juda minnetdardygyny beýan etdi. Hut, öz ilinde-de beýle-beýle şahyrlaryň bolmagyna öz ýanyndan guwandy.
Bu şirin dessan we gazallar Durdy şahyryňam goja göwnüni galkyndyrdy. Olam ylham şerabyny başyna göteren ýaly boldy. Emma sesini çykramady. Gojanyň göwnündäkini Şyhmyrat baý aňan borly.
– Hany, garry agam, senem göwnümiziň posuny açyp ber, biziň. Serfaýyňy kem etmerin – diýip, kellesini ýaýkady.
Durdy şahyryň sowukdan, yssydan gaýzygyp, ýaşy bir çene barmakdan könelişen ýüzünde tolgunmanyň alamaty bildirmese-de, bokurdagyny gaýta-gaýta arçap, sesini durlamasy içki gozgalanyndan habar berýärdi. Ol «hak, allam, özüň kuwwat bereweri» diýip dyzyna galdy. Soň edil namaz okaýan ýaly, şygyr setirlerini sanap ugrady.

Her ýigit dünýäden at alyp gitse,
Andan ýedi yklyma şöhraty düşse.
Ýaradan emr etse, sakydan içse,
Akly kämil bolup, magrypet açsa,
Bet işden gol çekip, şer işden gaçsa,
Ýetim oglan, dul hatyna garaşsa1
Dyzy uzyn tapar, sözi jaý bolar...

...Durdy diýr, galmyşam tükenmez derde.
Resulny berhak diýip belemen görde,
Käbä bar, towap et, Medinä bar-da,
Erenler jem bolup ýygylan ýerde
Bakydan umyt et, tanyda ýör-de,
Derwüş bolsaň, ýygla şeb tä säherde,
Köňlüň röwşen tapar, dolan aý bolar,

Ol soňra:

Kimseler haramdan halalny saýlar,
Kimseler lal bolar, kimseler söýlär,
____________
1 Garaşsa – garaşyk etse.
Kimse göçün çeker, kim ýükün taýlar
Kimseler panyda ahyrýet taýlar,
Başga-başga bolar ýoly bewdäniň –

diýen goşgusyny okady.
Onuň salykatly, agras goşgularyny adamlar uly söýgi bilen kabul etdiler. Bu goşgular Magtymgula diýseň ýarady. Ol gözlerindäki begenç şuglasyny gizlejegem bolman:
– Ömrüňiz uzak bolsun, agam – diýip, gaýta-gaýta aýdýardy. Onuň sözlerini oturanlar uly wagyrdy bolup gaýtalaýardylar.
Durdy şahyr hem özüniň goşgularynyň güýjünden, märekäniň razylygyndan hoşwagt bolup, loh-loh edip gülýärdi. Ol uzyn ellerini gözüniň üstüne kölegeledip töweregine gözledi.
– Hany, Şyhy baý, indi bolsa serpaýyňy ýapyberi, Şyhy baý. Garry agaň gezegini sowdy.
Şyhy baý töwerekde görünmeýärdi. Onuň sesi daşarda bir ýerlerde eşidilýärdi. Ol şol gepläp gelşine kürsäp öýe girdi. Gele-gelmäne Durdy şahyryň arkasyna ýüpek don ýapdy. Soňra Balaja bagşynyň hem-de Orazmeňliniň öňüne-de bir gyrmyzy dony oklady.
Durdy şahyr toý töwirini edip, Şyhmyrat baýa köp-köp alkyşlar edenden soň adamlar turmakçy boldular. Emma Balaja bagşynyň gyryk sesi olary saklady.
– Haý, garyndaşlar, duraweriň, duraweriň. Döwletmämmet dädemiň oglunyň hem birki sanyjak şygryny diňläliň. Hywa ýaly ýerden agyr medresäniň dersini tükedip gelipdir. Heýwere gowy goşgulary bardyr – diýip, janyňdan syzdyryp gaýtalaýardy.
Dogrusy, Magtymgulynyň ýadaw, horluk çeken ýüzi, sadaja egin-eşigi känbir göze-de ilip baranokdy. Onsoňam Durdy şahyryň goşgularyndan ganan gulaklar indi ondan pes goşgulary diňlemäge höwesek hem däldi. Şonuň üçin adamlar birhili göwünsizlik bilen oturdylar. Durdy şahyr bolsa namazym geçip barýar bahanasy bilen turup gitdi. Onuň Magtymgulyny känbir äsgermeýändigi bolşundan hem aňladýardy. Çünki, reňkdar, dyzynyň üstüni ýagşy basýan ýüpek donuňy egnine alyp barşyna, oňa tarap öwrünibem garamandy.
Ol çykyp gidenden soň, Buzlypolat serdar gözüniň alasy bilen töweregini synlady.
– Gyzyny alaýyn, garry göhert, diňläganyňda ýarylyp ölagar diýdimikä, häk, seniň bir – diýip töweregine biriň turaýmaň diýen äheňde haýbat atdy.
Çalyş han bilen Şyhmyrat baý ornundan turjak bolup durkalar, alaçsyz oturmaly boldular. Çünki, olar bu aýratyn gadyr goýulýan adamy myhman bolany üçin däl-de, Döwletmämmet mollanyň neberesi bolany üçin hormatlaýardylar.
Magtymguly Balaja bagşynyň eden hormatyna, Buzlypolat serdaryň abaý-syýasatyna, adamlaryň özüne üns bermegine ulugyz ýaly uýaldy. Ol ýüzüni ýerden galdyrman oturyşyna töwerekdäkileriň özüne uly tama bilen garaýan gözlerini gördi. Beýle hormat, uly sarpa, umytly göreçleriň garaýşy onuň endamyna birhili ýylylyk guýan ýaly boldy. Adamlaryň göwnünden turaýjak şygyrlaryny ýada saljak boldy. Emma Balaja bagşynyň jadyly aýdymynyň, Orazmeňliniň haýrana goýan dessanynyň, soňky goşgularynyň, Durdy şahyryň kenek ýaly şygyrlarynyň ýanynda onuň ähli goşgusy ýelek ýaly ýeňil göründi. Şonuň üçin ol alaçsyz dymýardy.
Ol töweregine garady. Edil gapdaljygynda Çowdur bilen Çerkezgulynyň misli ekiztaýy ýaly bolup egin direşip, özüne uly umyt bilen garap duranyny gördi. Ol Çowdury görüp özüniň çagalygyny, ýüregi talwas edip, indem sähel günden ýetjek eziz obasyny ýada saldy. Häzir duýgularyny çuňlaşdyrmak gaty kyndy. Onuň al-asmanda parlap-parlap uçasy gelýän göwnüne perwaz gerekdi. Bu ýagdaýda oňa uçmagam, bir ýerde, adamlary özüne garadyp durmagam kyndy. Ol özüniň tämiz duýgularynyň ummanyna çümdi. Ol öz-özüne haýran galdy. Häzir onuň ýüregi sözleýärdi.

Bilbil hüjüm eýläp howaly baglar,
Bilbil senden gider, pygan eglenmez.
Ýagyşly, ýagmyrly, ümürli daglar,
Siller senden gider, duman eglenmez.

Adam ýaradylmyş belentli-pesli.
Akylly, pikirli, aňly, paýhasly.
Ýigitlik göýä bir ýaz günnüň pasly,
Bahar senden gider, zaman eglenmez...

Goýnun açar bir gün ýer seni gizlär
Gara gumdan dolar bu gara gözler,
Adyňa buýsanma, çemenli düzler,
Çemen senden gider, seýran eglenmez.

Magtymguly aýdar aryf dostuna,
Kim galar düşmeýen ajal destine,
Pelek bir gün salar ýeriň astyna,
Agzyňdan til gider, zyban eglenmez.

Magtymguly usullyk bilen Çerkezgulynyň ýüzüne seretdi. Balaja bagşynyň gamgyn sesi eşidildi. Ol:
– Wah, dilleriňe döneýin, dogan. Bizem bir gün ýeriň astyna salar diýsene – diýip, ýaşly gözlerinň balkyldatdy.
Bu goşgy oturanlaryň ýüregini tora salan borly. Her kim ýylan okan torgaý ýaly, Magtymgula garşy süýşeniňi duýmaýardy. Emma häzir Magtymguly olary görmeýärdi. Häzir ol özüniň eziz adamlaryňyň özüniň gazaply perlerine salyp äkidip barýan çarhy-pelegi görüpdi.

Gam çekme, garyp adam.
Begler, şalar galmazlar.
Azym-azym şäherler
Ak otaglar galmazlar.

Hakdan ýetişse perman,
Ne çäre bar, ne derman,
Asmanlar urup lerzan
Hem ýyldyzlar galmazlar.

Magtymguly ýaş süren,
Agyr heňňamlar guran
Lemmer-lemmer möwç uran
Ol derýalar galmazlar.

Magtymguly gözlerini açdy. Ol özüniň agyr märekäniň arasynda oturanyny gördi. Öz bolşuna az-kem uýaldy. Çar tarapdan ýagýan alkyşlar bolsa onuň başyny göge ýetirdi.
Şol wagt Durdy şahyr içeri girdi. Häzir onuň aljyraňňylygyny aňy bilen ýüreginiň deň ýöremeýändigini aňmak bolýardy. Ol häliden bäri boş duran ornunda düýe çöküşini edip oturdy. Soňra elini gür gaşlarynyň üstüne eltip, oýa batyp oturan adamlaryň ýüzüne birlaý garady. Uzyn-uzyn üsgürinip, birdenem söze başlady.
– Dowlatmammadyň ogly medresäni gutaryp, ahunlyk derejesine çykyp gelýemyş dyýdylar. Byzlaryň oňa sowalymyz bar. Egar jogap berip bilse, onuň ganat baglaýşyny görerik. Bolmysa, niýetimiz palak çykypdyr...
Durdy şahyr «Ýa, hak!» diýip pessaý ses bilen dillendi. Soňra ylla, namaz okaýan ýaly, burnuna salyp gazal sanady.

O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?
O nämedir, aýagy ýok towusýan?
O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber.

Magtymguly Durdy şahyryň sowallaryna çalaja ýylgyrdy. Soň bolsa ol göwnüne alaýmasyn diýen manyda pessaý äheň bilen jogabyny berdi.

Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,
Ol ýylandyr, aýagy ýok, towusýan,
Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.

Durdy şahyryň gözleriniň hanasy giňedi. Gaşlary syh-syh bolup, dartylan maňlaý gasynlaryna tarap çekildi.

O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok,
O nämedir, ganaty bar, gany ýok.
O nämedir, adam ýuwdar, jany ýok,
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber.

Magtymguly bu sapar oýlanmady:

Ol kependir ýakasy bar, ýany ýok,
Kebelekdir ganaty bar, gany ýok.
Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.

Aýdyşyk gyzdy. Aslynda oýun bilen başlanan aýdyşyk çyna ýazdy. Şyhmyrat baý gujagyny dolduryp serpaý getirende Parawyň asmanynda çerre-çerre gözli ýyldyzlar toý bolýan öýüň töweregindäki märekä gorky bilen bakjaklaýardylar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 34 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: