13:32
Özüme sorag
ÖZÜME SORAG

(Eger-de mümkünçiligim bolsa nämeler ederdim?)

Mümkinçilik bolsa ýazardym hökman,
Dildäki däl, ýürekdäki gazaly.
Sahnalarda aktýor bolup ýadadym,
Nikabymy aýyrardym ozaly.

Mümkinçilik bolsa eger-de mende,
Dikelderdim ýykan göwünlerimi.
Käbir ynsanlaryň ýüzüne basyp,
Gaýtaryp alardym öwenlerimi.

Mümkinçilik bolsa käbirlerini,
Eştmedik bolmazdym, mererdim merkin.
Goragsyz goýmazdym eýjejik güli,
Ysyny bozmazdym, saklardym görkün.

Mümkinçilik bolsa aýdardym göni,
Bu nä boluş aldyňyz-a erki siz.
Bir ädimi ölçermeli ýüz gezek,
Ýaşap göräýliň-ä bizem gorkusyz.

Mümkinçilik bolsa dilemen baýlyk,
Maddy zatlar mertebeden ownug-a.
Diňe düzederdim kemçilikleri,
Şonuň özi elter bizi gowluga.

* * *

Dymmaklyk gerekdir möhüm ýerinde,
Ygşyldaýşyn eşdeý diýseň gülleriň.
Ýöne, kä wagtlar dymylýar köpüräk,
Sany artýar dilli dymýan güňleriň.

Harasat deý sandyradyp gaýany,
Seýrek gelýär Göroglynyň ýaňlary.
Dymmaklyk ne derkar, oýlanýan käte,
Bahar paslyň nähilidir daňlary.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Dymmaklyk ne derkar oýlanýan käte
Bahar paslyñ nähilidir dañlary.
Awtor,näme diýjek bolduñyz?
Üçünji setir bilen dördünji setiriñ arasynda baglanyşyk gözledim.Tapmadym.
Birinji goýan goşguñyz ýaman däl.Sizden has gowy goşgulara garaşýarys.Döredijilikde üstünlik!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: