12:46
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek
SAMSYK BILEN SAMSYJAK HAKDA SOÑLANMADYK ERTEKI

Bir gyz on dört ýaşynda,
Bir ýigidiň keşbin çekdi kalbynda,
Soň on sekiz ýyllap,
Suratdaky şol oglany gözledi.
Emma oňa gabat gelýän,
Bir ýigidem görmedi.

Ol döwürde suratdaky,
Arzyly ýigit gürledi.
Daýawlandy, agraslandy,
Wada berdi gyza bagt.
Ol gürledi, iň esasam, gürläninde gülmedi.
Onuň juda gara çyny,
Ýanyp durdy garaçygy.

Gürrüň berdi özi hakda,
Gürrüň berdi öýi hakda,
Işi hakda gürrüň berdi.
Dosty bilen daş bir ýurda,
Gidişi hakda gürrüň berdi.

Saz diňletdi, Sazystanda,
Şygrystanda seýran etdi.
Surat çekdi, aýdym aýtdy.
Akly bilen haýran etdi.

Sowgat berdi, atasynyň
enesine dakan ýüzügin,
Sorag berdi, ýaňaklaryn
gyzarydyp, gül ýüzüniň.

Ýalňyz wagty gyzyň ýanna,
Geldi durdy, geldi durdy,
Käte gyzyň pikirlerne,
Garşy gidip, jedel urdy.
Käte bolsa bir üýtgeşik,
bir owadan, geňsi gülüp,
Köp ýalbartdy, gyzyň elin goýbermän...
Köp aglatdy, gyzy basyp bagryna...
Köp gaçyrdy, gyzy öpüp, duýdansyz...
Öýkeletdi, göwnün tapdy, söýdürdi,
Ol çyndanam ýanyndadyr öýtdürdi.

Ýukaýürek, eli açyk, aladaçyl, hojalykçyl,
Gyz onuň geljegnem görýär:
Neneň boljak gojalykda?!
Neneň boljak, şatlykly gün,
Neneň boljak, dertli güni...
Ýok, ýok, asyl bolmaly däl,
Ol ýigidiň dertli güni.

Gyz çyndanam bardyr öýtdi,
Öz ýanynda ýaňky ýigit,
Gyz çyndanam bardyr öýtdi,
Şeýle bir ýigit durmuşda.
...Garaz on sekiz ýyldan soň,
On sekiz ýyllyk düýş görüp,
Oýandy, uzak ukudan,
Hälki on dört ýaşly gözel,
Otuz iki ýaşly garry gyz bolup.

On sekiz ýyllyk ummanyň,
Girdabyndan çykyp gury
Gyz aýňaldy...
Ah, şonda-da öňküler deý,
Jurnallarda, seriallarda,
Kinolarda, reklamlarda,
Kliplerde, kitaplarda,
Futbollarda, romanlarda,
Oňa juda gabat gelýän,
Oňa juda meňzäp gidýän ýigitleri göreninde,
Gyz düýrükdi...

...Bir ýigit hem on dört ýaşda,
Bir gözeliň keşbin çekdi kalbynda,
Ol bolsa on sekiz ýyldyr,
Bir gezegem ýalan-çyndan,
Suratdaky şol gözeli,
Gözlejegem bolmady...

...Eýle boldy, beýle boldy,
Iki samsyk alnyndaky
Duran bagtyn görmedi.
...Eýle boldy, beýle boldy,
Has dogrusy, iki samsyk,
Öz alnynda duran bagtyn,
Asyl görjegem bolmady.

Laçyn PÜRJÄÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 101 | Добавил: Sona | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 18
0
15 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Men dawa-jenjeli däl-de EDEBI JEDELI SÖÝÝÄN!
Ezizowyñ aýdyşy ýaly:
Biz uzyn gijeler goşgy ýazardyk
Erte bir söz ûste sögüşmek üçin
(Birinji setirde ýalñyşlyk bar bolmagy mümkin)
Ýa-da
"Halyl bizi şahyr edýän jedeller"
Ýa-da "Biziñ jedelmiziñ gutaran güni
Biziñ özümiziñ gutardygmyzdyr."

0
16 hekaya   [Mowzuga geç]
Mahym, dogan! Bu goşgy onçakly däl. Ýöne Laçyn güýçli şahyr. Gaharyňyzy menden çykaryň. Fanatizmlik mesele ýok. Dogra dogry. Laçyn 15 telpegi bir zakolka daňyp bilýär. Goşguda.

0
17 Sona   [Mowzuga geç]
zakolkany haladym

0
18 Sona   [Mowzuga geç]
güýçli diýýäňiz ýöne anyk nämesiniň, haýsy tarapdan güýçlüdigini açyp bereňzok. Açyp beriň Mahyma şony. goý olam Laçynyň artykmaçlyklarynyň nämelerdigini bilsin.
aý Laçyn başga -laý diýýäňiz, ýöne anyk açyk nämesiniň başgadygyny aýdyp bileňzok. düşündirip biliň-dä güýçlüdigini, başgadygyny göz ýetririp bilen bolsaňyz.
15 erkege degýär diýýäňiz nämesini göz öňüne tutup diýdiňiz.
bagyşlaň başda biri güýçli diýipdir, baryň onsoň gidip otyrsyňyz. düşündirib-ä bileňzok.
Wiý ýogsa-da jora men size näme etdim-ä. nämüçin öýkeledim diýdiňiz-ä

-1
13 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Wiý aýtman geçmäýin boş warsakynyñ wagty zaýalaýandygyna düşünmegiñiz begendirdi.

0
12 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Çöregiñ aşagyna çalynan mesge ...Bogun sanyn deñlemek...Kapyýa...
Meniñ üçin goşguñ formasy kapyýasy hiç hili gyzykly däl.Meni goşgyñ içindäki PIKIR gyzyklandyrýar PIKIR.eger öñe sürere çuñ pikriñ ýok bolsa nähili beýan edeniñem möhüm däldir.Beýan ediş çuñ pikiriñ bar ýerinde möhümdir.Umuman çöregiñ aşagyna çalmak üçin ilki bilen MESGÄÑ süýji bolmaly.Soñ isle çöregiñ aşagyna çalyp getir isle ýokarsyna.Ol öz islegiñ.Ikisinem iýeris.
Tanamak babatda.
Kimdir birine garşy ýakynlyk duýmak üçin ony ýakyndan tanamak derkar däldir.Gaýybana ýakynlyk hem duýlup bilner.

0
14 Selbii   [Mowzuga geç]
Aleyt Nurgeldiyewa mahym, dawwa jenjeli cyn ýürekden söýýañ -aet biggrin

0
11 mango   [Mowzuga geç]
bu ýazjaklarym awtoryň goşgusy bilen hiç hili baglanyşykly däldir.
umumy gürrüň.
aýdaly, çörek we mesge bar .
meselede şu: kim gowy edip mesgäni çörege çalmaşak.
hemmesi bezäp-besläp, çöregiň üstüne mesge çalyp geler.
emma, içinden biri mesgäni çöregiň aşagyna çalyp geler.
ine bu-da täzelik bolar.
entek hiç kim mesgäni çöregiň aşagyna çalyp hödürlän däldir.
hiç kimiň aklyna bu gelen däldir.
aslynda, täzeligem ýok, şol çörek şol mesge.... ýöne mesele bu taýda biziň gözümiziň öwrenişmedik usulynda hödürlenmegi.
öwrenişilmedik tagamlar, öwrenişilmedik sesler, öwrenişilmedik forma, öwrenişilmedik pikirler.....
umuman, bu pikirlenmäge iýmit bolsun.
mesgäňizi çöregiň aşagyna çalyp iýip görüň.... lezzeti başga. :-)

0
10 mango   [Mowzuga geç]
goşgyny kada-kanuna saljak bolup, bogun sanyn sanap, kapiýaň derdinden manysyz sözlemler gurup, "däliň bellänini gaýtalap", goşgyny zorlap, kösäp... bir gazygyň daşynda aýlanýanlardan kän tapawutly şu awtor.
diňe "Saz diňletdi, Sazystanda, Şygrystanda seýran etdi" setirlerem meniň üçin ýetýär...
her kim öz üstünde işlesin, özüni kämilleşdirsin..... boş warsaky diňe wagtyňy zaýalar.

0
7 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Laçynçylar.Şu goşga gowy diýiberiñ.Hiç kim däl diýmez.Pelsepesi çuñ.Pikrini beýan edişi ýaman däl.Aý,men gepläp oturmaýyn.Siz häzir bu goşguny öwüp arşa çykararsyñyz.Teswiri kän ýazdy diýdirjek bolup boş warsaky otararsyñyz.

0
8 mango   [Mowzuga geç]
"Teswiri kän ýazdy diýdirjek bolup boş warsaky otararsyñyz."

şu ýeri maňa degişli. tanadym özümi. özüni tanan weli.
bellik. men laçyny tanamok, öňümden çyksada tanamok, özümi laçynçam hasaplamok....
(teswiri kän ýazdy diýäýmesinler. bes edeýin).

0
9 Sona   [Mowzuga geç]
Mango daýy, sähel zada öýkeläberýäňiz tongue

0
2 hekaya   [Mowzuga geç]
içiňi sowadanok bu

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
o näme diýdik bolýa gy

0
4 hekaya   [Mowzuga geç]
ha, gy, seň bilen gürleşemok. göwnüme degdiň

0
5 Sona   [Mowzuga geç]
näme diýdim gy

0
6 Sona   [Mowzuga geç]
Toba

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Size günortanlyk!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: