10:33
Durmuşdan ganasym gelýär
DURMUŞDAN GANASYM GELÝÄR

Bahar, lälezarlyk, gezmeli ýaýnap,
Durmuş dowam edýär, joş alýar gaýnap.
Wagt bolsa ýyndam bedewe meňzäp,
Öňe eňip barýar jylawyn çeýnäp.

Eý,bedewim,biraz gowşat sen badyň,
Ýyldyrym deý çakgan süýnmek hökman däl.
Ýeke gezek gelýär jahana adam,
Berilen ýyllaram, şeýle bir kän däl.

Baharda baglaryň gülleýşin söýýän,
Ýürek joşýar, ylham alyp olardan.
Ýöne sen arany açypsyň eýýäm,
Yza,ýaşlygyma gaýdyp gelerden.

Indi bir howlukma, maýdalňa ýöre,
Öňdäki atlylaň yzyn eýerip,
Ozup geçjek bolma, saklaly ara,
Bu owadan dünýäň hezilni görüp.

Ýöräber,ortaça badyňy saklap,
Pellehana ilki barmasaň bolýar.
Ýa büdüräp, yza galyp, agsaklap,
Agdaryp tozana garmasaň bolýar.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 8
0
3 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Hawa, men şol durmuş atynyň ylgap, alňasap, ýaryşyp pellehana nädip baranyňy duýman galanyndan, ýöredip,töweregi arkaýyn synlap gitmegi islänim üçin ýazdym. Durmuş atyny ýaryşa goşman, öz peýwagtyna çapdyrmaly ekendigine welin pellehana ýetip barýarkaň has anyk göz ýetirýän ekeniň.

Hawa 1964 doglan ýylym.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
minnetdar.
entek pellehana barardan irdirle...
howlukmaweriň.
üstünlikler!

0
7 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Sag bol,

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ýöräber,ortaça badyňy saklap,
Pellehana ilki barmasaň bolýar.
---
ine täzelik!. ýöräp pellehana barýan at.
beýle ata edebiýatymyzda ozal duş gelmedim.
Azat däde, 1964 doglan ýylyňyzmy?

0
5 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Kinaýa kabul edipdi :-)

0
8 hekaya   [Mowzuga geç]
Ýo, bärsi çyndanam gowy. Daşynda aýlanşyp ýören atlardan ýaňa, görübilmändirin.

0
1 hekaya   [Mowzuga geç]
nämçün bizde köp goşgular bir-birine meňzeýär?! Öz-özüni gaýtalaýan ýaly edebiýat. Atly, pyýadaly meňzetmeler köp ulanyldy öňem. Şu temada köp ýazyldy. Bolmanda ýekeje täzelik gözleýän.

0
6 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Belligiň bilen ylalaşýan. Dogry pikir.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: