23:31
Parasatly setirler
PARASATLY SETIRLER

Hanjar tälimlerni öwrenseň walla,
Çalasyn el däl-de gerekdir kelle.

***

Hanjarňa guwanma sen, eý, goç ýigit,
Hanjarly ýigit kän,biraz pikir et.

***

Şerap içen gitdi, içýänem gider.
Ýöne içmeýänler, aýt bakymydyr.

***

Wagtyndan öň şahasyndan goparlan,
Bişmedik miweden peýdasyz nämbar?
Bişende ýolunman, ýele aparlan,
Miweden peýda ýok, toprakda çüýrär.

***

- Hiç hassa bolmadyk sagdyn ynsana,
Aýdyň, şondan özge niçik bagt bar.?
- Hiç görüplik etmän dosty -duşmana,
Ýaşap bilýän adam, ondan bagtyýar.

Resul GAMZATOW.

Terjime eden: Azat Nurgeldiýew.
Категория: Sözler | Просмотров: 78 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Resul Gamzatow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 7
0
4 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
angry

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Hiç görüplik etmän dosty -duşmana,
Ýaşap bilýän adam, ondan bagtyýar.

"dosty-duşmana görüplik etmän ýaşap bilýän adamdan bagtyýar kim bar" diýiljek bolup diýilip bilmändir (sözlem jemlenmändir).
"ondan bagtyýar" – nämeden?

0
5 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Terjimede säwlik bar bolaýmasa

0
6 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Şu setirler sorag -jogap görnüşinde bolmalydy. DüzetdiMen.

0
7 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Düzetdim *

0
2 Sona   [Mowzuga geç]
Sag boluň. terjimeleriňizi ýetirip duruň.

0
1 hekaya   [Mowzuga geç]
Terjime edeniňe degenok. Ýöne aňsat terjime edilýä Resul agaň goşgulary. Hamala asylam türkmençe ýaly.
Rubagy ýazýan adam hökman şeraby agzap geçäýmelidir.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: