19:26
Ynsan şalygynda
YNSAN ŞALYGYNDA

Ol gör kimlere baş galdyrmady
Ikilik edende ygrarsyz Erki.
Ylgap baryp Nebsiñ döşünden urdy
Giçdi.
Kem-kemden peseldi ýüzüniñ görki.
Saçynyñ tarlaram gaçyberdiler
Yaý gaşlary ara açyberdiler,
Gül ýüzüniñ reñki saralyp solup
Didelerniñ nury öçüberdiler.
Çydamady. Emiñ ugruna çykdy
Gudrat bilen duşdy oña Ýagşylyk
Ol şonda Erkine göz görkezýän deý
Iñ esasam Nebse görkezýän deý göz
Täzeden galkyndy Alkyşlar alyp.
Erki derhal geçdi onuñ tarapa
Ýanjan boldy gözi doýmaz Nebisden.
Bir aýagy Onuñ ýanynda bolsa
Bir aýagy yzyndady Höwesleñ.
Yene de bolmady,ejiz biçäre
Urundy Erkiniñ jylawyn çekip.
Ah, höwesler ýene Nebse gowşurdy
Ejiz Erki Onuñ jigerin ýakyp.
Paýhasa ýüz urdy hemaýat isläp,
Ol diñe dymýardy agraslyk bilen
Şonda Umyt elin uzadyp Oña
Diýdi: "Köşeş Erkiñ özüñki bolar!"
Töwellaçy edip Umydy Erke,
Käte güle basdy, käte-de küle
Kä ýandy kä söndi özüni örtäp.
Şeýdip ençe ýylyn edensoñ pida
Erki jahyllykdan saýlanyberdi
Akyly başyna aýlanyberdi
Ynsan şalygynda täji-Ynsaby
Ahyrynda çykdy has ýagty ertä.

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 hekaya   [Mowzuga geç]
ine, bu gowy. "Ençe ýylyn pida edensoň" diýipdirem welin, aslynda şu zatlaň ählisi birnäçe sekundyň içinde bolup geçýän wagtam bar. Ahyry bir pikire eýerip, ýagtylyga çykan ýaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: