14:01 "Meñ kalbymda..." | |
"MEÑ KALBYMDA...." Meň kalbymda Güneş bolup, hemişelik dogan Sen bar. Meň dünýämde dogan Güne ýaşma-da ýok, batma-da ýok. Gursagymda hiç öçmejek, ýanyp duran Narym barka, Men gözümi ýumsam, bolmaz... Meň içimde birde: «Ters-ters!», birde: «Dürs-Dürs!» diýýän ses bar. Birde kalbym ornunda ýok, birde bolsa... ...ähli ýürek meň içimde urýan ýaly... Gursagymda sem bolmajak Ynsap sesi ýaňlanýarka, Men eştmedik bolsam, bolmaz... Her nepesim hamdu-sena, zikire, şüküre öwrülýär. Dileglerim-dogalarym gaýtalanýar, gaýtalanýar. Meň kalbymda millionlaryň arzuwlary-arzy barka, Dymsam, bolmaz... Dymsam, bolmaz... Laçyn PÜRJÄÝEWA. | |
|