13:57
"Meniñ söýgim..."
"MENIÑ SÖÝGIM..."

Meniň söýgüm-çynar-iki baldak bar,
Biri gurap, biri ýaprak açýar.
Meniň söýgüm-bürgüt-iki ganat bar,
Biri ýere gaçýar, birisi uçýar.

Iki ýara agyryp dur gursakda,
Birisi ganap dur, biri bitişýär.
Mydam şeýle, käte şatlygym ökde,
Kä-de üstün çykyp, gussa ýetişýär.

***

- Şatlygym, howlukma, nirä uçýarsyň?
- Söýýän ýürege sary.
- Ýaşlygym, sen menden nirä gaçýarsyň?
- Söýýän ýürege sary.

- Nirä barýarsyňyz, güýjüm-kuwwatym,
- Söýýän ýürege sary.
- A siz, nirä, gussam, perýadym, dadym?
- Söýýän ýürege sary.

***

Dag çaýynyň aňsyz suwy,seriňde
Ne bar, gör,gaýalar suwsyz ýarylýar.
Seň howlugyp akyp barýan ýeriňde,
Sensiz hem öň suw kän, joş alyp akýar.

Eý, ýürek, nämüçin salýarsyň derde,
Söýýänleri söýmek islemän, ýürek,
Ýat ile ymtylýaň ýöne ol ýerde,
Ynan, ne sen gerek, ne-de men gerek.

***

Şahyr bar-Ýaşaýan eýýämniň ogly.
Şahyr bar-ebedi ýaşaýar erkin.
Kä baglar passyllaň gelşine bagly,
Üýtgedýär reňkin, özgerdýär görkün.

Şemal öwsen taýa egýärler başyn,
Arçaň bolsa mydam şol bir lybasy.
Ony solduranok, aňzagy gyşyň,
Ony saraldanok, tomsuň jöwzasy.

***

Şöhrat, degme dirileriň janyna,
Olaň durmuşyna sen badak salýaň.
Ynsanlaryň iň güýçlisin ýagşysyn,
Heniz dirikäler öldürip bilýäň.

Şöhrat, bar sen merhumlaryň ýanyna,
Ýyly demiň, olaň ruhun ogşasyn.
Şöhrat päsgel bermez olaň şanyna,
Goý, şolaň ruhy baky ýaşasyn.

Resul GAMZATOW.

Terjime eden: Azat Nurgeldiýew.
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Resul Gamzatow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Sona   [Mowzuga geç]
Kä baglar pasyllaň gelşine bagly,
Üýtgedýär reňkin,özgerdýär görkün.

Şemal öwsen taýa egýärler başyn

Juk-juk-juk, myny ediberşini.
diýipbilipdir-ä bi.

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Sag boluň. Terjimesine söz ýok. mundan gowy edip bolmaýar. siz professional ekeniňiz, agam! kesbiňizden kemal tapyň!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: