13:06
Aýylganç kölege
AÝLYGANÇ KÖLEGE

Söýüp bildim seni,
ýigrenibem men.

Söýen günlem,
durnalara myhmandym.
buludy aşa,
güneşe goňşy,
höwürdim arşa,
söýen günlem,
Taňrylara myhmandym.

Durmuşdan ýeňilen ýowuz pursatlam,
ýigrenen günlem.

Söýgüli günlem,
aýdymlary ýeňerdi ýaşajyk sözlem,
ýumşajyk sazlam
gumrularyň gursagna siňerdi.

Ümsüm aýdym men,
Ýigrenen günlem.

Söýeniňi ýigrendirip bilýän zat,
syrly geçelge,
aýylganç kölege,
gatlak-gatlak ýat.

Söýeniňi ýigrenip bilmek,
ÿalňyş durmuşdan,
doly ýeňilmek,
çoýun gijäň zynjyryna daňylmak,
yssy damarlaryň ganly akaryn
gyşdan doldurmak.
synmak,
diňmek,
söýgüliňi ýigrenip bilmek.

Söýüp bildim seni,
ýigrenibem men.

Ybraýym BADAHŞAN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 7
0
6 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Berekella Jan Ybrayym !!

0
7 mango   [Mowzuga geç]
Abdulla. Berekellaňyzy goşgy baradaky pikirleriňiz, bellikleriňiz bilen dolurak sargyt etseňiz (dogry diýdimmi) has gowy bolardy. Aňsadyna bakmaň. :-)

0
2 mango   [Mowzuga geç]
hemem dostumyz Ibrahim goşgularyň ýazylan ýylynam görkezse gowy boljak.
indiki goýjak goşgularyna garaşýarys.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
ýene-de ikisi bir ýerde.
"sen" we "men"-däki ýaly bir kişide söýgi hem ýigrenç.
söýgüsem, ýigrenjem bir adrese.

Söýeniňi ýigrenip bilmek,
ÿalňyş durmuşdan,
doly ýeňilmek,

söýeniňi ýigrenmek - ýeňilmek.
ýöne "ýalňyş durmuşdan ýeňilmege" düşünmedim.

bu belligi halamazsyňyzam, ýöne "söýen günlem, Taňrylara myhmandym" diýeniňzde köplük san ulanypsyňyz. grek mifologiýasyna görä (grek taňrylaryna görä) aýdylan gepmi ýa?

Söýeniňi ýigrendirip bilýän zat,
syrly geçelge,
aýylganç kölege,
gatlak-gatlak ýat.

ol söýeniňi ýigredirip bilýän aýylganç kölege syrly bolup galdy.
kimiň kölegesikä?
---
haladym.

0
3 hekaya   [Mowzuga geç]
Mango, agam, taňry üçin birlik many ulanmak hökmanmy?

0
4 mango   [Mowzuga geç]
hiç zada hökman diýip bolmaz.
her kim erkli. islänini saýlar, isleýşini ýaşar.
soragy özüme degişlilikde "hawa, hökman" diýýän.
ynanjyma görä, "hawa" diýip jogap berýän.
minnetdarlyk üçin "Taňryýalkasyn" diýýän ,"Taňrylar ýalkasyn" däl,
"Hudaý saklasyn" diýýän, "Hudaýlar saklasyn" däl.
--
hawa, ýöne sen bize myhmançylyga gaýtsaň, nirä barýaň diýip sorasalar:
– mangolara - diýip bilersiň.
şu ýerde köplük sanda "mangolara" diýseňem bir mangoň gürrüňi gidýäni düşnükli. bu mümkin we normal zat.
emma, eger Taňry sözüniň aňyrsynda, şol biziň ýeke-täk ynanýanymyz göz öňüne tutulan bolsa, onda köplük sanda diýilmegini dogry hasaplamok.
ýok, bu bir ýöne grek miflerine görä diýiläýen zat diýilse. onda başga gep.
----
şunam aýdyp geçeýin. saňada Hekaýa dostum, tanamasamam eger bar bolan bolsa telpegimi bererdim, ýöne telpegim ýok. ýöne, berdi hasaplaý.
teswirleriň dok we ýerinde...

0
5 hekaya   [Mowzuga geç]
Telpek üçin minnetdar! Toý-märeke bolsa silkmeläpjik geýerin. Hem biz gaty bir nätanyşam däl. Ýene-de pasportdaky adyňy bilemok. Bilmän gezmek has gowusy.
Taňrylar meselesine gelsek, bu ýerdäki taňry sözi Ýaradan manysynda dälmikä diýýän. Taňry - bu jemgyýetiň gözündäki ýaradanlar. Ahmal ýaradan birdirem, emma taňry köp. Tabulaşdyran adamlarymyz taňrylaşýar. Aýlyk tölemäge dowam etse, başlygam taňry, 15 ýaşyndaky ýetginjek üçin kakasam taňry. Taňrylara garşy hem söýgi, hem ýigrenç besleýäs.

Şeýle abstrakt meselelerde çürt-kesiklik talap etmek ýalňyşmyka diýýän. Goý, ol Ýaradan manysynda-da ulanaýsyn, ynanjy 4 kitapdan biri bolan üçin, bu ýagdaý agyr degmeli däl. Sebäbi rasional deliller ýok wagty, musulmanam bir, buddistem bir, ateistem...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: