10:20
Ýeñilmedikler -8: Ýigitler hoşlaşmak islemeýärler
ÝIGITLER HOŞLAŞMAK ISLEMEÝÄRLER

Ruhy batyr bilen Enehakyda ikisi myhmanlary esli ýere çenli ugratdylar. Guýa gaýdyp gelenlerinde çalmardan çykyşyp guýunyň daş-töwereginde ukuly gözlerini pökgerdişip köwejekleşip ýören ýigitler olary ýüzlerini ýerden asyşyp, sowuk garşyladylar. Kese-kese bakyşdylar. Iki-ýeke eşidiler-eşidilmez «hüňňüldeşenlerem» boldy.
Ruhy batyr olaryň ýagdaýyna düşünip durdy. Şonuň üçinem sesini çykarmady. Hiç birinden gatam görmedi. Enehakyda-da gaty görmedi. Gaýtam şon deýin merdanadyklary üçin, söweşiň tamam boljakdygyny eşidenlerinden: «Häý, bolaýdy, şüý-ä» diýşip, ýerli-ýerden oba tarap jünäbermändikleri üçin guwandy. Watanperwerdiklerine buýsandy.
Ýöne, barybir olaryň ikisiniňem ýigitler bilen gürleşip ugurlary bolmady. Asyl gürleşjek bolsalaram olardan gaty bir ýüz tapmadylar. Haýsyna näme diýselerem belli bir jogap bermediler-de, düňderildiler ötägitdiler. Esli ýere barýança «hoňňuldaşdylar». Umuman, şol gün günuzyn guýunyň başynda tukat bir ümsümlik, suslyk höküm sürdi. Näme üçindir hemişeki häli-şindi hinlerinden çykyp, adamlaryň ýüzlerine jikgerişip, ýürege düşýän, sähelçe gondalaw tapdyklaram sümlüp gidýän alakalaram gara bermediler. Itler iki-baka ylgaşyp, çyňsaşyp ýa «waňkyrşyp» adamlary bizar etmediler, gaýtam hersi bir sazagyň düýbüne sümüldi-de, biri-birlerine tarap nazaram aýlaman, meýmireşdiler ýatdylar. Atlar näme, olar-a asylam adam ýaly syzgyr bolansoňlar, eýeleriniň perişan hallaryna duýgudaşlyk edýän ýaly duran-duran ýerlerinde, başlaryny aşak sallaşyp durdular, gapdallaryndan geçip barýandyklaryny görselerem eýelerine bakyp «hokranyşmadylar», aýaklary bilen ýer peşäp başlaryny atyşmadylar. Enehakydadyr Ruhy batyryňam biri-birleri bilen gürleşip ugurlary bolmady. Ikisiniňem gulagynda Jandurmaz ahunyň aýdan sözleri ýaňlanyp, gözleriniň öňünde ýigitleriň sus hem nägile keşpleri gaýmalaklady durdy.
Mahlasy, Hakguýunyň başyndaky yns-jyns janly-jandar ertirki günüň ara saljak aýralygynyň gaýgysy bilen ýaşady. Her kim öz öňünde garalyp duran gara dag gördi. Ol dag olaryň howuny basdy, howpurgatdy. Aýylganç düýş ýaly üstlerine abanyp duran şol gara güýji böwsüp geçer ýaly her kim Alladan özüne kuwwat diledi.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: