09:56
Öz dünýäme giderin
ÖZ DÜNÝÄME GIDERIN

Men giderin, gözleriňden ýiterin
Hem özüme, hemem saňa dözerin.
Ykbalymdan bolman nägile hergiz
Mydam saňa bagt diläp gezerin.

Her gün Güneş dogar öňki ýerinden
Dileglerim bilen menem örerin.
Hakykylyk meň gözüme görünmez
Men şo:l hyýalymda gezer ýörerin.

Käte Aý şuglasy oýarsa meni,
Oňa içim döküp, sessiz aglaryn.
Öz boluşym bilen kimdir birine
Ejir berýänime ýürek daglaryn.

Ýöne şeýle bir gün geler,görersiň,
Söz bilen bagtyñ suratyn çekerin.
Şonda düşünersiň, nämüçin meniň
Saňa bolan duýgymdan el çekenim.

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 17
0
17 Jumjume   [Mowzuga geç]
Hany indi çynlakaýlaşaýyn.
Hekaýa! Siz bir hili pikiriñize biz hökman boýun bolaýmaly,ylalaşaýmaly ýaly edip teswir ýazypsyñyz. Siz - ä siz boluñ,menem men! Barybir men döredijiligimi öz ýüregimiñ(akylymyñ) emrine görä dowam ederin,siziñ islegleriñize görä däl.
Mango bolsa ylalaşmaýan ýerini delilleşdirip teswirledi,şoñ üçin elbetde oña size jogap gaýtarşym ýaly jogap bermedim.

Boýun alaýyn ýarasa da ýaramasa da goşgy goýamsoñ esaslandyrylan-delillendirilen belliklere garaşýan(hemmämizem şeýle bolsak gerek)
Şoñ üçinem gadyrly hekaýa "Gödekligiñi" dowam et!

0
16 hekaya   [Mowzuga geç]
gyzyklyja ýer ekeni bärsem.
Ýöne nämüçindir Mangoň belliklerine jogap bermäň ýerine, meniň delilsiz kommentime jogap bermegi saýladyňyz. Ýok, gyzykly. Erbet däl. Ýagşy. Hiç neneň däl! Keýpine okabermeli. Gaty gowy.

0
15 Jumjume   [Mowzuga geç]

0
14 Eýmenji   [Mowzuga geç]
*siz ony - bolmaly

0
13 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Edilen bellikler dogram bolup biler yalñyşam bolup biler. Her kesiñ okan zadyna bellik etmage haky bar. Islese öwer, islese döwer. Emma bu arassa obyektiw pikirden bolmaly. Eser gowşak bolup biler. Muny awtoryñ şahsy durmuşdaky pişesine, kärine, ykbalyny baglan işine, mertebesine dil yetirmezden bellap bilen, şol sanda okan eseriniñ kemçiliklerini bellände, üstünlikli taraplarynu hem bellap bilen okyjy (tankytcy, tapawudy yok) beyikdir.
Özüni hemmelerden akylly hasaplap garşylyklaýyn jogaba hasam agressiwleşip ici gujukli sozleri oklamak ruhy saglygy yerinde dalleriñ etjek işi.
Dowam ediñ, dogan. Okamak, bellik etmek, gerek yerinde berekellañy yetirmek, gerek yerinde hay kûş etmek, tankyt etmek biz bilen. Bir adamyñ pikiri u.n eliñiz sowamasyn doredijilikden. Eger sowasa yokardaky "gödegiñ" aydanlary dogry bolup cykar. Hayş edyan, soz ony yalñyşdyryñ smile

0
12 Jumjume   [Mowzuga geç]
Hekaýa, öwmäge nädip het edip bilýäñiz bu biziñem siziñem mertebäñizi peseldýär ahyry. Sypaýyçylyk XIX asyrda gald-a. Men yzagalakdyryn dp duýdurmadymmy näme? Maña eýermäñ! XX asyryñ adamlarynyñ diline de düşünýäkäm meñ asyrymyñ dilinde gürlejek bolup kösenmeseñizläñ!

0
11 hekaya   [Mowzuga geç]
Galamyň ýiti bolsun! Berekella! Äperin! Awtora üstünlik arzuw edýärin!

-1
10 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Eger bir awtoryñ goşgylaryny halamaýan bolsañ okamarsyñ ýa-da okarsyñ we goşgyñ gowşakdygyny aýdarsyñ.Hiç kimiñ hiç kime şunuñ ýaly goşgulary ýazma diýmäge haky ýok.Teswire teswir ýazmagy hiç islämok welin gödeklikde rekord goýýan adamyñ "berekellasyny"ýetiresim geldi.Adamlaryñ göwnüne degmegiñizi dowam ediñ.Ýol alarsyñyz.

0
9 Jumjume   [Mowzuga geç]
Yok la aýdýanyñyz näme bagyşla soramak namä gerek. Bu wagtlar gödek bolmak moda. Gödek bolmasañ, diliñe geleni filtirläp aýtsañ yzagalak hasaplanyañ. Şoñ ün gödeklikde ýaryşalyñ gowsy. Döwürden yza galyp bolmaza

1
7 Güllericre   [Mowzuga geç]
Öz kalbyňdakyny özüň beýan edip bilýärkäň, başgalaryň goşgulary bilen ýürek sowadyp bolýarmyka? Hekaýany ýazman oňup bolmaýşy ýaly, goşgyny-da, ýazman oňup bolmazmyka diýýän, @hekaýa dogan. (gödek kemiňiz ýok eken, gynansak-da).
Öz akymy bilen gelýän çeşmäniň öňüne böwet bolup bolarmy? Ol barybir, başga ýerden böwsüp çykýar. Oňa nireden akmalydygyny biz öwretmeli däl. Tebigy çeşme goý, erkin aksyn, kimiň ne işi?!

0
8 hekaya   [Mowzuga geç]
bu goşgy böwsüp çykana meňzänok, dogan. Nasos bilen çykarylan ýaly. Ana, ultra gödek bolmagyma sebäp bolduňyz. Jümjümeden ötünç soramagyňyzy talap edýärin!

0
5 Jumjume   [Mowzuga geç]
hekaýa sizi beýle kyn ýagdaýda goýanym ün gynanaýdym sad

-1
6 hekaya   [Mowzuga geç]
waheý

0
4 hekaya   [Mowzuga geç]
Jümjüme, dogan! Jiger-bagryň elewredip, ýatyrmaýan derdiň bolsa-da, şu goşgyny ýazmaň (paýlaşmaň) ýerine, başga biriniň gowy edip ýazan goşgysyny okap, ýüregiňi sowatmak has gyzykly dälmi?! Kitaýski telefonlar ýaly, ne ulanyp bolýa, ne-de zyňyp..
Gödekligim üçin bagyşlaň!

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bolya. Gynanmañ.
Bolmasa kop agzalarymyz yazan pikirlerini soñ ocirip goyberyaler. Bu bolsa kabirlerimizde admin kaka teswirleri filtrleyar diyen pikiri doredyar. Şoñ u.n ayyrdygymyz boldy o funksiyany. Goy herkim islan pikirini yazsyn (edebi tankydyñ we edep ekramyñ çäginden çykman.)
Agzalarymyzyñ pikiri biziñ u.n (hemmeler u.nem) gyzykly, gymmatly.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
admin kakalar. ozallar ýazanjalaryňdaky ýalňyşlary girip redaktirläp bolaýýady welin ol funksiýany aýrypsyňyz....
teswirdäki aşaky iki goşgy setirlerini ýazylmady hasaplaýyň.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Hakykylyk meň gözüme görünmez
Men şo:l hyýalymda gezer ýörerin.

(hakykylyk we hyýal – реальность и воображения)
"hakykylyk gözüme görnenok" diýlenden "bu barlyk gözüme görnenok" ýalyrak diýilse has gowy ýaly. orsçadaky "реальность" bolýa, türkmençede "hakykylyk" bir hili sowuk eşdilýär....
pikirim.

Hakykylyk meň gözüme görünmez
Men şo:l hyýalymda gezer ýörerin.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: