09:35
Ýeñilmedikler -7: Jandurmaz ahunyñ töwellasy
JANDURMAZ AHUNYÑ TÖWELLASY

Ruhy batyr duşmany biynjalyk etmekligiň başga çärelerini agtaryp başlady. Ýöne, Skobelewem eýýäm onuň üçin iň bir aýylganç çäräni – girewli meseläni saýlap alypdy. Şonuň üçinem, günleriň birinde ýanynyň bäş-alty sany ýaşulysy bilen, Hakguýa Ahalyň tanymal adamlarynyň biri Jandurmaz ahun geldi. Ömrüni dünýäniň mekru-allaryna, dawa-jenjellerine baş galdyrman, diňe hat-sowat öwrenmek, ylym almak, öz alan ylmyny ýaş oglan-gyzlara öwretmek bilen geçiren, hakykatçyl, dogry sözli, ortadan pesräk boýly, eti-gany ýerinde, kä ýerlerine gyraw düşen gür gara sakgally, ullakan ala gözleri hemişe gussaly görünýän, ýüzi ýaňy bir ýygyrt atyp ugran, bokurdagyny «hyjyrdadyp», howlukman gürleýän, mylaýym sesli, altmyş bäş ýaşlaryndaky, çalaja-da ynjygrak bu adamy Ruhy batyr köpden bäri tanaýardy. Sylanýan adam hökmünde ol ähli maslahatlara çagyrylýardy. Ýöne, aýdan sözi ýer tutmasa gaty görýärdi. «Etmejek bolsaýyz sorap nätjekdiňiz», diýýärdi-de, ýa-ha usullyk bilen ýerinden turýar gidiberýärdi, ýa-da «Onda özüňiz ýagşy bilýänsiňiz, siz näme diýseňiz bizem şoňa razy», diýýärdi-de, aşak bakyp oturşyna elindäki gyzyl monjukly tyesbisini ýetişibildiginden sanaberýärdi. Aýdýan zatlary welin galapyn dogry bolup çykýardy. Gala urşunyň öň ýanyndaky uly maslahatda-da ol Dykma serdar, Orazmämmet han, Hanmämmet atalyk ýaly adamlar bilen bir hatarda ekabyrlara ant içmezligi, Kurandan ätlemezligi, asyl-ha uruşmazlygy, urşulaýanda-da beýdip, gala bukulyp däl-de, arkalaryny Garaguma, Tejene, Mara diräp uruşmaklygy teklip edipdi. Gepi ýer almandan soň bolsa Gökdepeden çykyp gidipdi we şondan üäri Etekdäki obalaryň birinde çaga okutmak bilen meşgul bolup ýördi.
Galanyň synanyny welin uly yza hem gam-gussa bilen garşy alypdy. Dogry, Ruhy batyryň söweşi dowam etdirýändigini eşidip begenipdi, ýöne, güýjüniň azdygy sebäpli, aňyrsynda uly döwlet duran agyr goşuna uzak garşylyk görkezip bilmejekdigini göz öňüne getirip gynanypdy. Her namazyň, edýän aýat-töwürleriniň soňunda deň bolmadyk güýç bilen göreşýän bu batyr ýigide Alladan güýç, kuwwat rowaçlyk diläpdi.
Şeýle-de bolsa onuň keşbinde il-gün üçin geçmişde gaýrat görkezen az sanly ençeme ýigitleriň keç ykballaryny görüpdi. Şonuň üçinem, ony aňyrsy görünmeýän bu kyn ýoldan sowmaklyga synanyşyk etmekligi ýüregine düwüpdi. Skobelewiň täze gelen karary onuň bu niýetini hasam tizleşdirmeklige itergi berdi. Hut, şol niýet bilenem bu gün ol şu ýere geldi.
─ Sen mamla, batyr, seňki dogry... – diýip, köneräk gögümtil palasyň üstünde çöküne düşüp, çaý içip oturan Jandurmaz ahun esli wagta çeken mesaýy gürrüňçilikden soň esasy meselä geçdi. – Ýöne, hakykatyň ýüzüne dogry seredeli. Sende uly maksat bar, emma güýç ýok. Barjaňam gün-günden azalmasa köpelenok. Mundan buýana-da şeýder gider oturar. Çünki, her gezekki söweşde çekýän ýitgiň hele-müçük däl. Halk bolsa halys ysgyndan gaçdy. Eňki agdy. Dyzyna çökdi. Eňegini ýere berdi. Utulanyny boýnuna aldy...
─ Ortada şert bar ahyry, ahun aga... – diýende, Guşly batyryň sesi çalaja sandyrady. – Ony nirä aýyrjak? Nädip ýuwutjak? ...
Jandurmaz ahun ýüreginden syzdyryp gepledi.
─ Ol saňa degişli däl, ogul. Sebäbi, sen ant içmediň. Şertem etmediň. Kurany kerimdenem ätlemediň. Göreşi bes edeniň bilen sen ähtinden dänen adam bolaňok.
─ Ýöne, men öň şert edip, indem şol şertine görä tä iň soňky demine çenli duşman bilen gidişmekligi ýüregine düwen adamlaryň öňüne düşüp ýörün. Biziň hemmämiziň maksadymyz badyhowalyk bilen içilen antyň, şertiň yzynda nämeleriň ýatandygyny subut etmek.
─ Sen ony subut etdiň. Ýöne, barybir halky ýaňadan aýaga galdyryp bilmersiň. Onuň häzir gözi ýerde. Gara toprakda. Ol bu gün ekin ekip ýör, ertir bolsa hasyl almaly, çagasyny açlykdan alyp çykmaly. Ajyň bolsa aňy bolmaýar, batyr. Bir tetäriklik gara zagara bu wagt oňa bar zatdan beter zerur. Şonuň üçinem pendimi al-da senem garşylyk görkezmäňi goý. Özüňem, ýigitleriňem ajalyň agzyna itekleme. Ol nägehan bir gün siziň baryňyzy dolap alyp öz holtumyna dykar. Seniň ýigitleriň öz obalaryna başlaryny dik tutup baryp bilerler. Hiç kim olara tarap barmagyny çommaldyp bilmez. Çünki, olar öz borçlaryny berjaý etdiler. Özüňem parahat durmuşa dolan... – Jandurmaz ahun aýdýan sözleriniň täsirini ýüzünden aňmakçy bolýan ýaly Guşly batyra tarap tiňkesini dikip köp oturdy. Ahyry çalarak ardynjyrady-da, sesini gyryljyradyp sözüni dowam etdirdi. – Sen Dykma serdardanam gaty görme. Özüň bilýäň, başda o-da ant içmäniň tarapdary däldi. Ýöne ol köpçüligiň çözgüdine razy bolmaly boldy. Özüniň gorkak ýa namart däldigini, nähili usul bilenem bolsa watanyny goramana taýýardygyny subut etmeli boldy. Subut etdem. Gala synaly bäri ol Haweran çölünde oýlanyp köp gezdi. Arasynda meniň ýanyma-da baryp gaýtdy. Maslahatlaşdam. Men oňa-da şu, saňa berip oturan maslahatymy berdim. Çünki, başga ýol ýok. Şertimde tapylaýyn diýäge-de, gyljyňa sanjylyp öläýmegem aňsat däldir, batyr. Çünki, jan süýji, üstesine-de amanat. Ony diňe eýesi alyp biler. Hiç kimiň amanat zada kast etmäne haky ýokdur. Ony Garabatyryňky ýaly: «me saňa» diýäge-de duşmana bereniň bilenem utýan zadyň ýok. Senem, bu ýigitlerem öz janlaryny indiki maksatlar üçin aýap saklamaly, nesil öndürmeli, ýurt üçin baş goýanlara derek merdana ogullary, namysjaň gyzlary ýetişdirmeli... Siziň halkyň öňündäki borjuňyz häzir ana, şol! Onsoňam... – Jandurmaz ahun oturan ýerinde arkan gaýşyp daş-töweregine göz aýlanda ýaşyp barýan Günüň şöhlesi düşüp gözüni ýaşartdy. – Onsoňam, bu garşylyk zerarly aýrysakal indi halkyň ýakasyndan ýapyşdy. Hususanam, ilen-çalanlaryňyzyň, obadaşlaryňyzyň, daşyna geçdi. Köpüsini ýygnady. Ol häzir olary girew saklaýar, ýöne, sen üstüne sürnüberseň onuň olary has ýowuz günlere salaýmagam ahmal. Üstesine, özüne tabyn bolan türkmen ýigitlerinden goşun düzüp üstüňe süräýerem daş däl. Şeýle adamlar tapylmazam öýtme, batyr. Döwürdir-düzgüniň üýtgemegi bilen adamlaram üýtgeýändirler. Dek düýnüň özünde duşman bolup, garşysyna göreşen adamlary bilen eýýäm, saçakly gatnaşyp ýörenleriň barmak basyp sanardan kändigini özüňem görüp dursuň. Olar eýýäm Orsyýediň raýatlygyny kabul etdiler, owsarlaryny şolaryň ellerine berdiler. Onsoňam aýrysakalyň seni bahanalap ir döwürden bäri gumda oturan çarwalara-da azar bermegi mümkin.
Ruhy batyr gözüniň gytagyny bir çetde aşak bakyp, çep eliniň aýasyny ýere diräp, sag eliniň süýem barmagy bilen aşagyndaky keçäniň gülüni dyrmalap oturan Enehakyda tarap aýlady. Enehakyda gyssagara näme diýjegini bilmän kösendi. Elbetde, onuň ýüregi Guşly batyryň göreşi dowam etdirmegini isleýärdi. Bu ýere gelende-de hut şol maksat bilen gelipdi. Ýöne, häzir welin aňy ony Jandurmaz ahunyň aýdanlaryna tarap çekýär. Çünki, bu göreşiň garaşylan netijäni bermejekdigi indi äşgär boldy. Soňky günlerde Enehakydayň özem bu barada az oýlanmaýardy. Guşly batyr bilen çynlakaý maslahatlaşmsk üçin kän gezekler çemeleşipdem, ýöne, hiç çemine salyp bilmändi. Ine, häzir welin şoňa maý döredi.
─ Dek-düýnüň özünde: sen bir göreşi bes edäýme, diýip, duran halyma bu gün bes edäýsene senem şuny, diýmek maňa ölümdenem agyr, Ruhy, - diýip, ol kynlyk bilen, ýuwduna-ýuwduna dil açdy – Ýöne, aýtmanam durup biljek däl. Bu sözüň saňa agyr degjekdiginem bilýän. Menem ahun aga bilen pikirdeş. Çünki, ol boljak işi aýdýa. Üstesine-de aýrysakal şeýle namart pirime baş uran bolsa... Emma bu diýildigi saňa bar-da, duşmana boýun eg, atyňy-ýaragyňy tabşyr, ýeňileniňi boýnuňa al, diýildigi däl. Ony hiç kim saňa diýibem bilmez. Bu diňe: artykmaç hem netijesiz pidalardan el çek, diýildigidir. Ahun aganyň aýdyşy ýaly sen öz borjuňy berjaý etdiň, biz öz borjumyzy mundan buýana-da berjaý ederis. Ýeňilenimizi boýnumyza almarys. Biziň erkanalygymyz ugrundaky göreşimiz tä, ölýänçäk, şu guýunyň başynda ýüregimiziň töründe dowam eder. Ýöne, öz boýnumyza alan kynçylygymyzyň azaryny özümiz çekeli. Biziň odumyza özgeler ýanmasyn. Artykmaç pida bolmasyn.
─ Men başda Garagumyň giňligine bil baglapdym... – diýip, Ruhy batyr Enehakydamy, Jandurmaz ahunamy ýa töwereginde oturan ýigitleremi , haýsyna degişlidigi belli bolmadyk äheňde söze başlady. – Gala synandan soň guma siňenleriň barysy gelip daşymyza üýşerler, Dykma serdar, Magtymguly han ýaly dolanyp gelmeklige söz beren adamlaram yzlaryna agyr goşun tirkäp gelerler, soň bize beýleki sebitlerdenem gelip goşulanlar bolar, tutuş ýurt boýunça galkynyş dörär, şeýlekin ägirt uly güýje öwrülibem öz garaşsyzlygymyzy gaýdyp alarys, bir bitewi döwlet dörederis, dünýä döwletleriniň arasynda bizem bir san bolarys, diýip, umyt etdim. Emma o diýenim bolmady. Maňa indi siziň maslahatyňyzy kabul edäýmekden başga alaç ýok. Üstesine biz zerarly halkam azar görjek bolsa... olaram ynjydyljak bolsa. Öz ýigitlerimiz üstümize sürüljek bolsa... birek-birege tarap ok atjak, birek-biregi gyrjak bolsak. – Ruhy batyr uludan demini aldy – Ýöne... Enehakyda hak aýdýar, bu biziň ýeňildigimiz ýa boýun egdigimiz däldir. Göreşi bütinleý bes etdigimizem däldir. Ol göreş biziň ömürýoldaşymyz bolar... – Batyr ýigit daş-töweregindäki ýüz-gözlerini çytyşyp, käbiri gum ýassanyp, käbiri dik oturan ýerinde özara, nägile sypatda, «hümi-sümi» edişip oturan nökerlerine tarap göz aýlady. – Şeýle-de bolsa bu barada meniň öz ýigitlerim bilenem maslahatlaşmagym, pikirlerini bilmegim gerek.
Jandurmaz ahun oturan ýerinde oýkanjyrady.
─ Dogry aýdýaň batyr. Olar bilenem gürleş, pikirlerini bil.
Ýigitleriň arasynda tolgunşyk emele geldi. Tirsekleşip ýatanlar dikeldiler, dik oturanlar ör turdylar, aýak üzre duranlar «öwhüldeşip» aşak çökdüler. Böwediň agzyna gelen çişgin suw ýaly iki baka çaýkanyşdylar-da, birdenem agyzlaryndan ak köpük saçyşyp böwet üzre aşaklygyna tarap yňdylar.
─ Ýok! Biz göreşi bes etmekçi däl!
─ Gerek bolsa biz girew alnanlary boşadybam bileris.
─ Janyňa ýakýamy diýäge-de özlerindenem girew alyp bileris.
─ Hut şeýtmek gerek.
─ Guşly batyr yza tesme!
─ Beýtjek bolsaň öň bizi ýygnamaly däl ekeniň-dä!
─ Juda bolmasa göreşi özümiz dowam etdiribereris!
─ Serkerde-de taparys!
─ Dogru-da walla!
─ Päheý-dä, welin...
Şondan soň Jandurmaz ahun olar üçinem gürrüňçilik geçirmeli boldy. Köp zatlaryň başyny agyrtdy. Her hili tymsallar, öwrümler arkaly, juda kynlyk bilenem bolsa, her – hal edil «bolýa» diýdiribilmese-de garaz köşeşdirdi. Iň soňunda-da:
─ Obaly – obaňyza baryň-da, maşgalalyňyz – maşgalaňyza goşulyň, maşgalasyzyňyz – maşgala ediniň, öý-işik boluň, nesil öndüriň, ajy däriniň ysyna derek yzgar topragyň ysyndan ganyň, gylyjyň dessesine derek iki gulakli piliň sapyndan tutuň, şu ýagdaýda şondan başga ýol ýok – diýdi.
Kükrekleri ýarylyp barýan hem bolsa, ýigitlerden ses çykmady. Olaryň barysynyň şeýdip, dymyp oturmaklaryny Jandurmaz ahun razylyk almaty hökmünde kabul etjeginem, narazylyk hökmünde kabul etjeginem bilmedi. Şeýle-de bolsa, hemmelere rowaçlyk, ak ýol diläp aýat okady. Täze parahat durmuşa pata berdi. Janlarynyň sag bolmagyny arzuw etdi.
Ýigitler şol bir agraslyklary bilen, ýüzlerini sallaşyp, sus halda dagaşdylar. Nijembir wagt bäri içinde ýatyp-turup ýören giň çalmarlarynyň içine girdiler. Biri-birleri bilen sözleşmäge-de rogwatlary ýok ýaly, ýerli-ýerlerine geçip süýndiler. Çäkmenleriniň syýnyny ýüzlerine çekdiler. Ýöne, uklap bilmediler. Bir eýlelerine, bir beýlelerine agdarylyşyp, gorsandylar ýatdylar, aram-aram «öwhüldeşip» galdylar-da, esli wagt böwürlerini diňleşip dik oturanlaryndan soň uludan demlerini alyp ýene-de çiňarkan gaýtdylar.
Ertesi guşlyk wagtlary Jandurmaz ahun ýanynyň adamlary bilen ýola düşdi. Ugramzyndan öň çalmara girip, henizem hersi bir çüňkde küçen ýaly eplenişip ýatan ýigitler bilen ýeke-ýeke hoşlaşdy. Öz sözüne pitiwa edip, beren akylyny alandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ýene bir gezek doga okady. Soň Enehakydanyň ýanyna bardy.
─ Seniň aklyňam, sowadyňam meniňkiden kem däl, gyzym. Saňa nähili ýaşamalydygyny öwretmäne çakym ýok. Hukugymam ýok. Isleýşiňizçe ýaşaň. Islän ýeriňizde ýaşaň. Ýöne, mundan buýana gan dökülmesin. Meniň sizden etjek iň soňky haýyşym ine, şü. – Ol sözüni boldum eden ýaly şekilde haýallyk bilen aňyrsyna bakdy. Derrewem öwrüldi. – Howwa, ýene bir zat: çetýer-ow, diýäge-de çagalaryňyzy kör goýaýmaň. Hat-sowat öwrediň. Bildigiňizden öwrediň, galanynyň bir alajy bolar. Has zehinliräklerini oba iberiň. Soň gerek bolsa biz olary has uly medreselere-de iberiň bileris.
Ol Ruhy batyra-da şony aýtdy. Şeýdibem hoşlaşdy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 43 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: