05:54
Goşgy hakynda goşgy

GOŞGY HAKYNDA GOŞGY

Özge syrdaş küýsetmedi,
Meni gussa-gam basanda,
Özi kakdy kilim ýaly,
Gursagymy gum basanda.

Ol dost hemem ýalñyz syrdaş.
Oña sygdy gamdyr-gussam,
Enem ýaly çekdi meniñ,
Ähli derdim,ähli hossam,

Edebime,ekramyma,
Häkim boldy,misli atam.
Keramat saýyp gelipdim,
Bagyşlasyn bolsa hatam.

Ylham bilen yhlasymdan,
Dörän şygrym perzent boldy,
Ýazan dessanym kertilip,
Iñ soñunda bir bent boldy.

Ýelken edip hyýallarmy,
Öz salymda özüm ýüzýän.
Ýetmese-de gämiden ýer,
Ummanynda poeziýañ.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 14
0
13 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
@hekaýa bagyşlap-bagyşlamaz ýaly zat ýok dogan.Şondan-da bize gämiden ýer ýetmeýäni smile

0
14 hekaya   [Mowzuga geç]
Mert jogap!

0
12 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Mango sag boluñ gadyrdan.Siziñ her bir esere irmän-arman edýän bellikleriñiz biz üçin juda gyzykly hem gerekli.

0
11 mango   [Mowzuga geç]
düzedişler.
* haý-da – hat-da

0
10 mango   [Mowzuga geç]
Ýelken edip hyýallarmy,
Öz salymda özüm ýüzýän.
Ýetmese-de gämiden ýer,
Ummanynda poeziýañ.

Gyzylgül hanym.
pikirimçe gämä münmeseňiz gowy bolar, ol haý-da poeziýa gämisem bolsa.
gämide özüň ýüzýän ýaly hyýal etseňem, käpitanyň ýüzýän ugru boýunça gidersiň (hiç ýüzmersiň).
emma, "Öz salyňda özüm ýüzýseň, Ýelken edip hyýallarňy" – ine bu hakyky ýüzüş, öz ýüzüşiň, zähmet bilen, kürek bilen, islän ugruňy özüň kesgitläp.
gämini arzuw etmesene, hiç kime, zada bagly bolma, ne kapitana ne barmaly kenara.
üstünlikler.

0
9 mango   [Mowzuga geç]
Gyzylgül hanym, birinji-ikinji bendiňiz bir-birine ýakyn (hat-da gaýtalaýar).

Özge syrdaş küýsetmedi,
Meni gussa-gam basanda,
Özi kakdy kilim ýaly,
Gursagymy gum basanda.

Ol dost hemem ýalñyz syrdaş.
Oña sygdygamdyr-gussam,
Enem ýaly çekdi meniñ,
Ähli derdim,ähli hossam,

0
8 hekaya   [Mowzuga geç]
Bagyşlaň welin, goşgy ynandyryjy däl!
Gazet doldurmak üçin ýazylan goşgulary, belli bir algoritm boýunça programma ýükläp, çem gelenden birleşdirseň, şeýleräk goşgy çykar. Teswirdäki öwgiler juda zyýanly!

0
7 Jumjume   [Mowzuga geç]
Adatça bolşy ýaly,bu goşgyñyzam SÖÝDÜM!

0
6 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Gül bolupdyr

0
5 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Gämide ýer bar dogan! biggrin

0
4 Nurdan   [Mowzuga geç]
Haladym goşgyñyzy @Gelinleriñ ajaby ! "Gämiden" ýer bolmasa-da gyýylma, ýüreklerde ornuñyz bar, (uly paromda ýer alyp bererin, Awaza geläý)))

@Jümjüme hossam- derdim, aladam, ýüküm bolýan ýaly

0
3 Pegas   [Mowzuga geç]
Ne sal, ne gämi bolsun, şol ummanyň damjasyndan mahrum etmeselerem bolýar bize. smile
Ylhamyňyz tükenmesin, ýeňňe.:)

0
2 Sona   [Mowzuga geç]
flowers bu size
siziň ajaýyp goşgularyňyz bar

0
1 Zyýada   [Mowzuga geç]
Gumly gelneje! Ylhamyňyza bereket!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: