21:48
Sadalykdan dogan kämillik
SADALYKDAN DOGAN KÄMILLIK
           
(Gurbannazar Ezizowa bagyşlanýar)

Sadalykdan dogan kämillikdiň sen,
Dünýä içre täsin dünýädiň örän.
Seniň yhlas siňdiren güýzüň geldi,
Sen bolsa ýatyrsyň bu keşbi görmän.

Biz güýzi küýsedik basym-basymdan,
Onda Gurbannazar ýaşaýar diýip.
Sary ýapraklardan seni soradyk,
Poeziýaň şolardan başlanýar diýip.

Poeziýaň gymmaty sözde ölçenmez,
"Ýer gögüň arasy"oň üçin darlyk.
"Ynam" bilen bize goýan "serpaýyň",
Şalaryň elinden gelmejek baýlyk.

Türkmen sährasyna güýz gelen çagy,
Waspyňy ýetirýän sözlerim bilen.
Ýalňyz hemsyrdaşyň sary güýz ýaly,
Sadalykdan dogan kämillikdiň sen.

Isa HOJAMERDANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Isa Hojamerdanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Pegas   [Mowzuga geç]
Gowşak goşgy eken.

0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
"Sadalykdan dogan kämillikdir ýaz"
(G.Ezizow)
"Küýsedik baharlar basym-basymdan"
(G.Ezizow)
"Şalaryñ elinden gelmejek serpaý"
(G.Ezizow)
Awtor,şu sözleri goşa dyrnaga almak babatda çynyñyz bilen oýlanyp görüñ.(Çûnki başganyñ sözi)
Goşgy babatda aýtmak gerek bolsa şu awtordan has pelsepewi setirleri okapdym.Iñ ýadymda galany agaçlary goramak barada ýazanydy.
Öz potensial mûmkinçiliginiñ aşagynda goşgy bolupdyr.

0
1 hekaya   [Mowzuga geç]
-Ertir Gurbannazar barada goşgy ýazyp geliň, okuwçylar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: