21:45
Ýaşasym gelýär
ÝAŞASYM GELÝÄR

Gara gözlüm, gül görküňe guwanyp,
Gollaryňy gysyp  ýaşasaym gelýär.
Sözleriňe, ýylgyrşyňa daýanyp,
Dertlerimi kesip ýaşasym gelýär.

Näzi onuň iň ullakan hilesi,
Ýeke söze ýumşaýandyr kinesi,
Dünýä gelen arzuwlarmyň şinesin,
Saçlaryňa sapyp ýaşasym gelýär.

Edebiň, utanjyň köňlüňe nikap,
Aýdan görk alypsyň, güneşden bekäp,
Gursaga el goýup, etseň-de ejap,
Seni bagra basyp ýaşasym gelýär.

Lebleňde eresem ysyňdan ganyp,
Kuýaşa baglansam gussadan tänip,
Biserhet gözleriň kenarna  gonup,
Mähiriňi susup ýaşasym gelýär.

Razy, gabanyber her ädim derňäp,
Razy, garşylagyn gollaryň çermäp,
Emma, bir islegim seň bilen örňäp,
Seniň bilen ösüp ýaşasym gelýär.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ýok-la goşgy ýaramaz goşgy däl ahyryn.Nähili,nähili ýazýanlar bar?Okañda aklyñ akyllygyndan utanýar.Goşgy aralyk.Ýöne awtoryñ has gowylaryny ýazmaga potensial mümkinçiligi bar.

0
1 hekaya   [Mowzuga geç]
twitter-da berbatedebiyat atly türkleň sahypasy bar. şony türkmen edebiýatly görnüşini açsak gowy bolar.
berbat goşgular ýazýanlar üçin peýdaly bolar. belki ömrüniň 10 ýylyny ýalňyşyp şahyr bolup ýaşajak bolmaň ýerine, öz ukybyna görä tärleri saýlamaga mümkinçilik berer.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: