21:44
Bagtyñ nyşany
BAGTYŇ NYŞANY

Ömrümde Güneşiň ilkinji gezek,
Şeýle gözel dogşun sende synladym.
Göz görende sözler aljyraýarmyş,
A men seni taryp etdim, dymmadym..

Söze-de hernäçe çeper bolsamda,
Waspyňy sygdyrmak kyndyr olara.
Bagtyň reňki bilen reňklenen keşbiň,
Ylham çeşmesidir şahyr bolana.

Zeminiň müdümi kadasy bilen,
Ynsan bagty yzlap geçirýär ömrün.
Başynda ak guşlar pel-pelläp uçýan,
Seniň bilen bagta ýardyr bu göwnüm.

Jadyly  keşbiňe jadylanan men,
Ynha, saňa telwas edýär ýakyn,ýat.
Halkymyza asudalyk bagyş eden,
Arkadagyň gudraty sen, Aşgabat.

Isa HOJAMERDANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Isa Hojamerdanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
2 Sona   [Mowzuga geç]
gowja goşgy

0
1 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Bu goşgulary gazet-žurnallar hezil edip çap ederdi eltip berseňiz smile

0
3 mango   [Mowzuga geç]
her kim okaljak ýerde goýasy gelýä-dä.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: