20:35
Şol gün
ŞOL GÜN

Şol gün aý-aýdyň gijedi,
Garap durdy dolan Aýam.
Göýä durmuş has süýjidi,
Ýanymda bolonsoň taýym.

Ýyldyzlaň gözi gidýän deý,
Ýylpyl-ýylpyl bakýardylar.
Mellekdäki okarykdan,
Suw şildiräp akýardy-la.

Şeýle ajaýyp pursatdy,
Egniňe başymy goýdum.
Gürsüldäp duran gursakda,
Saňa ezizligmi duýdum.

Jümjüme
Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 8
-1
8 Sona   [Mowzuga geç]
Şeýle ajaýyp. men-ä gaýta-gaýta okap ýön muny. ýadam tutup ugradym. Ýürekden aýdýän, JÜMJÜM gyz. şeýle ýakymly bolýar her gezek okaňda. Bagtyň bolsun!

0
7 Jumjume   [Mowzuga geç]
Güller üçin sagboluñ smile

0
6 Sona   [Mowzuga geç]
flowers bu-da size!
şeýle ajaýyp goşgy, lakoniçnyja ýazylan

0
5 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Jümjümeden ýeňiljek goşgy smile

0
4 Jumjume   [Mowzuga geç]
Bellikleñ ün sagbol,mango!

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Üçünji:
—-
Şeýle ajaýyp pursatdy,
Egniňe başymy goýdum.
Gürsüldäp duran gursakda,
Saňa ezizligmi duýdum.

Şol “pursatdy”ň ýerine “pursatda” bolsa näderdi (pursatda-gursakda).

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ikinjide:
“ Suw şildiräp akýardy-la” setiriňde “-la”-ly ýeri bir hili “başga obadan” ýaly.
Monjugatdymy, lälelmi.... şolar ýaly zatlary ýatlatdy, “eje jana, eje jana.. läle-läle, läle-läle” ýaly.... garaz, düşündirip bildimmi?

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Jümjüme hanym. Her kupletiňe bir belligim bar.
—-
Göýä durmuş has süýjidi,
Ýanymda bolonsoň taýym.

Göýä diýmek dogrumy, “göýä - как будто diýmek bolany üçin, “aslynda durmuş süýji däl, ýöne ýanymda bolanyň üçin göýä (как будто) süýji göründi” diýýän ýaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: