18:54
Pyragy -12/ romanyñ dowamy
ÜÇÜNJI BÖLÜM

1.

Gadymy Paraw obasy Garagum çöli bilen Alajadagyň aralygynda küren tutup otyrdy. Haýsydyr bir döwürden galan mazar daşlarynyň tokaýçylygyna çenli ýaýbaňlanyp oturan öýler bu gün has şagalaňly görünýärdi.
Obanyň ortasyndaky agylyň gapdalyndaky garakly meýdançada gyzyl, ýaşyl, ak, gara ýapynjaly atlar, dürli ululykdaky eşekler bir uly şagalaňyň bardygyny bada-bat aňladýardy.
Galanyň gapdalyndaky baýyrlaryň goltugynda uly düýe sürüsi otlap ýördi. Olaryň bärsinde, dere agzynda bolsa obanyň çagalary tutuş töwerege şowhun berip gaçar top oýnaýardy.
Gündogar tarapdan gelen bir bölek atly agylyň deňine gelip, bir durjak ýaly etdi-de, soňra sekiz ganat ak öýe bakan ýöneldi. Öýden çykaň ýetginjekler ylgaşyp at tutdular. Atlylaryň öňüni çekip gelýän başy gara silkme telpekli, gat-gat gyrmyz don geýen ýüzi ýagjymakdan ýalpyldap duran adam «düşeliň» diýen manyda garanjaklap, üzeňňä agram saldy. Onuň aýagynyň aşagyndaky at üst-başynyň tot-tozanlygyndan gaty ýadawlygy bildirip duranam bolsa, syçrap bir ýerde duranokdy. Şonuň üçin-de ol epeý pyýada agyr göwresiniň deňeçerligini saklap, aty köşeşdirjek bolýardy.
– Häýk, häýk – diýip, aňyrdan epeý-epeý basyp gelýän pyýada bolsa atyň uýanyny golunda saklap durap ýigidi janlandyrdy. Ol atyň uýanyna gunt ýaly bolup ýapyşdy – Häýt, nä at görmediňmi, işdi? Gawja eýger, gawja tutd-a, ýawyş uýandan, häýk...
Ol atyň sähel togtanyndan peýdalanyp, syrylyp düşen adamy gollaryny gerip, juda gadyrlylyk, gadyrdanlyk bilen garşylady.
– Häýt, Adyna jan, gözden uçadyn-dat, heýwere zar etdiň-dät didaryňa...
Myhmany garşy almaga çykan ýaşuly başyndaky täzeje tahýasyny öňe-yza süýşürýärdi. Onuň telpeksiz başy ýüzüne surat çekilen naskädi ýaly bolup eginleriniň üstünde ýeňillik bilen oýnaýardy. Ol her sözi kellesi bilen hereketlendirip aýdýardy.
Adynageldi han bu ýaşulynyň bolşuna agyzlaryny öweldişip duran ýigitleri janlandyrdy.
– Häý, ýigitler, Şyhmyrat baý Atabaý ýomutlarynyň iň naýbaşydyr diýip aýtmanmydym. Onuň gepi-gürrüňem on-onki sany kel gyrnaga degýändir, hä.
– Häýt, Adyna jan, on-onkiň köfräk bolmyýam-eýt, hä. Işdi o-da azmy, ýa-da, hä...
Özüniň şeýle gadyrly garşylanylmagyndan eselip, ýigitleriniň ýanynda has epeýsireýän Adynageldi han, baýyň sözlerine ähmiýet bermän, çaşgyn pikirlerini kişmiş seçelän ýaly seçeledi.
– Haý, geregiň on-onki gyrnak bolsun, saňa gerek bolsa kürtleriň özem gapyňa getirip berer. Ýöne on-onkiden känini bu ýaşdan soň eýgermermikäň diýýen. Ýa-da ikimizi ýaş garradyp bilmezmikä, ä?..
Şyhmyrat baýyň kellesi ýene-de eginleriniň üstünde ýeňillik bilen oýnady.
– Wah, at garrasa-da, ony tohumy üçin saklyýandyrlar. Bizden şondan gawsam çykmaz, Adyna jan...
Toý eýesiniň diliniň gijäp duranyny aňan han, başga perdeden gopdy.
– Şyhmyrat baý, bu gün ogluň däl-de, özüň öýlenýän-ä dälsiň-dä, garaz? Wözleňi ýaman ýalpyldawyk görýen...
– Ýalfyldap-ýalfyldaman, häki diýen gyrnajyklaryňdan ýaşajygyny äberseň ýene-de öýlenäýeriň. Äý, näme on iki däl-de, on üç boljak eken-dä.
Adynageldi han atýatakda beýdişip gep çeýneşip durmany mundan artyk uzaltmaga çydam etmedi. Ol ýüzündeki ýasama ýylgyryşlary kertip taşlady. Birhili alasýarmyk pikir bilen atlaryň arasyna göz gezdirdi. Soň pessaý äheň bilen gürledi.
– Toý tutupsyň, baý, döwletli toý bolsun. Gelen gelin yrsgaly, bagty bilen gelsin.
Şyhmyrat baýyň kellesi eginleriniň üstünde yrandy. Ýöne hiç zat aýtmady. Çünki, han häzir oňa geplemäge maý berjegem däldi.
– Saňa kürt gyzyny getirmesemem, kürtleň ýylan ýaly atyny ser-sowgat diýip getirdim. Üstündäki horjunda-da heleýleň iberen ser-sowgady bar, eýere baglanan kürt halysynam uly keýwanymyz ýörite iberdi. Nesip etsin, az görme...
Şyhmyrat baý sesini çykarmady. Ol gözleri bilen däl-de, kellesi bilen seredýän ýaly, türşek ýalak kellesini täsin ziňkildetdi. Bu onuň aýratyn tolgunýandygynyň nyşanydy.
Myhman garşylaýan ýeňilaýak ýigitler toýpaý üçin getirilen zatlary alyp gidensoňlar hem bu iki tanyş manyly-manysyz sakyrdaşyp ep-esli durdy. Diňe täze bir topbak atlynyň gelýänini görüp, myhman üçin ýörite dikilen ak öýlere garşy ugradylar.
Adynageldi han Şyhmyrat baý bilen has ir döwürlerden bäri aragatnaşyk saklaýardy. Şyhmyrat baýyň atasy ýomut bolsa-da, ejesi gökleňdi. Şonuň üçin Şyhmyrat daýy ugurlarynyň sarpasyny saklamak üçin, ejesiniň yzyny ýitirmezlik, aragatnaşygy kesmezlik üçin gökleňleriň toýuna-ýasyna gatnaşýardy. Özüniň ýagşy-ýamanynda-da olara hökman habar ýetirýärdi.
Şyhmyrat baý Etrek etraplaryna, Ahal sebitlerine, Balkan taraplaryna belli baý bolsa-da, on iki aýaly bolsa-da, ogla zardy. Onuň kiçi aýallaryndan birinden ýekeje ogly bardy. Baýyň pikiriçe, aýallar diňe ogul dogursa hasapdy. Ol başdaş aýaly bilen ogul dogran kiçi aýalyndan beýlekilerini gyrnak ornunda görýärdi. Bu baýyň maly-garasy dünýä sygmasa-da, erkek çopany ýokdy. Goýun, düýe sürüleriniň çopanam, çolugam aýallary, gyzlarydy.
Baý gyzlaryny adam hasabyna görmänsoň, olaryň näçediginem, adynyň nämediginem bilenokdy. Ilki-ilkiler oňa «gyrnagyň boldy» diýip, gyzynyň bolandygyny habar berenlerinde «ganjykdan bolanyň göbegini däl-de, boýnuny sogruň!» diýip, bu habary getirene-de on gamçy çaldyrardy. Soň-soňlar, onuň aýallarynyň göwrelisi kän bolsa-da, «perzendiň boldy» diýip gelen bolmady. Baýyň özem olary känbir indäp ýörenokdy. Onuň bileni-biteni ýekeje ogludy. Şol oguljygynyň «siýdigini çorba, pohuny ýarma» edinmäge-de taýýardy.
Gyzlary welin atalaryndan gaty-da görüp baranokdylar. Ýöne gyzlary sebäpli

baýyň il içinde utanmaly bolýan wagtlaram bolýardy. Ol öňküsi ýyl Baýramşaly1 ýomutlaryndan bolan bir baýyň toýuna bir süri dowar äkitjek bolup, Jamal togalakdaky2 çarwa baranda, oňa mal bakyp ýören bir gyz sataşypdy. Baý onuň adyny soranda, ol Göwhertäçdigini aýdypdyr. Baý şol ýerde onuň aslyny soramagy uslyp bilmändir. Soň goşa gelip aýalyndan sorasa, «Ol-a, seniň ortanjy gyzyňdyr» diýip aýdypdyr. Baýyň muňa gaty gahary gelip, başga bir goşa gidipdir.
Bu waka baýyň ýadyndan çyksa-da, oba adamlaryňa ýomak bolup galypdy. Adamlaryň geçisi ekiz guzlasa-da: «Aý, seniň malyň Şyhmyrat baýyň gyzlary ýaly ýere-göge sygmaz boljak, soň öz malyňy özüň tanaman durma-how» diýip degişýärdiler.
Şyhmyrat baýyň ýene-de bir geň häsiýeti bardy. Ol: «Oglum ýigrimi bäş ýaşyna ýetmäýkä, her süňňüne bir heleý alyp berjek» diýip oda-köze düşýärdi. Ol on ýedi ýaşly ogluna öň iki sany gyzy gelin edip alyp beripdi. Häzirem oňa üçünji gyzy alyp bermek üçin uly toý tutupdy. Onuň özi Paraw obasynda otursa-da, eýýäm Etrek, Gürgen boýlaryndan, Hywadan, Bamy, Börme, Maru-şahu jahan etraplaryndan myhmanlar gelip başlapdy.
Baýyň juda keýpli bolmagynyň ýene-de bir sebäbi bardy. Düýn onuň ogly Allaberdiniň birinji aýalynyň ekiz ogly bolup, oňa oraza aýynyň yzyndaky baýram aýynda bolany üçin Baýramgeldi, Baýramdurdy diýip at goýup, «Gelin toýuny agtyk toýy bilen bilelikde geçirjek, bir aýlap toý etjek, iň soňky kel toklyma çenli toýuma ýaratjak» diýip, söz edipdi.
Şyhmyrat baý Adynageldi hanyň ogul agtyklarynyň bolanyndan habarsyzdygyny aňyp, oňa bu süýji habary elinje buşlajak bolup durkalar, ýeňilaýak ýigitler ony beýlä çagyrdylar.
– Baý aga, Balkan boýundan Durdy şahyr diýen adam sizi soraýar. Olar ýaňyja atdan düşdüler. Siz barjakmysyňyz ýa-da öýleriň birinde ýerleşdiriberelimi? – diýip, onuň garyndaş ugrundan bolan ýigitleriň biri baýa habar gatmaga batyrlyk etdi.
Durdy şahyryň adyny eşidenden baýyň naskädi ýaly kellesi gijeniň gözi ýaly bolup, eginleriniň üstünde iki ýana ligirdedi.
– Adyna jan, Durdy şyh gelipdir, men derrewjik gafdalyndan çykaýyn. Işdi, onuň agzy gaty hafadyr. Göwnüne geleni diýiberer, işdi...
Adynageldi han täzeje dikilip, içine haly-palas ýazyp, gülälekli meýdan ýaly bezelen ak öýe girse-de, düşege meýil etmedi. Ol Durdy şyhyň adyny köp eşidýärdi. Her ýyl tomsuň güýze seplenen wagtlary ol Döwletmämmet mollalara baryp gaýdýanyny eşidýärdi. Özüni welin ilkinji gezek ony görjek bolşudy.
Han bu duşuşyga içinden begendi. Ol Durdy şahyryň öz boljak öýüne getirilmegini isledi. «Ol ýaşulyny şu öýe alyp geläýiň» diýmek üçin daş çykdy. Diňe şonda Şyhmyrat baýyň donuňyň synyny galgadyp atlylara bakan ylgaşlap barýanyny görüp galdy.
__________

1 Baýramşaly – ýomutlaryň esasy üç urug tireleriniň biri (Japarbaý, Atabaý, Baýramşaly).
2 Jamal togalak – Uzboýyň ugrunda, ýer ady.

Şyhmyrat baý Durdy şahyryň gelmegine aýratyn bir höwes bilen garaşýardy. Çünki ady tutuş Horasana dolan bu adamyň toýuňa gatnaşmagynyň özem kiçi-girim abraý däldi. Onuň üstesine-de birküç ýyllykda Oglanla, Durdy şahyryň ogly Nepesiň öýleniş toýuna ýörite serenjamly, serpaýly gidip, tä toý sowulýança Durdy şyhyňkyda bolupdy. Onuň bilen dostlaşypdy. Hudaýyň diwanasy bolup ýören bu adamyň doga kybapdaş goşgularyny diňläp, haýranlar galypdy. Ony öz obasyna çagyryp, türkmenlerde şeýle dana adamyň bardygyny kowum-garyndaşlaryna görkezmegiň arzuwynda kän bolupdy. Onuň diýeni geldi. Üçünji gelin almaga ogluny yrdy.
Gudalary bilen toý sähedini belläbem Durdy şahyryň yzyndan ýörite üç atly çapar iberdi. «Şol gojany hor edäýmäň» diýibem, olaryn hersiniň horjunyna bir garyn gowurma, bir tamdyr külçe saldyrypdy. Onsoňam eger amanadyny tabşyrmadyk bolsa, her edip, hesip edip alyp gelmegi tabşyrypdy. Gidenleriň eglenmegi onuň ýüregini bükgüldä goýupdy. Häzirki şatlykly habaryň ony guş kimin ganatlandyrýandygy, elbetde, düşnüklidi.
Adynageldi han Şyhmyrat baýyň öwüp arşa çykaran adamsyny görüp haýran galmakdan aňalyp galdy.
Uzyn ak biz köýnegi dyzyna ýetip, dyzyndan çala geçýän kelte balagynyň üstüne düşüp duran, uzyndan sary ýüzüne gelişmeýän sellesi salkaryp dargajak-dargajak bolup duran, gök gözleriniň nury öçüşen daýaw goja baý bilen ýene-de bir ýigidiň sylag-söýgetine çaýkanyp gelýärdi. Ol elindäki ýylgyn hasasyny depesinde aýlap, üýtgeşik şygryň bentlerini dälilik bilen sanaýardy. Ony Adynageldi hanyň myhman bolan öýüniň ýanynda sakladylar. Ýaşuly çaýkanyp ýöräp gelşine uzyn ýeňleri bilen ak köpük bolan agzyny süpürdi. Soň obany ýaňlandyryp:
– Huw, hak! Huw, hak, huw, hak! – diýip gygyrdy. Gojanyň gädik-gädik sary dişleriniň arasyndan çykan ýiti ses tutuş Paraw obasyny ukudan oýaran ýaly boldy. Bezemen öýlerin töweregi at çapyşygyna üýşen ýaly, oglan-uşakdan, işsiz-güýçsüz adamdan doldy.
Bu märekäniň üns bermeginemi, Şyhmyrat baýyň uly gadyr bilen garşy almagynamy, ýa-da özüne şeýle hormat goýulmagynamy, ýa özüniň dogup-döräp etine-ganyna siňen häsiýetine görämi, Durdy şahyr has joşdy. Onuň gök gözleriniň töweregindäki ownujak ýygyrtlar dartylyp, agy köpelip, agzynyň jähegi dartylyp, boýny hasam öňe süýndi.

– Gelin toýuň gutly bolsun, Şyhmyrat,
Geleniň döwletli bolsun, Şyhmyrat;
Bereniň hezzetli bolsun, Şyhmyrat,
Hudaý saňa ömür bersin, Şyhmyrat,
Iki dünýäň abat bolsun, Şyhmyrat,
Ýa alla, huw, hak, huw, hak.

Märeke hem geň galýardy, hem bu ýaşulynyň bolşuna gülüşýärdi. Adynageldi hanyň Durdy şahyra birhili göwni ýetmedi. Ol ýaşulyny ýeňilkelle, garramakdan huşy çaşan hasaplap, içeri ätledi. Telpegini ýumrugyna geýdiribem, ýagşy silkeledi. Soňra göwünsizlik bilen ädigine ýapyşdy.
Hanyň öýe girerine mähetdel bolup duran ýigitler gat-gat ýazylan reňkdar halylaryň üstüne düýe ýüňünden dokalan galyň saçaklary ýazyşdyrdylar.
Han halynyň üstünde gözüni asmana dikip, gökleň keşdesi salnan täzeje tahýasyny burnunyň üstüne süýşürip ýatyrdy. Onuň ýakynda syrylan togalak kellesi ýumşak küpjeklere ýagşy çümüp, ak gaýma tahýanyň astynda bildirenokdam.
Häzir onuň nämüçindir, keçje damarlary tyrsyldaýardy. Durdy şahyra, ony götergileýän adamlara gahary gelýärdi. «Şu Döwletmämmede näme gerek? Bolup durş-a, şy. Munuňam adyny arşa çykaryp, özüniňkinem görmediksirän, äsgermediksirän bolşuna seret, onuň. Eger menem ýat-ýala bolan bolsadym, baý, ýalum-ýulum ederd-ä. Bumy, ýaşulyň şeýtse, ýaşkiçisinden näme tama etjek. Düýn-öňňunyň güjügi, şüý, Çowdura dagy näme gerek, şolam ýat-ýala diýip ölüp-öçüp ýatyr.
Araky teke hany, Şyhmyradyň doganoglany Çalyş han dagam şonuň ýanyna barýarlar. Eýse, sümügini oňarmadyga hanlara hemra bolmak galypmy? Barysy şol çaldan. «Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy» diýenleri yp-yrasdyr. Onuň öweni öküz, syndyrany sygyr. Öwenem ýaňkyda...»
Han gapydaky gykylyga dikanlady. Oňa çenli Durdy şahyr içeri ätledi. Onuň tot-tozandan, gojalykdan ýaryk-ýaryk bolan aýaklary, timarlanmadyk ýylgyn hasasy, salkaryp, bir ujy ýüzüne düşüp duran sellesi, lagur-lugur gürrüňi geňdi, täsindi. Göwnüňde birhili ýakymsyz duýgy döredýärdi. Ylaýta-da, onuň ýüregiňi ýarara getirip: «Huw, hak» diýip gygyryp, yzyndanam «Edenine şükür» diýip mydyrdamasy siňe garanyňda, sowuk duýgy döredýärdi.
Han bu görnüşi synlap, ýakymsyz oýlanyp durka, Durdy şahyr oňa büdredi. Soň uzyn, gaty eli bilen hanyň garnyny sermeledi.
– Şyhy baý, bärde bir pyýada ýatan ýalak-da, keserilip. Bizem «akmak asla, tentek töre» edip goýduk, ony hazara.
Şyhmyrat baý ylgaşlap içeri girdi.
– Aýym, wünüm, işan aga, ol hol Etrek-Gürgen diýen sahradan, Hajygawşan diýen güzerden, dogan daýylarymdan, Adynageldi handyr ol, türkmeniň belli hanydyr ol...
Durdy şahyr dyzlaryny owkalap oturyşyna gaşlaryny çytyp Adynageldi hana seretdi.
– Men Adynageldi hanyň-a bilemok. Aý, Dowlatmammet ahun diýseň, aý, Buzlyýpolat serdar dyýseň, aý, ýana-da Ärmat han dyýseň tanaryn. Amma Adyna han dyýseň tanamaryn. Amma imdi byr wördüm, sypdyrmaryn.
Şyhmyrat baý naskädi ýalak kellesine ildiren tahýasyny maňlaýyna süýşürip, aşak oturdy. Soňam bir ýigidiň kündük bilen legen alyp gelenini görüp, elini öňe uzatdy. Elini ýuwup oturyşyna burnuna salyp gürledi:
– Aý, heý, Durdy şahyr, daýym gaty zordur, sen pikir etme meniň çeken damarym ýöne-mönedir diýip, zordur daýym.
– Äý, başgaňa bilemok, «It ata, är daýa» diýipdirler.
Şyhmyrat baý dälişge gözlerini güldürdi. Ol Durdy şyhyň gürrüňlerini ýumşatmaga, hany onuň bilen tanyşdyrmaga gyssandy. Göwnüne bolmasa, hanyň äheňinde eýýäm kinäniň ýokunjy bardy.
– Häýk, işan aga, nädiberýeň-äýt, myny. Bizleriň daýysyny dalaberjekdä, hyýalyň, häýk. «Daýyly oglan dartyk» diýifdirler-dä...
Gürrüňiň özi barada gitmegi, ähli türkmeni baglan baýyň zol daýym diýip durmagy az-kem jebegesi darygan hanyňam derisini ýazdy. Ol baýyň gürrüňiniň yzyny kakyp alyp gürledi:
Wah, «Ýegenim bilen ýedi gulum bar» diýsene – diýdi.
Şyhmyrat baý hem galmady.
– «Ýegen ujy ýagy, ýagam bolsa şol gowy», onsoňam, «Ýerden ýegen çykar, gökden daýy» hem diýifdirler.
Durdy şahyr baýyň öz daýysyny inçelik bilen duzlaýşyna «loh-loh» edip güldi. Ýöne sesini çykarmady. Ol misli arwana çöken ýaly bolup otyrdy. Baý ýaplanyp oturan güpjekleriniň birki sanysyny oňa tarap oklady. Emma Durdy şahyr oňa ünsem bermedi.
Baý Durdy şyhyň «daýysyny» känbir sulhy almandygyny derrew aňdy. Şonuň üçin-de häliden bäri göwnüne düwüp oturanyny aýtdy.
– Adyna jan bu pygamber ýaşyny ýaşan şyha Durdy diýerler. Hudaý diline kelam aslan, gözüne Hydyr görkezen, gulum diýip boýnuna uran guldur, by. Atasyna Babyş, dädesine Gara heýran diýerler. Agasy Annadöwlet, inisi Wele ata, özem Durdy şaýyr, by. «Tüf» diýse tüýküligi ýere gaçmaýan Durdy şaýyr, by. Balkaň etrafynda sözüne telfek goýlan şaýyr, by...
Şyhmyrat baý has gyzly. Emma Adynageldi hanyň üns bermeýändigini görüp çommalyp oturan ýerinden yzyna garady.
– Hä, tagam getirýärlermi? Alaweriň, alaweriň. Gawja galam, gawja tabak aldyňyzmy, işdi.
Ol öýüň öňünde-de bäş-alty sany myhman ýigidiň çommalyp oturandygyny gördi.
– Häýt, ol myman ýigitleri öýüň kölekesine äkidiň. Äweriň olara-da tagam.
Soň baýyň özem saçagyň başyna çökdi. Elini ýuwup, soňam telpeginiň işliginden çykaran uly ýaglygyna süpürinip oturan Adynageldi hanyň saçagyň başyna süýşerine garaşdy.
Emma Durdy şahyr dyzyny gujaklap oturansoň, hanam känbir janlanmady.
– Hany, mymanlar, tagamy mätel etmäýliň. Gafyrgalyja çorbany sowutmaýlyň, geliň...
Durdy şahyr saçagyň başyna süýşdi. Ol saçagyň üstündäki possuk ýaly ýumşak çörekleriň bir tegelegini alyp, gataňsy barmaklary bilen elläp-elläp gördi. Soň ýüzünde barmaklarynyň yzy galan çöregi saçagyň üstüne oklap goýberip, taldan gyrlyp ýasalan agyr, ullakan tabagyň erňegine degip duran taldan ýörite ýasalan çemçäni alyp, tabagyň içiňdäki çorbany süzüp-süzüp gördi. Ýagşy akyp bişen omaçalaryň birini çemçäniň üstüne mündürip, gözüniň ýanyna getirip, kirli barmaklary bilen barlaşdyryp gördi-de, ýene-de tabaga atdy.
– Nesip etsin, iýiň, tagam dagam bolmandyr, nesip etsin, iýiň-içiň. Allatagalanyň, ähli ölen-ýitenleriň alnyna barsyn.
Durdy şahyryň beýdip torsarylyp oturmasy Adynageldi handanam has beterräk Şyhmyrat baýy geň galdyrdy.
– Heý-wa, hä, sen näme, Ataballyň uly gyzy ýaly sülmüräp otyrsyň? Az görme, enşalla, Şyhmyrat baýyň maly edil Karunyň teňňesi ýalydyr. Çekdirmemi, ýahnamy, palawmy, börekmi gele-er durar.
Şahyr birhili agyr duýgy bilen göge, öýüň uklaryna, tüsse çykaryna garady.
– Alla kabul kylsa, ömürlik agyz bekläp ýörendirin. Agyzaçarda barmagyň başy ýaly çörek berseň-ä aňry geçiräýerin, bolmasa-da, taňryýalkasyn.
Şyhmyrat baý dyzyna urdy.
– Baý-bu-uw, işim-ä sen gördüň. Men asyl ýagşylyk bilen ýalkanjak bolup, gargyşa galapdyryn-ow, işdi.
Ýaşuly oturan iki pyýadany köşeşdirdi. Özi bolsa öýle namazyny okamak üçin öýüň bir burçuna çökdi.

* * *

Şyhmyrat baý turup gidenden soň, Adynageldi hanyňam oturyp mazasy bolmady. Ol «otursammykam, turmasammykam» diýen terzde şol gorsanjyrady oturdy. Durdy şyh bolsa namazlygyň üstünden galman otyrdy. Onuň mydyrdysy hanyň ýeňse damaryndan tutýardy. Emma ýat ýerde näme etjek.
Han turmakçy bolup dyzyna galanda, namazlygyň üstünden «huw, hak» diýip, zähräňi ýaryjy ses eşidildi. Han özüni aşak goýberdi.
Durdy şyh hanyň ýüzüne arly ýaly seretdi-de, hümürdedi.
– Onda Dowlatmammediň obasyndan boljag-ow, sen. Adyna kim diýerler? Özüň-ä, tüweleme, haly ýigid-ä meňzänok. Şyhy baý haly ýigitler bilen ümleşýän däldir-le, ha...
Hanyň içi byjyklady. Ýöne edebini saklady.
– Mana Adynageldi han diýerler, Hajygowşanyň hany, bolubilseg-ä...
Durdy şyh sesini çykarmady Ol dyzyny gujaklap oturyşyna beýnisini gazap, nämedir bir zatlar barada çunňur oýlandy. Soň başyny galdyryp, hany boýdan-başyna syndan geçirdi.
– Bolubilýer, bolubilýer. – Ol az-kem dymdy-da, gözlerini depesine dikdi. – Byý, Dowletmämmetden näme habar? Öý-ili, mal-başy, kowum-tiji bilen aman oturanmydyr?
Han özüne azar berilýän terzde, ynjyly gorsanjyrady. Soň göwünsizlik bilen gürledi.
– Haý, Döwletmämmediňkem-ä ugruna-ha däl, işigaýdanyň... – Han nädäýdiňkän diýen terzde gürrüňdeşine garady. Onuň aňkarylyp gepiň yzyna garaşýandygyny görübem, mojugyna tutdy. – Iki ogl-a şo-ol gidişi, nirede tummugynyň gyzaranyny al bilmese, adam balasy bilenok. Uly oglunyň yzynda galan heleýem guýrugyny tutuş Etrege bulaýar. Bu elhençliklere çydaman heleýi öldi gitdi. Indi özem bu güni bolsa ertesi ýok. Bir oglam başyny, aýagyny alyp, arapdan gelen hebeşiň yzyna düşüp şol gidişi, il içinde olam-a bir ýerlerde şagala şam bolupmyş diýen gürrüň-ä bar. Bu gepem Döwletmämmediň gulagyna ýetse, ojagaz gününden bolarmyka diýip gorkýaryn.
Bu epeý adamyň öz obadaşy barada sypaýyçylyksyz, adamkärçiliksiz gürrüňi Durdy şahyra ýaramady. Ýöne ol sesini çykarmady. Dyzyny gujaklap oturyşyna Döwletmmämet mollanyň pygamber sypat didaryny göz öňüne getirjek boldy. Emma başarmady. Ýöne onuň gulagyna bagt guşunyňky ýaly şeýle mylaýym, mähriban owaz geldi. Bu owaz Döwletmämmediň mähriban sesi ýalydy. Ýaşuly gulaklaryny arçady. Şeýdibem ol owazy-da ýitirdi.
«Ýok, Dowlatmammet beýle güne-hä düşmeli adam däldir. Onuň niýeti-päli emjekden aýrylmadyk oglanyňky ýaly arassadyr».
Goja dyzlaryny gujaklap oturyşyna, Hajygowşany göz ösüne getiripdi. Ol Döwletmämmet ahunyňka iki-üç gezek barypdy. Şol günler onuň ömrüniň iň eziz, unudylmaz günleridi.
Durdy şyhyň oglanlykdan ýüregi biraz ýellidi. Şonuň üçin ol ýaşlygyndan ýekeligi, ýalňyzlygy mekan tutundy. Wagtal-wagtal obany, ili terk etdi.
Boýnundan kädi asyp, ýat illerde diwanaçylyk etdi, oba, ile sygmady. Şeýdibem, ýaşy kyrkdan geçensoň Dessegul diýen bir ýetim gyza öýlendi. Ol pahyryň hem ömri uzak däl eken. Ogly Nepes jan ýaňy ýedi ýaşynda ol görgüli dünýäden ötdi.
Durdy şyh taňrydan öýkeli, ilden yrak halyna Balkanyň gowagynda ýedi ýyl ýaşapdy. Onuň hyýaly tä amanadyny tabşyrýança iliň gözüne görünjek däldi. Emma günleriň birinde onuň ýatan gowagynyň üstünden bir awçy gelipdi. Durdy şyh «Huw, hak!» diýip gowakdan çykypdy. Ol:
– Haý, üstümden çykdyň welin, hiç kime aýtmagyn! – diýýär. Emma ýüregi ynjalmaýar. Soň ilden-günden gizlenip gün görüp bolmajagyna düşünip, toba gelip oba gaýdýar. Iliň-günüň ýagşysyna-ýamanyna gatyşýar, garyşýar. Emma ýekelik, ýeter-ýetmezlik ony horlaýardy. «Huw» diýip çykyp gidiberesi gelýärdi.
Ol Döwletmämmet mollanyň döwletli, yrsgally öýüni, ýola ýagşy düşen hojalygyny, perişde ýaly aýalyny, gumrynyň jüýjejikleri ýaly mähribanja çagalaryny, il içindäki at-abraýyny görüp hem guwanýardy, hem kemsinýärdi. Özüni şu güne salan, ogluny ýetim goýan pelegiň elinden alla mynajat ederdi.
Onuň ile goşulmagynda, ogluna hakyky ata bolmagynda, ony öýli-işikli etmeginde Döwletmämmet mollanyň göreldesi juda uludy. Şonuň üçin-de ýaňky hanyň gürrüňine ol asla ynanyp biljek däldi. Ol Döwletmämmediň öýüni, maşgalasyny hudaýtagalanyň nusga üçin gaýypdan inderen zady diýip düşünýärdi. Ol öýi bozmagam, oňa dil ýetirmegem günä diýip düşünýärdi. Şeýle bolansoň, kim geçegçiniň gepini alga alar.
Durdy şahyr içini hümledip oturyşyna, gürrüňdeşine sowal berdi:
– Onuň naçarynyň ýogalany bir çynmy? Ýa-da...
Hiç kimden ses-seda çykmady. Ol dine şondan soň gürrüňdeşiniň bir wagt öýden çykyp gidendigini duýup galdy.
Bahar bilen tomsuň sepgidinde Paraw obasy hasam içgysgynç görünýärdi. Sap-sary bolup ýazylyp ýatan meýdanlaryň ýüzüne seretseň gözüň düýbi agyrýardy. Biri-biriniň yzyndan tirkeg gurap, töweregini gurşap duran baýyrlar bolsa, göwnüni has çökdürýärdi. Obanyň ilersindäki garakly meýdanda düňderilişip ýatan ak daşlar hyrlysyny gezäp, sähel maý tapsa atmaga maýlanyp ýatan mergenlere meňzeýärdi. Hatar-hatar öýler, ýataklarda parahat duran atlar, eşekler, garalyp ýatan agyl, ýerden gazylyp, üstüne agaç dikilen zömmek körpeçler, aý, garaz, tutuş oba Adynageldi hanyň göwün sandygyny hasam daraldýardy. Ol eger başarsa, hiç kime aýtman, atyna atlanyp, niredesiň Hajygowşan diýip yzyna depibermäge küýlenýärdi. Emma onuň gulagyna gelen owaz, oňa birhili tanyş ýaly bolup eşidildi. Ony edip oturan oýundan oýandyran ýaly boldy.
Han bu owazyň uklary täzeje ardylan, keçesi ýakynda ýapylan sekiz ganat öýüň içinden gelýändigini aňdy. Şondan soň haýal ädimläp, bu öýe bakan ugrady. Sebäbi onuň bu içgysgynçlykdan daşlaşasy, toý, şatlyk ruhuna garyşasy-gatyşasy gelýärdi.
Han eňsisiz işikden içeri garady. Öýüň içinde birküç sany del adam gürrüňleşip otyrdy.
– Geliberiň, näme jyklap dursuň, öýe gelin saldyňmy? – Oturanlaryň biri şaňňy sesi bilen jyňňyldady. Ýöne hanyň içeri girmegi bilen içerdäkiler janlandylar.
Saglyk-amanlyk gysga boldy. Han ýigitleri ýekän-ýekän nazaryndan geçirdi. Onuň gözleri her sapar aýaklaryny uzadyp, aýagynyň barmagyna ýüpek orap, şondan-da kiriş işip oturan ýylmanak ýüzli, kepje sakgally orta ýaşan, ýüzüne has gowy gelşip, öz bolşundan ýaş görkezýän ýigitde saklanýardy. Ol ýigit ýüpekden dokalan gyrmyzy donuňyň synlaryny şakyrdadyp gözlerini ýüpekden aýryp bilenokdy. Kiriş taýýar bolandan soň, ony her sapar dutaryň boýuna deňäp, gapdalynda, halynyň üstüne ýazyp goýýardy.
Han assaja üsgürindi.
– Ýigitler, tanamadyk sylamaz diýipdirler. Kim bolarsyňyz?
Häliden bäri geçiňiň öň aýagy ýaly sokjarylyp, kimiň agzy gymyldasa suwjaryp, goşulyşyp oturan şaňňy sesli gürledi.
– Geregiň tanyşlyk bolsun. Maňa Çalyş hanyň attutary Nazmeňli diýeller. Buý oglana Sawar diýeller. Buý adama-da dünýä belli Orazmeňli şahyr diýeller. Orazmeňli bahşy diýeller. Eline tamdyra alsa, bilbilleýem oňa heýran bolar. Şyhmyrat dädem hem toýumda dine şul aýtsyn diýip durdy. Onnoň Sawar jan bilen, Çalyş dädemden puryja alyp, hol Etregiň boýuny, hol Könürgenji, hol Bamy galasyny darawa-darawa sökdük. Ahyryn Hasar dagynyň eňňidindäki obadan tapdym.
Orazmeňli oturan ýerinden, eden işini taşlaman yzyna gaňryldy. Onuň gynanlyp duran gaşy, gyrçuw sakgaly ak ýüzüne ýaraşyk berip durdy.
Adynageldi han Orazmeňli şahyr diýen ady ilkinji gezek eşidýärdi. Ýöne bu ýigidiň ýylmanakdan ak ýüzi, özüni tutuşy, reňkdar gyrmyzy dony, lowurdap duran buhar ädigi oňa ýarady. Şonuň üçinem ähli dünýäni unudyp, mylaýym ýylgyrdy. Oňa golaýrak ýerde dyz epdi.
– Şaýyr, şaýyr diýeňiz welim, ol asyl bagşyçylykdanam habarly ýaly-laýt.
Orazmeňli hem ýüzüniň ýylgyrmasyny gizlejegem bolman ýalt edip gaňryldy.
– Alla jan ýol berse, agasy şahyrlygam edibererik, bagşyçylygam edibererik, atam çapybererik, gylyjam çakyşdyrybererik. Barysy goldan geliýe. Soň üçribem hünärden gorkym ýok.
Orazmeňliniň gep urşy, özüne göwni ýetijiligi hana ýarady. Ol öz içinden: «Ine, bu ýigit bolubilýär. Onuň görki-görmegem, oturyşam, üst-başam, gepi-sözem hanlara-beglere rafiglige ýaraşýar. Ine, munuň bilen aşna bolsaň ýüzüň utanmaz» diýip oýlandy.
Soň Orazmeňlä has ýakyn oturdy.
– Bolubilýär, bolubilýär. «Ýigide mün hünär az» diýipdir, ýagşyzadalar. Işallam, berse, aýdymlaryňyýam diňlesek, özüň-ä, tüweleme, allatagalanyň kerem eden bendesine ogşyýarsyň. Ýüzüň-gözüňden nur damyp dur, tüweleme...
Epeý adamyň öwgüsi Orazmeňlä ýarady. Ol gyýlyp duran gaşlaryny galdyryp, ýagty gözlerini güldürdi.
– Her sözüne bir tümen beribermeli aga ekeniň özüň-ä. Hany, aslyny bir mälim et, agam...
Adynageldi han bagşynyň işine çyny bilen berlipdi. Şonuň üçin onuň gepini-gürrüňini pähim eleginden geçiribem durmady. Ol özüni tanatdy.
– Bolubilseg-ä, Hajygowşanyň hany Adynageldi han bolmaly. Öz-ä adymyz türkmene ýaýylan bolmaly. Indi özüňden gür ber.
Orazmeňli şahyr jogap bermek üçin edip oturan işini goýup bärisine öwrüldi. Emma ýetişmedi.
– Wah, han bolşuň nire, Orazmeňli şahyry tanamaýşyň niri. Ol hol ýomudyň başam barmak ýanah ýerinden-ä. Özem gojak ýanak tiresiniň etdil özünden. Wah, şonom tanamasanň..
Ol ýigidiň jyň-jyň edip, gürrüňe goşulmasy hana ýaramady. Çünki ol bu sözleri Orazmeňlinin öz agzyndan eşidesi gelýärdi. Onuň bilen has ýakyndan tanyşasy, gatnaşasy gelýärdi. Döwletmämmet molla Durdy şahyry öwüp arşa çykaranda, onuňam öz aşnasyny öwesi, aý, garaz, şol molladan kem galmasy gelýärdi. Han öz ýanyndan, ony eýýäm utdum hasap edýärdi. Çüňki bu hoşsurat ýigit bilen hälki garry diwanany bir ýerde oturdybam, olary deňeşdiribem boljak däldi. Şonuň üçin bu pursady elden sypdyrmalam däldi.
Han Orazmeňliniň öz sözüne imrinenini bada-bat aňdy. Şonuň üçin oňa ýene-de hoş sözden serpaý ýapdy.
– Hany, onnaň, bu gulagymyzyň posuny haçan aşşak, sen?..
Orazmeňli dyzmaç gürledi.
– Geregiň aýdym bolsa, agşam geliber biziň garyp çatma.
– Haý, berekella, goç ýigit.
Adynageldi han dula söýelgi dutara, dyzmaç ýigitlere ýene-de birlaý göz gezdirdi-de, ýene-de gürrüňi çuňlaşdyrmakçy boldy. Şol wagt ýeňilaýak oglanlaryň biri kürsäp içeri girdi.
– Şyhy dädem ýokmy, Balkandan Çalyş han, Etrekden Çowdur han geldi...
Ol ýigit jogap berlerine-de garaşman, gelşi ýaly daz ýasap çykyp gitdi.
Bu habar öýdäkileriň arasyna gorjaw saldy. Orazmeňli şahyr Adynageldi handan obadaşlary Döwletmämmet molla, onuň ogullary Abdylla, Magtymguly barada soraşdyrmagyň oýuny edip otyrdy. Emma bu habara onuň başy garjaşdy. Adynageldi hanam Etrek-Gürgen diýen ýerleri görenini-görmänini täze aşnasyndan sorajakdy. Ony öz obasyna gezmäge çagyrjakdy. Myhman hormatyna toý tutup, hormat-hezzet etmegi wada berjekdi. Ýerin çolalygynda birki sany aýdym aýtmagyny sorajakdy. Emma bolmady.
Han daş çykanda täze dikilen öýleriň biriniň ýanyndaky atýatagyň töweregi märekeden doludy. Hanam şol tarapa ugrady. Ýaňy atdan düşen Çalyş han bilen gadyrly salamlaşdy.
– Eý, hoý, bu biziň Çowdurmyzam bar ogşýaryn. Hany bir görşeli – diýip, Çowdur bilen gadyrlysyrady. Emma Çowduryň ýüzündäki agraslygy görüp, ýüzündäki ýasama ýylgyryş bada-bat öçdi.
– He-he, arkadaglar, körpedaglar, aýagyňyz düşümli bolsun, ömrüňiz uzyn bolsun, alnyňyz açyk bolsun – diýip, Şyhmyrat baý naskädi ýaly kellesini ýazgyn eginleriniň üstünde aldygyna çaýkaýardy.
Çowduryň ýüzünde ýaşlyk hyjuwyny, şatlyga, şagalaňa höwesini bada-bat duýmak mümkindi. Ol berdaşly eginlerini merdem saklap, «indi näme işe başlamaly?» diýýän görnüşde daş-töweregine garanjaklady. Dagyň eteginde küren tutup, misli oýnawaçdan ýasalan ýaly bolup tegelenişip oturan ak öýler, kowçum-kowçum bolup, gaňtarylgy duran atlar oňuň keýpini göterdi.
Ol ýanynda duran kelteden dykyz adama daglaryň gaýalaryny görkezdi.
– Bäý, Balaja aga, bu ýerlerem edil Soňudagynyň jülgeleri ýaly gowy eken.
Balaja bagşy başyny silkdi-de, göwnündäkini daşyna çykardy.
– Wäh, sen diý-diý, hol dury suwly çaýy diý. Giňjaýyň öňündäki jülgeden akýan suwy ýadyma düşüräýdi.
Bu adamlaryň öz obasy barada aýdýan gürrüňleri, Çalyş han bilen äbede-jüýje bolşup, gürleşip oturan Şyhmyrat baýyň gulagyna ildi. Ol özi bilen Çalyş hanam bu duranlara garşy imrindirip söz açdy:
– Gawy ýerdir görseň bu jaýlar, işdi. Bir derýalyk suwy bardyr, Parawyň, ýedi jennet ýeri bardyr, Parawyň. Dereleri dürli awdur, Parawyň, Gözellerniň ýüzi aýdyr, Parawyň, Gelşigi Şyhy baýdyr, Parawyň. Iki dünýäň abat bolsun, ylaýym. Wah, işdi, ýyzyny ýadyma düşürmeýaryn. Ýogsa, siz gaty gawy bilerdiňiz bu ýerlerde Şyhmyrat baýyň ýöne ýere gezmeýanyny.
Şyhmyrat baý ýene-de birnäçe zatlaryň başyny agyrtjakdy. Emma bolmady. Çalyş han onuň badyny aldy.
– Hany, sen mymanyňy ojagyň başyndan gaýtarjak bolma-da, haýsy öýe girmelidigini salgy ber. – Ol atynyň, ýigitleriniň ýerleşişine birlaý göz aýlady-da:
– Hany, by teke garyndaşlaryň aty görnenokla, ýa-da by, gysyklygyň bilen olary ýadyňdanam çykaransyň sen.
Şyhmyrat baý zähresi ýarylan ýaly gepledi.
– Weý, taňy kessin. Parawbibi jan butnan ýerimden ugratmasyn, şeýden bolsam. Eddil seniň diýeniň ýaly etdim. Ýöne by, Gündogdy han bilen Guldurdy serdar Hywada köf eglenip pent berip du. Olaňňam yzyndan at tezegini gurytmany adam iberip dun.
Çalyş han ýöräp barşyna gepledi.
– Bagşyň haçan aýtjak, ýa-da?..
Şyhmyrat baý tahýasyny eli bilen tutup, ýorgalap onuň yzyndan ýetdi.
– Bagşyny haçan aýtdyr diýseň aýtdyrjak. Agzyň gymyldasa bor, han. Galan işler, işdi, düzeldi. Ýöne ýukardan, yşakdan geljegimiz bardy.
Çalyş han özüni diýseň erkin, epeý alyp barýardy. Şonuň üçin Adynageldi han birneme öýkeliräk garaýyş bilen töweregi gurşap duran daglara syn edip durdy. Onuň gözleri töweregi synlasa-da, ýüregi başga zat sözleýärdi.
«Bu adamlary şeýtmeli. Men bolsam olara dözmezçilik edýen. Gözünde birki sapar ot ýak, nädersiň indiki sapar öňünde üç eplenip dursa. Duruber, sag-aman oba bir baraly. Ilki bilen şol ahunsumakdan başlamaly. Oňa dözmezçilik eden bolup. Hudaý kimi ýalkap, kimi gargyşa goýjagyny gaty gowy bilýändir. Men bolsa indi hudaýa garşy gidip, ony ýalkajak bolýaryn. Häk, han, ýene-de şolardyr saňa ýagy boljak. Niçe möhlet bäri han bolup, heý, ýeke gezek gapyňdaň başyny etegine salyp geldimi? Ýok. Ol gaýta şol burny maňkalyny «Çowdur han, dur han» diýip atynyň yzna alýar. Ony ýomuda-da, tekäde tugy bar ýaly edip görkezýär.
Ýok, bularyň başarsaň damagyny tersine çalyp, ganyny gotura derman et diýsene. Wah, Seýit owşar işan, weli adam. Nedir şa arkamda duran bolsa bolmyýamydy. Bylaň baryny garynja depelän ýaly depeläp-depeläp gezmezmidim. Zyýany ýok, han «Doga bidöwlet bolandan ýylda bir gezek ýagy çapsyn» diýenleridir. «Sabyrly gul dura-bara şat bolar», han».
Adynageldi hanyň bir duran ýerinde doňup, gözlerini bir ýere dikip durmasy Balaja bagşa geň bolup göründi. Ol hanyň böwrüne tamdyrasynyň sapynyň ujuny degirdi.
Han bijaý hereket bilen tersine öwrüldi. Ýadaw, aç-suwsuz bagşynyň ysgynsyz golundaky tamdyra beýläk zyňyldy.
– Wah, tamdyram zyňlandan kelläm togarlansa gowy bolardy, han aga – diýip, daşyna çebiş derisinden gap geýdirilen dutaryny barlaşdyryp duran Balaja bagşy hüňürdeýärdi.
Edip oturan oýunyň täsirinden çykmadyk han oňa azgyryldy.
– Bolşuň şu bolsa kelläňem bu gün togarlan tapylmasa, ertir togarlan tapylar.
Hanyň bagşa azgyrylyp duranyny gören Şyhmyrat baý ýorgalap bäri gaýtdy. Ol hanyň goltugyna gysmyljyrap täzeje sekiz ganat ak öýüň gapdalynda üýşüp duran adamlara bakan alyp gitdi.
Paraw obasynyň üstüne aşyr aýynyň çerre-çerre ýyldyzlary, on bäşi gününi dolan aý şöhle saçýardy.
Obanyň ortasyndaky tegelenip duran öýleriň ortasynda uludan ot ýakylyp, töweregine gat-gat düşekler ýazylypdy. Ýerde ýakylan oduň ýalkymy asmanda gümmezlenip duran ullakan aýyň ýalkymy bilen garyşaýjak-garyşaýjak bolýardy.
Toýa gelen abraýly adamlar oduň başynda täzeje gowurma, ýaňyja tamdyrdan çykan nan bilen agşam şamyny edinýärdiler. Düýe çaly, täzeje gatyk, epirik, çig gaýmak daşaýan ýigitler ilki biden Çalyş hanyň oturan tegelegine gatnaýardylar. Çünki, bu ýerde bu etraplaryň hanlary, begleri, sylagly ýaşululary otyrdylar. Olaryň arasynda Durdy şahyryň göwresi has dikelip görünýärdi. Ol çorbanyň içine çörek dograp iýip oturyşyna, gaýta-ganta sowal berýärdi. Şonuň üçin onuň öňem dişsiz agzyndan çykýan sözler edil tala münüp, iýlen talhan ýaly pytrap eşidilýärdi.
Ol häzirem mesaýy gürrüň ýedip, oturanlara garaşylmadyk sowal berdi.
– Çalyş jan, by, owgan-sowgan, gurultaý-toklutaý diýen ýaly kep bardyr-la. Ýa-da agzy boşuň uçuran guşumydyr?
Şahyr gepiniň yzyny-da diňlemän çorbaly tabakdan uzyn barmaklary bilen bir çaňňal çöregi agzyna dykdy.
– Öz-ä, öňem-ä, eşitmişime görä, ep-esli türkmen giden bolmaly. Bu türkmeniň soňuna çykyp barýa ogşýan. Türkmeniň Owganyň, Eýranyň ýalagyndan ýallan ýer-ä ýokdur.
Ýaňyja atdan düşüp, çalarak ýuwnup saçak başyna geçen Buzlypolat serdar heniz köşeşmedik gaýratlylygy bilen dillendi.
– Wah, diliňe guwan, aga. Öň-ä iýran diýdi, kürt diýdi türkmeniň burnundan ikli gan getirdi. Indem owgan diýip bir bela turdy. Biziň nebir bala-çagalarymyz eddil doýmadym garka dökülen ýaly, şol gidip otyr, gidip otyr. «Il aglak bolsa, doňuz depä çykar» boldy. Ne baş bar bu türkmende, ne aýak.
Buzlypolat serdar sözüni soňlamanka garaňky böwürden gazaply ses eşidildi.
– Kim-äýt, ol türkmene hossarsyraýan? Kim ol, ýurduny, watanyny taşlap, nirede bukurak goltuk barka diýip heleýiniň yzyna düşüp gaçyp giden näletkerde ýaly-la. «Öz öýünde belke ýaýmadyk, kesekiniň öýünde unaşy kesjek» bolýarmysyň?
Adynageldi hanyň bu sözleri oturanlaryň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly etdi.
– Häýk, Adyna jan, oňarmadyň-ow, häk, meniň işimi gördüň-ow. Häk, Adyna jan, oňarmadyň-ow – diýip, Şyhmyrat baý aljyraňňylyk bilen ara düşdi.
Buzlypolat serdar gyryk ses bilen gürledi. Darykmaň, Şyhmyrat aga, darykmaň. Buzlypolat myzaýyk etse-de, mert adamyň sözüni myzaýyk eder, telpek geýip ýören her bir gulatynyň sözi üçin seniň döwletli toýuňy bozup durmaz.
Gürrüňiň arasyna Çalyş han düşdi. Ol sesini gataldybrak Durdy şahyra ýüzlendi.
– Durdy däde, ýaňky Gerkezli serdaryň aýdyşy ýaly, owgan meselesi biziň tüýs başymyzy çaşyrdy. Eýsem, näme işlejek? «Kyýamat güni goňşudan» diýipdirler. Goňşyň öz-ä uly şa, özem kömek beriň, musurman gardaşlar diýip, boýun burup ýaty. Onsom tekeleriň hany Gündogdy han bilen Etrekdäki Döwletmämmet ahunyň ýanyna maslahat bilen baryp gaýtdyk...
– Men gaty belet Dowlatmammede, ýöri onsom, neneňsi meslahata gelindi?
– Döwletmämmet aga, näme, türkmeniň kahudalaryny, ýaşulularyny ýygnap maslahat ediň. Bu iş her kim özbaşyna, kellesine gelenini edip ýörer ýaly iş däl, tutuş türkmeniň täleýine garaljak bolsa diýdi. Indem, hana, beýlekiler geldi diýseň, tekeleriň hany Gündogdy han gelmän du.
Çalyş hanyň sözüniň äheňinde birneme janykma bardy. Şonuň üçin onuň sözi töwerekdäkilere birneme täsir etdi. Şol täsir bilen gylawlanyp, teke ýaşulularynyň biri, şu gün öýlän bir topbak atlynyň öňüne düşüp gelen Keýmir aga ynjyly gürledi.
– Gündogdy bolmasa tekäniň teýi deşilenok, Çalyş han, ine, şu oturanlaram tekäniň ýagşysyna-ýamanyna ýarap duran adamlar. Ediber näme mesladyň bolsa, juda unup-çydar ýaly bolmasa, Gündogda-da gürrüňiň ujuny ýetiräýeris.
Onuň töwereginde oturan teke ýigitleri, ýaşulular «hawa-da, hawa» boluşsalar-da, Çalyş han geplemäge howlukmady. Ol elindäki owadan saply gamçysy bilen oduň yşygyna ýaldyrap duran mesi-ädigine şarpyldadyp urdy-da, göge garady.
– Aý, hawwa-la, ata oguldan bir kişi diýipdirler öz-ä. Gündogdy han eglense-de, teke doganlarda onuň ornuny pugta tutjak ýigitleriň bardygy bütin türkmene mälim. Ýöne, size dogrymy diýsem, Döwletmämmet ahunyň ýanyna Gündogdy han bilen meslada bile baryfdyk. Onsoňam, Guldurdy serdar-da ýok. Birden olaryň ikisinem ynjydasak, goňşuçylykda ýagşy däl. Aý, näme, «ýarym güne ýaryş ýok» diýifdirler. Mesladymyz by gün bolmasa, ertir boljak eken-dä. Şyhmyrat baýyň toýunyň başy ýaňy başlandy. Iýer-içer ýatarys. Näme, dädemiz edeniň telek diýjekmi, hä?..
Çalyş hanyň joşgunly sözüniň arasyny Durdy şahyryň sesi böldi.
– Çalyşberdi, byý, Şyhy baýyň toýuna Dowlatmammet ahunyň özleri gelmedimi?
Çalyş hanyň ýaňy açylyp barýan ýüzi gamaşdy. Ol gamçysy bilen küpjegiň ýüpek seçeklerini darap oturyşyna burnuna salyp hüňürdedi.
– Onuň häzir toýa beýlekä eli deger ýaly däl. Bizem ýanýoldaşynyň ýerine baryp gaýtdyk. Ol-a beýdip otursa, senem toýa çagyrsaň. «Geçä jan, gassaba ýag gaýga» barar-da.
Durdy şahyr ýeň bermedi.
– Adamky näme göwündir-dä. Ölüm näme ala göledir. Bir gün ahuň gapysyna gelse, erte meniňkä barar. Bolsa-da, oglanlyk edipsiňiz...
Halys ýadawlykdanmy, ýa-da Durdy şahyryň käýinmelerine halys öwrenişeni üçinmi, Çalyş han oňa känbir ünsem bermedi. Ol şol wagt uly içmegi egnine alyp, ýorgalap gelen Şyhmyrat baý bilen bir möhüm mesele barada sözleşýärdi. Töwerekdäkiler onuň:
– Bagşyň bolsa erte agşam aýtdyryber. Buwün mymanlara azar berme. Her kim ençe menzil aşyp ölümiň öýünde özüni atdy. Senem bagşy diýdiň, tüýdükçi diýdiň, bir zat tapdyň.
Şyhmyrat baý töwerekdäkilere eşidilsin diýýän ýaly:
– Bor, bor. Işdi, Şyhy baý gulagymyzyň posuny açmady-laýt diýmeseňiz bor. Galany siziň bilen...
Şyhy baý özüni tassyklatmak üçin ýene-de birnäçe söz aýtjakdy. Emma ýetişmedi. Aňyrdan gelen ýeňilaýak oglan onuň gulagyna bir zatlar çawuş çakdy. Şyhmyrat baý duran ýerinden özüni aşak goýberip, Çalyş hanyň öňüne çekdi.
– Çalyşşan, Gündogdy han diýen gelipmişdik. Amma, eýgilig-ä dälmişdik. Seni soraglaýarmyşdyk.
Çalyş han aşagyndan gop berlen ýaly bolup galdy. Soňam Şyhmyrat baýyň yzy bilen batly ädimledi. Onuň her bir sözüniň, äheňiniň agramyny saldarlap oturan adamlaram birhili aljyraňnylyga düşdüler. Hiç kim hiç zat aňmansoň, «bu näme-de, näme boldy» diýşip, oturanlaram örüşdiler.
Gündogdy han aljyraňňy hemem gaty ýadaw görnüşde, gyr agyň uýanyny tutup durdy. Ol Çalyş hany görüp birhili bozuljak ýaly etdi-de, sowuk görüşdi. Ýüzi gijäniň içinde belli öwüşgin bermese-de, gyrykdan gussaly sesi onuň içki harasadynyň habaryny berýärdi. Çalyş han nämäniň-nämedigine oňly göz ýetirmese-de, eýgiligiň alamaty däldigini aňdy. Gepbaşy bolsun diýibem hana mürehet etdi.
– Weý, han, biziň gözümizi ýolda goýubam, indi beýdip durmaň näme? Geçeli, atlary oglanlar tutsun!
Töwerege märeke bary üýşüpdi. Ýeňilaýak oglanlar atlary tutmaga häzirlenip, üme garaşyň durdular. Beýleki bir wagt bolsady, özüniň mertebesini saklap, ýeke sözünem bu märekä mynasyp görmejek han dillendi. Ol indi näçe güň bäri ýüreginiň içine böri giren ýaly edip duran şol bir habary daşyna çykardy.
– Çalyş jan, biz-ä bu dünýede başymyza telpek geýip gezer ýaly etmediler. Tekäniň ähli abraýy ýere döküldi...
Ol dymdy. Sebäbi mundan aňry gitmek öňki masgaraçylygyň üstüne täze urnady. Ony bu duran ýeriňde, munça gulagyň agzynda aýdyp boljak däldi. Gündogdy han öňem bu habary aýtmagyň gör, näçe ýoly barada oýlanypdy. Ýöne özüniň ýalňyşyna indi düşündi. «Wah, özüm olar bilen galyp, başga bir çapar ibermeli ekenim. Uzynyň akly giç geler»...
Ol atyň uýanyny taşlap goýberdi-de, «ýörüň onda, öýe bir baralyň» diýen manyda öýleriň birine garşy gadam goýdy. Öýlerin hemmesiniň içi garaňkydy. Aýyň ýagtysy diňe öýleriň ak eşigini görkezýärdi. Gündogdy han gözi ýok ýaly bolup, hälki Adynageldi han bilen Durdy şahyryň oturan öýüne girdi. Ol öýde Adynageldi hanyň gyşaryp ýatanyny aňmady. Onuň bar derdi göwnündäkini Çalyş hana aýtmakdy,
Ol ellerini maňlaýyna diräp durşuna, bolan wakany gyssanyp gürrüň berdi.
– Men bi ýigitler bilen Hywa hanynyň atlylarynyň atyny alyp gaçyp gaýtdym. Ol Döwletmämmet ahunyň ogly birki sany ýoldaşy bilen soňam ol haramzadanyň ýanyndaky näletkerdeleri bilen galdy.
Çalyş han Magymgulynyň adymy eşiden badyna töweregine garanjaklady.
– Döwletmämmet mollanyň ogluny bir goýup gaýtmaly däl ekeniňiz.
Gündogdy hanyň bolmajasy boldy. Ol dişlerini jygyrdatdy.
– Seniň ýadyňa adam düşýär, han. Meniň arymy-namysymy ýere çaldylar. Men bu masgaraçylyk bilen tekeleriň ýüzüne nädip görneýin? Men-ä senden dalda isläp, gussa çekip, başymy etegime atyp gelýän. Senem pylanynyň ogluny soraýaň. Wah...
Çalyş han iki oduň arasynda galdy. Emma Magtymgulynyň Hywadan gelýändigi baradaky habar Çowduryň ýüregine bir çümmük däri guýan ýaly boldy. Ol ýanyndaky ýigitleriň birnäçesini ýanyna alyp, edil şu wagtyň özünde onuň ýoluna çykmagy ýüregine düwdi.
Çowdur toý eýesinden hem-de Çalyş handan rugsat soramak üçin öýüň töweregine üýşen adamlaryň arasyna urdy. Onuň gözleri kimidir birini agtarsa-da, bütin pikiri, tutuş ýüregi niçe ýyllap gözden uçan, niçe ýyllap adyny aýdym edip gezen eziz dosty, ýoldaşy Magtymgulynyň ýanyndady. Onuň göwnüne bolmasa, Magtymguly agalary Abdyllany, hemem beýleki obadaş oglanlary alyp gelýän ýalydy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 18 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: