18:34
Ýürekdeş gözlegi
ÝÜREKDEŞ GÖZLEGI

Ýadyňdamy, eý köňül heniz kiçidim
O döwürler.
Joralamdan ýüz tapman ýekesirärdim,
Perdeli bolsa-da durmuşyň ýüzi,
Käte gorkunç halda maňa garardy.
Eýýäm şonda ir bolsa-da aňypdym,
Ululykda kynçylygyň köpdügin.
Iň erbedi aňlanmadyk dünýäňi
Ýykyp biljek bir jümlejik gepdigin.
Juda duýguçyldym,sähel ýerliksiz
Jümle ýüregimi ezip bilýärdi.
Bir gez öýkeläňsoň tekepbir köňlüm
Ýakyny ýok saýyp gezip bilýärdiň.
Ýöne soňra içgin-içgin aglardyň,
Howlydaky baglaň goýnuna siňip.
Görseň bolmazdymy nikap dakynan
Durmuşyň hakyky ýüzün ulalyp?!
Bu ýöne çaganyň kinesi däldi,
Ýürekdeş gözleýän kalp perýadydy.
Haýp!

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 hekaya   [Mowzuga geç]
Howlydaky baglaň goýnuna siňip.

Ýürekdeş gözleýän kalp perýadydy.

şular bozýa. seriallaň täsiri.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Goşgudaky состояния подростковый döwre mahsus.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Perdeli bolsa-da durmuşyň ýüzi,
Käte gorkunç halda maňa garardy.
—-
Durmuşy perdäň aňyrsyndan garatsaň näderdi?
“perde arkasyndan garanyny nädip gördüň” diýseler, ol perde полупрозрачный diýäýgin.

0
1 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Juda duýguçyldym, sähel ýerliksiz
Jümle ýüregimi ezip bilýärdi.
Aşa duýguçyl adamlaryň ynjyk bolýandygy çyn. Ýürekdeş tapan adam käte ýürekdeşinden hem ynjap bilýär, köplenç, gowy görýän adamyňdan has köp ynjalýar...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: