18:24
Goşgular
Jogapsyz sowal

“Kim sen?”
Öwran-öwran berdiñiz sorag,
Nätanyş nazarlar atdylar öwşün.
Ahmal, biçak geñlärsiñiz aýdaýsam,
Özümiñ kimligim agtaryp ýörşüm.

Kä dünýäñ derdine biparh düñle men,
Kä mätäje ýetirýärin delalat.
Kä ummanda damja saýýan özümi,
Kä kimsä meñzemez şeýle del adam.

Käte şowhun gaýy turýar ýürekde,
Gussalarym damar dartýar käýarym.
Kä zyba zemine sygmaýar göwnüm,
Käte gum deý ýeke gysym galýaryn.

Mahal-mahal çet künjege çekilen,
Bar närseden elin üzen ýalñyz men.
Birden ejiz gorkylarmyñ gaşynda,
Birdenem merdemsi, batyr, algyr men.

Danadyryn,öwüt berýän käýarym,
Kä aklyn ýele taladan diwana.
Söz aşygy, suhangöýdürin käte,
Kä dymma men, söz tapmaýan diýmäge.

Kämahallar ýomak atýan alçak men,
Kä agraslyk serde sürýär hökümin.
Ynanjañdan sada göwnüm bar käte,
Kä astynda ezilýärin şekimiñ.

Kim men?
Ornum niresinde älemiñ?
Gowsy, hezzet etmäñ soraglañ söwşün.
Bilýän, biçak geñlärsiñiz aýdaýsam,
Özümiñ kimligim agtaryp ýörşüm.

Agtarmaklyk çözgütmikä, eýsem-de,
Akyldan süzülen şerbeti içip,
Tar-u mar etseñem dünýäñ dört künjün
Ýitirmedik närsäñ tapyp bor niçik?

* * *

Dertdeşine dert ýolugsa,
"Duýarmyş diýdiler ynsan."
Sözlemäge sözi känkä,
"Dymarmyş diýdiler ynsan."

Ýüregi gan aglap käte,
Ynanany ýalan çyksa,
Gözýaşyny gökde gizläp,
Ýylgyrarmyş ýalanjykdan.

Atan oky boş bor öýdüp,
Emgenermiş çenenmäge.
Ýa:zar saýyp soñy gama,
Wehm eýlärmiş begenmäge.

Göwni gubar baglaýarka,
Mätäçkä nesihatlara.
Ýakyna syryn ynanman,
Için dökermiş ýatlara.

Kä heserli günlerinde,
Kä şowhundan daşaýanda,
Elin goýup ýüregine
Diñlärmişin gürs-gürsüni
Ynanman ýaşaýanyna.

...Söýenine hany-manyn
"Serermiş diýdiler ynsan."
Özüni söýene hesret
"Berermiş diýdiler ynsan."

Gorky

Men ýagyş-ýagmyry söýmekden gorkdym.
Ýogsam iññän lezzetlidi bulutlañ
Çar ýan göçüp seýil etmesi asmanda,
Aýamda tans etse damjanyñ yzy.
Iññän ajaýypdy toprakda goýan
Yzgarynyñ ysy, neminiñ ysy.
Ýogsam terk etmegem islärdim gamy
Sap owaz-heñine durşuna uýup.
Men ýagyş-ýagmyry söýmekden gorkdym.
Olar ahyrsoñy diñmeli diýip.

Men süýji düýşleri görmekden gorkdym.
Ýogsam hyýal kibi datlydy olar.
Rugsatsyz,idinsiz juwan ýüregiñ
Işiginden assa ätledi olar.
Hatda köp halatda ýakynlarymdan
Haýyş ederdimem "oýarmañ"diýip.
Men süýji düýşleri görmekden gorkdym.
Çünki ahyrsoñy "oýanýan" diýip.

Wehm eýledim güle göwnüm bölmekden
Ýogsam behişt ysyn pürkmeýärmi gül?
Men diñe gorkýaryn ýekeje zatdan
Şundan özge zatdan ürkmeýänim bil.
Ýogsam halardym-a alsam aýama
Gyrmyzy meñzini goýýarlar diýip.
Men gözel gülleri söýmekden gorkdym
Olar ahyrsoñy "solýarlar"diýip.

Başarmadym şemala-da bil baglap,
Ýogsam, serginligi aklym alardy.
Öwrenen gylygmy bolmady örkläp,
Çagalykdan saýlanmanym aý aýdyñ.
Bagtly pursatlara berilmedim kän
Ahyrsoñy duşdan ötjegin duýup.
Gel,gör,indi seni söýmekden gorkýan
"Bir gün duýman durkam ýitirin" diýip.

Mahym NURGELDIÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: nurgeldiyewam232 | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
9 Jumjume   [Mowzuga geç]
Hawa Mahym,menem gözde bolmalydyr öýdüpdim

0
8 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Wiý gözýaşyny gökde gizlemek babatda.Ol aslynda şeýle ýazylan.Ýöne şol sözi gözýaşyny gözde gizläp diýip üýtgetsek bolarmyka diýýän.Dogrusy käte goşgyñ sözleri öz-özünden dilime gelip ýazylansoñ soñundan "jadysy"bozulmasyn diýip işlemegi halamokdym.Ýöne işlemeseñ okyjyny bimaza edýän setirler kän boljak eken.Işlemeli.

0
7 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Meñli,şek sözûni gûman sözüniñ sinonimi diýip ulanypdym.Señ teswiriñi okap ýalñyşaýdymmykam diýip enedilim.com dan barlap gördüm.
Şek sözi güman,şübhe,müñkürçilik diýen manyny añladýar eken.Zyba zemin sözüni hemä assonans bolsun diýip hemem delräk sypat bolsun diýip ulanypdym.Şowhun gaýy babatdaky pikriñe goşulýan.
Goçmyrat aga,şol siziñ bellik eden setiriñizi gazet "Kä aklyny ýel taladan diwana"diýip redaktirläpdi.Ýöne men ylalaşmanym üçin şu görnüşini goýdum.Hakykatdanam siziñ aýdan nusgañyz ikisindenem gowy bolupdyr.Teswiriñiz üçinem sag boluñ!

0
6 mango   [Mowzuga geç]
Aýamda tans etse damjanyñ yzy.
Aýamda tans etse damjanyñ özi.

Damja tans etmelimi, ýa yzy?

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Soňy gama ýazar öýdüp....

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Ýa:zar saýyp soñy gama,
Wehm eýlärmiş begenmäge.

Soňy gama ýa:zar saýyp,
Wehm eýlärmiş begenmäge.

Kapiýa kapiýadyr welin, sözleri çylşyrymlaşdyrmak dogry zatmy?

0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
Kä zyba zemine sygmaýar göwnüm,
Käte gum deý ýeke gysym galýaryn.

göwnüñi zyba zemine syrdyrmaýanyñy tersiräk gördüm çünki zyba sözi bärde gelişmeýän ýaly.

Kämahallar ýomak atýan alçak men,
Kä agraslyk serde sürýär hökümin.
Ynanjañdan sada göwnüm bar käte,
Kä astynda ezilýärin şekimiñ.
şekimiñ sözi diñe kapiya un alnan ýaly görünýä. Ynanjañ sözi ulanylansoñ şübhe,güman sözleri gerek şek sözi däl de.

Käte şowhun gaýy turýar ýürekde, bärde şowhun bn gaý sözi bilelikde gelişmedik ýaly. Kä şowhun tolkuny urunyar kalpda ýalyrak alsañ bolmazmy? Gaý sözi tupany ýada salyp şowhun bn ulanylanda birhiliräk eşdilipdir.

Bular diñe meñ pikirim,elbetde ylalaşmazlygyñam mümkin.
Goşgularyña ýene garaşýas!

0
2 Jumjume   [Mowzuga geç]
Mahym, goşgulañy haladym! Atsyz goşgyñy hasam.

Gözýaşyny gökde gizläp,
Ýylgyrarmyş ýalanjykdan. Şu ýerdäki gökde ýalñyş gidipdir öýdyan

Bellijeklerimem bar biraz arakesmeden soñra

0
1 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Kä aklyn ýele taladan diwana
setire derek
Kä aklyn ýellere sowran diwana diýäýseň niçik bolarka?
Birinji goşgudaky özüňi tanamaga synanyşyk edilişi gowy zat, ýöne süýndürmän, pikirleri çugdamlan bolsaň hasam gowy bolardy.
Ikinji hem üçünji goşgularyňy haladym!
Höwri köp bolsun Mahym!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: