18:15
,,Poeziýada mozaikalar" goşgular toplumyndan
* * *

Elbetde, boýnuma alýaryn,
Gödek men.
Ýöne sen bagyşla ahyr.
Gödekleň
Ýüregi ýuka,
Göwni näzik,
Özi lälijek bolýar.

Gödekligimden soň,
Gynanýaryn hem-de müýnürgeýärin,
Ýöne ony boýnuma almaýaryn.

Arzuw-maksatlarym galýar ýerine ýetmän,
Ýöne men olara gynanmaýaryn.

Ýoluňa göz dikip garaşýaryn,
Ak garly gyş, gülli bahar, güýz geçýär.
Ýöne gynanmaýaryn.
Men bilýärin:
Gelseň, garaşanymy hem boýnuma alman.

Örän ýakyn geljekde,
Mylaýym bolmagy göz öňünde tutýaryn.
Häzir bolsa gaşlarymy gapyşdyrman,
Ýa-da içýakgynç bolman,
Men men bolup bilmeýärin ahyry.

Seni üşäniňde çoýup bilmerin,
Birinjiden: Gün däl men.
Ikinjiden: islämok.
Üçünjiden: üşäňok sen, bilýärin.

Kemçiligim kä-ä-än,
Men olary toplaýaryn yhlasly.
Belki-de men ir-u-giç,
Kemçiliklerimiň muzeýini açaryn.

Ahyr ajap pikir kelläme geldi
Kellejigimi gowy görýärin, söýýärin.
Kellejigim juwan hem-de uzak ýaşasyn diýip,
Men ony ýeňilje hem ýuwanja pikirler bilen naharlaýaryn.
Asla maglumatlary saklamaýaryn.

Deň bolma,
hemişekiň ýaly bagyşla.
Bu zatlara kaýylsyň-la
«Munça bolsa ýagşy-la»
Diýseň ýeňersiň.

2007 ý.

Laçyn PÜRJÄÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 165 | Добавил: Sona | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 69
0
66 Pegas   [Mowzuga geç]
Laçynyň goşgulary hemişe bezzat. Gelen ýerini ala-gowur edýär: duýgularyňam, pikirleriňem, hatda, şu saýtda hem)

0
67 Sona   [Mowzuga geç]
Mahym, ine, ýene biri tapyldy, piýarşik! wacko

0
68 Pegas   [Mowzuga geç]
Sona, men "ýene biri" däl. Goşgyny haladym и всё. Näme üçin halandygymy hem düşündirjek däl. О вкусах не спорят. smile

0
69 Sona   [Mowzuga geç]
bolýa, gyw!

0
64 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sona nä jypdyrýañ, günde ýedi gezek profiliñdäki suraty çalyşýañ. Adminden sorap calyşyañmy? cool

0
65 Sona   [Mowzuga geç]
bäh, saňa-da şer bolsa şor gerek däl tongue

0
61 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Sergezdan agzanyñ teswirlerine teswir berip bilýän barmy?Bar bolsa,maña teswirläp beräýsin,kyn görmän.

0
59 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Sona , awatara nadip surat goymaly agam?

0
60 mango   [Mowzuga geç]
Sona, awatara nadip surat goymaly agam?

0
63 Sona   [Mowzuga geç]
sylagym ýetikdir görseňiz, Mango daýy tongue

0
62 Sona   [Mowzuga geç]
Serrgezzan, ony adminden soramaly,inim wacko

0
50 Sona   [Mowzuga geç]
Şasenem senem goşgy ýazýaňmy?

0
52 Şasenem   [Mowzuga geç]
Daa shy pieziya diyip goyykan yla yazyan bolmanna chykaranokla nache ugratsamam surprised

0
53 Sona   [Mowzuga geç]
okaýaňmy, işleýäňmi, näçe ýaşyňda, nireden

0
54 Şasenem   [Mowzuga geç]
Sana name yashmdan ishimden surprised

0
55 Sona   [Mowzuga geç]
men size nähili ýüzlenmelidigimi bileýin-dä. belki kiçisiňiz, belki aşa ulusyňyz

0
56 Şasenem   [Mowzuga geç]
Sona men site tanshlyk uchin giremmokda seninem kimdigin mana gyzykgyl dal beylekki agzalannam kimligi mana gerekgal. Okayan pikrimi yazasym gelse yazaryn i wsyo

0
57 Sona   [Mowzuga geç]
Janyňyz sag bolsun, Şasenem!

-1
58 Sona   [Mowzuga geç]
Haýrymyz degmese, zyýanymyz degmez, jigi

-1
47 Sona   [Mowzuga geç]
sene-ä ýelek ýaly diýdiň, men-ä howa diýýän tongue

0
45 Sona   [Mowzuga geç]
hakyky, Şasenem, enem halamok şony

0
48 Şasenem   [Mowzuga geç]
Men on ozi bn isimyokhaw goshgularny halammok diyyan. Sen ozini hala halama ishm yokhaw

0
49 Sona   [Mowzuga geç]
menem şo goşgulara diýýän-dä. özi çişik daýza-how

0
51 Şasenem   [Mowzuga geç]
Dayza bolsyn dayy bolsun chishik bolsun hor bolsun ishimyokhaw goshgysna aydyanhaw cry

0
42 Şasenem   [Mowzuga geç]
Men-men diymekden bashga zat yoga mynna

0
44 Sona   [Mowzuga geç]
hakyky, birini arsyz etseler edäýýäler. «Öweni öküz, syndyrany sygyr» şu türkmeniň.
Tanyş-biliş, dost-ýarlaram öwýäler.
düşünýänem öwýä, düşünmeýänem...
adamlaryň köpüs-ä ,,Birden düşünenok diýäýmesinler, illerem öwýä» diýip öwýä

0
46 Şasenem   [Mowzuga geç]
Ehhh Lachga Lachga, kemchiliklen muzeyin achsan rekorda goyardyn ginnese girersinem goshgyndaky kemchiliklen bilen biggrin

0
41 Şasenem   [Mowzuga geç]
Men ugadan bolamda cykarmazdyla gazetchile shunyny Lachyn gazet jurnalla ishleyan bolmasyn ozi. A tak beyle samrama meninki bolsa chykarmazla, kepil gecyan shoña wacko

-1
43 Sona   [Mowzuga geç]
Hakyky, ikimiz iberen bolsak, ýurtdan çykaaaardylar bizi.
wacko

0
40 Şasenem   [Mowzuga geç]
Gazede cykypmy sy wacko

0
39 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Admin,sag boluñ,okadym.Kuzýa daýy,makalany haladym.Näme diýjek bolýandygyna-da añryýany bilen düşündim.
Elbetde,goşgy täzelikçi goşgy.Ýöne her täze bolan zat gowy zatmydyr?Meniñ derdim asla goşgyñ formasy bilen däl .Şu awtoryñ erkin formada ýazan köp goşgysyna göwnüm ýetýärdi.Ýöne şu goşgyda çuñ PIKIR ýok.Ýene bir gezek aýdýan:(öñ başga goşga teswirimde aýdypdym)BEÝAN EDIŞ PIKRIÑ BAR ÝERINDE MÖHÜMDIR.

0
38 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mahym, gyzyl linkiñ üstune bas girersiñ:
http://kitapcy.com/news/2018-08-08-1827

0
37 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Wiý kuzýa daýy onsoñam görkezen salgyñyzyñ üstüne basyp,açyp bolanok.Diýýän makalañyzyñ (ýa-da her näme bolsa)adyny aýtsañyz arhiwden gözläp tapjak.Men öwrenmäge taýyn.

0
36 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Alynma sözleri arkaýyn ulanyp bilersiñiz.Problema sözi alynma sözi däldir.Türkmen dilinde ýazylan hiç bir kitapda problema sözi ýokdur.

0
35 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Men ýene bir gezek aýdýan şu goşga añryýany bilen düşünýän.Poeziýa hasap edemok.Düşünmeýän goşgularymy hiç hili utanman düşünemok diýip boýun alýandyryn.(beýleki goşgularyñ aşagyndaky teswirlerimi okap gören bolsañyz)Şu wagta çenli kän çaýam sowatdym çorba-da ýene sowadaryn.Ýöne bu goşgyda hiç hili çuñ PIKIR ýok.Men özümi kämilleşdirmäge hemişe taýyndyryn.Ýöne kämilligiñ çür depesine çyksamam şu goşgy babatdaky pikrim üýtgemez.

0
34 Kuzya   [Mowzuga geç]
Okajaga,dushunesi gelyana, kamilleshmegin yoluna dushenlere, shahyr bolmagyn ugruna chykanlara zada kop shu yerde

0
33 Kuzya   [Mowzuga geç]
Shu goshga dushunesi gelyanlere dogry salgy http://kitapcy.com/news/2018-08-08-1827

0
31 Kuzya   [Mowzuga geç]
1. Goshgudan el bilen hic zat tutmaly dal bolman, dineje duymaly.
2. Indi Siz yaly okyjylaryn aňyna yetmesi kyn diyip, turkmen dilindaki ahli alynma sozleri ayryp cykalymy?!
3. Gurrun aslynda bu goshgy barada-da gidenokdy, maslahatlary edebiyata, ayratynam, poeziya dushunmegin ucin beripdik, yone bu goshgy barada gurrun etmeli bolsa, bu goshga dushunmeginiz ucin entek kooop chay sowatmaly bolaymasanyz. " Shu goshga gowy diyen adamyn poeziya dushunjesi pesdir" diyipsiniz, adam kimdir biri ya-da namedir bir zat hakynda pikirini aydanda, ozuni achman bilmez, diymek, sizin poeziya dushunjaniz pes.

0
30 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Eger siz hakykatdanam goşgyñ gowylygyna ynanýan bolsañyz akyl satmagyñ deregine goşgyñ gowylygyny subut ederdiñiz.(Nädip subut etjek diýsene?Goşgyda meñki bolsun diýer ýaly setir ýok.)Wiý adyñyz babatda bärde köp adam öz hakyky ady bilen girenok.Şonuñ üçinem siziñ ruslugyñyzy(eger hakykatdanam şeýle bolsa)bilmezligim adaty ýagdaý.Onsoñam çeper kitaplary okamagam adamyny intellektuallaşdyryp biler.Hökman tankydy eserler däl ahyry.

0
32 Sona   [Mowzuga geç]
Hakyky, şony açyp bilýän-ä ýok. Kuzýa dogan, wiý, Kuzýa brat, belki siz subut edersiňiz şu goşgynyň poeziýadygyny. Hekaýa diýdim weli okamadam öýdýän

0
29 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Okyjy hemişede goşgy hakyndaky tankydy belligini aýdyp biler.Goşgyñ intellektuallar babatdada hiç bir ýaraýan ýeri ýok.Goşguda el bilen tutar ýaly zat ýok.JEMLEME HÖKMÜNDE problema sözi islese başga planetada ykrar edilen bolsun,türkmen sözi däldir.Men tankydy kitaplary okamadym diýip goşgyny tankytlamakdan çetde durman.Goşgy diýilýän zat okyjada tankytçada özüni deñ ykrar etdirmelidir.Šu goşga gowy diýen adamyñ poeziýa düşünjesi pesdir.

0
28 Kuzya   [Mowzuga geç]
1. Sizin unsuniz pes eken. Menin adymyn Kuzyalygyndan turkmen daldigimi bilmedinizmi? Men rus bolup, turkmene turkmen dilini owredyan.
2."Problema" - butin dunyade ykrar edilen ylmy adalga. Ylmy edebiyatlary koprak okamagynyzy maslahat beryaris.
3. "OKYJY hokmunde pikirimi aytmak ucin, edebi tankydy bilmek hokman dal" diyyan bolsanyz, onda dine okyjylygynyza galyn, edebi tankyda burnunyzy sokman. Yogsa-da, jemleme hokmunde: bu goshgy SIZ yaly yonekey okyjylara niyetlenen dal-de, intellektual derejesi yokary bolan, sowatly okyjylara niyetlenen

0
27 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Tasdanam unudan ekenim."Problema"diýdimi?
Asyl,arassa tûrkmen dilinde gepläp bilmeýän adam bilen edebiýat,kitaplar hakynda jedelleşip oturan bolsam nätjek.Menem bir kitap maslahat beräýsemmikäm arassa türkmen dilinde geplemäni öwrenmek üçin.Aý ýok,goýbolsun etdim.Punktlara bölüp akyl satmak,meñ işim däl.Hem käbir zatlar adamyñ ruhunda bolmaly.Kitap bilen boljak iş däl.

0
26 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Wiý mozaika sözüniñ nämeligini bilseñ goşga dûşünersiñ diýipmidiñiz?Mozaika sòzüniñ manysyny bilýän(Muña sizem hiç hili ters delil tapyp bilmändiñiz)Ýöne goşga düşünemok.Ýok,aslynda düşünmez ýaly zat ýok.Añryýany bilen düşünýän.Poeziýa hasap edemok.Öñem aýdyşym ýaly šu goşga gowy diýen adamyñ poeziýa düşünjesi pesdir.

0
25 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Kuzýa doganyma ikinji gez jogaplar:
1.Psihologiýa kitaplaryna düşünenim üçin söýýärin.
Adam düşünmedik kitabyny söýüp bilmez.
2.Özüñi dogry alyp barmaga wariantlara bölûp kimdir birine akyl satmak diýip dûşünýän bolsañyz men ony öwrenmäýin.Men dogry alyp barmaga beýle düşünemok.
3.Çeper edebiýat ganyña süññüñe siñdirmeli.Siz men siñdiren däldir öýdýäñizmi?(Aý,bula bir söz owadanlama üçin ýazan jogaby eken)
4.Mozaika babatdaky pikrim bilen ylalaşmagyñyz gaty geñ galdyrdy.Dogry bolsa bolmasa ýokardaky edişiñiz ýaly ters sözler oklap bilerdiñiz.Geñ galdym.
5.Okyjy hökmünde pikrimi aýtmak üçin tankyt kitaplaryny çuñ okamaly diýip pikir edemok.Men asla tankytçy däl.

0
23 hekaya   [Mowzuga geç]
Dogan, köşeş. bir käse çal iç!

0
22 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Kuzýa doganyma jogaplar:
Psihologiýa degişli kitaplary çendenaşa söýüp okadym.
Etika,estetika kitaplaryny okamadym .Muña garamazdan şeýle sypaýyçylykly gepläp bilýän.(Teswirlerime üns beren bolsañyz,ýekejede gödek söz ýokdur.)
Edebi çeper eserleri heniz çagalykdan ýaranym.Okan kitaplarym iñ gowy syrdaşlarym.
Mozaika sözüniñ manysyny Nobatguly agañ "Ýasaryn söýgimiñ mozaikasyn"setirlerinden soñ öwrenipdim.Şeýle hem Annaberdi Agabaýewiñ"Ezizowyñ Emri bilen"kitabyndaky düşündirişi bu söze has-da düşünmegime getiripdi.
Edebi tankyt babatda uniwersitetiñ edebiýat kursundaky Edebi tankyt kitabyna göz gezdiripdim.Başga maslahatyñyz bar bolsa arkaýyn beriberiñ.Diñlemäge taýýar.

0
24 Kuzya   [Mowzuga geç]
Ine, problema namede eken?!
1. Psihologiya degishli kitaplary soyup okamaly dal-de,dushunip okamaly.
2. Etika, estetika sypayycylykly gurlemegi, godek gurlemezligi dal-de, dogry gurlemegi, ozuni dogry alyp barmagy owredyar.
3 . Ceper edebiyaty, ceper eseri yaran, syrdash edinmeli dal-de, ganyna, sunnune sindirmeli.

4. "Mozaika" sozune aydan cheshmelerinde gowy dushundirish berlendigine we sizin dogry dushunendiginize ynanasymyz gelyar.
5. Edebiyatyn nazaryyeti, edebi tankyt goz gezdirilyan we goz gezdireninde dusunilyan zatlar dal, chunrak chemeleshmeginizi maslahat beryaris

0
21 Kuzya   [Mowzuga geç]
Mahyma jigime maslahatlar:
1. "Mozaika" sozune dusunsen, onun nameligini bilsen, goshga dushunersin.
2. Cheper edebiyaty kop okasan, edebiyata-da dushunersin.
3. Edebiyatyn nazaryyetine degishli kitaplary okasan, edebi tankyda-da dushunersin.
4. Etika, estetika degishli kitaplary okasan, ozuni alyp barmagam owrenersin.
5. Psihologiya degishli kitaplary okasan, kim bilen nahili gurleshmelidigini owrenersin, psihikanam berkje bolar.

-1
20 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
pikriñiz diýmek isläpdim.

0
19 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Eger şeýle pikir edýän bolsañyz,Selbi hemme goşgulañ aşagyndaky teswirlerimi okap görüñ.Ýersiz öwgi we ýersiz tankyt bar ýerlerinde gepleýändirin.Ýogsam öñem aýtdym men tankyda garşy däl.Wiý galyberse-de kimiñ kime gowy görünjek bolup kimiñ kime ýaranjañlyk edýäni aý aýdyñ ahyry.
Goşgy babatda bir zat diýerdim welin siziñ şu wagta çenli edebiýat hakynda hiç zat geplemän kimdir biriniñ pikrini goldap diñe şahsyýeti öwýändigiñizi ýa ýekirýändigiñizi göremsoñ bu jedele girmek meýlim ýok.Men size ilki bilen edebiýat babatda dûşünjäñizi ösdürmegi maslahat berýärin.Iñ bolmanda iliñ aýdanyny gaýtalamagyñ deregine özbaşdak pikriñ bolar.

0
15 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Eý-ho!Näme diýip näme aýtjak?Şu goşga gowy diýýän adamlar bilen bir edebi saýta agza bolanym üçin saçymy ütesim gelýär.(Ýöne ýene saýtdaky goýulýan postlar,pikirini batyrgaý we awtoryñ kimligine garaman,esere görä aýdyp bilýän agzalaryñ barlygy meni saklaýar)
Aram-aram gowşak ýazsa-da bor diýýämi?Aý,jan dogan jan gowşak ýazan bolsa näme üçin gowy diýýäñ.Aýtda gowşaklygyny.
Beýlekä näme diýjek,Goşgydan ýeke setir öwüp bilmän teswiri kän ýazdy diýdirjek bolup o zal bu zal diýip warsaky otarýar.Gutlaýan,awtora görä baha berýän ýoldaşlar .Özüñizi tanadybildiñiz.

0
16 mango   [Mowzuga geç]
Mahym hanym, biz diňe bir edebi saýtyň agzasy däl, eýsem bir ýurduň agzasy. birek-birege çydam edeli, nämede bolsa, gepleýän dilimiz meňzeş, ýaşaýan ýerimiz meňzeş, tagam duýmak meselesem beýle bir tragediýa dälle..."beýlekä..." diýmegem nämä gerekdi? beýleki diýeniňden mango diýeniň aňsat dälmi?

0
17 Selbii   [Mowzuga geç]
Mahym, nahilay bolşyñ, birini öwselera etbet bokyañ, giwşak goşga gowşak diyselerem wägirip dursuñ. Ýagdaýyñ nicik kiz señ biggrin

0
18 Selbii   [Mowzuga geç]
#erbet bolyañ

0
13 Sona   [Mowzuga geç]
Garaz joraňyzy goraýarsyňyz

0
11 mango   [Mowzuga geç]
formasy nejis däl.
diýýänlerinem diňlemezçe däl.
(boýun almalary, gepini owadanlajak bolup azara galmaýşy... – bular gowy).
---
ikije ýerinde biraz resmi dil ulanypdyr – muny halamajak boldum:
1) "Mylaýym bolmagy göz öňünde tutýaryn".
2) "Asla maglumatlary saklamaýaryn".
käşgä başgarajyk aýdyp bolsady.
---
"Kemçilikleriniň muzeýini" açmakçylygy gowy pikir.
goşgydan çen tutsaňa azyndan bäş zaly bolup biler:
1) gödeklik zaly. ("Elbetde, boýnuma alýaryn, Gödek men").
2) läliklik zaly. (gödekler "lälijek bolýar").
3) kejirlik zaly. ("Gynanýaryn hem-de müýnürgeýärin, Ýöne ony boýnuma almaýaryn").
4) içýakgyçlyk zaly. ("...içýakgynç bolman, Men men bolup bilmeýärin...").
5) ýeňilkellelik zaly. ("Kellejigim ... Men ony ýeňilje hem ýuwanja pikirler bilen naharlaýaryn").

hawala, kimde ýok bu häsiýetler?
Bu zatlara kaýyl bolup
«Munça bolsa ýagşy-la»
Diýseň ýeňersiň.

-1
14 Sona   [Mowzuga geç]
Laçka, muzeýiňi açýan bolsaň açyber, muzeýiň konsepsiýas-a taýýar, eksponatlaryňam taýýar. salgysyny aýtsaň aýlanmaga, görmäge bararys

-1
8 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Bu goşga gowy diýen adamyñ poeziýa düşünjesiniñ pes däldigine hiç kim meni ynandyryp bilmez .Goşgyda öwmäge degerli zat ýok. angry

0
9 Sona   [Mowzuga geç]
menem goşulýan, Mahym

0
10 Sona   [Mowzuga geç]
Öz dostlaryny, tanyş-bilişlerini öwýänleri ýaly tongue

1
12 hekaya   [Mowzuga geç]
Laçyn bolup bilseň, aram-aram pes goşgy ýazmagyň zyýany ýok, aýal doganlar. Göz bar, dil bar. smile
Bellik: Laçyny gaýybana tanaýan.

0
5 hekaya   [Mowzuga geç]
Gowuja goşgy! Ýylgyrdyp goýberýär. Laçyn başga-laý!

0
6 Sona   [Mowzuga geç]
hemmeler şeý diýýär, ýöne nämesiniň başgadygyny açyp bilýän ýok

0
7 Sona   [Mowzuga geç]
açyp bilýän däl-de açyberýän ýok bolmaly

0
2 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Öýkelejik, lälijek Laçyn!
Bu goşgyň kääääääbir ýerlerinden Laçynyň ysy gelýär welin, galan ýerleri kimiň galamyna degişlikä?!
Ahyr ajap pikir kelläme geldi,
Kellejigimi gowy görýärin, söýýärin
Ýylgyrtdy! Laçynyň "ysyny" berýän goşgularyň dowamly bolmagyny arzuw edýän

0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Bu nämäý?Laçynyñ beýleki goşgularyna gata göwnüm ýetýädi welin bu "goşgusy"bolmandyr.
Öwrenjekä ýazdymyka?Laçynyñ adyny görmänkäm "Haýsy öwrenjäñ elinden çykdyka bu "şahyrana şygyr"diýip pikir etdim.

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
,,Poeziýada mozaikalar" goşgular toplumyndan aldym. şo ýerde şunuň ýaly äjim-üjüm goşgular, gyýçak-gyýçak goşgular köp eken. tongue

0
4 Sona   [Mowzuga geç]
,,Esger" gazetinde çykypdyr 2015 ýylda

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: