18:15
Guşjagazym
GUŞJAGAZYM

Guşjagazym,
Beýdip, çynyň bilen saýramasana,
Kapasaňa urmasana özüňi.
Ganatlaň gyrylar, sesiň gyrylar,
Nämä gerek, netijesiz jan çekmek?!
Ýetimjesiň, ýekejesiň,
Sanjy etjek ýok seni...

Bes edäý-dä?!
Sen kapasaň
Ummanlaryň, dumanlaryň, tupanlaryň içinde,
Tolkunlaryň, gaý-gomlaryň içinde,
Ataşlaryň, alawlaryň içinde
Duranyna ynanaý,
ynanaý-da, guşjagaz!
Sen özüňi kerleň ýurdunda diýip, ynandyr-aý, guşjagaz!
Gynandyrmaý, guşjagaz!

Bu gowurda,
Bu zyr-zöwran adamlaryň içinden,
Sesiň eşitjek ýok!
Diňlejek ýok, aýak çekjek ýok!
Nähili gowy!
Şolam bir gowy!
Şolam bir ýalkawy, Arşy-aglanyň!
Ýogsa,
Seň sesiňe sägineniň, mähelleden saýlananyň,
Kellesine näme pikir geljegi belli däl....
...Şonuň üçin:
Görme-de, görünme-de,
Saýrama-da, gaýma-da,
Köşeş hem aýnama-da
ÝAŞA!
Üstüňe ýaglyk ataýyn,
Bagyşla!!!

2005 ý.

Laçyn PÜRJÄÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Sona | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 3.0/4
Всего комментариев: 14
0
14 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Indi bolsa goşgy hakynda aýtsam ajaýyp goşgy. Filosofiýanyň çuňlugy bilen tapawutlanýar. Gönümel manysynda düşünýärler üçinem erbet goşgy bolmaly däl, ýöne bu goşgynyň özünde jemlän syrly manysy, berilýän pelsepe, ýüregiň howsalaly urşynyň ritimi çeperçilik bilen beýan edilipdir. Adamlaryň hal ahwalyny guşjagazyň üsti bilen beýan etmek, janlandyrmak şahyra ýokary derejede başardypdyr.

0
13 BEG   [Mowzuga geç]
Teswir meňzeş bolansoň tefsir bilen çalşan bolaýmasalar. Arapça sözleri okasaň başga-da köp sözler şeyle. Halyfa-orunbasar, bizde bolsa ussat manysynda

0
12 shahyr1964   [Mowzuga geç]
KAPAS, syp. 1. Dem almasy kyn, dymyk, petiş,
howasy ýok.Tamyň kömür gatyşykly kapas howasy
gapydan gireniňden burnuňa kükäp urýardy (G.
Kulyýew). 2. at, göç.m. Bendilik; türme, zyndan.
Kapas içre galyp, eýlerem nala, Andalybam,
gülgüzarym ýok meniň (Kätibi).
KAPASA, at. 1. Daşy gözenekli gap şekilinde
ýasalan guş saklanýan ýer. Olar kapasadan ýaňyja
sypan ýaly agaçdan-agaja, şahadan-şaha ganat
kakyp, gürrüldeşip, wagtyhoşluk bilen
bökjekleşýärler (G. Kulyýew). 2. Adam göwresiniň
gapyrgalardan we onurgadan durýan süňk esasy. Döş
kapasasy.

TÜRKMEN
D I L I N I Ň
DÜŞÜNDIRIŞLI
SÖZLÜGI
II tom

0
9 mango   [Mowzuga geç]
kapas-kapasany sözlükden gözletdim.
"kapasa"-nyň tekje manysynyň bardygyny şuwagt öwrendim (ýöne türkmenistanda şu wagt ulanylanok öýdýän).
edebiýatda kapas-tekje manyda ulanylan ýeri bar eken. çary aşyrdan mysal: Kapasada top-top bizi, Asylgydyr Hywa dony (Çary Aşyr, Poemalar).

kapas - guş saklamak üçin gözenekdigine kätibiden mysal:
"Kapas içre galyp, eýlerem nala, Andalybam, gülgüzarym ýok meniň
(Kätibi).

geň...
ýöne çary aşyr bilen kätibi badahşanini dogry çykarýar.

0
10 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Men ÿene bir zady nygtap geçesim gelÿär, käbir alynma sözleri (hasam soñky ÿyllarda alnanlar) adalga(termin) edip alan wagtlary, olaryñ asyl manysyna dykgat edilmändir: "comment" sözüni teswir manyda alypsyñyz. teswir sözi Arap dilinden biziñ dilimize giren söz, aslynda surat, kartina, keśip we ś. m. many añladÿar. Ol komment sözüne degiśli ÿeri ÿok. Türkmensährada bu sözüñ ÿerine "sargyt" sözi ulanÿarlar. Biz halkyñ içinde Türkmen edebi dilimizi öñe sürÿäris, ÿöne teswir ÿaly sözlere ÿetenimizde dil öwrenÿänleriñ kabul etmegi kyn bolÿar.

0
11 mango   [Mowzuga geç]
Ybraýym. Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginde bar eken:
Müsewwer (a. Mosawwar) مصوّر - «surat» sözünden; 1) teswirlenen, suratlar we şekiller bilen bezelen; çekilen surat. Bu sözüň «müsewwir» dien formasy «surat çekiji, hudožnik» dien manyny beryär; 2) behişt.
"teswir" düşnükli boldy.
ýöne onyň sizde "sargyt" diýilmegini nähili düşündirjek.
sargyt - заказ (sifariş) dälmi?

0
8 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Haladym, "kapas" bilen "kapasa"nyñ manysy parh edÿär, kapas sözüni alan bolsa, ata watandan uzakdakylara-da düśnükliräk bolardy. kapasa aslynda kitap we ś. m. goÿulÿan tekje manyda.

0
7 Sona   [Mowzuga geç]
Atajan Tagan ýaly kersiräp ýörmükäler o ýurduňkylar tongue

0
6 mango   [Mowzuga geç]
"kerleň ýurdy", "mähelleden saýlanmak"... ýaly setirleri laçyndan başga her bir "guş" aýdyp bilmez(mikä diýýän),

0
5 mango   [Mowzuga geç]
adyny okap goşgyny okasym gelmedi.
okamadyk bolsam ökünjek ekenim.

1
4 mango   [Mowzuga geç]
durşy bilen simwolizm.
bu taýdaky çyny bilen saýraýan, kapasa urunýan guş däl...
aý, hawa "Sesiň eşitjek ýok!".

...Şonuň üçin:
Görme-de, görünme-de,
Saýrama-da, gaýma-da,
Köşeş hem aýnama-da
ÝAŞA!
Üstüňe ýaglyk ataýyn,
Bagyşla!!!
---
ört üstümi ýaglyk bilen,
görmäýinem,
diýmäýinem,
ýanmaýynam.
köşeşdim.
ýaşaýyn.
bagyşladym.
ah, laçyn, laçyn.

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
Kanareýkadyr, şol kän saýraýar

-1
1 Arzyman   [Mowzuga geç]
Wah, ölen popugaýjygym ýadyma düşüp gitdi weep

0
2 Ahmet   [Mowzuga geç]
Bah, gowy suratlandyrma.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: