14:41
Howlymyzda
HOWLYMYZDA

"Sen” saýa gözleýär,
"Men” bolsa güneş
Biri iren yssydan,
ol biri
sowukdan gözläp gaçalga,
Güneş nuruny bütin teni bilen ýuwdasy gelÿär.

Eýjejik howly,
reñbe-reñ güller,
biraz garaşsañ guşlaram geler!

"Sen” saýa gözleÿär,
a "men”
oturgyjyn süýräp, güneş bilen aÿlanÿar.

Aýlanýar, aýlanýar, aýlanýar
Şol barşyna çaknyşýarlar ikisi,
döwülýär aýna,
bozulýar sahnadan
Sen,
         men,
                    güneş,
                                  saýa.

Ybraýym BADAHŞAN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 8
0
4 hekaya   [Mowzuga geç]
Her sapar oturgyjyn süýräp, 44 gezek Günüň batyşyny synlan Kiçijik Şazadany ýatlatdy.
Goşguda Personalyk mesele bar ýaly. "Men" we "Sen" - ikisem şo bir adam. Gün şöhlesiniň we kölegäň çaknyşyp, pytrap gidýän ýeri. Iki antonim manyly närsäň 3-nji wersiýa öwrülmegi diýäýmesek. Garaňky we Ýagty. Şu ikisinden daşgary başga bir ýagdaý. Umuman 3-nji Ýagdaý Sendromy smile

1
5 mango   [Mowzuga geç]
waka howluda bolup geçýär.
howly eýjejik, güllerem bar, ýöne (bir zady kem) guş ýetenok.
garaşylýan guş.
başda "sen", "men" toýnakda bolsada soňundaky setirde toýnakdan çykypdyr.
...
döwülýär aýna,
bozulýar sahnadan
Sen,
men,
güneş,
aýa*.
* şu a:ýa-da "как будто" öýdýän.
simwolizmde nirä çekseň çekibermeli.
раздвоение личности hem bolup biler. pikirleriň bilen öz-özüňe gapma-garşylygam bolup biler, jemgyýetdäki "yssydan irenler" bilen "sowuk gözleýänler" hem bolup biler.

0
6 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Jan Ybrayymyn ''aya'' diyip yazany menin bilisime ''ayna '' bolmaly .

0
7 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
ÿazuw ÿalñyśy, aÿa däl, saÿa. Bagyślañ!

0
8 hekaya   [Mowzuga geç]
indi oturdy.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
iki personanäzyň birine "sen" beýlekisine "men" diýip at bermegi gyzykly.
goşa dyrnaklary aýyrsak: "sen saýa gözleýäň, men bolsa güneş" bolaýjak ýaly, emma, şähyr ol iki kişä özüçe at dakýar, birine "sen" beýlekisine "men" (ol "men" diýýäni özi dälmikä diýýän).
garaz, "sen" we "men" bar, "sene" (saňa) saýa gerek, "mene" (maňa) güneş.

Ybraýym daýy, indi olar "Aÿlanÿar, Aÿlanÿar, Aÿlanÿar, śol barśyna çaknyśÿarlar"-a, ýöne şol çaknyşma bolmajak ýaly.
„men” oturgyjyn süÿräp, güneś bilen aÿlansa, "sen"-em güneşden emele gelen kölege boýunça aýlanýar. çaknyşarlarmy? ýagny, güneş we kölege bir ýere gelip bilmeýşine görä, ne "men" ne "sen" birara gelmezler.
ýöne arka planda simwolizm bar.
onam, aňşyrmak kyn (biz ýala).
---
Eÿjejik howly,
reñbe-reñ güller,
biraz garaśsañ guślaram geler!
---
şu ýerinde dört tarapy jaý, ortasy howuzly eýran howlulary janlanyp gitdi.
(şol hanasyndan çogup, daşyndaky ýapjagaza akyp gidýän howuzyň suwunyň sesi şeýle rahatlyk berýär welin.... başga derman gerek däl.)

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ybraýym aga, Badahşanmy, Bedehşan? Suhan aganyñ ugradan goşgusynda Bedehşan eken..

0
2 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Haÿsy bolanda-da tapawudy ÿok, Atamyz famylÿa saÿlamaly bolanda Pyragynyñ dywanyny açyp śu sözi tapanmyś. Owganystan hem Täjikistanda śu at bilen welaÿatmy, dagmy bir zatlar bolmaly!? Eÿranda Badahśan diÿilÿär, Türkmenistanda nähili aÿdylÿar, men bilemok. Türkmenistada aÿdylyśy meniń pikirimçe iñ dogrusy bolup biler.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: