14:06
Selbime
SELBIME

Buça ömrüm seniň waspyňa gümra,
„Gyz-gyz“ diýe, goşa dyzym öpdi ýer.
Bolup galdym durkum bilen oýnatgy,
Çyplaň duýgym "Agyz urup, öp“ diýer.

Meni örtär gabak örtünen gözleň,
Kirpikleriň Alla garşy egreldi.
Neçüýn, meň melgundan saplan umydym,
Täk seni söýünçäm gelmän eglendi.

Aç gapymy, çykabilman syrymdan,
Aç gapyňy, girebilmen hüjräňe.
Meni öz erkimden halas eýläbem,
Höwesimi duçar edýäň hijrana.

Telbe eden ter bedeniň mylaýym,
Beýik-pesi mälim, söýgüsi aýdyň.
Tüm saçyň otuz üç örüme salyp,
Tesbiniň sogaply dänesi saýdym.

Sen kaktus gül,
Men kaknus guş, salkynym!
Keýpim keýik ýaly, ser bolsa mesdir.
Sen bolsaň,
hem tutuş sekiz jennetden,
bir daban basmaga ýer bolsa besdir.

Seýitmyrat GELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Sona | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Eýmenji   [Mowzuga geç]
"Agyz uryan" gyzlardan kem galanoklarmyş öz-ä himçistkaçy pälwanlar biggrin

0
4 Eýmenji   [Mowzuga geç]
"Agyz urup öpyän" yaş oglanlarymyzyñ köpelýändigini kän eşidyäs. Geñ tañ goremzok.

0
3 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Awtoryñ "agyz urup öpmek"sözüni ulanmagy asla geñ däl.Ol bu ýerde çendenaşa hyjuwly öpmegi añlatmak isläpdir.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
iki ýerinde birazajyk (azajyk) mazohizm duýulyp gidýär,
birinji.

Çyplaň duýgym „Agyz urup, öp“ diýer.

agyz urmak gödek eşdilýär, agyz urmaga dişlemek, goparmak gelişýär.... öpmek öüçin agyz urmak..... :-)

ikinjem: kaktusly ýeri.

Sen kaktus gül,
Men kaknus guş, salkynym!

gyzy kaktusa deňelenini ilkinji gezek okaýan.
tikenli kaktus.... şoňa "kaktus gülüm!" diýseň nähil reaksiýa bererkä? gyzykly.
----
hemem maglumat.
mifologik kaknus guşy barada.
---
Птица Какнус пестрая, яркая, ее клюв имеет 360 отверстий. Она садится на вершину горы и издает с помощью своего клюва разные звуки, приманивая других птиц и животных, которых она ест. Живет Какнус тысячу лет.
Когда срок его жизни приближается к концу, Какнус собирает огромную кучу хвороста, садится на нее и начинает грустно петь. Под действием мелодии он впадает в транс, сильно бьет крыльями, от этого возникают искры, которые поджигают хворост. Птица сгорает и превращается в пепел, но из него возникает яйцо, из которого вылупляется птенец Какнуса.
-----
özüni özi ýakýan kaknusda-da mazohizm bar ýaly...
:-)

0
1 Trigger   [Mowzuga geç]
Agam şahyrlaý!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: