13:26
Goşgularym
GOŞGULARYM

Okaň!
Olar meniň gözüm-ýüzümdir,
Arzuw-armanymdyr,
kysmatymdyr ol.
Diri günüm — meniň dogry sözümdir,
Giden günüm — size wesýetimdir ol.

* * *

Meni söýüp aýdan sözleriň siziň
Çykyp bu gün golýazmalaň içinden —

Gulakda, gursakda ýaňlaýar diňmän.
Şygra bezeg berýär söýlen gözeller.

Asyrlar aýlanyp,
geçse-de heňňam,
Olar poeziýada ýaşar ýörerler.

* * *

Kitaplarmy açsam,
gyzlar-gelinler
bakýar maňa olaň sahypasyndan.
Yşk-söýgüsi geçse-de öz deňinden,
Çykmaýar şahyryň hakydasyndan.

Men olaryň röwşen keşbini şygra
Geçirip,
ýalyşan däldirin hernä.
Dert bolup ýapyşman ýürege, barga,
Ýatlamalar gaýta teselli berýä.

Olaň görki,
gözelligi,
görmegi
Orun tapdy kitaplarmyň gaşynda.
Indi ömrüm boýy ýatlap ýörmeli
Her haýsynyň beren bagty hakynda.

Kalba ylham berip,
yşkym oýadan
Döwet galamlarma ýiti uç beren
perizatlar,
siz henizem owadan,
men sizi aňymdan aýryp bilmenem,

Gyşyň aňzagynda gyzgyn mähriňiz
ýüregmi köredip,
çoýup dur şindem.

Atamyrat ATABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: Sona | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: