13:26
Türkmen edebi tankydynyñ taryhy
TÜRKMEN EDEBI TANKYDYÑ TARYHY (1940-1990)

GIRIŞ

1991-nji ýylda berkarar Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyz, 1995-nji ýylda baky Bitarap döwlet bolmagy ýurduň raýatlarynyň aňyna, ýaşaýyş-durmuşyna, jemgyýetiň täzelenmegine, şol hasapda ylym-bilime, edebiýatyň, sungatyň, medeniýetiň milli äheňlerde ösmegine, hasam jemgyýetçilik ylymlarynyň ösmegine, kämilleşmegine diýseň, güýçli, oňaýly täsir etdi. Şol günlerden başlap Türkmenistanyň täze taryhy döwri başlandy diýip aýtmak bolar. Bir hakykat hemmämiz üçin düşnüklidir: şeýle özgerýän zamanada jemgyýetçilik aňyna ilki öz täsirini ýetirýän çeper edebiýat has hem çalt özgerişligi başdan geçirýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda erkinlige çykan halkyň şatlyk-begenji, özbaşdak döwletine buýsanjy, ata-babalaryň göreşip-garaşyp ýeten erkinligine buýsanjy uly hyjuw bilen beýan edildi. Çeper publisistika, watançylyk ruhuna ýugrulan täze goşgular toplumlary, poýemalar, romanlar, powestler, hekaýalar, drama, kino eserleri peýda bolup başlady.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Nargylyç Hojageldiýewiň “Gökdepe” romany, Sapargeldi Annasähedowyň “Ygrar” romany, “Gökderek ýaýlasynda”, “Bagt hakynda rowaýat” powestler we hekaýalar kitaplary, Agageldi Allanazarowyň “Ojak”, Hudaýberdi Diwangulyýewiň “Çuwal bagşy” romanlary, Hudaýberdi Durdyýewiň “Dutar dillenende” powestler ýygyndysy, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Baýram Jütdiýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Gurbanýaz Daşgynowyň, Agagaeldi Allanazarowyň “Saýlanan eserler” goşgular kitaplary okyjylara ýetirildi.
Gylyçmyrat Kakabaýewiň “Gala”, Kakajan Aşyrowyň “Däli Domrul”, “Oguzhan”, “Oguz oýny” taryhy dramalary şeýle hem Gowşutgeldi Daňatarowyň, Nobatguly Rejebowyň sahnada goýlan eserleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.
Şonuň bilen bir hatarda edebi eserleriň aýnasy bolan edebi tankyt hem köp özgerişligi başdan geçirdi. Soňky ýyllarda Gurbandurdy Geldiýewiň, Aman Şyhnepesowyň, Jora Allakowyň, Ahmet Mämmedowyň, Şirinjemal Geldiýewanyň, Şirin Gurbanowanyň edebi eserlere tankydy bellikleri, edebi synlary çap edildi.
Soňky iki ýyl gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik işgärleri bilen 2 gezek duşuşdy. Olaryň ilkinjisi 2008-nji ýylyň güýzünde, ikinjisi bolsa 2010-njy ýylyň fewralynda bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz bu duşuşyklaryň ikisinde-de häzirki döwür edebiýatymyzyň ýagdaýyna giňişleýin syn berdi hem-de edebi hojalygymyzda alynyp barylýan işleriň şeýle bir öwerlikli däldigini juda adalatly belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda eden çykyşynda :
“Häzirki döwürde halkymyzyň durmuşyny giňden açyp görkezýän, durmuş hakykatyndan ugur alýan, adamyň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýän ýokary hilli çeper ýazylan romanlar, pýesalar, powestler, nowellalar we hekaýalar döredilmeýär ” diýip, iňňän adalatly belledi.
Hormatly Prezidentimiz bar bolan edebi nogsanlyklardan dynmak üçin dogruçyl tankydyň gerekdigini nygtamak bilen:
“Edebi tankyt hem ösdürilmeli ugurlaryň biridir. Bize hakyky zehinli edebiýatçylar, sungaty öwrenijiler gerek. Hakykatdan ugur alýan, ýüz görmeýän, hoşniýetli tankyt döredijilik işiniň ösmegine oňyn täsir edýär” diýdi.
Diýmek, häzirki döwürde edebi tankydyň ösmegine giň gerim bermelidiginiň, ony hemmetaraplaýyn ösdürmegiň juda zerurlygy ýüze çykdy.
Biziň pikirimizçe, her edebi žanryň ösmegi üçin onuň ýüze çykyş taryhyny öwrenmek juda zerurdyr. Türkmen edebi tankydynyň taryhynda bolsa häzirki zamanda-da içgin öwrenilmäge mynasyp Ata Kerimow, Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Aman Kekilow, Abdylla Myradow, Öde Abdyllaýew, Saýlaw Myradow, Hanguly Taňryberdiýew...ýaly ençeme edebiýatçylaryň, tankytçylaryň baý edebi mirasy bardyr.
Elbetde, biziň okyjylara hödürleýän bu işimiziň edebi tankydyň tas 50 ýyllyk taryhyny öz içine alýandygy üçin onda her bir döwrüň özüne görä, has takygy, şol ýa-da beýleki bir döwürde döredilen eserlere şol döwrüň garaýyşlary bilen baha berlendigi tebigy ýagdaýdyr. Hut şuňa görä-de, şol eserlere baha berlende, taryhylygyň doly saklanandygyny aýratyn bellemek isleýäris.
Elbetde, SSSR-iň dargamagy, ýetmiş ýyllap agalyk süren totalitar düzgünin çagşamagy, ähli öňki sowet respublikalarynyň öz milli Garaşsyzlyk hukugyny gazanmagy adamzadyň aňyna, hemme jemgyýetçilik ylymlaryna uly täsir etdi. Hut şol günlerden başlap Türkmenistanyň täze taryhy döwri başlandy diýip aýtmak bolar. Bu hakykat hemmämiz üçin düşnüklidir.
Şeýle ýagdaýda jemgyýetçilik aňyna ilki öz täsirini ýetirýän çeper edebiýat has hem çalt özgerişligi başdan geçirdi. Şonuň bilen bir hatarda onuň aýnasy bolan edebi tankyt hem köp özgerişligi başdan geçirdi. Şeýle özgerişligi biz häli-şindi görýäris. Emma, munuň sözüň doly manysynda şeýledigine garamazdan geçilen ýoly, onuň kynçylygyny, ýeňilligini,öňki taryhy sepgitleriň bize beren we bizden alan zadyny asla inkär edip bolmaz. Bolan zady bolşy ýaly görkezmek obýektiw analizlemek zerurdyr. Juda zerur ýagdaýlar ýüze çykaýmasa, şol garaýyşlary üýtgetmeklik ýa-da haýsydyr bir “täzelikleri” girizmezlik bolsa ylmyň birinji borjudyr.
Şu jähtden alanyňda, türkmen çeper edebiýatynyň hem, onuň kömekçisi edebi tankydyň hem 1940-1990-njy ýyllar aralygynda tas ýarym asyrlap geçen ýoluny dogry beýan etmek ylmyň mukaddes wezipesidir.
Biz şu işde juda zerur ýerinde oňa öz pikirimizi aýtmak, mümkin boldugyça obýektiwligi saklamak şerti bilen hut taryhyň öz emrine gol ýapmagy niýet edindik. Biziň şu prinsipi saýlap almagymyzyň dört sany düýpli sebabi bar.
Birinjiden, biziň derňew obýekti edinýän döwrümiz gowgaly XX asyryň ikinji ýarymyna düşýär. Bu döwürde ähli öňki sowet halky bilen birlikde, türkmen halky hem örän uly özgerişlikleri başdan geçirdi. Ozaly bilen biziň türkmen halkymyz, hususan hem, onuň çeper edebiýaty 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşdy. Ol umumy “SSSR”,umumy “Watan”diýen beýik düşünjeleri, şol uly ideallary jan-tenden goramaga gatnaşdy,on müňlerçe ogullaryny gurban berdi. Beýik Watançylyk urşy 1945-nji ýylda ýeňiş bilen tamamlanandan soň hem, bilini guşap, täze durmuşa başlady. Biz bu uly taryhy hakykaty ýoýup bilmeris.
Ikinjiden, hut urşyň tamamlanan ýyly 1945-nji ýylyň tomusynda Moskwada türkmen edebiýatynyň on günligi dabaraly geçirildi. Munda hemme edebi güýçlerimiz jemlendi. Heniz türkmen edebiýatynyň 1945-nji ýyldaky on günligi ýaly şeýle uly alada bilen beýleki edebiýatlara üns berilmändi. Ine, şol alada bilen gurşalan türkmen ýazyjylary B.Kerbabaýew, A.Kekilow, A.Gowşudow, Ç.Aşyrow, N.Pomma, R.Alyýew ýaly professional ýazyjylar şol döwürlerden soň öz meşhur eserlerini döretdiler, hat-da şeýle aldym-berdimli ýylarda döredip ýören uly eserlerini tamamlapdylar.
Üçünjiden,uruşdan soň biziň ozalky ümmülmez Watanymyz SSSR-iň ýokary partiýa we hökümet ierarhiýasynda, ýagny çür başynda nähili agyr, nähili zamun düzgin dowam edenem bolsa / ony welin ýönekeý halk köpçiligi 1956-njy we 1985-nji ýylyň apreline çenli bilmeýärdi./,çeper edebiýat kadaly ösüş ýoluna düşüp ugrapdy. Faşizimden dynylan soň, başga kiçi kynçylyklar hasaba-da alynmaýardy,ony ýeňmek ugrunda göreş alnyp barylýardy.Şonuň üçin biziň edebi güýçlerimiz kem-kemden jebisleşýärdi. Beýle jebisleşik bolsa 50-70-nji ýyllar aralygynda köp faktlarda özüni görkezdi. Meselem,1954- nji ýylda Türkmenistan ýazyjylarynyň III gurultaýy, 1959-njy ýylda IV gurultaýy, 1966- njy ýylda V gurultaýy, 1971- nji ýylda VI gurultaýy, 1976- njy ýylda VII gurultaýy, geçip olarda türkmeniň çeper pähiminiň iň naýbaşylary B.Kerbabaýewiň, H.Derýaýewiň, B.Seýtäkowyň, G.Seýitliýewiň, A.Kekilowyň, T.Esenowanyň, N.Pommanyň, G.Kulyýewiň, M.Seýidowyň, K.Gurbannepesowyň, A.Atajanowyň, R.Alyýewiň, G.Gurbansahedowyň, A.Myradowyň, Ö.Abdyllaýewiň, A.Köpek Mergeniň, Ata Salyhyň, R.Seýidowyň, G.Ezizowyň, T.Gurbanowyň , H.Taňyrberdiýewiň, S.Myradowyň döredijiligi hakynda gurultaýdan-gurultaýa giňden söhbet edilipdi. Bu uly şahslar, biri-birinden ýaş tapawudyna garamazdan,döreden eserlerini,işleriniň ululy-kiçiligine seretmezden, hut 50-80-nji ýyllarda türkmen edebiýatyna wepaly hyzmat edipdiler. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň Halk ýazyjylarydy,Döwlet baýraklarynyň eýeleridir. Ine,şeýle belent-belent faktorlaryň hem üstüni göre-bile basyp geçip bolmasa gerek. Bularyň hijisem häzir aýatda ýok.
Dördünjiden,çeper tankydyň özi, onuň ululy-kiçili professional wekilleri barada aýdylanda-da, munuň agramy şol döwur aralygyna düşýär. 50- nji ýyllaryň ortalaryndan başlap, 70-nji ýyllaryň ortalaryna çenli “gyzgyn sehde” A.Kekilow, R.Alyýew, A.Kerimow, Ö.Abdyllaýew, A.Myradow, H.Taňyrberdiýew, S.Myradow, S.Gurbanow ýaly indi aramyzda ýok tankytçylar otuz-kyrk ýyllap edebi tankydymyzy ösdürmäge sabyrsyz goşant goşupdylar. Bu gün olaryň şägirtleri: J.Allakow, D.Nuralyýew, N.Hojageldiýew, K.Jumaýew, A.Garaýew, A.Mämmedow, Ş.Halmuhammedow, G.Geldiýew, B.Ussaýew, A.Orazow dagy bu kyn işi dowam etdirýärler. Häzir bularyň hem aramyzda bary bar, ýogy bar. Söziň dogrusyny aýdanymyzda, şu soňky atlaryny agzan professionallarymyz hem 60-80-nji ýyllarda bu žanra gelen zehinlerdir.
Şu dördinji sebäbe ýene iki sany fakty goşasymyz gelýär.
Bularyň biri SSKP MK-nyň 1972- nji ýyllarda kabul eden “Edebi-çeper tankyt hakynda” diýen kararydyr. Bu karar çykandan soň, türkmen tankytçylarynyň makalalar ýygyndylary özbaşdak kitap bolup çykdy. “Özbaşdak kitap” diýenimizde, biz asla edebiýaty öwreniş ylmy bilen bagly, şoňa hut dahylly monografiýalary nazarda tutýarys. Olar sanardan kän bolup, türkmen tankydynyň indiwidual stil aýratynlyklaryny doly ýüze çykarmaga hyzmat etdiler. Häzir ýeri tygşytlamak maksady bilen biz olary şu ýerde, çykgytda getirmän, işiň ahyryndaky doly ylmy apparatda görkezmek bilen çäklendik.
Ikinji sebäbi bolsa tankydymyzyň çekişme žanry, 50-80- nji ýyllarda giň gerim aldy. Munda goşgy düzüliş formalary, tankydy realizim, hekaýalar, powestler, romanlar,döwür-şahsyýet we poeziýa, şahyr bolçulygy we şygyr gytçylygy, çagalar edebiýaty barada giden çekişmeleri mysal alsa bolar. Şeýle jygba-jygly döwür hem 1972- nji ýylyň tankyt baradaky belli kararynyň ruhunda bolup geçipdi. Tankyt,şeýdip kämilleşýärdi.
Şeýlelikde, biz öz derňewimiziň maksady, metodologik prinsipleri, täzeligi, işlenýän baplary bilen tanyşmaklyga geçýäris.
Iş girişden, bäş bapdan, netijeden, peýdalanylan edebiýatdan ybarat.
Girişde, ýokarda aýdyp geçilişi ýaly, derňewiň dowamynda nähili prinsiplerden ugur alynjaklygy barada söz açylýar, Şunuň bilen bir hatarda ýene-de käbir aýratynlyklar barada söz açmak maksada laýykdyr.
Bu çeper tankydyň problematikasy we tematikasy hakda taryhy-filologik
planda ýazylýan iş. Şonuň üçin muňa hemme çeper eserlere her bir awtor tarapyndan ýazylan birlän-ikilän synlar, seslenmeler alynman ýa-da metbugatda tötänden bir ýa-da iki sapar çykyş eden, emma tankytda, edebiýatda yz galdyrmadyk adamyň makalalary alynman,diňe tankyt žanryna degişli, şoňa belli derejede goşant goşan adamlaryň we açykdan-açyk professional wekilleriňiň işleri, çykyşlary, makalalary alyndy we analzlendi. Mundan daşary-da arassa edebiýaty öwreniş ylmyna, folklora degişli monografiýalara, kitaplara synlar hasaba alynmady. Sebäbi edebiýaty öwrenişe, folklora degişli seslenmeleriň, synlaryň, çykyşlaryň makalalaryň özine degişli spesifik aýratynlyklary bolup, olar çeper tankyda söziň doly manysynda girmeýärler. Onsaňam, beýle etmeklik, ýagny hem edebiýaty öwrenişi,hem folklory şu işe goşmaklyk metodologik bulaşyklyga alyp barardy. Çünki biziň işimiz asla çeper tankydyň letopisi däl-de, onuň hususy problemalarydyr. Bu her bir edebi taýdan sowatly adama düşnükli bolsa-da, ýekeje aýdyň mysal getireliň.
Türkmen edebiýatyny öwreniş hem folklor ylmynda akademik B.Garryýewiň, professorlar H.Aşyrowyň, S.Garryýewiň, M.Kösäýewiň, halk döredijiligini öwrenişiň belli halypasy H.Hanowyň atlary, halk içinde aýdylşy ýaly “ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa” çenli gaty meşgurdyr. Bularyň hyzmatlary-da şu ugurda aşa uludyr. Emma şu kişiler tankytçy hökmünde tanalmaýardy, munuň asla olara geregi hem ýokdy. Şonuň üçin olaryň, hakykatdan-da, 50-80-nji ýylar aralygynda bitiren işlerini analizläp oturmak artykmaçlykdyr we şu işiň logikasyna laýyk gelenok.
Emma, bularyň tersine, akademik A.Kekilowyň, professorlar R.Alyýewiň, Ö.Abdyllaýewiň, halypa edebiýatçylar A.Myradowyň, H.Taňyrberdiýewiň, işleri barada beýle diýmek ýalňyşdyr. Olar edebiýaty öwreniş ylym bilen çeper tankydy utgaşdyran, bu iki ugura köpri bolan alym tankytçylardyr. Soňky ýyllaryň barlaglary bularyň ömrüniň üçden iki böleginiň tankyt meýdanynda geçendigine şaýatlyk edýär. Hatda şu adamlar söziň doly manysynda professional tankytçylardyr. Şonuň üçin işiň bütin dowamynda olaryň ylmy işlerine-de, gazet-žurnallardaky çykyşlaryna-da mydama salgylanyljakdyr.
Girişde gürrüň edilmeli ýene bir zady ýatladalyň.
Mälim bolşy ýaly, türkmen edebiýaty ýerden ýeke çykan edebiýat däl. Ol asyrlar dowamynda Gündogar edebiýaty, türki halklaryň ýazuw ýadygärlikleri bilen baglylykda ýaşady we ösdi. Öňki SSSR-iň ýetmiş ýyllyk ömründe bolsa “Köpmilletli sowet edebiýaty” diýilýän uly maşgalanyň agzasy bolup, ondan öwrenen hem ideýa-çeperçilik birliginde ýaşady. Şonuň üçin biz öz işimizde rus, özbek, gazak, azerbeýjan edebi tankydy bilen baglylykda, degşirme planda türkmen tankydyna göz gezdirmekligi maksat edindik. Şonuň taryhy taýdan-da, durmuşyň talaby taýdan-da, dogrudygyny görkezýän köp sanly çeşmeler işiň ylmy apparatynda berlen spisokda görkezildi.
“50-80-nji ýylaryň edebi-çeperçilik sredasy we tankydynyň derejesi” diýen birinji bapda, adyndan belli boluşy ýaly, ýokarda görkezilen döwüriň tankydyna, edebi prosesine bitewülikde baha berildi. Muňa birnäçe faktorlaryň sebäp bolandygyny ýörite bellemek mümkin.
Ozaly bilen, türkmen tankydy pikiri öz gözbaşyny klassyky döwürden, beýik Magtymgulynyň döredijiliginden bäri alyp gaýtsa-da, asyl žanrlyk häsiýetine XX asyrda eýe boldy. Bu döwürde proza, dramaturgiýa,oçerk, publisistika ýaly täze žanrlaryň döremegi bilen bir hatarda, edebi tankyt hem söziň doly manysynda, öz üstünligi-kemçiligi bilen bilelikde XX asyryň 20-60-njy ýyllarynda sistemalaýyn halda ýüze çykdy we öz professional wekilerini orta çykardy. Munuň şeýledigini türkmen alymlarynyň tankydy baradaky işleri subut etdi.
Hakykatda-da, çeper tankyt XX asyryň 20-nji ýyllarynda yzgiderli peýda bolup ugrady. Onuň O.Täçnazarow, G.Sähedow, H.Çaryýew ýaly irki wekileri orta çykdy. Olar barada A.Kekilowyň, P.Rejepowyň, K.Jumaýewiň,ýokarda ýatlanan kollektiw işinde, has beteri-de K.Baýramyradowyň “Söweşjeň edebiýat ugrunda” diýen kitabynda gürrüň berilýär .
40-njy ýyllardan tä biziň günlerimize çenli bolan döwürde häzirki zaman türkmen edebiyatynyň örän uly wekileri terbiýelenip ýetişdi . Diňe meşhur “Aýgytly ädim” roman-epopeýasyny, şygyr bilen ýazylan “Söýgi” romanyny agzamagyň özi-de şuňa mysal bolup biler. Şol iki eseriň birinjisi – B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” onuň birinji kitaby 1940-njy ýylda çykandygyna garamazdan,ol roman-epopeýa halyna 1949-njy ýylda etipdi. “Söýgi”romany bolsa 1945-nji ýylda žurnalarda çykyp başlap, umumy üç kitapdan ybarat görünişde 1961-nji ýylda okyja ýetirilipdi. Diňe bular däl, şu az wagytda örän uly eserler ýazyldy.
Türkmen edebi tankydy ellinji ýyllardan bäri gol ýaýradyp ugranlygy ýeke-täk mysal däldir. Edil şeýle ýol rus, özbek, gazak, gyrgyz, azerbeýjan tankydy hem geçdi.
Biz şol edebi-tankydy hataryň arasyndadyk. Muny bolsa inkär edip bolanok, terisine, şol edebiýatlaryň deňinde garalyp,baha berlende,ol özüniň obýektiw analizini tapýar.Çünki edebi tankyt hususy spesifikasyna ýetmezden öňürti öz edebi materialyna eýe bolmaly, ony analiz etmegiň kriterilerini işläp düzmeli, diňe žanr höküminde şoňa gulluk edýän professional wekilerini taýýarlap ýetişdirmeli. Muňa bolsa B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim”, “Nebitdag”, “Gaýgysyz Atabaý”, A.Gowşudowuň “Mähri-Wepa”, “Köpetdagyň eteginde”romanlary ,H.Ysmaýylowyň “Iki atynyň atynyň ogly” “Mugallymyň gyzy”, “Öküz gödek”, “Bäsdeşler”, B.Seýtäkowyň “Başa-baş söweş”, “Ynjalyksyz adamlar” powesteri,
G.Seýitliýewiň, G.Muhtarowyň pýessalary, A.Kekilowyň, Ç.Aşyrowyň, poemalary, A.Salyhyň, N.Pommanyň, D.Haldurdynyň, T.Esenowanyň, A.Kowusowyň, A.Atajanowyň, K.Gurbanepesowyň, M.Seýidowyň, B.Hudaýnazarowyň we olardan soň altmyşynjy ýyllarda edebiýata gelen zehinli şahyrlar G.Ezizowyň, H.Kulyewiň, A.Agabaýewiň, I.Nuryýewiň, B.Jütdiýewiň döredijilikleri, hut şunuň ýaly-da tankytçylardan A.Kerimowyň, A.Myradowyň Ö.Abdyllaýewiň, H.Taňyrberdiýewiň, S.Myradowyň, J.Allakowyň. N.Hojageldiýewiň, D.Nuralyýewiň, G.Geldiýewiň, A.Garaýewiň kitaplaryň yzgiderli metbugada çykyşlary sebäp boldy. Ýa-da has doly esasda aýdylanda, biziň işimiziň birinji babynyň düýp materialyny “Türkmen edebiýatynyň taryhynyň” V tomunuň 2-nji kitabynyň we VI tomunuň I-nji kitabynyň içinde 1945-1967-nji ýyllar aralygynda döredilen çeper eserler we edebiýat meýdanyna gelen wekiller tutýar.
Bu ýöne ýerden däl. Onuň uly durmuş sebäpleri bar. Ösüşiň şeýle kanuna-laýyklygy hemme doganlyk edebiýatlarda, ozaly bilen öňki Soýuz edebiýatynda
aýratyn nygtaldy. Işiň birinji uly bapyny şol kanunalaýyklykda durşuna almak mümkin däl. Tersine, tutuş bap şol umumy ösüş kadasyna laýyklykda alynyp baryldy.
Ikinji bap “70-nji ýyllar edebi tankydyň ýokary göteriliş döwrüdir” diýip atlandyrylýar, bapyň şeýle atlandyrylmagynyň birnäçe düýpli sebäpleri bar. Ozaly bilen, bu döwürde türkmen roman žanry ymykly özgerişligi başdan geçirdi. Ony gysga sözlerde düşündirmek hem mümkin däl. Şeýle-de bolsa, bu bapda durulyp geçiljek edebi pursatlary az-kem häsiýetlendreliň.
Belli bolşy ýaly, altmyşynjy ýylaryň ahyry, ýetmişinji ýyllaryň başy ähli çeper žanrlarda inkär edip bolmajak ösüşlere eýe boldy. Ony “ Türkmen edebiýatynyň taryhynda” adalatly belläp, şeýle ýazyldy: “Döwrüň dowamynda /60-njy ýyllaryň ahyry, 70- nji ýyllaryň başy. –E.A./ türkmen prozasynyň ähli görnişleri baýlaşdy.
Türkmen alymlarynyň bellemegine görä, mysal üçin, romanyň taryhy, taryhy- rewolýusion, häzirki zaman görnüşlerinden başga-da, roman-ýatlama, roma- -hronika, dokumental roman ýaly görnüşleri şu döwüriň içinde ýüze çykdy we ösdi. Romanyň içki häsiýeti hem öňkilerden köp derejede ösdi we özgerdi. Häzirki zaman türkmen romanynyň üznüksiz biri-birine meňzeş wakalaryň deregine psihologik sahnalar bezeýär .
Dogrudan-da, “Aýgytly ädimden” başlap, S.Annasähedowyň “Ygrar” /1991/ romanyna çenli ýüze golaý roman okyja gowuşdy. Diňe 1947-1980-nji ýyllar aralygynda 55 sany roman çapdan çykdy . Soňky on üç ýylyň /1980-1992/ önümi entek ona girenok.
Umuman, diňe roman žanry däl,türkmen poeziýasy-da, oçerk bilen çeper publisistika hem ýokary göterilişi başdan geçirdi diýen pikir, uly alymlaryň
güwä geçmeklerine görä, hakykatdyr .
Aslynda, poeziýa agzalanda, onuň liriki we epiki görnüşleriniň şu döwür içinde gülländigi hem ylym taýdan takyklanypdy. Şol sebäbe görä “Türkmen edebiýatynyň taryhynyň” VI tomunyň 2-nji kitabynda çeper tankyt barada ýörite bölim berilmegi adalatlydy. Eger şol tomuň giriş bölüminde jemleýji häsiýetde ýazylan şu setirlere üns berilse, ol praktikada-da şeýledi:
“Edebi tankydyň professionallyk derejesi hem ösdi. Edebi prosese gatyşmak işini has aktiwleşdirdi, görnükli alymlaryň birnäçesiniň ünsüni özüne çekdi. Şonuň bilen birlikde ol häzirki edebiýatymyzyň çylşyrymly meselelerine öz sesini goşdy.
Respublikanyň “Edebiýat we sungat” gazetinde we “Sowet edebiýaty”, žurnalynda edebiýatymyzyň roman, powest hem-de ownyk žanrlary barada edebi çekişmeler geçirildi. Şonuň ýaly çekişme edebiýatyň graždanlyk pafosy barasynda hem bolup geçdi. Şol çekişmelere uçdan tutma görnükli ýazyjylar, şahyrlar, edebi tankytçylar we edebiýatçy alymlar gatnaşdylar .
Bu pikir bapyň bütin dowamynda edebi faktlar bilen degşirilýär.
Biz her näme diýsek-de, öňki SSKP MK-nyň “Edebi - çeper tankyt hakynda”/1972,21-nji ýanwar/ diýen karary Soýuz we milli tankydyň ilerlemegine aýgytly täsir etdi. Şonuň üçin ýetmişinji ýyllar tankyt žanryň ýokary göterilişi hökminde taryha girdi. Şol kararda aýdylan örän dogry bir kesgitlemäni şu ýerde getirmek amatlydyr:
“Tankydyň borjy – häzirki zaman çeperçilik prosesiniň hadysalaryna, tendensiýalaryna we kanunalaýyklaryna çuňňur analiz bermek... halkylygyň... prinspleriniň pugtalandyrylmagyna hemme çäreler arkaly ýardam etmek, sowet sungatynyň ýokary ideýa-estetik derejesi ugrunda göreşmekdir”
Bu pikirlerden sähel wagyt geçensoň, türkmen tankytçylaryndan Ö.Abdyllaýewiň, A.Garaýewiň, S.Myradowyň, D.Nuralyýewiň, H.Taňyrberdiýewiň, özbaşdak edebi tankydy makalalar ýygyndylary çapdan çykdy. Biz bu professional tankytçylaryň 1972-1980- nji ýyllar aralygynda çykan kitaplaryny göz öňünde tutýarys. Ähtimal, şonuň üçin bolsa gerek, türkmen ýazyjylarynyň VII gurultaýynda /1976/ J.Allakow , şeýle diýdi:
“Soňky döwürde edebi-çeper tankydymyzyň professional ussatlygy, estetik derejesi-de kämilleşýär. Eger mundan 10-15 ýyl öň ýazylan makalalardyr synlarda eseriň ideýa-mazmunyny gürrüň bermeklige, onuň obrazlaryny kommentirlemeklige köp orun berilýän bolsa, häzirki döwürde peýda bolýan makaladyr synlaryň birnäçesinde eserleri çeperçilik-estetik taýdan analizlemäge edebi prosese, ýazyjylarymyzyň döredijilik ussahanalaryna aralaşmaga bolan meýil güçlenýär”
“Türkmen edebiýatynyň taryhynyň” VI tomunyň 2-nji kitabynda “Edebiýaty öwreniş ylmy we edebi tankyt” diýen bölümde ýörite professional tankytçylaryň 60-70- nji ýyllarynda ösip ýetişendikleri nygtalyp, olaryň esasy tankydy kitaplaryna analiz berilip “tankytçylaryň aktiw işländiklerine, her bir meselä çuňňur nazar aýlaýandyklaryna, öz tankytçylyk stillerini ýüze çykarandyklaryna göz ýetirýäris” diýilip bellendi.
Ol iş ýüzinde şeýledi. Ýetmişinji ýyllar Ö.Abdyllaýew, S. Myradow, ýaly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laurýatlary: A.Myradow, G.Geldiýew kimin Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragynyň
Laurýatlary, D.Nuralyýew, ýaly Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärini berdi. Bular professional tankyda edilen hormatdy. Ine, ikinji bapda şol meseleler hakda giňden söz açylýar.
“Türkmen edebi - çeper tankydynyň žanr we stil aýratynlyklary” biziň işimiziň üçinji babydyr.
Tankydynyň ýyl geçdigiçe kämilleşmegi, onuň çeperçiliginiň artmagy bu ýyl žanryň ýaýrawynyň giňemegine we stil tapawutlarynyň ýüze çykmagyna alyp geldi. Bu prozanyň, poeziýanyň, çagalar edebiýatynyň, klassyky mirasyň tankydy hakda söz açmaga mümkinçilik berdi. Hatda edebi aragatnaşyklar babatynda hem stil taýyndan saýlanýan tankytçylarymyz ýüze çykdy. Galyberse-de, tankydyň syn, çekişme, problemalaýyn syn häsietindäki žanrlarynda öz wekileri bar diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Öziniň teoretiki çemeleşişi jähtinden birneme beýleki baplardan professional tankytçylaryň, olaryň hem özbaşdak kitaplary telim gezek çykanlarynyň haýsy žanra ýykgyn edendikleri we nähili stilleriniň barlygy hakynda durup geçmekçidiris.Şeýle çemeleşme babyň öz adyndan, maksadyndan gelip çykýar. Has anygyny aýtsak,prozada M.Annagurdowyň, A.Kerimowyň, Ö.Abdyllaýewiň, H.Taňyrberdiýewiň, J.Allakowyň,örän uly hyzmatlar bitirendiklerini okyja ýatlatmak bilen, biz olary proza tankytçylary diýip atlandyrasymyz gelýär. Şol bäş professional proza tankytçylary özbaşdak kitaplaryny hem proza boýunça hödürlediler. Ine,olaryň žanr aýratynlygy. Ýöne stil babatda bular asla biri-birine meňzeş däl. Indiwidiual stil şu bapda anyk mysallaryň üsti bilen ýüze çykarylmaga synanşyk edildi.
Poeziýa žanrynyň tankydynda D.Nuralyýew, A.Garaýew,G.Geldiýew, S. Myradow, B.Ussaýew dagy yzgiderli çykyş etdiler hem ýörite makalalar ýygyndysyny neşir etdirdiler. Olar poeziýa žanrnyň goragynda durmak bilen bir hatarda,lirika çemeleşmekde indiwidual stilerini ýüze çykaran professional tankytçylardyr. Olar hem mukdar hasabyndan bäş.
Emma iki žanrda-da tas gyradeňlikde iş salyşan professional tankytçyny şu ýerde agzamagy ýerlikli hasap edýäris. Bular A.Myradow, we N.Hojageldiýew, dagydyr. Bütin tankytçylyk işlerinde olar prozada, poeziýada gyradeň nazar aýlamaga ýetişdiler. Ýöne stilleri düýpgöter aýrydyr.
Ýörite ady agzalmasa-da, az ömründe Saparmyrat Gurbanow diýen çagalar edebiýatynyň tankytçysy diýen düşünje bilen okyjylaryň kalbynda galdy. Şeýlelikde, şu bapda on üç sany professional tankytçynyň žanr hem stil aýratynlygyny açmak bilen çäklenmegi dogry tapdyk.
Işiň dördinji baby “Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň we çeper tankydynyň arabaglanşygy” diýlip atlandyrylýar. Munuň şeýle atlandyrylmagynyň ýeterlik sebäpleri bar. Olaryň esasy üçisini agzamak zerur.
Birinjiden, altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda, has takygy, 1959-1960-njy ýyllarda beýik Magtymgulynyň 225 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görülýän döwürlerde birdenkä edebi tankyt ýüzüni klassiki mirasa öwürdi. Dogrusy, “Türkmen klassyky edebiýatynda tankydy realizm barmy ýa-da ýokmy?” diýen örän kyn, emma juda gerek sowal orta atyldy. Ine,şu ýerde türkmen edebiýatynyň iň belli wekilleri A.Kerimow, P.Rejepow, R.Alyýew, Ö.Abdyllaýew, A.Myradow, K.Jumaýew, H.Taňyrberdiýew, B.Garryýew, ýaly alym edebiýatçylary, professional tankydçylary, bar güýçlerini orta goýup, tapgyr- tapgyr makala ýazdylar. Tankydy realizm ”bar”, ýa-da “ýok” diýen toparlar belli netijä gelmeseler hem, türkmen tankydy güýjiniň kämilleşýänligi,onuň ylyma ýakynlaşýanlygy göründi.Özem olaryň aglaba köpüsi edebiýatçy alymlardy.
Ikinjiden, 60-70-nji ýyllarda Magtymgulynyň - 225, Seýdiniň - 250, Zeliliniň - 200, Mollanepesiň, Mätäjiniň - 150, segseniji ýyllarda bolsa B.Kerbabaýewiň, 90 ýylyk ýubileýine makalalar ýygyndysynyň çap edilmegi edebiýaty öwreniş ylymy bilen çeper tankydyň oňat sintezini görkezdi. Bir tarapdan, çeper tankydyň ylmylygyny, subut edijiligi artsa, ikinji tarapdan, edebiýaty öwreniş ylymynyň publistiki äheňi, çekişme ruhy, belletristik, graždanlyk pafosy güçlendi. Şol ýubileý ýygyndylary arassa ylym ýa-da arassa tankyt bolman, bu iki žanryň goşundysydy, sazlaşygydy, raýdaşlygydy. Üçinjiden, analiz edilýän bu döwürde aýry-aýry tankytçylaryň şol iki ugry—ylym hem tankydy deň tutup ýazan işleri peýda boldy. Biz S.Myradowyň –“Asyrlaryň jümüşinden”, ”Zelili”, “Taryh. Edebiýatyň taryhylygy”, G.Geldiýewiň - “Poeziýamyzyň häzirki zaman keşbi”, “Taryh. Edebi ykballar”, A. Bekmuradowyň “Göroglynyň yzlary”, “Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçilik gözlegleri” kitaplaryny nazarda tutýarys. Galyberse-de, Ö.Abdyllaýew, K.Jumaýew, A.Allakow, M.Gurbansähedow, K.Salyh, A.Garaýew, A.Orazow, Ş.Gandymow ýaly edebiýatçy alymlar hem ylym bilen tankydyň birligine goltgy berýän işleri neşir etdirdiler. Olary analizlemek çeper tankydyň täze mümkünçiliklerini açmakda köp teoretiki sapaklary berýär.
Iň soňky bäşinji bap “Özgerdiş döwüriniň çeper tankydy” diýilip, ýönelige atlandyrylmady. Ol söziň doly manysynda segseniji ýyllaryň ortalarynda, togsanynjy ýyllaryň başlarynda ýüze çykyp, hut häzirki günlerde görilip-eşidilmedik depgin bilen ileri barýar. Ol täzelik ene-de öňki SSKP MK-nyň1985-nji ýylyň aprel plenumndan baş alyp gaýtdy. Eger şeýle batyrgaý ädimiň sakasynda ene öňki kommunistik partiýa durmadyk bolsady, başga hiç hili güýç beýle özgerişligi getirip bilmezdi diýip aýtsa bolar.Taryhy hakykat şeýledir.1924 -nji ýylyň 27 –nji oktýabrynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy döredilen hem bolsa,ol 1991-nji ýylyň 27 –nji oktýabryna çenli öňki SSSR-iň režimindedi. Biz 1990-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlygy hakynda jarnama kabul etdik. 1991-nji ýylyň 22-nji awgustynda türkmen dili döwlet dili diýen kanun kabul edildi. Ine-de,1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry - Türkmenistan Garaşsyzlyk günini milli baýram diýip yglan etdi . Bu seneler meseläniň taryhy tarapy.Indi meseläniň edebi, taryhy, medeni,ylmy tarapyna seretsek,ýagdaý 1985-nji ýylyň aprelinden bäri düýpgöter üýtgedi. Ony ilki bolup edebiýata, çeper tankyda degişli işler görkezdi. Türkmen ýazyžylary, taryhçylary,dilçi – edebiýatçy alymlary hem tankytçylar işeňňirlik görkezdiler. Belli boluşy ýaly, G.Kulyewiň “Gijigen ökünç” romany baryp-ha etmişinji ýyllaryň başlarynda taýyn bolsa-da, ol ýokary partiýa-hökümet ýolbaşçylaryna gönükdirilen tankydy häsietdeligi üçin köp wagyt çykman, togsanynjy ýyllaryň başlarynda çykdy. Soň P.Esenowyň “Çüýremek” powesti, O.Ýagmyrowyň –“Duman daganda”, H.Meläýewiň –“Melgun”, A.Janmuradowyň –“Ak ýoluň azaby” A.Nurmämedowyň “Nuhuň tupany” romanlary çykdy. Edil şeýle hem edebi tankyt has batyrlandy. J.Allakowyň, D.Nuralyýewiň, A.Bekmuradowyň, Ý.Annagurbanowyň, A.Nurmamedowyň, D.Gurbanowyň, S.Hydyrowyň täzeçe pikirlenýän makalalary yzly-yzyna çykyp başlady. Olarda özgerdiş ruhy agdyklyk etdi. Şol täze tankydy gözlegleri indi analiz eleginden geçirmegiň wagty geldi. Bu proses barha güýçlenýär we ýaýraýar.
Işiň ahyrynda umumy derňewden gelip çykýan anyk netijeler çykarylýar hem-de ylym-barlag prosesine çekilen ylmy çeşmeleriň sanawy berilýär.

Enegül AŞYROWA.
Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 29 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Enegül Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: